23:15 Dutar / hekaýa | |
DUTAR
Hekaýalar
— Mende öňden köýüp ýatan aryň barmydy, beýle? Özgeleri uranyň uranyň, maňa gamçy çalmaň näme? — Dessura eýerip, «yrym-ýom» edişim boldy. Gatyrak giden bolsam, bagyşla, Jahansoltan. Heý-de, gara gözüm, saňa el göterjekmidirin, eger-eger. Men seni elimiň aýasynda saklajakdan-a! Guşak çözülip, ädik çykarylandan soň, şeýtmeseň, öýdäkiler wagty bilen içeriden çykarly däller. Olara tomaşa gerek. — Sesleri çasly çykdy welin, iner gödekligini etdiň öýdýän? Awunmasalar, beýle gygyryşmazdylar? — Hemmesi birden bosuşyp gapydan çykjak bolýarlar. Şeýdibem bir-birlerine päsgel berýärler. Hezillik-dä, onsoň kimi gamçyň astyna alaýyn diýseň, keýpiň kelläňde. — Myň heşelle kakýan zadyny? «Yrymyna ýagşy» diýägede, gamçyňy eýläk- beýläk bulaýlanyňda hem bolýar-a. — Beýle günde onça-munçany hiç kim gaty görenok. Gaýta, soň-soňlar ýatlaşyp gülüşmäge delil bu. — Gelen gelinde näme günä bar? Oňa gamçy çalmak ne derkar? Ýagşy niýet bilen gelen güler ýüz bilen, gujak açyp garşylanyljak ýaly?! — Zady alada etme, saňa ýüzüm-de hemişe gülüp bakar, gujagym-da mydam açyk bolar. — Men özüm hakynda däl-de, umuman aýdýan. — Ikimiz indi umumy gürrüň etmeris, söhbetimiz özümiz barasynda gider. Täze gelen gelne gamçy urulmagynyň sebäbi: «Eýäňi tana, näme hyzmatyň bolsa, şoňa bagyşla, gelen ýeriň bilen bol» diýlen dessur, ynançdan gaýdýar. — Topar atlyny yzyňa tirkäp, öýümize atbaşçy bolup gelmegiňi haladym. Atyň kişňemesini eşidip, şeýle bir tolgundym, gözlerim ýaşaryp gitdi. Begenjimden möňňürip aglaberesim geldi. Töweregimdäkilerden ejap edip, zordan saklandym. Bir aň etsem, didelerimden boýur-boýur ýaş dökülýär. Gelnejem aýdýar: «Aglaber, baldyzym, aglaber, gyzlyk dünýäň indi saňa gaýdyp tapdyrmaz!». Joralarymyň hem käbirleri maňa duýgudaşlyk bildirip, gözlerine ellerini ýetirdiler. Şol pursatda olaryň neneňsi ahwaly başdan geçirýändikleri maňa mälim däl. Özümiň welin, gulagym daşarda. Ýene-de seniň bedewiň sesi- ni eşidesim geldi. Gör-ä, bolýan zady, niýetimi aňan dek atyň kişňemesi ýaňadan töwerege ýaň salyp gitdi. Görme- sem-de, bedew at-da, sen-de gözümiň öňünde ajap surat bolup janlandyňyz. Ak at çarpaýa galyp kişňändir. Ýogsam onuň sesi beýle owazly eşidilmezdi. Jy- lawdaryň başy ak silkme telpekli, egnine gyrmyzy don geýipdir. Aýagy ýalpyldap duran garagonç ädikli. Ak ezýaka köýnegiň bar. Biliňi tirme guşak bilen guşapsyň. Ýa men ýalňyşýanmy? — Aýnaňyzdan jyklan ýaly sypatymy dogry suratlandyrýaň. — Aýnadan jyklarmyň?! Şol pursat men gyzyl kürtäň astynda galpylda berlip otyryn-a. Bilýämiň näme? Şol halda men içim- den goşgy setirlerini gaýtalaýaryn. Bir duşuşanymyzda saňa aýdypdym-a. Ol şahyryň «Magşuk gyzyň iç gepletmesinden» diýen şygry-la. Nämüçin şeýdýänimi welin bilemok. Häzir hem şol şygry aýdasym gelip dur. Aýdaýynmy? — Aýt, gowy zady näçe diňleseň-de, ol seni irizenok. Jahansoltan atynan kürtesini başyndan aýyrdy. Emaý bilen epläp, gapdalda goýdy. Gabak astyndan Derkara bakdy. Derkar: — Kürtäni näme sebäbe görä başyňdan aýyrdyň? — diýip sorady. Jahansol- tanyň jogaby şeýle boldy: — Gyzyň içgepletmes-ä ol. Derkar hezil edip güldi. sen! — Başyň kürtelem bolsa, şindi gyz-a Jahansoltan uýaljyrap, aşak bakdy. — Senem, oglan, bir zadyňy aýdyp goýberiberýäň. — Her näme diýseňem, saňa ýa- manlykly sözi dile alýan däldirin. Jahansoltan oturyşyny üýtgetmän, gyýa bakyşyna, labyzly sesi bilen goşga başlady. Maňa taý bolmagy küýseýän ýigit, Gelýän bolsa hak sözümi eşdesiň. Deňämizden geçeniňde ak atly, Çarpaýa galşyna, atyň kişňesin! Haýyr işler hasyl etsin myradyň, Menden özgäň saňa syny düşmesin. Tämiz söýgimizi buşlap jahana, Çarpaýa galşyna, atyň kişňesin! At üstünde has syratly görünýäň, Diýsem saňa köňlümdäki höwesim. Bize ümä üýşen wagty joralam, Gelýär seni, bedewiňi öwesim. Ikimize arzuw edip ak bagty, Seçerleri ýaly toýuň pişmesin. Işigmize gelen çagyň atbaşçy, Çarpaýa galşyna, atyň kişňesin! — Seniň göwün islegiňi berjaý et- mekden ötri, gelnalyja atly geldim-dä — diýip, Derkar Jahansoltana söýünçli bakdy. — Oňarypdyrynmy? Jahansoltan ilgezek jogap gaýtardy. — Kemini goýmadyň, haçan-da meni göter-göter edip atyň ýanyna eltenlerinde üýşenmän hem durmadym. — Howatyr eder ýaly näme bamyş? — Märekäň şowhunyna atyň ürker öýtdüm. Onsoň... — Akguşum öwrendiklidir, her niçik ýagdaýda-da boýnuna ýuwaşlyk bilen bir ýola kakdygym bes, ol derrew rahatlanmak bilendir. Atymyň toýnak urşuna üns berdiňmi? Gaty üýtgeşikdir, başyny dik tutuşyna, müň bir jilwe bilen ýöreýşini synlamaga gözleriň jöwherlisi lazymdy şo pursat. Nädip şeýle bolmasyn?! Ol dünýäniň ähli gözelleriniň soltanyny alyp barýardy ahyryn! Jahansoltanyň sesi ynjyly çykdy. — Bes etsene, adamy ýüzüne öwmek ýaly peslik bolmazmyşyn. — Dilimiň keýpini görmek üçin magtamok, hakykaty sözleýän. Dogry zady aýtmagyň hem utanjy bolarmy? — Halamaýan zadym şo, ýüzüme öwülse özümi oýnalýan, kemsidilýän halda görýärin. Bolýa, bu gürrüňi goýaly, saňa aýtsam, ýene-de bir zatdan heder etdim. Meni ata mündürenlerinde, at çarpaýa galaýmasa ýagşydyr diýip gara janym galmady. — Myň göwnüne getirip ýören zadyny?! Menden yşarat bolmasa, atym çarpaýa galmaýar. Onsoňam, bir elim jylaw tutup duran-da bolsa, beýleki elim bilen seni mäkäm tutup durdum-a, aňlamadyňmy? — Aňladym, ýöne... — Bilýämiň şo pursat neneňsi hyýala hyrydar çykanymy? Aýtsam bar-a, jylawyny silkäge-de, toýçulary haýrana galdyryp, Akguşumy ýüzin saldyrasym geldi. — Şeýden bolsaň, bäş ädimlik ýoly geçip-geçmänkäň, ýüňli halta kimin pat- lap ýere gaçardym. — Arkaýyn bolgun, özüm gaçman, seni sypdyrjakdan däl-ä. Bedewimi diňe ýeriň ýüzünde çapyp oňman, guş kimin ganat baglap, asmana göterilmek niýetime düwdüm. — Synpdaşyň Sähediň bolan bolşuny, ýuwaş aýdanda-da bolýar-a, ýok, özüni gadymky Mürçe galasynyň jarçysy däldirin öýdenok, bogazyny ýyrtara getirip gygyrýar: «Aý, Derkar, dur-how, nirä atyňy säpjedip barýaň? Gelniň ýü- züni görkezjek dälmi? «Bir gözi Aýa bakýar, beýleki gözi şetdaly kakýar» diýilýäni bolmagy-da ahmal. Birden burny ýemşik bolsa bildiňmi?» diýen bolup. Çylkasyz gülküsem üstesine. Käşgä, öň meni görmedik bolsa. Senem şoňa gulak asyp, Akguşuň jylawyny çekişiňe, kürtämiň bir taýyny serpägede, ýüzümi örtüp duran ak seçekleri eliň bilen ýokaryk göterýäň. — Şol pursat adamlaryň boluşlaryny görsediň. — Töweregimi synlamakdan geçen, utanjymdan, bar küýüm-köçäm ellerim bilen ýüzümi ýapmak boldy. — Toý keýpli adamlar-da, her kimiň degşesi, gülşesi gelýär. Uly-kiçi seni ýüzüne sylýardy. Şeýdip täze dogan Gün alnyňa togap edilýär. Hawa, şu gün Gün iki bolup dogdy. Olaryň biri adaty dogýan Gün, beýlekisi bolsa sen, Jahansoltan! Meniň gözüm bilen seretseň-ä, sen has-da çyraýly göründiň. Nur däl-de, senden mähir seçelenýärdi, mähir! — Ýene bir amalyňdan göwnüm bitdi. — Oň nämedigini aýdaýynmy? — Aýt. — Öýüňizden taýak atym saýlananymyzdan soň, seni atdan düşürip, kejebä mündürenligimizi aýdýansyň-da. — Dogry, sen ony nädip bildiň? — Weý, men seň göwnüňdäkini aňlamasam bolmaz-a. — Özem, akmaýaly kejebe. Kemsiz bezelen kejebäniň üstünde yranyp barşyma öz-özüme: «Bu zatlar düýşümdir, göwün küýsegiň düýşüňe giregen bolýarmyş» diýýärin. Şol pursat düýşümiň dowamly bolmagyny isledim. — Akmaýa üçin Sähede sagbolsun aýdaý. Ol goňşy obalary agtaryp, birinden tapyp getirdi. Synpdaşym: «A-how, «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip- dirler. Aýdymda «Kejebäň çekmäge akmaýa gerek» diýip aýdylyşy ýaly, Jahansoltany kejebä mündürenimize görä, goý, gelnimiziň kejebesini akmaýa çeksin» diýdi. Jahansoltan adaja güldi. — Oňam döwük sagat ýaly, käte kellesiniň işlemesi bar-ow. — Akguş ikimiz hem siziň bilen aýakdaş gitdik. — Bilýän, kürteden jyklap seredip otyryn-a. Ýokardan töwerek aýdyň görünýär. — Uly ýola ýetibem, bize ýörite garaşyp duran ýeňil ulaglara mündük. Etrap merkezindäki seýilgähe gezelenji- miz, ýadygärligiň öňünde surata düşüp, aýdymyň sazyna oglan-gyzlaryň tans etmekleri hem hezil boldy. — Gelin maşyny kim bezän bolsa, kemini goýmandyr. Bir zadyny geň gördüm. Öňki görýänlerimizde ulagyň çat maňlaýynda goýulýan gurjak gyzjagaz bolardy. Emma biziň münenimizde welin oglanjyk bar. — O-da Sähediň aňynyň önümi. «Yrym edenimize görä, uly zady göwnümizde besläliň. Dostumyzyň başdakysy ogul bolsun» diýip, ol gurjagy öýlerinden ýörite getirdi. Toýumyz gidip durka, üns bermediňmi Sähediň orta çykyp, «Gelnejemiň ilkisi ogul bolar, enşalla» diýip, aldygyna küşt depişini. — O wagt, gökden düşen ýaly bo- lup otyryn, zat seljererli däl. Kellämde «Aýdym-saz basym gutarmazmyka?», «Ýaş çatynjalarsyz edip bolmaýarmyka?» diýen pikir. — Myň hyýalyna getirýän zadyny? Elbetde, bolmaz, toý-tomaşa durmuş gurýanlaryň hatyrasyna tutulýar ahyryn! Aýdylýan süýji arzuwlary diňläp, sowgatlary toýuň sebäpkärleri kabul etmese, heý-de, oň gelşigi bolarmy?! — Şu gün surat kökün-ä aldylar. Şo- lary göresim gelýär. — «Widä-de» düşürdiler. — Haçan taýýar bolar olar? — Suratlary ertir, gijä galdy diýeniňde birgün günortana deňiç getirseler gerek. «Widä» welin, üç-dört gün ga- raşmaly bolar. — Nämüçin? — Ynha, nesip edenden, ertir baş daňlar, göreş tutdurylar. Olary-da kamera düşürmeli-dä. Eýýämden dogan- garyndaşlarym, dost-ýarlarym seni nahara çagyrmak üçin nobat belleşip ýörler. Olardan hem birki sanysyny «wi- dä» almaly. Soňra olary tertipleşdirmeli, dürli şekiller, aýdym-sazlar bilen bezemeli. Derkar ýüzüni petige dikip, goşa goluny ýokary göterdi. — Eý, Alla jan, edeniňe müň-de bir şükürdirin! Meni, ýok, ýok, men aýtmaly zadymy kemter aýtdym, Jahansoltan ikimizi maksat-myradymyza ýetirdiň. Indi biz bütin ömrümize bir işikden girip çykmaly! Heý-de, şundan zyýada bagt bolarmy?! Düýşüm däldir-dä her-nä bi? — Ýuwaşrak gürlesene. — Näm bolupdyr? — Bizi diňleýän bolmaklary mümkin. Derkar güldi. — Hawa, diňleýändirler. — Heý, wi, masgara janym, şony bilibem, sesiňe bat bermäň, näme? — Geňläre zat ýok, köneden gelýän dessur-a. Üýtgeşik zat diýemzok. Bu gijede aýdylanlary hiç kim taň görmeýär. Bolmaly zat hökmünde kabul edýärler. Jahansoltan gapdalyndaky kürtä el ýetirdi. Derkar bada-bat seslendi. — Ony nätjek bolýaň? — Başyma atynjak. — Neçün? Ýa bir ýere hyýallanýarmyň? — Nirä gideýin, gelmeli ýerime ymykly geldim. Biriniň içerä giräýmegi mümkin-ä? — Indiden soň hiç kim gelmez. — Gapyny gulpladyňmy? — Ýok, başagaýlykda unudypdyryn. Häzir ol goýberen säwligimi düzedäýerin. — Derkaryň turmak üçin gobsunany hem şoldy, gapy ýuwaşja kakyldy, ilki bir, soňra iki gezek. Derkar bilen gelni bir-biriniň ýüzüne seredişdiler. Jahansoltan howlukmaç kürtesini atyndy. Içerden jogap berlerine-de garaşman, işik eda bilen açyldy. Jaýa Derkaryň on dört ýaşly jigisi Gunça hem duldegşir goňşulary, üç aý mundan öň goňşy oba göçürilen Gülşat girdi. Gülşadyň elinde ýaýbaň mejime bardy. Onuň golundakysyny öýüň ortarasynda goýaryna mähetdel, Gunça sözledi. — Ejem ýürek iberdi. «Hökman iýsinler» diýibem berk tabşyrdy. Gülşat Gunçanyň sözüniň üstüni ýetirdi. — Demkeşde çaý bardyr. Çörek bolsa saçakda. Olar, haýdan-haý gapyny daşyndan ýapmak bilen boldular. Derkar tarsa galşyna, gapynyň açaryny towlady. Gelsine gelniniň kürtesine ýapyşdy. Jahansoltan iki eli bilen berk ýapyşyp, garşylyk görkezdi. Derkaryň sesi ekabyr çykdy. — Indiberi aýr-a mynyňy! — Ýene biri gelse näme? — Adam gelmez, gelenem jaýa goýberilmez. Gapyny gulpladym-a. Derkar gelniniň gabat garşysynda aýbogdaşyny gurup oturdy. — Nesip edenden naharlanaly. — Meň-ä, birhili, işdäm ýok. — Onda-da iýmeli bolar. Ýörite niýetlenip gelen tabak bu. Ýaş çatynjalara ýürek iýdirmek ata-babadan gelýän zat. Şonda olar ýürekdeş bolýarlar diýen ynanja gol ýapylypdyr. — Ýogsa-da süýjülik suwundan hem içdiňmi? — Hawa. — Menem içdim. Enem pahyr aýdardy: «Ýaş çatynjalar süýjülik suwuny hökman içmeli, şonda olaryň durmuşy şol suwuň tagamy kimin datly bolar» diýip.— Milletimiziň herki zady keramata ýanamak edähedi bar-da. — Her zatdan ýagşylyga garaşylýar. — Ýagşy ýörelge, munda eždatlarymyzyň özboluşly, milli häsiýetlerini görmek bolýar. Eger-de ol unalylmadyk bolanlygynda, asyrdan-asyra geçip, dowamatlaryna nesip etmezdi. Jahansoltan kürtesini başyndan aýryp, emaý bilen bir gapdalda goýdy. Derkara bakdy. — Näme beýle çiňerilip seredýäň? Derkar sag goluny göterdi. — Dur, şu durşuňdan üýtgeme. Sen şu mahal nähili owadan görünýäň! Gyzyl keteniň içinde çog bolup dursuň. Jemalyň Günden nurana. Goşa örüp öňden goýberen saçlaryň ep-esli ýere ýetip, towlanyp ýatan şamara meň- zeş. Boýnuňdaky tylla gaşly gülýakaň, başyňdaky gupbaň seni nähili gözel görkezýär. Okara çalymdaş gözleriň şuglasy kalbyma röwşenlik çaýýar. Haýyş edýän, ýok, ýalbarýan, şu dur- kuňda daýan. — Näme, suratymy aljak bolýaňmy? — Şü haldakaň, goşgy okap beresim gelýär. Häzir sen säher çagy parlap açylan bägüle çalymdaş. — A, ýürek näme, iýjek dälmi ony? — Ýüregiň gaçyp gitjek ýeri ýok, sen goşgyny diňle. Derkar goşa dyzyna galdy. Goşgynyň hörpüne görä onuň elleri herekete geldi. Jemaly jennet dünýäm, Ýaza nusgalyk demi. Bet pälli bakyşlardan Söýgim gorasyn seni. Töhmetinden şyltakçyň, Gybatkeşiň dilinden. Boş gepinden ýaňranyň, Ýalan gülüm-ýalymdan. Abraýyňy götersin, Ýakyn-alys illerde. Azaşmakdan saklasyn, Öwrümi kän ýollarda. Ýamanlygyň ýüzüni Söýgim öwürsin terse. Paýly halatlylykdan Söýgi diýilýän närse. Halallykdan özeni, Pirden alnan dogadyr. «Yşk» at alan derdiňe, Tapylgysyz dowadyr. Onuň ornuny hergiz Özge melhemler tutmaz. Garaçomak boljak pis Karam oýnunda utmaz. Ynan meniň söýgime, Keramatdygyna ten ber. Şoňa baglap köňlümi, Saňa sataşdym, dilber. Hekemin gursaň onuň Ýürek atly päk ýerden. Söýgim goraglar seni, Ähli bela-beterden! * * * Daşardan eşidilýän aýak sesine Jahansoltanyň ýüregi gürsüldäp urdy. Gaýtadan ünsli diňşirgendi. «Bu şonuň özi» diýip, begençli seslendi. «Ýalt» edip işige bakdy. Onuň çaky çyn bolup hem çykdy. Gapy şarka açyldy-da, «Otyrmy- syň?» diýip, Derkar bosagadan ýylgyryp içerik ätledi. Gelin oňa ýüzlendi: — Esli eglendiň-le, eýgilikmi, özi? Derkar eşigini çalşyrynyp, oturanyndan soň jogap gaýtardy. — Myň ýaly bolsa ýagşy-la. Özüňem irden gördüň-ä, etrapdaky atçylyk toplumyndan gelen ýigdekçäň boýurganyp durşuny. «Şu wagtlar saňa azar bermeli däldigine aňry ýany bilen düşünýän. Özge görenler açyk bir zat pyşgyrmansoňlar, maslahaty çugdamlap, seniň ýanyňa gelmeli boldy» diýip. Güýzki at çapyşygynyň jemleýji güni ula goýberiljek bedewleriň biri ýarawsyzlyk tapynypdyr. — Näm bolupdyr oňa? — Ketewläpdir. — O diýdigiň näme? — Sowuklapdyr. Baryp görsem, ot-iým bilen seri ýok. Ýüzüni sortduryp, aşak garap dur. Gözleriniň ýaşyny saklap bilenok, burnundan şabrap-şabrap suw akýar. — Ýoňlan çagym mende-de şeýle bolýar. Çigreklär ýaly beýle alyp barýan sowugam-a ýok bymatlar! — Gyzyp gelip, sowuk suw içse-de şeýle bolýar. — Şeýtmeli däldigini atbakarlar bil- meýärlermikä? — Bilmänmi, aňyrsyna-da geçýän- dirler. Oglanlar oňa ýol bermezler. Negada atyň özi-de etmesiz işi edäýýär. Aý, onsoňam, atlarda ketew keseliniň döremegi başga zatlardan hem bolup bilýär. Arasyna salym salyp, birküç sanjym etmeli boldy. Emleriň netijesini görmek üçin-de garaşdym. Bolsa-da azabymyz ýerine düşdi. Indi nähoşlan atyň ýagdaýy gowulaşýar. Iýmli ahyryndan başyny göterenok. Oňa çenlem günorta boldy. Atbakarlar şol ýerde naharlanýarlar. Maňa-da hödür-kerem etdiler. Duzdan uly bolup bolmaýar. Ýanlarynda dyz epmeli boldum. Derkar gelnine dikanlap garady. — Sen-ä naharyňy bireýýäm iýensiň? Jahansoltan ýüzüni gapdala sowdy. — «Özüňdäki göwün özge-de ýok» diýilýäni çyn bold-ow. Sen şeýle pikir edýäňmi? Heý-de, saňa garaşman saçak başyna geçip bilerinmi men?! Saňa garaşyp otyryn! Baldyzym Gunça häliden bäri iki gezek gelip gitdi. «Ejem, gelnejeňe aýt, Derkara garaşyp oturman, özi naharlanybersin. Oň haçan geljegini kim bilýär» diýdi. Derkaryň gyjyklanan mysaly böwregi bökdi. Gülki arasynda gelnine şeýle diýdi: — Agşam gelen bolsam nätjekdiň? Hiç zat iýmän oňjakmydyň? — Ol-a gijemişin, ertire çenli-de sabyr etjekdim. — Taý saýlamakda ýalňyşmandyryn. Akylyňdan aýlanaýyn seň. — Naharly gelen bolsaň, çaý demläp getireýin saňa. Ýigidiň sesi zoňtar çykdy. — Aňrym çaý küýsäp duranok, itiň ajy men! — Beý, bi oglanyň bolşuny, ýaňyja öz diliň bilen aýtdyň-a «Atçylyk toplumyndaky oglanlaryň ýanynda naharlandym» diýip. — Şonda men: «Kekirdegime gelýänçä iýip, gerk-gäbe boldum» diýen däldirin-ä. Diňe göwünlerine zat getirmesinler diýen pikir bilen az-kem tamşandym. — Häliden şeýdip düşnükli gürle-dä, öňem biriniň «Ýüz siz-bizden bir jyz-pyz» diýlenini edeli. — Jahansoltan Derkaryň dil açaryna hem garaşman, nahar getirmek üçin towşan turşy bilen ýerinden galdy. Çaý başynda gelin adamsyna şeýle diýdi: — Birhilek, daş çykyp, ile görünmäge utanýan. Aýaklaryny uzyn salyp, per ýassygy tirsekläp, gök çaýyň penegini bilip, derçigräp oturan Derkar gülüp goýberdi. — Oturyp-oturyp, bir zadyňy oklaýaň-ow! Näm üçin beýle? Jahansoltan ýaňky aýdanynyň dowamy hökmünde: «Şo sebäplem töwerek ýagtylyp-ýagtylmanka örüp, howlyny syryp-süpürýän» diýip, sözüniň yzyny ýetirdi. — Gelinlik dünýäsi bilen öwrenişip bilemok. Bar kişiniň nazary maňa geňirgenip bakýan ýaly göwnüme. Derkar dikine galyp, aýbogdaşyny gurup oturdy. Gelnine ýylgyryp garady. — Birinji aýtjagym, daşaryny süpürme, Gunça bar-a, öňem şol sübse çalýardy, indem syrar. Başga-da bir alyp barýan galasy ýok. Jahansoltan adamsynyň sözüni şarta böldi. — Ol bolmaz! Bu amalda gelniň gelen öýüne yhlasyndan nyşan görünýär. Arassa howlyny synlanlar ýöne ýere «Öýe täze gelin gelen ýaly» diýmeýärler. Derkar söz sakasyny özüne baka açdy. — Meni diňle, ikinjiden, nesip edenden, ýigit bolsaň, öýlenmeli, gyz bolsaň, durmuşa çykmaly. Bu ata-baba dowam edip gelýän zat, indi hem dowam etmeli zat. Hezreti Magtymguly atamyz hem aýdyp geçipdir-ä bir şygrynda «Pygamber sünnetin berjaý edeýin diýseň öýlengin» diýip. Durmuş şundan başlanýar, dowamat şundan başlanýar. Şu sebäbe görä-de täze gelni görenler ony ýüzlerine sylýarlar. Ara dymyşlyk düşdi. Emma ol uzaga çekmedi. Derkar morta seslendi. — Men gelýänçäm nämä güýmendiň? Gelni gapdalynda bir-biriniň üstünde tertipli goýlan üýşmek suratlara ümläp goýberdi. — Şolara seretdim. — Bir bölegini uzat bärik. — Ol gelniniň beren suratlaryna bakyp durşuna gürledi. — Gowy düşürilipdir. Şeýle gerek? Ylla diýersiň, janly ýaly görünýär. Bular ýöne bir suratlar däl, hersinde ömrüň bir pursady, ykbal bar. Ýene-de on ýyldan, elli ýyldan seretseňem, keşpleriň üýtgejek gümany ýok. Biz garrarys, emma suratlardaky keşplerimiz şol juwanlygyna galar. Bular nesillerimize gymmatly ýadygärlikler. Olardan örňejek dowamatlar bu suratlara seredip, öz ata-babalarynyň, ene-mamalarynyň kimdiklerine göz ýetirerler. Özleriniň bize meňzeşdiklerine guwanarlar. Nesillerimiziň ikimizi ýagşylykda ýatlamaklary bize-de kemje-kerdem ýakmaz. Dogry aýdýan gerek? Jahansoltan «hawa» diýen manyda baş atyp, gülüp goýberdi. — Men şu görnüşde galasym gelýär! — O mümkin däl, muny özüňem ýagşy bilýäň, şonda-da aýdaýyn. Ösüp-özgermek tebigatyň kanuny. Oňa hemme boýun bolaýmaly! — «Boýun bolmaýyn» diýeňde-de, alaç ýok. — Ine, mynyň dürs gürrüň! «Wide» görmediňmi! — Ony seniň bilen göresim geldi. — Akylyňdan aýlanaýyn — diýip, Derkar tarsa galşyna, telewizoryň üstünde goýlan enjamy eline aldy. Derkar elini telewizora baka gönükdirip, enjamyň düwmesini basyp goýberenden ekran ýagtylyp, tizden hem içerini toýuň şowhuny gaplap aldy. * * * Şol günüň ertesi säher çaýyny içip otyrkalar Derkar töweregine birlaý nazaryny gezdirenden soň, gelnine ýüzlendi: — Toý halyň görnenok-la, ýazmaga dözmän, ýygnap goýduňmy? Jahansoltan agzyna elten çaýly käsesinden bir ýola owurtlady-da, ony ornunda goýdy. Näzli ýylgyrdy. — Men ony içerä ýazmak üçin dokamadym. Derkaryň: «Dogry aýdýaň, ony düşek hökmünde ulanmaga dözer ýaly hem däl» diýenine mähetdel, gelni şeýle sözleri dile getirdi. — Ýygnap hem goýmakçy däl. Eger, sen garşy bolmasaň, tördäki diwara geräýjek. Ýassyga tirsek urup, çaý süzýän Derkar bada dikeldi. Aýbogdaşyny gurup oturdy. Gürlände sesi begençli çykdy. — Tüýs bolaýjak zat, gowy tapdyň muny. Bosagadan ätlän adamyň ilkinji nazary şol nepislige düşer. Öň synlamadyk bolanda dagy, çynymy aýdýan, geleniň haýran galmakdan ýaňa, oňa kökerilip galjagy şübhesiz. Käşgä ol adaty haly bolsa? Ol çitimlerden dörän ajaýyp surat, sungat eseri! Jahansoltan: — Edil oň ýaly hem däldir-le— diýse-de, öwgä göwni göterilip, ol dylym- dylym etdi. Öýüň erkegi göçgünli sözledi: — Üýtgeşik, özboluşly gözellik diý-de goýaý! Nädip şeýle diýmejek?! Göm-gök asman, şol dury ummanda gulaç urup, hataryny bozman gelýän durnalar. Aňyrda bir-birini ýassanyşyp ýatan daglar. Türkmen sährasyna ýaz gelipdir. Depeler ýaşyl ýylakly golda parç bolan otlar dyza ýeteňkirläpdir, gül-gunçalardan ýaňa barmak basara boş ýer bolmasa, näme. Iň esasy zat- da, şol gül-gunçalary aralap, aklykda çilläniň garyndan paç aljak bedew ýüzin salyp barýar. Onuň alnyndan tyllaýy nuruny älem-jahana saçyp, täze Gün dogup gelýär! Bedew ýalňyz däl. Onuň jylawdary başy ak silkme telpekli, egni gyrmyzy donly, bili tir- me guşakly, aýagy gonjy ýalpylda- wuk ädikli bir ýigit. Ol atyň boýnuna ýapyrylyşyna, bedewiň gulagyna bir zatlar pyşyrdaýan ýaly. At bilen çapyksuwaryň göwünleri deň gopýar. Hut şuňa görä-de bedew çapanok-da, ýerläp uçup barýar. Hut şeýle. Esasy zat bolsa, bu ajaýyplyk gözleriňe janly ýaly bolup görünýär. Depäň üstüne çykagada, ol gözellige gundalan to- maşany dünýäni unudyp, dideleriňde «huwwalap» oturan mysaly-da. «Bir kemsiz gözel bolmaz» diýleni. Şol nepislige ýeke zat kemlik edýär. Jahansoltanyň gözleri tegelendi. — Ýetmeýän zat näme onda? — Olmy? — Derkar gülümsiredi. — Aňlamaýşyňa haýran. Sen ýok ýanym- da. Ana, kem gaýdan ýeriň! — Meniň-ä, düýpli bir ýalňyşlyk goýberendirin öýdüp, janym galmady. A-ýu, oglan, «Dürtme gursak» diýilýän men däl-de, sen ekeniň-ä, bar-a men ýanyňda. Duýmaýarmyň? Men öz keşbimi seň ýüregiňe keşdeledim. Derkar sag buduna şapladyp urdy. — Kelle diýsäni, üns bermeýşimi diý, sen mamla. Elbetde, sen baky meniň ýüregimde, özge nirede boljakmyşyň! Wah, meniň pikirimi başga hyýal alyp gaçdy. Atbaşçy bolup bara- nymda öýüňizden seni atyň öňüne alyp gaýtdym-a. Ana, halyda men şol keşbi synlajakdym. — Men halyny toýumyza ýarym aý- dan-da gowrak wagt galandan hem öň kesdim ahyryn. Seň o hilek hokga çykarjagyňy näbileýin. Meň üçin kynçylygy ýok, seň isleýşiň ýaly-da dokap bilerdim halyny. Oýlanyp görýän welin, şeýdilen bolsa, has jüpüne düşjek ekeni. — Oň üçin keýpiňi bozma, ynha, nesip edenden, «döwletimiziň başy» dünýä iner, üçimiziň bileje duran keşplerimizi hala çitersiň welin, göwünlere jaý bolar duruberer. Sag tarapda men, solumda sen, ortamyzda hem oglumyz, niçik görýäň? —A, gyzymyz bolaýsa näme? — Oýun etdim, how, men, haýsy bolanda-da parhy ýok! — Ýuwaşrak gürlesene, biri eşidäýmesin. — Eşidenlerinde näme, üýtgeşik gürrüň edemzog-a. — Ikimize degişli gepiň özgelere mälim bolmagyny islämok. — Bu gürrüňiň diňe ikimize degişlidir hem öýtme sen. Jahansoltan sesini çykarmady. Derkar ara kän salym salman, gelnine sowal bilen ýüzlendi. — Seniň iň gowy görýän gülüň haýsy? — Bileňokmy şony? — Ýok. — Geň galaýmaly. — Oň nämesi geňmiş? — Mekdebe alyp gidýärdim-ä. Üns bereňokmydyň? — Wah, ol wagtlar ýekeje gül gözlerime görünýärdi. Ol hem sendiň! — Oýun etmesene. — Çynymy aýdýan. — Gyrmyzy reňkli mahmal bägül bar-a, ana, şol meň eý görýänim. Açylanda dagy, penje-penje bolup pajarlaýandyr, gözleriňi aýrasyň gelmez. Hoşboý ysyndan ýaňa başyň humarlanyp gidenini-de duýman galaýarsyň. Şol güli gowy görýänligim üçin-de kakam ýörite ekdi mellegimize şony. Ony näme sebäpden soradyň? — Men bolsam bägüli halaýan. Her wagt şoňa bakanymda sen göz öňüme gelýärsiň. Ertir etrap merkezine gitmekçi. Işimi birýüzli edenimden soň, bazara baryp, şol gülleriň nahalyny almakçy. Getiribem olary howlymyzda oturtmakçy. — Baharda ekmeli dälmi? — Şu wagtlar jaý wagty. Olar ýaza çenli kök urup, ýaprak çykararlar. Güllemekleri-de mümkin. — Wiý, huşum gursun, öýümizi ýatlanymda ýadyma düşdi. Ir bilen gelnejem gelip gitdi. «Aýak üstünde ýagdaýyňyzy soraýaýyn» diýip gelipdir. Jahansoltan tarsa turşuna penjiräniň öňündäki stoluň ýanyna baryp, onuň çekerinden düwünçek çykardy. Ony Derkara uzatdy. — Al şuny! Adamsy oturyşyny üýtgetmän, gelnine çiňerilip bakdy. — Onyň näme? — Pul. — Nämäň puly? — Kärende ýerimizde işledim, pagta ýygdym. Maňa düşýän haky iberipdirler. — Almaly däl ekeniň. Goý, olaryň özleri sowunsynlar. Şindem bolsa Gunçadan iberäý. Pul gerek bolsa aýdaýmaly ekeniň. Zeruryňa ýeterlik şu içerden hem tapylar. — Olar puly yzyna almazlar. Öýümiz- däkiler gaty belet çöpüm-dä, haklaryna kaýyl kişilerdir. — Oň ýaly bolsa, öňki ýerinde goý ony, geregiňe ulanarsyň. Jahansoltan sesini çykarman, aýdylany bilen boldy. Derkar: — Gelnejeň düwünçek getirenden, dutaryňy alyp gelmeli ekeni. Gaşyňda oturyp, saz çalşyňy diňläsim gelýär. Bir arzuwym şody meň. — O islegiňe-de ýetersiň. Gaýdyp gideýin häli. — Indi gaýtarma saklaýan bamy? — «Yrymyna ýagşy» edip, bir hepde, ýarym hepde öýümizde bolmasam, il-gün geňlär-ä! Gelenimde ähli goşumy alyp gaýdaryn. * * * Jahansoltan laňňa galdy. Içini çekenini hem duýman galdy. Germeçli ädimläp, işigiň agzynda häzir boldy. Bosagadan ätlän adamsynyň ellerinden tutup, onuň gözlerine bakdy. — Heý, wi, näme boldy beýle, ýüzüň salyk-la? Şeýle halda seni ilkinji gezek görýän. Öň gapydan ýylgyryp girýärdiň-ä? Derkar ýüzüni gyjakçyňka dönderip, kese bakdy. — «Kesekiniň eli, ýylanyň eli» diýilýän çyn ekeni. Toýuň aladasy bilen at çapyşyk möwsümine Akguşy seýsle- megi oglanlaryň birine tabşyraýdym. Ol bolsa, päheý-de, diýmäýin diýsem, tabşyryklarymyň birini bitirse, onusyny amal etmändir. Iň bärkijesi, gulagyny gazalama kemini goýmadym, hiç haçan at seýislenen mahaly oýundan-çyndan özünden aýagy pes at bilen Akguşy ýaryşdyraýmagyn diýip. Ol bolsa, oglanlar aýtdylar, birem däl, birnäçe gezek şeýle ýalňyşlyga ýol beripdir. Beýtseň, at güýjüni aýamak bilen bolýar. Ýaryşda- şyndan saýlansa bolany oňa, güýjünde baryny edip çapmaýar. Netijede, onuň ýüwrükligi öňküsinden tizleşmeg-ä beý- le-de dursun, günsaýyn pese gaçmak bilen bolýar. Akguşuň görkezen netijesi bilen gyzyklansam, geçen ýazky möw- sümindäkisinden on sekunt kem. Meň aýdýanymyň tassygy şü. — Çapyksuwardan hasap tapýan bolsa bildiňmi? Akguşy özüň çapaýmaly ekeniň-dä. — Çapyksuwarda köst göremok. On sekunt! Bu gaty uly zat ahyryn. Aýlawda bir sekunt ýaryşyň ykbalyny çözýär-ä! — «At çapmaz, bagt çapar» diýlenem-ä bardyr! — By nakylyň ol çapyşyga dahyly ýok. Indi maňa bir hakykat Aý dogan dek aýdyň. Geljekki ýazky at çapyşygynda baş baýragy ýüze sylmak üçin Akguş bilen mazaly işlemeli boljak. Ony öňki katdyna ýetirmek baýaky, ondan-da has ýokary netijäni gazanar ýaly derejede seýislemek wajyp bolup durýar maňa. — Bolýa, boljak iş bolupdyr, onuň üçin gynanma, indiki ahmyr-armandan ne peýda. — Meň gynananym hiç, Akguşa nebsim agyrýar. Janawar gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýär. — Ol-a at, pälwan hem göreşde ýy- kylsa, janyna jaý tapanog-a. Töre geç, eşikleriňi çalşyr, çaý iç, nahar iý, ýüregiň düşüşer. — Häzir çaý-da içesim gelenok, nahara-da işdäm ýok. — Oň ýaly bolsa dutar çalyp bereýin, göwnüň açylar. Derkar sesini çykarman çalşyryndy, aýaklaryny uzyn salyp, goşa ýassygy tirsekledi. Ýöne şonda-da onuň ýüzi gülüberenokdy. Jahansoltan burça söýelgi dutary eline alyp, adamsynyň gabat garşysynda jaýlaşykly oturdy. Gara gazmany mahmal gabyndan howlukman, usullyk bilen çykardy. Tamdyranyň gulaklaryny towlaşdyryp, gowşadyp goýan kirişlerini sazlamaga durdy. Tarlar gopuz kimin düzülendirem, sag goluny başyndan aýlap, kirişlere şabram kakyp goýberdi. Tizden otagyň içine «At çapan» sazynyň başky heňleri doldy. Asyl, şundan soň sazan- da şaglap inen öýlänçä dönäýdi. Onuň uzyndan inçe barmaklary perdeleriň üstünde ýylançyr dek oýnady. Inip-çykyşyna gözüň ilmese, näme. Sag eli diňe şelpe kakyp oňanok, käte ol aýasyny oýkap, kirişlerden owaz alsa, nega-da şol elini dutaryň ýokarky perdelerine eltip, tary çirtip-çirtip heň gaçyrýar. Jahansoltanyň göwresi dutaryň üstüne egildigiçe, sazyň owazy barha süýjäp, sesi has belentden ýaňlanýar. Derkar gözlerini süzüp, baş yraýşy- na saz diňleýär. Häzir atşynas bar zady unudyp, onuň göwni bürgütleriň baryp bilmeýän belentliginde ganat kakýar. Beýle-de bir mugjyza bolar oguşýan! Jahansoltan «At çapanyň» yzyny «Göroglynyň at oýnadyşy» sazyna sapyp goýberdi. Onuň dutaryň içine giräýjek bolup, uçjak guşa meňzäp, gobsunjyrap durşuna bakyň-a! Derkar bada dikine galyp, ýeke dyz oturdy. Jahansoltanyň «Çykdym güller» sazyny çalyp başlamagy bilen içerä ýazyň howasy haplap urdy. Derkar gül-gunçalaryň bark urýan ysyny aldy. Gulagyna bilbilleriň owazy eşidildi. Göz öňünde gözellige çümen sähra janlandy. Onda parç bolan otlary, dyzyna halka edip, ýüzin salyp barýan Akguşuny gördi. Onuň toýnak kakyşy öňkülerine hiç meňzänok. Bedew çapanok-da, uçup barýar. Häzir onuň yzyndan guşlar-da, ýeller-de ýetip biljek däldi! Ol şeýle hem bolmaly. Akguşa ýüwrüklik ýaraşýar. Saz bireýýäm tamamlanan bolsa- da, hiç kimden ses çykanok. Derkaryň öz dünýäsine gaýdyp gelmegi üçin esli wagt gerek boldy. Birhaýukdan soň ol şadyýan seslendi. — Sag bol, ezizim, eliň-ýüzüň dert görmesin! Sen meni täzeden dünýä inen ýaly etdiň. Indi, nesip edenden, çaý berseň-de içeris, nahar-da iýeris! Jahansoltan eliniň aýasy bilen maňlaýynyň derini sylyp, dutaryň kirişlerini gowşatdy. Ony gabyna salyp, öňki ýe- rinde goýdy. Ol: «Häzir» diýibem, nahar- çaýyň ugruna çykdy. * * * Pelek aýbygadym kadasyna eýerip, çarhyny aýlaý-aýlaý gyşy düşürdi, soňra ýazy getirdi. Tebigat dilber çykan gyzyň jemaly bilen dünýä näzli bakdy. Barlykdaky haýsy zada garasaň, ondaky täzelenişi, galkynyşy, täzeden döreýşi aňlamak kyn däldi. Guş-gumrularyň sesine asal gatylan mysaly, ol owazlar ýüregiň jümmüşinden joşup çykýan şirin nagmalar bolup, ruhuňy al-asmana göterýärdi. Özge hili bolmaga haky hem ýok. Ýaz ynsan kalbynyň ýylgyrmasy ahbetin! Derkar ukudan gözlerini ýalpa açdy. Penjirä garady. Töwerek kemsiz ýagty- lypdyr. Tirsegine galyp, gapdalyna seretdi. Gelni uklap ýatyr. Çyraýy açyk, ol ukudaka hem owadan görünýär. Özem, bir zada-ha ýylgyrýar. Süýji düýş görýän bolsa bildiňmi? Derkar ony oýarmakdan ätiýaç edip, ýorgandan sogrulyp çykdy. Geçse aradan bir käse çaý içesi salym ötendir. Ol goly bir desse gül bilen işikden ätledi. Çemenden gözüňi aýrar ýaly däldi. Der- karyň keýpi çag, erni bir ýere gelenok. Nädip bagtyýar ýylgyrmasyn, onuň golunda çemen däl, bir bölek gözellik bar ahyryn. Gyrmyzy mahmal bägül- de, elwan boýagly bägül hem kemsiz açylypdyrlar. Hoşboý yslary başyňy sämediji. Jahansoltan şindem ýatyr. Derkar gelniniň ýanynda çöküne düşüp, çemeni onuň burnuna golaý eltdi. Ýapraklaryň biri onuň ýüzüne galtaşandan, Jahansoltan ukudan açyldy. Bir bada hiç zada düşünmän, gözlerini telim ýola açyp ýumdy. Diline gelen söz şu boldy: — Mynyň näme? Derkar adaja güldi. — Göreňokmy? Gowy görýän gülleriňden seniň üçin baglanan çemen! — Bylaryň nepisdigini! Beýle-de bir gözel zat bolar oguşýan! Ysgamaga-da dözer ýaly däl. Derkar gözlerini oýnaklatdy. — Bilip goý, çyn gülleri ysgamasaň, olar solmak bilen bolýarmyşlar. — Enem pahyr aýdardy: «Ukudan oýanan çagyň niýetiňi ýagşa tutgun. Oňyn zatlar pikiriňde bolsun. Gözleriň gowa baksyn. Diliňe süýji sözler gelsin. Ana, şonda ömrüň şol güni keýpiň kök, janyň sagat bolar. Başyna baran işiň şowlar». Jahansoltan ýylgyrdy. — Nesip bolsa, bu gün meniň üçin arzyly günleriň biri bolar! — «Eken gülleriň haçan açylýar?» diýip, gulak etimi guradýardyň, açyldy şol islegli gülleriň. Enşalla, indi her gün ukudan oýananyňda gözleriň şeýle çemene düşer. — Sen meni nähili begendirendigiňi bilsediň! Jahansoltan nazaryny güllerden sowup, adamsyna bakdy. — Meňem saňa şatlykly habarym bar. Kelläňi eg aşak. — Näme etjek bolýaň? — Gulagyňa çawuş çakmakçy. — Aýtjagyň begençli habar dälmi, özi? — Hawa. — Onda ony gygyryp aýt, goý, hemmeler eşitsinler. Jahansoltan gülüp goýberdi. — Diýenimi et, ýogsam aýtman. Derkar gulagyny gelniniň agzyna golaý tutdy. Gelni pyşyrdap sözledi. — Agzym bimaza, sen kaka bolýaň! Derkar başyny göterdi. Gelnine söýünçli bakdy. Gürlände demi demine ýetmedi. — Näme diýdiň? Ýene-de bir gezek gaýtalasana. Çynyňmy? E-he-heý, iller- günler, eşidiň, men kaka bolýan. «Ha, ha, ha», kaka bolýan men! Nähili gowy by! Ol aýagüstüne galşyna işige sary howlukmaç gadam urdy. Eger-de Jahansoltan «Dur!» diýip aýgytly gygyrmadyk bolanda, öýüň erkegi gapydan atylyp çykjakdy. Sakga daýanan Derkar nägilelik bilen seslendi. — Hä, näme? — Nirä haýdap barýaň? Oba jar çekmek hyýalyna mündüňmi, senden çykaýjak zat-da! Derkaryň her dişinde bir gülki. Keýpi keýigiň şahynda. — Islesem oba-da jar çekerin, häzir-ä barşym ejemiň ýanyna. Goý, o-da begensin-dä bu habara. — Ol habarly. — Eýýäm aýdyp ýetişdiňmi? — Daýzam gaty synçy. Ol her alýan demimden, ýöreýşimden, gürleýşimden, iýip-içýän zatlarymdan çen tutup, meniň neneňsi haldadygymy kemsiz aňşyrýar. - Öý bikesi sözüne az-kem dyngy bereninden soň, gürrüňini şeýle jemledi. — Heý, wi, masgara janym, arkaýyn ýatyşymy meň, ertirlik taýynlaýyn-a saňa. Derkar eýýäm ýerinden galyp, işige tarap ýönelen gelniniň öňüni gabsady. — Saklan, diňle meni, şu pursatdan başlap, eliňi gyzgyn suwa-da urma, sowuk suwa-da, sen ähli işden azat. Gunça eder içeriniň soňsuz, göze görünmeýän hysyrdysyny. Bolmanda-da, şoň başga-da bir bitirip barýan goşy hem ýok. Sen diňe özüňe seret, göwräňdäkiň aladasy bilen bol! Näme göwnüň küýsese, çekinmän aýt, «lepbeýiň» men bolaryn. — Goýsana, oglan, iýip-içip süýnüp ýatanymdan, hereketde bolsam, şonça- da maňa peýdaly. — Ol ädimini giňden urup, gapyň tutawajyna elini ýetirdi. * * * Wagt günortana golaýlap ýördi. Atyň batly kişňemesine Jahansoltan güýme- nip oturan tikin-çatynyny bir gapdalda goýup, goltugyndan gop berlen deýin ýeňillik bilen galdy. «Haý» diýmänem, penjiräniň öňünde häzir boldy. Ol gözlerine ynanmajak boldy. Begenjine durşuna ýylgyrma öwrüldi. Görsene, öň edýän zady däl, Derkar atly öýe gelipdir! Akgu- şuny münüp gelipdir! Bedew ýene-de çarpaýa galdy-da, kişňäp goýberdi. Ol bu hereketini birnäçe gezek gaýtalady. At janawar nätsin, ol jylawdarynyň göwnüne ýetmekden ötri jan edýär. Bedewiň kişňemesinde bir halatlylyk bar. Ol ýöne bir bir owaz däl. Ol kiçi dilden bärde däl- de, ýüregiň jümmüşinden çogup çyk- ýan owaz. Şol seda biparh gulak gerip bolmaýanlygy hem, megerem, şonuň üçindir. Ol nagmalaryň naýbaşy. Onda asylzada eždatlarymyzyň ýüreginiň joş- guny, merdanalygy, ar-namysy, gaýraty, belent söýgüsi, ruhanalygy jemlenen. Bedewiň kişňemesi — ak bagta çagyryş! Derkaryň iki gözi penjirä seredýär. Ol Jahansoltany gördi. Uludan ýylgyryşyna, sag goluny göterip, gelnine elini bulaýlady. Derkar atdan towsup düşdi- de, ony üzüm dalbaryna söýget üçin dikilen demir sütünleriniň birine baglady. Öýe tarap ädimini giňden urdy. Gapyny şarka açyp, jaýa kürsäp girenden, sesi- ne bat berdi. — Şu gün ýöriteläp, atly geldim. Akguşumyň kişňemesini eşitsin diýdim oglumyz. Bedewiň kişňemesini eşiden ogullar är kişi çykarmyşlar. Indi dünýä inmedik hem bolsa, erke balamyz, ol owazy eşidýändir diýip pikir edýärin. Eşidişime görä, diňe atyň agynan ýerinde däl, onuň toýnagynyň düşen ýerinde hem toý bolarmyşyn. Enşalla, howlymyzda basym toý bolar! Ol gelniniň gözlerine dikan garady. — Men dogry aýdýan gerek? Jahansoltan adamsyny näzli bakdy: — «Ogul» diýip sürüp gidip otyrsyň, göwrämdäki gyz bolsa bildiňmi? — O hilek bolmaga haky ýok! — Beýle ynamly aýtmaň sebäbi nämeden? — Düşün şuňa, gara gözüm, men ilkinjimiziň ogul bolmagyny näler isleýärin. Onuň hem «Ata kesbi ogla halal» edäge-de, meň kärimi alyp götermegini maksat tutunýaryn. — Şägirtler ýetişdirýäň-ä! — Hawa, olar barmak büküp sanardan kän. Ýöne men öz bagrymdan önen perzendimiň ykbalyny uçar ganatymyz bolan bedewlerimiz bilen baglaşdyrmagyny höwes edýärin. Şu maksadym myrat tapsa, kysmatymdan müň-de bir razy boljak-da. — Bolar, enşalla, «Oglan howlugar, tudana wagtynda bişer» diýipdirler, herki zadyň öz wagty, nesibeli güni bardyr-da. Gyzymyz bolsa nä, ol seň hünäriňi alyp göterip bilmez öýdýäňmi? — He-eý, ezizim, ezizim, ylahydan berlen bolsa, gyz maşgaladan hem atşynas çykmagy mümkin. Emma gyzyň öz ýeri bar, ogluň öz ýeri. Çyn bedewleri ýetişdirmek, at çapmak, ezelinde, ýigitlere mahsus iş-dä. Onsoňam muňa lükgeligiň bilen berlip, bar işiňi şol etmeli-dä. Ýöne ýere «Aty at bolýança, eýesi it bolar» diýilmändir. Gyzym babatda-da ýüregimde besleýän arzuwlarym bar. Onuň hem, tüweleme, seniňki ýaly eli işli bolsa, esasan hem, oňa-da dutar çalmakdan paý berlen bolsa, etjegim belli. — Be, nädersiň? — Aýgydym şü, ony şol ugurdan okadardym. Zat gaýgyrjak däl oň üçin. Zerurdyr öýtsem, näçe ýyl gerek bolsa okatjak, kämilleşdirjek. «Dünýä belli sazanda bolan ýeriň bolýar» diýjek-dä. Sen-ä başda diýenimi etmediň. Şunça «Şu ugurdan oka» diýsem-de, «görerin-dä» diýip ýaýdanyp gezdiň. Wagt bolsa ötegçi şemal deý geçip gitdi. Gyzyňa ilkinji halypa bolarsyň-a? «Şägirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýipdirler. Dutar senedimiz gadymy milletimiziň diňe bir özboluşly sungaty hem däl, ol şöhratydyr hem. Men gyzymyň şol şöhraty, bolmanda, bir gez ýokary galdyrmagynyň arzuwynda! Ynha, gelin baý, äriň-ä şeýleräk arzuw-hyýalyň, maksat-myradyň kül-külüne düşüp ýörendir! — Beýle wajyp gürrüň aýak üstünde däl-de, çaý başynda edilse ýagşy. — Ikelläp goldaýan. Nahar iýip bolanlaryndan soň, demini alan hum çäýnekden bir käse çaý guýup, adamsynyň öňünde goýan Jahansoltan şeýle diýdi: — Yhlasyňa görä, nesip edenden oglumyz bolsa, oňa-da men saz çalmagy öwredip, dutara imrindirsem näme? Niçik görersiň şonda? Çaýdan bir ýola owurtlan Derkar so- wala ilgezek jogap gaýtardy: — «Berekella!» diýerdim. Halys ýüregimden çykýan taňryýalkasyn bi- len serpaýlardym seni. Gowy görýän zadyňy sowgat etmegim-de mümkin. Aýdypdyrlar-a: «Ýigide müň dürli hünär hem az» diýip. Saza düşünip, ondan başy çykýan adamdan atşynaslaryň seresi çykar. Görogly beg agamyzy ýadyňa sal, ol bir eli gylyçly, bir eli dutarly Watan gorapdyr. Onuň lek-lek duşman goşunynyň öňüne çykyp, arkasyndan gara gazmasyny kakyp alagada, şelpelere şabram kakyp, nama yzyna nama gaýyrmasyna üns ber. Onda uly many bar. Şeýtmek bilen, Görogly agamyz sözüň, sazyň güýji arkaly sürnüp ge- len ýagynyň howuny basypdyr, ruhuny syndyrypdyr. Onsoň oňa ýowdan rüstem gelmek kyn düşmändir. Oglumyz şeýle goldaw, gudrata eýe bolsa, oňa ýetesi näme bar?! Aýdym-sazy hemra tutunan ýigidiň düşünjesi giň, duş gelen synaglardan birjik-de çekinmän, tutan maksadyna ýetmäge okgunly boljakdygy belli. Takal okap oturanymdan, şahyryň şu goşgusyny aýdyp bereýin. Şonda meniň näme diýjek bolýanym aýdyň bolaýar. Ol ýanýoldaşynyň sözlärine-de garaşman, başyny yraý-yraý, labyzly ses bilen goşga başlady. Oglum, peder pendi bu, Dutar çalmagy öwren. Onuň ýeke sazyny Dünýä malyna bermen. Bolmasaň-da aýby ýok, Ile belli sazanda. Dostlaň bilen otyrkaň, Söhbet saza ýazanda. Ele alyp dutaryň, Çalyp başlanyňda saz. Daşarda gar ýagsa-da, Göwünlerde düşlär ýaz. Hakdyr oňa berleni, Keramatdan ülüş paý. Akylyňy artdyrar, Ruhuňy-da eder baý. Kämil çykyp öňküden, Il arzuwlar edebiň. Süňňüň dönüp gamaga, Sagdyn bolar bedeniň. Çyndan ýapyş sen oňa, Bagla-da ýüregiňi. Alyp bilmegi başar, Özüňe geregiňi. Perdeleri yzarlap, Keşt etseň ol mekana. Bakylykdan serpaýly, Duşarsyň kän mukama. Olarda bäş müň ýyla Ýetýän geçmişiň bardyr. Ýöne sürlen ömür däl, Ol bir çüwen ykbaldyr! Yklymlar tanan halkym Dünýä dolan şanyndan. Olar ýurduň her garşyn Eý görüpdir janyndan. Hüjre-hüjre sökeňde, Uçuryp zehin guşuň. Düşünersiň has-da çuň, Manysyna durmuşyň. Mukamlar seýle çyk:ar Ýylyň ähli paslyna. Sen özüňi tanarsyň, Göz ýetirip aslyňa. Duşar ýene kän gowluk Gül açdyrjak gursakda. Oýlanarsyň Watana Bitirmeli borç hakda. Şonda borsuň wepadar Bir perzendi türkmeniň. Dutar çalmagy öwren, Şu saňa pendim meniň! Derkar gelnine ýylgyryp bakdy. — Niçik? Ýüregiňe jüňk bolaýandyr, asyl! Jahansoltan kaýyllyk bilen baş atdy. — Aňlana dutaryň nämedigini düşündirip bilipdir. — Şundan ötrem, mahal-mahal saz çal-da dur. Goý, oglumyzyň gulagy sazdan gansyn. — Bu sözlerden soň, dutar çalmasam bolmaýar! — Ýüregim bol-a! Az salymdan gara gazmanyň şirin owazy içerä doldy. Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |