19:47 Ata pendi / hekaýa | |
ATA PENDI
Hekaýalar
Arslan okuwyny tamamlap, mekdepden gelşine, aýakgabyny dälizde çykaryp, atasynyň bolýan otagyna howlukmaç girdi. Işikden ätlän badyna onuň begençli sesi içerä doldy: — Ata, aý, ata, şu gün men edebiýat sapagyndan «5-lik» baha aldym. Ynha, görkezeýinmi? Arslan atasynyň sözlärine-de garaşman, torbasyndan gündeligini çykarmaga durdy. Goşa ýassygy tirsekläp, aýaklaryny uzyn salşyna, çaý süzüp ýatan Aşyrmyrat aga howlugman dikine galdy. Aýbogdaşyny gurup, jaýlaşykly oturdy. Gapdalynda duran äýnegine elini ýetirip, ony dakyndy. Arslanyň begenji egsiler ýaly däl. Ol iki eli bilen tutup, gündeligini atasyna uzatdy: — Ynha, seret, ata, dogrymy aýdypdyryn gerek? Aşyrmyrat aga gündeligi eline alyp, ony ünsli synlady. Gürlände sesi hoşamaý çykdy: — Rastyňy sözläpsiň, köşegim, berekella, ataň senden tamasy uludyr. «5-likleriň» höwri köp bolsun! Arslan «jedir-jedir» etdi: — Amangeldi mugallym meni öwdi. «Okuwçylar, hemmäňiz Arslan Aşyrmyradowdan görelde alyň! Sapaga şonuň ýaly taýýarlanyň! Şonda siz hem «5-lik» baha mynasyp bolarsyňyz» diýdi. — Amangeldi mugallym dogrusyny aýdypdyr, Arslan jan, her bir işe yhlas etmeli. Ana, şonda ýetilmejek menzil bolmaz. Pähimdar ata-babalarymyzyň «Yhlasa — myrat» diýen nakyly bize miras goýmaklary hem şonuň üçindir. «Ylym — yhlas» diýen nakyly hem bilip goýaý, inerçäm. Arslan jan, şu wagt seniň okamaly-öwrenmeli wagtyň. Ýaşlykda özleşdiren zadyň hakydaňda hemişelik galýar. Diňe bir edebiýat sapagyndan däl, beýleki derslerden hem «5-lik» baha almagyň derwaýys bolup durýar. Asylzada eždatlarymyz nakyl edip aýdypdyrlar-a «Bilimli il ozar — bilimsiz il tozar» diýip. Bilimli bolmak üçin bolsa, köşegim, köp okamak gerek. Okamagyň neneňsi gymmata eýedigini pederlerimiz aýtgy edip aýdypdyrlar «Bir — okana, bir — dokana» diýip. Ýeri geleni sebäpli şu pähimi hem gulagyňa däl, gursagyňa guýaýyn. Haýsy hünäriň eýesi bolsaň-da, okuwly bolmak zerurlykdyr. Şu jähetden hem «Işiň ussasy — okamak» diýilýär. Arslan jan, bilimli bolmagyň üçin başdan nämäni berjaý etmegiň wajyp bolup durýar? Bu sowalyň jogabyny aýtsam, ene-ataň, mugallymlaryň öwütlerini amal edip, sapaklaryňdan «5-lik», «4-lük» bahalar bilen ýetişmeli, tertip-düzgünli, göreldeli okuwçy bolmagy başarmaly. Kitaby özüňe dost tutunmaly. Mekdepde öwrenenleriň üstüni özbaşdak, durmuşyň dürli meseleleri barasynda söhbet açýan kitaplary okamak arkaly ýetirip durmaly. Bu barada «Okadym diýme, bildim diý» diýen atalar sözi hem bardyr. Inerçäm, kitabyň peýdasy hakynda hem ata-babalarymyz atalar sözüni, nakyllary döredipdirler. Şolardan hem käbirini aýdyp bereýin saňa. Ünsli diňle-de, ýadyňda berk sakla! — Aşyrmyrat aga çaýly käsä elini ýetirdi-de, ondan owurtlap, käsäni öňki ýerinde goýdy. Arslanyň dykgat bilen özüne garap duranlygyny gören ýaşuly ilgezik söze başlady: — «Kitap okaýanyň ruhy baý» diýilýändir. «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer», «Kitap bilen söhbetdeş bolsaň, ýüregiň gysmaz», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dil biler». Inerçäm, kitap barada döredilen atalar sözleri, nakyllar diňe şular bilen çäklenmeýär. Men diňe şu pursatda «Hamyr ujundan petir» diýlenine eýerip, ýadyma düşenlerini dilimde dessan eýläp otyryn. «Sanasaň sogaby bar» diýlişi kimin olar ençemedir. Atalar sözüniň, nakyllaryň her birini gyzyla gaplaýmalydyr, köşek, olaryň yrýasy bolmaz. Arslan jan, huşumdaka kitap hakyndaky şu atalar sözüni hem aýdyp bereýin saňa. Şonda kitabyň arzysynyň nähilidigine akyl ýetirersiň. «Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir». Görýäňmi, kitabyň adam üçin iň bir eziz saýylýan ata-enä deňelmeginde nähili uly many bar eken. Pähimdar pederlerimiz durmuşyň dürli taraplary barasynda atalar sözüni, nakyllary döredipdirler. Köşegim, bagtly bolmak üçin adama owal-başda gerek zatlaryň biri zähmetdir. Halal zähmet çeken adam hiç haçan zada zar bolmaýar. Zähmet ynsanyň bedenini berkidýär, janyny tut ýaly sagat edýär, ruhuňy belende göterýär. Halal zähmet arkaly adam hormat-sylagyň, belent mertebäniň, abraýyň eýesi bolýar. Bu barada döredilen atalar sözüni senem bilýänsiň? Hany, Arslan jan, şolardan aýdyp ber maňa. — Hawa, bilýän, ata! — diýip, Arslan bada jogap gaýtardy. — «Işlemedik — dişlemez», «Ýatan öküze iým ýok», «Çekseň zähmet, ýagar rehnet». Aşyrmyrat aga agtygynyň başyny hamraklyk bilen sypady: — Berekella, akyllym. Inerçäm, seniň atalar sözüni, nakyllary öwrenmäge höwesekdigiň meni guwandyrýar. «Atalar sözi — hikmet» diýilýändir. «Hikmet» diýen sözüň niçik mana eýedigini bilýäňmi, Arslan jan? Hikmetde köp ýagşy pikirler jemlenendir. Bir danyşment kişi bu barada şeýle diýýär: «Hikmetden bir söz öwrenmek dünýädäki bar bolan zatlardan ýagşydyr». Gör, köşegim, hikmet nähili gymmatly zat ekeni! «Akylyň bolmasa, nakyla eýer» diýlenem bardyr. Bular pähimdar pederlerimiziň döreden gymmaty egsilmejek ruhy hazynalarydyr. Şondan köpräk almaga çalyş. Ondan paýly boldugyňça, ol genji-kän egsilmeýär-de, gaýta onuň hümmeti artýar. Ynha, aýdaly, bir zat barasynda diňleýjä janygyp gürrüň berýänsiň, söz arasynda oňa degişli bir atalar sözüni ýa-da nakyly dile getirseň, gürrüňdeşiňe ýetirjek bolýan pikiriň Aý dogan dek aýdyň bolar duruberer. Ýeri, Arslan jan, ataň aýdanlaryndan öwrenen zadyň boldumy? — Hawa, ata, sag boluň, köp zat gulagymda galdy. Bular barasynda Amanguly mugallyma-da, synpdaşlaryma hem gürrüň bererin. Ýöne... — «Ýönäň» näme, inerçäm? — Mugallymymyz ýumuş hem tabşyrdy-da. — Nähili ýumuş? — Amangeldi mugallym: «Käbir atalar sözi, nakyllar bolan bir wakanyň esasynda döräpdirler. Ata-eneleriňizden, ýaşuly adamlardan soraşyň-da, heriňiz şolaryň birisi hakynda bilip geliň» diýdi. Aşyrmyrat aga käsesine çaý guýundy. Agtygyna söýünçli bakdy. — Mugallymyňyz dogrusyny aýdypdyr, inerçäm. «Sebäpsiz çöp başy gymyldamaz» diýmänmidirler näme? Atalar sözüniň, nakyllaryň tas hemmesi diýen ýaly bolan wakanyň, tebigata synçylygyň, durmuşa çuňňur akyl ýetirmegiň netijesinde kemal tapypdyr. Sözümi uzaldyp durman, «At çapmaz, bagt çapar» diýen atalar sözüniň döreýşi hakynda aýdyp bereýin. Irki döwürlerde Nusaý galasynyň etegindäki çarwa obalarynyň birinde barjamly adamlaryň biriniň aty bolan. Ol dal bedewini ähli baýlygyndan, ogul-gyzyndan hem eý gören. Şol kişi bedewiniň şaý-esbabyny sap gyzyldan, kümüşden besläpdir. «At jul içinde» diýlişi deýin kemsiz bezelen ol bedewi görenler haýran galmakdan ýaňa, ondan gözlerini aýryp bilmändirler. Ol atyň ady Nurana ekeni. Bedewi diňe onuň gymmat bahaly şaý-sepleri bezemän, ol atyň syn-sypaty hem ökde senetkäriň elinden çykan heýkel kysmy bolan. Nurananyň käbir gözel taraplaryny sözläp bersem, Arslan jan, onuň dişleri ak, berk hem inçe, aşaky dodagy salpy, burny dik, maňlaýy meýdanly, dik gulaklarynyň arasy açyk, boýny egriden inçe, topuklary ýasy, ýaly uzyn, döşi giň, öň aýaklary bilen art aýaklarynyň arasy açyk, guýrugy hem uzyn, ýöreýşi messana, bili syk, sagrysy giň, iki uýlugynyň arasy etlek, reňki hem hurmaýy dor bolan. Beýle bedewler ähli atlaryň soltany hasaplanypdyr. Şol taýsyz bedewiň eýesiniň ady Nowruz bolup, il içinde Nowruz seýis ismi bilen tanalypdyr. Sebäbi ol ökde atşynas ekeni. Bedewini onuň özi seýisläp, çapyşyklara taýýarlapdyr. Nurana aýlawlary baglap, hemişe baş baýragyň eýesi bolan. Onuň şöhraty alyslara çaw beren. Soňabaka ol bedewe taý tapylmany üçin märekäniň öňünden geçirip, baş baýragy gowşurmak dessura öwrülip gidipdir. Ynha, saňa aýtsam, inerçäm, Nusaý patyşasynyň köşk emeldarlaryndan biri ogluny öýermezmi. Ol toýy uludan tutýar. Oňa ýakyn-alysdan kän adam ýygnanýar. Atlary ula goýbermek pursady gelýär. At çapyşygy başlanmazyndan öňinçä bu sapar hem şaý-esbaplary tükel Nuranany märekäniň öňünden geçirýärler. Ýaryşa bekewüllik edýän ýaşululardan biri bogazyna agram salyp seslenýär: — Adamlar, eşitdim-eşitmedim diýmäň, atyňyzy Nurana bilen bäsleşdirip biljegiňiz barmy? Hiç kimden ses çykmaýar. Ara bir käse suw içesi salym salyp, ýaşuly ol sözleri gaýtadan gygyryp aýdýar. Bu gezek-de oňa seslenen bolmaýar. Bekewül ardynjyrap, bogazyny arçaýar-da, üçünji ýola jar çekmäge hyýallanýar. Emma oňa puryja berilmeýär. Ahalyň çetki obalarynyň birinde Mürçe atly özüne göwni ýetýän seýis ömür süren. Onuň demir gyr sypatly aty bolan. Şol bedewiň sagrysy, guýrugy, dyzlarynyň aşagy garalykda gijäniň tümlüginden paç alypdyr. Şeýle görnüşdäki atlara, inerçäm, sowuga çydamlylyk, çusluk, ýeňil gopmak, ýüwrüklik mahsusdyr. Mürçe seýis bedewini Ganatly diýip atlandyrypdyr. Ol atyny çapmagy diňe ýigit çykan nowbahar ogly Çynarhana ynanypdyr. Çynarhan pederinden towakga edýär: — Rugsat ber, atam, Ganatly bilen uly aýlawa goşulmaga! Mürçe seýis kes-kelläm garşy çykýar: — Bolmaz, kelle göçgünlik etme, biderek atymyzy gynanymyz galar. Eýýäm unutdyňmy, birki ýyllykda uly aýlawda Nurananyň Ganatlymyzy tozana garanyny? Şundan ötrem, bedewimizi özge islendik at bilen goş, Nurana bilen diýme! Ogly hem kakasyna ýan bererli däl, janygyp sözleýär: — Ondan bäri iki ýyldan-da köp wagt geçdi. Şukarada näçe azap siňdirip, Ganatlyny seýislediňiz. Ýüregim syzýar, şu gezek atymyz ýüzümizi ýere salmaz. «Hä» diýäýiň, ata! Dowamatynyň boýurganyp duranyna dözmedimi ýa-da atynyň häzirki ýagdaýyna göz ýetirmek isledimi, Mürçe seýis «Seniň diýeniň bolsun!» diýip, ogluna ak pata berýär. Çynarhan Ganatlyny müňdebir jilwe bilen öwüsdirip, orta çykýar. — Men bagtymy synap görjek! Bekewüller maslahatlaşyp, şeýle karara gelýärler: —Başda beýleki atlar nobatma-nobat bäsleşsinler. Iň soňky çapyşyk Nurana bilen Ganatlynyňky bolsun! Nurananyň eýesi lap urýar: — Han ogul, «Zeleliň ýaryndan hem gaýtmak peýda» diýipdirler. Şindem bir pille, gaýt raýyňdan. Özüňi, atyňy gülki astyna salyp nätjekdiň? Çynarhan hem söz alyp galmaýar: — Onçasyny onda görüberýäs! Toý eýesiniň: — Baş baýrak mundan öň bir köşekli düýe bolan bolsa, men on sany köşekli düýe goýmakçy. Öň gelene ene süýdünden halal bolsun! — diýmesini märeke uly şowhun bilen garşy alýar. Iki ýaşar atlar ýaryşa goşulýarlar. Soňra beýleki bedewler hem gezekme-gezek öz ýyndamlyklaryny synap görýärler. Ahyrda gezek iň soňky çapyşyga ýetýär. Nurana bilen Ganatly gaýdyş pelleden jylawlaryny deňläp, ýola düşýärler. Şertleşige görä olar märekäniň öňünden üç sapar geçmeli. Birinji, ikinji aýlaw asudalykda geçýär. Kä Nurana bir boýun öňe düşse, käte hem Ganatly kelle boýy bäsdeşinden saýlanýar. Tomaşaçylar göze öwrülişip, bedewleriň çapyşlaryny synlaýarlar. «Nurana ýeňiji bolarmyka ýa-da Ganatly?». Her kim özüçe çak urýar. Märekäniň bir topary Nurananyň tarapyny tutsa, ýene bir topary Ganatla umyt baglaýar. Nurana towşan turşuny edip, Ganatlyny guýrugyna tirkeýşine, barha arany açmak bilen bolýar. Çynarhan hem Ganatlynyň jylawyny ýazdyrýar. Çapyksuwaryň meýlini aňlan häsiýetli bedew ýyldyrym bolup süýnüşine, arany barha ýygyrmak bilen. Atlar pellehana golaýlaşdyklaryça kimseler bogazyna sygdygyndan gygyrsa, özge birleri telpegini göge zyňyp, märekäniň şowhuny asmana galýar. Şu ýerde hemmäni haýrana galdyran ýagdaý bolup geçýär. Üns ber, inerçäm, gürrüňiň iň gyzykly ýeri şunda! Näme bolandyr öýdýäň, Arslan jan? Bolan zat şeýle! Heý, kelläňe geljek zatmy, pellehana sanlyja ädim galanda bäsdeşine zyg etdirmän gelýän Nurana toýçularyň şowhunyndan tebil tapýarmy ýa-da başga hasaba görämi, çapuw ýodasyndan çykýar-da, ters ugra tutdurýar. Asyl ol çapyksuwaryň jan çekmesine hem per bermeýär. Netijede, ilkinji bolup, pellehanadan Ganatly geçýär. Bekewüller hem baş baýragy şoňa bermek barada bir çukura tüýkürýärler. Ana, şol wakanyň yzysüresi «At çapmaz, bagt çapar» diýen atalar sözi rowaçlyk tapýar. Aradan üç gün geçenden soň, Arslan edebiýat sapagyndan ýene-de bir «5-lik» baha alyp, atasyny begendirdi. Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |