23:46 Derwaýys sapak | |
DERWAÝYS SAPAK
Hekaýalar
Üzüm dalbarynyň astyndaky sekide gözüne äýnegini dakyp, Didarberdi Haýdar ogly gazet okap otyrdy. Ýaşy ýetmişden geçen ýaşulynyň ýanynda ýene-de birnäçe gazet, žurnal hem-de kitap bardy. Ol häzir hormatly dynç alyşdady. Manyly ömrüniň tegelek elli ýylyny Didarberdi aga orta mekdepde okuwçylara taryh sapagyndan bilim beripdi. Ol okumyş adamdy. Didarberdi aga: «Okamak öwrenmekdir, öwrenmek pikirlenmekdir, pikirlenmek ýaşamakdyr» diýýärdi. Ýaşuly has-da çeper eserleri okamaga höwesekdi. Ol bu hakda şeýle pikire gol ýapýar: «Her bir çeper eser mugallym kysmydyr, onuň bilen içgin tanşanyňda, durmuşyň bir sapagyny özleşdiren ýaly bolýarsyň». Didarberdi aga bar ünsüni gazetde jemlänligi sebäpli, ol on bäş ýaşly ýetginjegiň howlynyň derwezesini açyp girişine, onuň öz garşysynda söm-saýak bolup duranlygyndan hem habarsyz galdy. Wepanyň: — Ata, aý, ata! — diýmesine, Didarberdi aga okamasyny goýup, başyny galdyrdy, äýneginiň üstaşyry agtygyna seretdi. Wepa atasyna sözlemäge puryja bermedi. — Şu wagt nireden gelýänimi bilýäňmi, ata? Ýaşuly hoşamaý ýylgyrsa-da, gürlemäge howlukmady. Elindäki gazeti epläp, gapdalynda goýdy, äýnegini gözünden aýyrdy. Agtygyna nazaryny dikdi: — Jan köşek, çenläp-çaklap bir zat diýäýmesem, men-ä bilmedim. Nirä gitjegiňi aýtmadyň-a?! — Bagyşlaň, ata jan, mundan öň gitjek ýerimi duýduryp, sizden rugsat alanymdan soň, ýola düşýärdim. Bu gezek ýygnanyşmaly ýerimize wagtynda barjak bolup, gyssandym. Ýogsam... Ýaşuly Wepanyň sözüni böldi: — Düşünýän, indikiňe gaýym bolarsyň, bolsa-da işiň şowlapdyr öýdýän, keýpiň kökje görünýär. Hany, düşege geç-de, gören-eşidenleriňden ataňy hem habardar et, köşek! Wepa aýdylana eýerip, ornaşykly oturanyndan soň, söze başlady: — Gaty hezil boldy, ata, synp ýolbaşçymyz bizi şu dynç günümizde Nusaý galasyna gezelenje alyp gitdi. Ol ýerde kän täsinlik gördük. Nusaý amatly ýerde gurlupdyr. — «Nusaý galasy amatly ýerde gurlupyr» diýip dogry bellediň. Pähimdar ata-babalarymyz ösüp-örňejek gala-kentlerini çem gelen ýerde gurmandyrlar. Olar «Geňeşli biçilen don gysga bolmaz» diýen pähime eýerip, şäheriň düýbüni tutupdyrlar. Köne we täze Nusaý Türkmenistanyň medeni mirasynyň has möhüm ýadygärligi hasaplanylýar, inerçäm! — Ata! — diýip, Wepa Didarberdi aganyň gürrüňini bölenini hem duýman galdy — Ata-babalarymyz mesgen tutunjak ýeriniň topragynyň, howasynyň ýaramlylygyny nädip kesgitläp bilipdirler? Ýaşuly myssa ýylgyrdy. Gürlände onuň sesi begençli çykdy: — Berekella, oglum, bu sowaly bermek bilen göwnümi göterdiň. Gürrüňimi üns bilen diňleýän ekeniň. Aýdylana dykgatly gulak asmak ýagşy gylyklaryň biridir. Sözi ünsli diňleseň, onuň manysyny çuňňur aňlap bilersiň — diýip, biraz dymdy-da ýene sözüni dowam etdi: — Indi köşegim, ýaňky sowalyň jogabyny sözläýin. Pederlerimiz iki-üç metr belentlikde ýaňy halallanan malyň eliň aýasyna barabar etini asyp goýupdyrlar. Eger ol et bölegi ertire çenli zaýalanmasa, şol ýerde mekan tutunypdyrlar. Biler bolsaň, köşegim, Nusaý şäheri elli metr belentlikdäki depede gurlupdyr. Munuň şeýle edilmeginiň sebäbi ol başga oňaýlyklary bilen bir hatarda, şäheri harby taýdan goramak üçin hem amatly bolupdyr. Irki ekerançylyk we şäher medeniýeti barasynda gürrüň açylanda ilki bilen Müsür, Mesopotamiýa, Hindistan, Hytaý agzalýar. Bu hakykatdan hem şeýle. Ýöne Türkmenistan hem gadymy mekandyr. Ata ýurdumyz adamzat taryhynda ilkinji oturymly ekerançylyk hem şäher medeniýetiniň dörän mekanlarynyň biri bolandygyny ülkämiziň çäginden tapylan ak bugdaý we ekerançylyk guraly bolan daşdan ýasalan kätmen hem subut edýär. Ataňdan eşider bolsaň sözüň dürüni, jan bala, öz döwründe beýik Parfiýa döwleti ösüşleriň, täze galkynyşlaryň ýurduna öwrülipdir. Şäherlerde ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlary, köşkler, suw howuzlary dürli ýaryşlaryň hem maslahatlaryň geçirilýän ýeri bolupdyr. Jemgyýetçilik jaýlarynyň we köşkleriniň gurluşygynda dürli nagyşlar, bezeg daşlary, kerpiçler ulanylypdyr. Hawa, inerçäm, Nusaý şäheri binagärlik gurluşy boýunça şeýle owadan bolanlygyna görä, onuň tarypy alys ülkelere-de ýaýrapdyr. Ony görmek köpüň arzuwyna öwrülipdir. Onuň ýene-de bir artykmaçlygyny aýtsam, Parfiýa şalygy oňaýly ýerde ýerleşipdir. Dünýäniň çar künjeginden diýen ýaly mas ýüklenen harytly kerwenler bu mekana rowana bolupdyrlar. Şonuň netijesinde hem ýurtda haryt-pul gatnaşyklary ýokary derejä göterilýär. Ýurtda hat-sowadyň, ylym-bilimiň ösmegi bilen Nusaýda meşhur akyldar alymlar, şahyrlar, sungat ussatlary kemal tapypdyr. «Nusaýy», «Nesewi» tahallusly alymlar, şahyrlar ylmyň, edebiýatyň kämilleşmegine, ynsan aňynyň baýlaşmagyna, ençeme edebi mekdepleriň, pelsepewi ýol-ýörelgeleriň, ruhy gymmatlyklaryň döremegine nusgalyk goşantlaryny goşup bilipdirler. Wepa jan, seniň gadymy ýadygärliklerimizi görmäge, muzeýlerde bolmaga, gazet-žurnallardan, kitaplardan okap, şanly geçmişimizi öwrenmäge höwesekdigiň meni guwanç atyna atarýar. «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz» diýipdir asylzada ata-babalarymyz. Bu parasatyň dürs jogaby, her bir nesliň öz taryhyny bilmegi wajypdyr diýmegi aňladýandyr. Ataň şular ýaly her bir söhbedi özleşdirilmesi wajyp sapakdyr. Şeýle gürrüňler bolsa ataňda hüjre-hüjredir. Ýeri gelende olar barada hem birin-birin gürrüň bererin. Seniň wezipäň, Wepa jan, olary pugta ýadyňda saklap, kemsiz özleşdirmegiňden ybaratdyr. Iş diňe şular bilen tamamlananok, inerçäm, gulagyňa däl, gursagyňa guýan gürrüňlerimi synpdaşlaryňa, dost-ýarlaryňa ýetirmek borjuň bolup durýar. Goý, olar hem ynsan balasyny kämillige atarýan şol derwaýys sapaklardan paýly bolsunlar. — Gyzykly zatlary aýtdyňyz, ata, ýene-de şeýle gürrüňleri aýdyp bermegiňizi haýyş edýän. Men olary hem mazaly özleşdirip, özgelere-de ýetirerin. Ynanaýyň maňa, ata! Didarberdi aga agtygyna söýünçli bakdy: — Ynanýan, Wepa jan, ynanýan, ataň senden tamasy gaty uludyr! | |
|
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |