04:03 Duluç söýgüsi / hekaýa | |
DULUÇ SÖÝGÜSI
Hekaýalar
— Ýene näçe wagtlap, gök çaýyň pinegini bilip, aýaklaryňy uzyn salyp ýatjak, sen? — diýip, Tumar daýza adamsyna dikan garady. Möwlam aga keýwanysynyň igenjini kemsiz eşitsede, ýagşydanýamandan sesini çykarman, goşa ýassygy tirsekläp ýatyşyna, çaý süzmegini dowam etdi. Öýüň bikesi gyňajynyň çowuny gözüne ýetirdi: — Käşgä gotur geçi ýada kel tokly bolsa «jähennem» diýseň. Ol duluç çykyp, üç ýaşynda gaýan inen ahbetin. Nesip edenden, botlamaly. Bir dälde, iki maly elden giderdigimiz bolýar, düşünseň. — Hany, şumjarmaňy goý — diýip, Möwlam aga aýalyna gyňraldy. — Eýýämden ondan el üzüp oturmaň nä? Adam diýeniň umydygär, sabyrly bolar. «Halal mal eýesini tapar» diýipdirler. Sen düýämiziň haçan botlajagyny bilýärdiň gerek? — Hawa, şu günki ýaly ýadymda, ol geçen ýylyň fewral aýynyň onuna höwre goýuldy. Şuny senem bilýäň, menem bilýän, inen mal köşegini on iki aýlap göwresinde göterýär. Häzir mart aýy ortalap ýör. Il içinde ýöredilýän hasapdan çen tutsaň, düýämiz bu günerte botlaýmaly. — Şo haldadygyny bilip durkaň, oňa aýratyn idegyssywat etmeli, nazaryňdan sypdyrmaly däl ekeniň. — Ugruna seretme kemi goýlan däldir. Düýn ýassy mahaly özge düýelerden tapawutlylykda bir şoňa ýant suwuny hem içirdim. «Teşnelikden ejir çekmesin» diýip. — Ony gaýtadan suwa ýakanyň gowy zat, tazykmazlygynyň hem alajyny görmeli ekeniňdä. Özüň bilýäň, düýe janawar beýleki mallardan tapawutlylykda, botlamak müddeti gelende özüne buljum ýer agtarýar. — Şony bilenim üçinde, ony owsarlap, pürse baglap goýdum. — Nädip ol boşanyp bilipdir? — Dişleri bilen owsaryny kertipdir — ana, bolan zat. Möwlam aga ardynjyrady: — Näme,ýatagyň gädigiaçyk galypmy? — Ýok. — Onda ol nädip gidip bildikä? Gädige germelen agajy kellesi bilen galdyran bolmaly. Agaç aşakda kese ýatyr. Waah, giden düýämiz maýa bolanlygynda zadymyzaýyk biljek däl. Olözbaşyny çarap bilýär, köşegini hem gorap. Ýadyňdadyra birki ýyllykda bolan waka, ol hakda saňa gürrüň beripdimä. Şol gün düýelerimizi tükelläp görsem, iki örküçli maýamyz ýok. Aradan bir gün geçirip, ýatagyna dolandy özi. Duluç düýämiz tilki, şagala per bermez. Ýeke bolanda möjegiň hem eminden geler, köpleseler nalaç. Hudaý janyň özi gowusyny edenden bolsunda. Möwlam aga sözüni şeýle düwünledi: — Ir günümi gijä goýman turaýyn. Gozakly motosikletim bilen yz çalaýyn. — O bolmaz — diýip, öýüň bikesi adamsyna garşy çykdy. Möwlam aga janykdy: — Näm üçin bolmazmyşyn? Men gözleýänimi takyrlykdan agtarmaly däl, alaň, depe aşmaly. — Ýük maşynyň bilen git! Agzymdan haýyr açaýyn welin, birden düýämiz botlap, köşejigi halsyz bolsa, ony gozagyňa ýükläp getirjekmi? Enesiniň hem tirkege ýaramazlygy mümkinä?! Ýene bir zat, yz çalanyňda duş gelýän gumalaklara ünsli gara. «Düýäň haýsy tarapa gidenini gumalagy aýdar» diýen aýtgy bardyr. — Şony sen nekirtlemäniňde hem özüm bilýän. — Ýyrtyjylardan goranar ýaly goşaňy hem ýanyňdan goýma. — Oda ýadymda. * * * Möwlam aga ýol şaýyny tutup, öýden çykanda Gün dogmandy. Kuýaşyň tizara jümlejahana özüniň dirilik çyrazlaryny sahylyk bilen «toýpaý» edip seçelejekdigini gözýetime çaýylan gyrmyzy şapagyň barha tyllaýy röwüşe girmegi habar berýärdi. Asman durulykda durnanyň gözünden paç alýardy. Guşgumrularyň ýürek açmalary şindi gulak gerilmedik şirin mukamdy. Daştöwerek ýazyň peşgeş beren toý lyba synda täsin gözellik bolup, ajaýyp gaýma bolup kalbyňa keşdelenýärdi. Gündogardan öwüsýän şemal dürlidümen otlaryň, gülgunçalaryň başyňy sämediji yslaryny burnuňa hapladyp urýardy. Tenekar howany öýkeniňe sordugyňça, başyň humarlanyp gidýärdi. Möwlam aga töweregiň perisypat keşbini siňňin synlap, eşrepi howany demine dartyp, bir dem durdy. Onuň ýüregine joşgun indi. Süňňi gamaga dönen kişiniň ýöreýşi özüňe belli. Ädimini giňden urup barsada, Möwlam aga urtut ýük maşynyna münmedi, düýe ýatagyna tarap ugur aldy. Gädigiň agzynda saklandy. Möwlam aganyň goşa didesi özge zada bakman, gädigiň töweregini «eleksoky» edýärdi. Ol näçe yhlas bilen garansada, dişini ak jartjak ahwala duçar bolmady. Ýatagyň töweregi düýeleriň yzlaryndan ýaňa torç bolupdyr. Ýüwrük aýakly, garagol şemal yzlary bulaşdyrma kemini goýmandyr. Dürli pikirler Möwlam aganyň aňynda düşleg eýledi. «Düýämiz botlamak üçin hökman gum içine siňmelimi? Oba arasynda hem oňa penalar ýaly ýerler azlyk edenoga. Haýdanhaý, sähra tutdurybermän, öňürti golaýgoltuma aýlanyp çykmagym gerek». Ol düýäniň baryp biläýjek hasap eden ýerlerine pyýada aýlandy. «Ýitiginden» derek tapmady. Ol ýük maşyny haýaljakdan sürüp, uly ýola düşdi. Möwlam aga ulagyň aýnasyndan kellesini çykaryp, hem ýola seredýär, hemde daştöweregini nazaryndan geçirýär. «Durnanyň üstüne urna» diýlişi ýaly, eýýäm bu uly gatnawly ýoldan dürli kysymly ulaglar eýläkbeýläk geçmäge ýetişipdir. Bir agyr ýükli maşyn hem gum içine ugur alypdyr. Onuň tekerleriniň yzy oýmuroýmur bolup, gözüňe basylyp dur. Ýoldan ir säher bilen çaklaňja dowar sürüsiniň, bäşlekonlak düýäniň hem geçip gidendigini olaryň aýak yzlaryna garap aňlamak bolýar. Möwlam aganyň serine şeýle pikir geldi: «Düýämiz diňe şu ýol bilen däl, ýoluň günbatar hem gündogarynda birbirine sepleşip gidýän alaňdyr depelerden aşyp hem özüne ýaramly ýer tapyp bilerä?». Ol ulagyny sakladyda, pyýadalap, ilki bilen günbatardaky ak alaňy gözden geçirip başlady. Gözi eglener ýaly zada nazary sataşmady. Öňüni pessejik depe kesdi. Möwlam aga badyny gowşatman, depäniň üstüne çykdy. Ondan aňyrda giňiş gol ýaýylyp ýatyrdy. Möwlam aga hyrra yzyna döndi. Uly ýoluň gündogar tarapyna geçip, gözlegini dowam etdirdi. «Ýer ala, ýurt ala» diýlişi ýaly, onuň täze aýak basan ýerinde garyş boýly ýylaklary, selçeňräk hem bolsa, selindir borjaklary görmek bolýardy. Malgaranyň yzyna welin, ol gabat gelmedi. Şeýlede bolsa, Möwlam aga öňe gadam urdy. Topbak tutan pezzik ýowşanyň astyndan towsup çykan towşana onuň ünsi bölündi. Beýlede bir gorkak jandar bolar oguş ýan. Onuň guýrugyny çommaldyp, böküpböküp zymdyrylyp gaçyp barşyna göz iler ýaly däl. Ol aşak oturyp, towşanyň yzyny synçy nazaryndan geçirmäge başlady. Kimdir birine gürrüň berýän terzde huşundaky syny dile getirdi. «Bu ziňňirt, ýagny, erkek towşanyň yzy. Onuň yzy gödegräk bolýar. Görä, bu yzy, towşan ýere gazaply basyp, çägäni oýup gidipdir. Ene towşanyň yzy bilen deňeşdireniňde ziňňirt towşanyňky kiçiräk görünýär. Penjelerini gysyp basandygy mesemälim. Maral towşanyň yzy düýpgöter başgaça bolýar. Onuň penjeleri ýaýraň, örän owadan, yzy ýeriň üstünde tekiz ýatýar. Ene towşan çägäniň üstünde ýöräninde, onuň yzy endigan üçburçlugy ýadyňa salýar». Möwlam aga eýläkbeýläk aýlaňçaýlaň etdi. Emma towşanyňkydan başga yza onuň gözi düşmedi. Ol ulagyna tarap haýdaşlady. Möwlam aga maşynyny aram tizlikde sürüp, ýaňy taýak atym aralygy geçende, garşysyndan ala tozan turzup gelýän motosikletlini gördi.Ol gyra çekilip, maşynyny togtatdy. Kellesini maşynyň aýnasyndan çykaryp, çep elini galdyryp, motosikletlä «dur» diýen yşaraty bildirdi. Sürüji ýaş ýigit ekeni. Ol Möwlam aganyň deňine gelip saklansada, ulagyny öçürmedi. Şundan ötrem, Möwlam aga ker bilen gepleşýän ýaly gygyryp gürledi. Saglykamanlyk soraşmadan soň, ol habaryny berdi. Nämäniň nämedigine aň ýetiren ýigit göwünjeň jogap gaýtardy: — O hilek mala gabat gelmedim.Ýöne iki sany düýäniň otlap ýöreninehä naza rym kaklyşdy. — Nirede? Ýigit gelen yzyna tarap kellesi bilen yşarat etdi: — Şeýlede. — Daşdamy? — Ýokla, ulagla on minut barlyýokly. Ýoluň gaýrasyndaky çaklaňja oýda otlaşyp ýörler. — Nähili düýediklerine üns bermediňmi? — Motosikletiň üstündekäm görüp galdym. Biri uly maldy, beýlekisi kiçi, ýaha çykan, ýada bugurçydy, saýgaryp ýetişmedim. Ýigit howlukmaçrak bolarly, sagbollaşaryna mähetdel, ýoluň çaňtozanyny asmana göterip, «daz» ýasap gitdi. Möwlam aga salgy berlen ýeri derrew tapdy. Dogrudan hem, oýda goşa düýe otlaşyp ýörler. Ol mallary görenden, olaryň keseki düýelerdigini hatasyz aňlady. Möwlam aga çep egnindäki alaňlyga baka ädim urdy. Az salymdan sakga daýandy. Ýüregi jigläp gitdi. Çägäniň üstünde haýwanyň penje yzlary möhür basylan ýaly bolup aýdyň görünýärdi. Yzlardan hasap tutsaň, bu ýerden bir ýyrtyjynyň geçendigini aňlap bolýardy. «Ol yzlar möjegiňki bolsa, ony yzarlap gitmeli bolar» diýip, Möwlam aga ulagyndan aw tüpeňini alyp geldi. Çommalyp oturyşyna, yzlary gaýtadan howlukman, nazaryndan geçirdi. Olary synladygyça, onuň ýüregi suwlanyp, derisi giňäp gitdi. Begenjini daşyna çykardy: — Yz itiňki ekeni. Aýdanyny subut etjek bolýan ýaly sö züni öňki hörpünde alyp gaçdy: — Şoň şeýledigi köre hasa ahbetin. Baka muňa, eger bu yzlar möjegiňki bolsa süýri bolmaly. Möjekleriň penjesi kiçi bolup, olar uzyn barmaklaryny ýere biribirine gysyp basýarlar. Şu sebäpli hem olaryň yzlary ýerde süýri bolup görünýär. Itiň yzy bolsa möjegiňkiň tersine. Itleriň penjeleri uly bolup, ýere basanlarynda gysga barmaklaryny gysmaýarlar. Ine, şundan ötrem, itler ýöränlerinde ýerde tegelek şekili emele getirýärler. Möwlam aga suw içesi salym dyma nyndan soň, arzuw guşuny alasmana uçurdy. — Wah, şumatlar «Düýäni yzyndan tanarlar, adamy — lakamyndan» diýlişi deýin, malymyzyň yzyna gabat gelsedim, onuň hanjakdadygyny ýalňyşsyz tapardym. Ol ýenede ulagyna münüp, uly ýol bi len öňe gitdi. Sag hem çep tarapynda çer kezdir çetiler görnüp başlady. Az salymdan ýoluň çep tarapyndaky alaňlykda adam boýly sazaklarda Möwlam aganyň nazary eglendi. Ol uzak gitmän, ulagyny duruzdy. Eline tüpeňini alyp, şol tarapa ädimini giňden urdy. Ol ýöne ýere gyssanman ekeni. Çägäniň ýüzünde penjepenje bolup ýatan süýri yzlar dideleriňe basylyp durdy. Möwlam aganyň ini tikenekläp gitdi. Ol biygtyýar gygyryp goýberdi: «Möjekler!». Düýesiniň aladasy ony basmarlady. Yzlar bir möjegiňkiden kändi. «Möjekleriň sany näçekä? Iki, üçmükä ýada ondan hem köpmükä? Beterinden saklasyn, olaryň orda bolmaklaryda ahmal». Yzlary şunça synlasada, olaryň sanyny takyklamak yz çalýana başartmady. Möjekler diňe ýöräp gidäýmändirler. Wagtalwagtal birbirine jabşynyşyp, kowalaşyp, basalaşypdyrlar. Şu sebäplem dumlyduş möjekleriň yzlaryn dan ýaňa petir bezelen ýalydy. Näme üçin şeýle aýgyda baş uranyny Möwlam aganyň özi hem düşünmän, haýdanhaý, tüpeňini egninden kakyp aldy. Ony göge tutuşyna, goşasynyň ilki bir gözüni, soňra beýleki gözüni boşatdy. Ýaragyň gulaklaryňy gapara getirýän güňleç sesi uzaklara ýaň salyp git di. Möwlam aga göwnüne basalyk berdi. «Howsala müşdegini egnimde taýlamam näme? Bärde düýämiziň yzy ýok. Möjekler dowar sürüsiniň aşygy ahbetin». Ol, her niçik hem bolsa, ulagyna dönmän, ýyrtyjylaryň yzlaryny çalyp gitmegi müwessa bildi. Pikirini şeýle delillendirdi: «Öňürti şü peläketler bilen meseläni araçara edeýin, onsoň, düýämiziň gözlegine çy kanymdada, bolman durmaz». Möwlam aga bilindäki hataryna el ýetirip, goşasyna täzeden ok sürdi. Möjekleriň yzlary birden çepe buruldy. Öňden takyrlyk çykdy. Ol esli meýdany tutup ýatyrdy. «Weý, şu ugry sypdyrman alyp gitseň, göni obamyzdan çykarjak» diýip, Möwlam aga içini gepletdi. «Möjekleriň oba tarap ýol salmaklary nämedenkä? Bir zadyň ysyny alan bolmaly olar. Nämekä möjekleri özüne imrindiren? Görä, niýeti ýamanlar ýöreýişlerini seňkildä ýazdyrypdyrlar. Şu tizlikde gitseler Garagumy ýakalap oturan Etek obamyza basym aralaşarlar. Aýylsaýyl yzlaryndan möjekleriň sanynyda anyklamak indi kyn däl. «Päheýde welin, «Gorkana goşa görner» diýlişi kimin, ordadyr öýdüp ýörenim iki sany möjek bolup çykdy». Möwlam aga töweregine ser saldy. Daşyndan gürledi. «Bu ýerlerden ulagly hem ötse boljak oguşýan. Maşynymy alyp geläýsemmi käm? Aý, ýok, wagt ýitirmän, ilki nämäniň nämedigini anyklaýyn, onsoň, ulagyma dönsemde bolar». Möjekleriň gyssagy özleri bilen borly. Olaryň seňkildisi ylgawa ýazypdyr. Ýyrtyjylaryň yzlaryndan olaryň ädimleriniň ara synyň barha açylyp gidendigini aňşyrmak bolýardy. Möwlam aga özüniň howlukmalydy gyna düşündi, gadamyny gylawly urdy. Ýoluň ýarpysyny geçipgeçmänkä, onuň maňlaýyna der indi. Demini haslap almaga başlady. Dyzlaryna agram düşýänligine garamazdan, badyny gowşatmazlyga jan çekdi. Inede, takyrlyk gutaryp, onuň öňüni aňňataňňat gum depeleri tutdy. Möwlam aga garşysyndaky depäni ýyldyrym çaltlygynda gözden geçirdi, agtarýan zadyna nazary düşmedi. Möjekler depä dyrmaşmandyrlar. Olaryň yzlary gum depeleriniň etegini syryp, saga tarap sowluşyna, takyrlyk bilen dowam edýärdi. Möwlam aga hem ýyrtyjylaryň söbügini sypdyrmady. Şu ikarada kimdir biri onuň böwrüne dürtüp, «Depäňe seret» diýýän terzde, Möwlam aga göge garandy. Aýaklary birbirine ço laşyp, ol sakga daýandy. Nädip şeýle hala düşmersiň?! Hol, öňde iki sany maslykçy guş pessaý aralykdan döwür gurap, gaýyşyp ýördüler. Heýde, ol dazzarkelleriň boluşlaryny ýagşylyga ýorup boljakmy diý?! Niçiksi hyýala münendigi belli däl, Möwlam aga «Etek alty, ýeň ýedi» bolup, ümzügini öňe atdy. Ol uzak ylgaşlamaly bolmady. «Hä» diýmän sol tarapda dil kaw ýere nazary düşdi. Onuň ilersini hem günbatardyr gündogar ýakalaryny gum depeleri gabsap alýardy. Möjek yzlary hem şol ýana sowulýardy. Ol ýerde gören zadyna Möwlam aganyň imany göçdi. Bir düýe ýüzüni oba tarap tutup, çöküp otyrdy. Kellesini çägäniň üstünde goýup dyr. Onda hiç hili gymyldy ýok. Daşyndan seredip, janawaryň diridigini ýada ölüdigini aňşyrmak kyndy. Ol Möwlam aganyň ir ertirden bäri gum içini elek edip gözläp ýören dulujydy. Möwlam aga her ýerden bir basyp, düýesiniň ýanynda häzir boldy. Duluç ýanyna adam gelenini aňlady gerek, mejalsyz bozlady. Onuň halynyň teňdigini dulujyň boýnuny süýndürip, kellesini çägä goýşuna, gözlerini agdaryp ýatyşyndan hem bilibermelidi. Möwlam aga düýesini synladygyça, onuň düşen halyna nebsi agyryp, ýüregi dilinipdilinip gidýärdi. Gynançdan ýaňa hyrçyny dişläp, aldygyna başyny ýaýka ýardy. Dulujyň boýnundaky, arkalaryndaky, butlaryndaky, injiklerindäki ýaralary bessebesse bolup, ganjaryşyp durdular. Häzir düýe janawary ünsli gözden geçirseň, «Onuň bedeniniň abat ýeri bir barmyka?» diýdirýärdi. Mal eýesi dulujynyň başyndan neneňsi gowganyň geçendigini biljek bolup, beýnisine agram salýardy. Möjekleriň hem düýäniň yzlaryndan ýaňa töwerek torç bolup gidipdir. Bu ýerde ýyrtyjylar bilen dulujyň arasyndaky «jan alyp, jan beriji» darkaşyň bolup geçendi gi mesemälimdi. Haçanda Möwlam aga düýesiniň töwereginden aýlanyp, oňa täzeden dykgat bilen garanynda dulujyň botlandygyna göz ýetirdi. Şu pursatda onuň aňyna gelen pikir şu boldy: «Köşek nirede? Ol möjeklere şam bolaýdymyka?» Köşejigiň bozlaýan sesine Möwlam aga tisginip gitdi. Birbada ol bu ses gulagyna eşidilýändir diýip oý etdi. Böwrüne diň saldy. Köşejigiň bozlamasy täzeden gaýtalandy. Ämsäm bolan mal eýesi gözlerini elekçelek edip, töweregine garanjaklady. Şunça jan çekip seretse hem geregine nazary düşmedi. Pikirini daşyna çykardy: «Köşejik depeden aňyrda bolmaly, onuň sesiniň çala eşidilmesi hem şondandyr». Möwlam aganyň günbatardaky depä çykmaga hyýallanany hem şoldy, köşejik dowamly bozlamaga başlady. Möwlam aganyň begençli sesi töwerege çaw berdi: «Häliden bäri aňlamaýşymy diýsene, köşejigiň sesi, hakyt, enesiniň astyndan eşidilýär». Ol düýesini «haýt, çüw» diýip, turuzmak isledi. Dulujyň gozganasy gelmedi. Eýesi malynyň kellesini goşa goly bilen galdyryp, gykylyklamaga durdy. «Bejit, gal aýak üstüne, ämert güýjüň bilen köşejigiňi basyp öldürýäň! Bol, hany, bol, bol, gal gaýrata!». Dünýä barabar görülýän janawar kynlyk bilen ilki öň sag, tizara hem çep, soňra hem yraňdaraň edip, yzky aýaklarynyň üstüne galdy. Möwlam aga gözlerine ynanmajak boldy. Köşejik eýlesibeýlesi iki ädim barlyýokly oýuň içinde çöküne düşüp, çugutdyryp otyr. Kellesini göterse, boýny oýdan epesli çykarly görünýär. Köşejik enesini emmäge ýetişipdir. Onuň şeýledigini agzynyň töweregindäki süýt ýokundylary habar berýärdi. Duluç şindem köşejigine pena bolup, ornundan gozgan man durdy. * * * Duluç ýatagyndan çykyp, günbatara ýöredi. Obanyň üýrüşýän itleriniň sesi onuň kejebesini darykdyrdy. Ol başlybarat eşidilýän «wowfuldylardan» tizräk dynmak üçin gaýralygyna tutduryp başlady. Tizara düz meýdan gutaryp, çägelik başlandy. Duluç esli aralygy geçsede, penalar ýaly ýere sataşmady. Indi ol ogurja tarapa ädim urdy. Onuň öňünden ýowşandyr borjak ýaly ösümlikler çykyp ugrady. Dulujyň gözi olarda eglenmedi. Haçanda, ol sag egnine öwrüm berip, gaýralygyna ýöräninde, alaňdyr gum depeleriniň üstünden bardy. Bir depeden inen ýerinde daýandy. Ol ýeriň diňe gaýrasy açyk bolup, galan üç tarapy depeler bilen gurşalandy. Depeler düýäniň boýundan beýikdi. Gije ýarymdan ma zaly agypdy. Asman durudy. Ýyldyzlar gözlerini gyrpman, petreşip durdular. Akpamygyň kökesine çalymdaş Aý owuz süýdünden röwüş alan şuglasyny bolluk bilen saçýardy. Düňle çöl üwrelýän sallançakda meýmiräp ýatan bäbek kimin parahat dem alýardy. Duluç daňyň ümüş-tamşynda botlady. Doglan köşejigiň eýjejikdigini! Enelige ýetişen duluç köşejigini hamraklyk bilen ysgaşdyrýardy. Soňra duluç yzky aýaklarynyň arasyny açdyda, köşejigini emdirmäge taýýar halda durdy. Köşejik haýdanhaý enesiniň ýanyna dykylyp bardy, kellesini dulujyň satanynyň arasy na sokup, özüne geregini derrew tapdy. Emelsizlik bilen sokjaýanda bolsa, enesiniň süýdi köşejige gurp berdi. Ol indi dört aýagynyň üstünde arkaýyn durup bilýärdi. Häzir köşejigini emdirip duran ene duluçdan bagtly jandar dünýäniň ýüzünde ýokdy. Emma onuň bagtyýarlygy uzaga çekmedi. Günüň dogup gelýän uçurlarynda gaýradan seňkildäp gelýän iki möjege dulujyň gözi düşdi. Derrew ol köşejiginiň öňüne pena boldy. Möjekler birbada kürtdürip durdular. Düýe olaryň çeýnejek çöpi däldi. Olar köşejigi gören lerinden ekezlendiler. Agyzlaryny giňden açyp, gyýak dişlerini şarkyldadyşyp, gazaply hyňranyşdylar. Ýyrtyjylaryň niýetini kemsiz aňlan düýe köşejigini bukara ýer agtardy. Üçdört ädim öňündäki oý ýere onuň nazary düşdi. Göýä, kimdir biri oňa nähili hereket etmelidigini öwredýän kysymda duluç köşejiginiň öňüne geçip, ony şol ýere omzy bilen itekläp başlady. Köşejik ýerinden butnamady. Duluç ony dözümli itekläninde köşejik bir gapdala agyp gitdi. Enesi köşejigiň guýrugyndan dözer-dözmez dişläp, ony oýa tarap süýräp başlady. Beýle aýgydy ýokuş gören köşejik zaryn bozlady. Düýe köşejigini çukura gapgaryp, özi onuň üstünde abşa naklap durdy. Köşejigiň çukurdan çykjak bolup deprenmesi biderek boldy. Oňa çöküne düşmekden başga alaç galmady. Aýak üstüne galaýyn diýse, enesiniň göwresi köşejige maý bermeýärdi. Duluç möjeklere ýüzüni öwrüp, boý nuny süýndürişine, kellesini iki ýana bulap, gaharly bozlady. Onuň bu hereketinden: «Janyňyzdan iren bolsaňyz, golaýyma geliň, şonda görersiňiz zorumy» diýen manyny aňlamak bolýardy. Ýyrtyjylaryň hylty köşejikde. Olar düýäniň göni maňlaýyndan bardylar. Hersi dulujyň bir gapdalyndan süründiler. Düýe aljyramady. Ol bir möjege agyz urmaga synanyşsa, beýlekesini aýagy bilen depmäge çalyşdy. Şeýle ýagdaýda möjekler hüjümi üçdört ýola gaýtaladylar. Ýöne olaryň bitiren goşy bolmady. Indi olaryň biri düýäniň gabat garşysyna geçdi, ikinjisi dulujyň ýeňsesine aýlandy. Beýle ýagdaýda guran hüjümleri hem ýyrtyjylara nep getirmedi. Düýäniň uzyn boýy möjegi golaýyna eltmeýärdi. Yzdan topulan möjege hem dulujyň satanlak aýagynyň howp kemi ýokdy. Onuň paşmagy bir gezek möjegiň boýnuna gyltyz galtaşanda, ýyrtyjy gapdala tüwdürilip gitdi. Göni böwrüne degäýen bolanlygynda, onda ol möjegiň agzyna ýaşyl siňegiň gonjakdygy şübhesizdi. Enesini ýerinden gozgamasaň, köşejigi gola salyp bilmejeklerine börüler düşünen borly. Öňden topulýan möjek düýe özüne agyz urmaga synanyşan halaty öňküleri ýaly badabat ümdüzine tutdurman, jögülik edip, haýallyk bilen yza çekilmäge başlady. Muňa dulujyň göhi geldi. Ol duşmany ejizläp, ýeňse berendir oý etdi, gylawlandy, «hä» diýmän, möjegi dişläge-de, ýere pylçap uraryn pikir bilen ümzügini öňe atdy. Yzdaky möjege hem geregi şudy. Ol haýal etmän, köşejige tarap atyldy. Köşejigiň howsalaly bozlamasy enesini badabat yza dönmäge mejbur etdi. Duluç ýyldyrym çaltlygynda patanaklap, möjegiň öňüni kesdi. Ol agzyny açyp, ýyrtyja gazap bilen topuldy. Elheder alan möjek gapdala towusdy. Dulujyň agyz urmasy biderek bolmady. Ol ýyrtyjynyň sag injiginden dişlemäge ýetişdi. Janagyryly waňkyran möjegiň sesi töwerege ulukjyn berdi. Indi möjekler düýäniň daşyndan aýlanmaga başladylar. Ilki haýaljakdan, soňra ädim uruşlaryny çaltlandyrdylar. Olar ýöne aýlanyp oňman, başardyklaryndan, dulujyň çem gelen ýerinden agyz urmaga synanyşýardylar. Duluç hem olaryň hüjümini jogapsyz goýmaýardy, gabadyna gelenini dişlemäge jan çekýärdi, aýaklary hem dek duranokdy, saga-sola salgamagyny dowam etdirýärdi. Wagt geçdigiçe düýe özüniň kuwwatynyň kemelip, barha ysgyndan gaçýandygyny aňlady. Indi onuň boýnuny eýläk-beýläk öwürmägede, aýaklaryny gymyldatmaga hem ragbaty bolmady. Şol wagt ýakyn ýerden çykan tüpeňiň güňleç sesi, adamyň gykylygy, däriniň ysynyň burunlaryna haplap urmagy möjekleri akylyna aýlandyrdy. Howpuň has golaý dadygyny, onuň göni özlerine tarap gel ýändigini kemsiz duýan ýyrtyjylar ahmyr bilen uwlaşyp, alaçsyz yza serpikdiler. Olar awdan ellibizar geçip, janlaryny gutarmak üçin depeden aşdylar-da, günbatara tarap ýazzyny berdiler. * * * Möwlam aga tiz gopuşyny edip, mallarynyň ýanyna ulagyny getirdi. Köşejigi gujagynda göterip, ony maşynyň nowasynda emaý bilen goýdy. Soňra ol ulagyny depä ýanap, düýesini maşyna mündürmegiň alajyny gördi. Mal eýesi uly ýola düşenden, ulagynyň tizligini artdyrdy. Düýäniň ýaralaryna näçe tiz em etseň, şonça basym gutuljakdy. Ol içinden pikir öwürdi: «Geň galaýmaly, düýämiz şonça gaýraty, gaýduwsyzlygy, çydamlylygy, batyrlygy nireden aldyka? Oňa şeýle howply darkaşda ýardam beren niçiksi gudratka?». Ol keramat — enelige ýetişen dulujyň köşejigine bolan söýgüsidi! Döwletmyrat NURYÝEW. | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||