20:56 Göwnüçökgünlik | |
GÖWNÜÇÖKGÜNLIK
Goşgular
Söýüň adamlary heniz dirikä, Ölenden soň aglamakdan peýda ýok. Söýüň heniz jemgiýetiň birika, Olam birden gidäýerin öýdenok. Gözýaş dökmäň merhumlaryň üstüne, Dirika ýanany azmydy olaň. Duwlap ony gara ýeriň astyna, Ol ýerde rahat ýatmagny diläň. Bu mele toprak, Ene toprak, Kabul eder ony öz çagasy deý. Hemmämizi alyp gider sypyryp, Bu yzgytsyz ajal atly tüweleý. Azat NURGELDIÝEW, 19. 02. 2019 ý. * * * Nämüçindir bu gün ýüregim gysdy, Gözlerim nemlendi, aglap bilmedim. Ynanýan adamlam aýagmy basdy, Agsakladym, arman, ylgap bilmedim. Eý, ylham, nämüçin sen gamly, geldiň, Neçün guss'a bagladyň meň ýüregmi? Meniň ejizlänim nireden bildiň, Nädip duýduň ýitirenmi küregmi? Meniň münen ömür sa'lym ummanda, Aýlanyp ýör öz ugruna küreksiz. Meň göwnüme bu düşnüksiz zamanda, Men deý ynsan hiç kimsä-de gereksiz. Azat NURGELDIÝEW, 19. 02. 2019 ý. | |
|
√ Ýaranlar / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Ýiten ýyldyz / Goşgular - 31.08.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Mähir, meni terk etme sen! / Goşgular - 12.11.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |