21:53 Göwnüm umytly | |
GÖWNÜM UMYTLY
Goşgular
Ah, sen gara bagt ýarym, Ýüregime nagmadyň. Bulut kimin yňdyryp, Gelip geçdiň, ýagmadyň. Ýa aşamy söýenim, Ýa-da ol ýetmedimi? Ýa köşkde ýeke galdyň, Ýa köňlüm kepbedimi? Söýgi gizlenpeçekdi, Gizlensem-de tutuldym. Saňa gezek gelende, Del ykbala bukuldyň. Eger-eger bilmedim, Öpüşýänçä ýer we dyz. Goran gar meýdanym, ah, Bolan eken aýak yz. Ýene diýdim: -Ilçilik, Sataşyberýär ýek-tük. Emma, ýürek urgusy, Haýallady dük, dük, dük... Dogry, senem gyýyldyň, Aýralyga guýup meý. Biraz ýüzüň saralyp, Ötürdiň soň grip deý. Soňra adym deregne, Goýulanda san sözi. Käbir atlaň yzyna, Goşulypdyr jan sözi. Dumanlyka gözlerim, Mende kelle wagty säm. Sen bolsa peýwagtyňa, Özge gola öwrenşýäň. Gözleriň ýyldyraýar, Ýene saçlaryň çözlem. Gabaklaryň agy däl, Bagt ýaşyna ezilen. Käte oýlanýaň, dymýaň, Nazaryňda asyr bar. Kä ýöreýäň çalt-çaltdan, Gyrmyz köýnek pasyrdar. Lebleriň öwşün atýar, Gowsüň diýýär böwüsýän. Ah, şemal çawuş çakýar: - Oglan, şol ys öwüsýär... Özgä bakýan gözleriň, Ykbalyma boýalýar. Şonda-da kesik göwün Çapyk tut deý boý alýar. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |