Türkmenlerde bir ynam bar. Haýsydyr bir sebäbe görä, Allatagala bendesiniň eden telek işine gahar edip ýa-da ony haýsydyr bir bela-beterden goramak üçin ýa-da has çökder günä etmekden saklamak üçin, bendesiniň gazanç gapysynyň birini ýapsa, ryzk derwezesiniň kyrkysyny açarmyş diýilýär. Şol sebäpli-de Nejisligiň kanunyna gapma-garşylyk hökmünde hem-de deňagramlylyk ýörelgesini berjaý etmek üçin gowulygyň kanunlary barada-da pikirimizi aýtsak dogry bolarmyka diýýärin. Meniň pikirimçe, Gowulygyň kanunyny emele getirýän kadalar şu aşakdakylardan ybarat bolmagy mümkin:
1. Erjelligiň, zähmetsöýerligiň, başarnygyň, sabyrlylygyň hem-de päk niýetiň ýeňip geçmejek kynçylygy ýokdyr;
2. Ýoly ýörän ýeňer, islendik işem işläp tamamlap bolýar;
3. Eşretiň başy kösençden başlanýar, bagt bagyna barýan ýol hem betbagtlyk köprüsiniň üstünden geçýär;
4. Pähim-paýhasly çemeleşilende we sabyrly hereket edilende, köplenç erbetligiň ýüze çykmagyna getirýän ýaly bolup görünýän şert gowulygyň hamyrmaýasy bolup hyzmat edip bilýär;
5. Durmuşyň köp hadysalaryna gatyşanyňdan gatyşmanyň gowy. Köplenç özbaşyna hereket edýän hadysa has köp peýdaly bolýar;
6. Islendik işe başlananda, haýsy işi öň, haýsy işi soň ýerine ýetirmelidigi barada ýedi ölçäp bir kesmek köplenç oňyn netije berýär;
7. Her bir täze ýüze çykan meseläni çözmek adamy gowulyga tarap ýene-de bir ädim öňe süýşmäge mümkinçilik berýär.
Dünýä bolan ruhubelent garaýyş barada bir täsirli anekdot bar:
Iki sany adam, biri sussypes, beýlekisi ruhubelent, dagda barýarkalar, gaýadan aşaklygyna gaçypdyrlar.
Sussypes umytsyz gygyrýar:
-Waý gaçdym!
Ruhubelent begençli gygyrýar:
-Uçýan-n-n!!!...
@Kimdir biri, teswirleriň ählisini gördüm, okadym. Sag bol, sylagyň üçin. Eger-de haýsydyr bir şahsy sowallaryň bar bolsa, şu saýta agza bolsaň, onda saňa-da onuň agzalary bilen saýtyň içinde şahsy hat alyşmak mümkinçiligi dörärdi. Şahsy hat alyşmak arkaly edebiýat saýtynda söhbetdeşlik etmek gmail ýa-da mail.ru ýa-da yandex elektron poçtalaryň üsti bilen her gezek hat ugradyşyp-kabul edişip durandan aňsat bolýar. Öňki teswirleriňe-de şeýle manyly jogaplary ýazypdym. Eger-de okap görseň
Bagabat,oran tasirli yazyañ. Seniñ durmusha,ondaky ynsanyyet yashayshyna guycli we aydyñ garayshyñ bar. Makala we teswirleriñi sypdyrman okayaryn. Sag bol.
@Garaýolly sag bol ýagşy sözleriň üçin. Okaýanyň üçin gaýta saňa minnetdar. Dogrusy özbek doganlarymyzyň sypaýyçylygyna çalymdaş bolsa-da ýazmakdan okatmak has kynrak ýaly.
Sypaýyçylyk barada ýomagy bilýänsiňiz-le. Iki sany özbek gardaşymyz demirýol menzilinde otla münjek bolup dur ekeni. Olar wagonyň girelgesine barýarlar-da sypaýyçylyk bilen birek-birege ýol berip başlaýarlar. Biri aýdýar:-Eke, sizdendir!-diýip ýoldaşyna sowlup ýol berýär. Ikinjisem sypaýyçylykda ýoldaşyndan kem galar ýaly dälmiş. Ol hem:-Eke, sizdendir!-diýip sowlup ýoldaşyna ýol berýärmiş. Ikinjisem ýene-de sypaýyçylyk edýärmiş. Garaz, gardaşlar birek-birege sypaýyçylyk edýänçäler, wagonyň gapylary ýapylyp, otly ugrapmyş
Her bir halkyň özüne mahsus, ol halky beýleki halklardan tapawutlandyrmaga mümkinçilik berýän häsiýetli alamaty bar. Mysal üçin, ýaponlar ýeriň ýüzünde iň sypaýyçylykly millet hasaplanýar. Olarda hatda, ýakudzalar (ýapon guramaçylykly jenaýatçylyk birleşigi, mafiýa), kimdir birini jezalandyranlarynda, onuň garnyna gylyç sokup durkalar: "Indi bolsa siziň ölmegiňizi haýyş edýärin!" diýýärmişler. Ýa-da samuraýlar garşydaşyny ýeňenlerinde şol sözleri haýyş etmek äheňinde diýýärmişler. Megerem özbek doganlarymyzyň hem esasy milli mahsuslygy sypaýyçylyk bolsa gerek. Olarda hatda är-aýal hem biri-birine "sen" diýip ýüzlenmeýär.
Sypayycylyk barada olardan oñe gecjek millet az-azdyr.Biziñkiler welin, godegrak.icki gahar we yigrenc derrew yuzune cykayyar.Bu birek-birege bolan ynamynyñ synmagyndan bolsa gerek. Biziñkiler birine ynansalar añyrsynda zat goyman ynanyarlar.Ynamy synsa-da, ata-babañ ganyndan gecen tizpahimlik herekete gelyan bolmaly. Onuñ ucin soweshjeñ hasiyetli ( Gorogly,Gul-Bilbil,Dowletyar...) kitaplar kop okalyar.Bu,belki,shondan bolsa gerek.Sag boluñ.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]