03:31 Gözel halyçam | |
GÖZEL HALYÇAM
Goşgular
Ülkäm öwşün atýar seniñ ýüzüñde, Nagşyña döneýin, gözel halyçam. Çekiji magnit bar seniñ özüñde, Sungatyñ şasy sen, gözel halyçam. Her bir nagşyñ gelinbarmak yzydyr, Ýok, barmak däl, ýüreginiñ özüdir. Her bir gölüñ göýa şalañ gözüdir, Janlara jan goşýan, gözel halyçam. Seniñ şöhläñ dumly-duşa saçylýar, Seni gören çökgün göwün açylýar, Gölünde göýä meý, şerap içilýär, Gerk-gäbe gandyrýan, gözel halyçam. Gizlin syryn öñşün atyp ýatanda, Her göwün gobsunýar saña ýetende, Dünýäñ her künjünde, her bir çetinde, Türkmen keşbin berýän, gözel halyçam! 1948. Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |