04:21 Gözellik | |
GÖZELLIK
Goşgular
![]() Şeýle tämiz güller bitýär ýazyna, Şerap içen ýaly göçýär-de kelläň, Özüňem aňşyrman, çöküp dyzyňa Ysgaýaň ýolmaga milt edip bilmän. Şeýle bir gyzlar bar, misli bir hyýal, Baglara seýl eder şuglasyn saçyp, Olara kilçerip lak atmaga däl, Hatda galarsyň sen agzyňy açyp. Şeýle bir goşgy bar, şeýle bir goşgy, Okabam bilmersiň labzyny ýoýup. Oňa öýkünmeg-ä beýle-de dursun, Ýazmaňam goýarsyň meňki däl diýip... Eger ýürek diýlen bar bolsa sende Gözellik özüne maýyl edýändir. Gözellik däl, özün gorap bilmese, Ýoýup bolýan bolsa gözellik däldir! Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |