21:50 Gözleg | |
GÖZLEG
Goşgular
Nirede sen, Haýsy jelegaýda sen, Nirelerden çykardy gyz täleýiň!? Gije düýşüm, gündiz durmuşymdyň sen, Men durmuşdan jyda düşdüm, nädeýin! Seniň dakynjak ýüzügiň, Ýatyr deňziň düýbünde. Senden alynjak posa Galdy meniň düýşümde. Söýgimiz soldy gitdi— Seniň düýnüňde, Meniň düýnümde! Nirede sen, seslen! Bar bolsaň eger, Galan ömrüm ýollara bagş ederin: Ýa seni taparyn ýeriň ýüzünden, Ýa-da seni gözläp ýiter giderin... Nobatguly REJEPOW. | |
|
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Pursatlar / Goşgular - 13.10.2024 |
√ Ýaşa dünýäni gujaklap / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |