GUDUMAN BAGŞY
Ikindi namazyny okamaga howlugyp gelýän kerwenbaşy barha ulalyp barýan kölegesinden nazaryny sowdy-da, ýoldaşlaryna ýüzlendi:
— Gurbany gitdigim Saragt babaň galasyna ýetjek bolsag-a gijä galarys, şu obaň deňesinde düşäýeliň, Hol-ha, guýam bar ekeni.
Obanyň gyrasynda düşlediler. Kerwenbaşy aralaryndaky ýaş oglana çaý-suw bilen bolmagy tabşyrdy, Beýleki üçüsine-de: «ýükleri ýazdyryň!» diýip buýruk berdi. Özi hem ho-ol, beýleräkdäki şyr ak takyra bardy-da, namaz okamaga durdy. Ýaş oglan ot ýakyp çaý goýdy. Arasynda ylgap gidip ýükçilere-de kömekleşdi. Gelip ýene-de çaýy bilen boldy. Kerwenbaşynyň uzyn kölegesiniň geň-enaýy hereketlerine seredip, keýp etdi. Gülesi geldi.
Birdenem oba tarapdan hem-ä uzyn, şol bolşy bilenem diýseň eginlek, etli-ganly, dolmuş ýüzli, bir söz bilen aýdanyňda uçursyz daýaw bir kişiniň donuny ýelbegeý atynyp, assa ýuwaş ädimläp, özlerine tarap gelýänini gördi. Kerwenbaşa seretdi. Özünden habar alynsa, näme diýjegini bilmän ýaýdandy. Ýükçilerem öz işleri bilen başagaý. Ýaňky adam golaý geliberensoň, bu oglan onuň nurana ýüzüne, gyrçuw sakgalyna siňe syn edip: «Kyrk ýaşlarynda dagy bardyr» diýip oýlady. Salam berende sesi sandyrady. Daýaw adam şol äwmän gelşine oda goýulan tüňçeleri aýagy bilen pyzyşdyryp goýberdi. Üstüne suw dökülen közler «wasyrt, wast-wast» edip ala-burugsy boldular. Soňam tüsseläp başladylar. Ýüzünde ne gahar, ne gazap hiç zat bildirmeýän bu adam, ýüzüni ýerden galdyrman ylgaşyp gelen ýükçileriň salamyny aldy, parahat sesi bilen:
— Haýsyňyz kerwenbaşy borsuňyz? — diýip sorady.
Oňa eglip-galyp duran ýerinden gözüniň gytagyny bäri aýlaýan kerwenbaşyny görkezdiler. Daýaw adam kerwenbaşy namazyny okap bolýança sesini çykarman garaşdy. Kerwenbaşynyň bäri ugranyny görüp oňa garşy ugrady. Ony özünden uly görüp, salam berdi. Kineli gürledi.
— Näme, ýaşuly, meýdana geldiňizmi?
Kerwenbaşy guşagyny guşanyp, eşiklerini duzedip durşuna bu hansypat, hökmürowan owazly kişiniň öňünde aljyrajak boldy.
— Hä, näme?
— Töweregiňde gara-gura görünýämi ýa çölmi tozap ýatan?
— Töweregimiz-ä, hudaýa şükür, giden obalyk.
— Onda bu nä boluşdyr, bi?!
— Hä, näme?
— Şu giden obada size bir käse ýyly suw beren tapdyrmaz öýtdüňizmi? Bu näme etdigiňiz boldy? Oba gelip, obaň gyrasynda guma bulaşyp ýatmak türkmençilikde bolýanmydyr? Ýa siziň obalarda şeýleräkmi?
Kerwenbaşy kyn güne galdy. Hasam aljyrap ýoldaşlarynyň ýüzüne seretdi. Olaram aşak bakdylar. Kerwenbaşy näme diýjegini bilmän:
— Aý, Mara barýadyk-da, gyssag bo...
Daýaw adam gelen yzyna tarap öwrüldi. Dag süýşen ýaly bolup ýöräp barşyna, ikuçsyz gürledi:
—Nirä barýanyňyz bilenem işim ýok, nirden gelýäniňiz bilenem. Paty-putyňyzy göteriň-de, meň yzym bilen, ho-ol, ýanaşyk oturan iki öýe baryň, derrew!
Kerwen ýerini üýtgetdi. Kerwenbaşy baran batlaryna kömekleşmek üçin ylgap çykan iki sany ýetginjegiň birinden:
— Öý eýesine kim diýerler?—diýip sorady.
— Guduman bagşy diýýäler!
— Oh-ho-ow!—diýip, töweregine ýuwaşlyk bilen göz aýlan kerwenbaşy içini gepletdi. — Asyl şo diýsene? Hm-m... Beh, mundan çykd-ow.
Myhmanlara çaýam berildi, naharam. Her dürli gürrüňlerem edildi. Öý eýesi hem daşyndan seredeniňdäki ýaly gaty bir tutuk hem däl ekeni. Her dürli gürrüňler tapyp, myhmanlary gülüşdirdi oturdy.
Hatda, Tejen derýasyna Saragtyň deňinde çümüp, çykanda Tejeniň deňinden çykyşyna çenli gürrüň berdi. Kerwenbaşy ara maý düşen wagty gozganjyrady-da, häliden bäri aýtjak bolup, aýdyp bilmän oturan sözlerini dile getirdi:
— Bagşy! Biz-ä siziň adyňyzy eşidip daşyňyzdan guwanyp ýördük welin, ine, näme, bü-de bir nesibedir-dä. Saý-sebäp bilen hut öýüňizde otyrys. Bäş-üç sany aýdyma isleg bildiräýsek biýedeplik bolaýarmyka? Oba arasy gowulykdyr-la hernä?
Bir gowy çynar ýaly howalanyp oturan bagşy myssa ýylgyrdy.
— «Käşgä myhman suw dilese» diýipdirler — diýdi-de, töweregine göz aýlady. Hälki ýetginjekleriň birini «oňa-muňa aýt» diýip oba arasyna iberdi. Soň ýene myhmanlara ýüzlendi. — Hudaýa şükür, obada köpden bäri agramçylyk ýok.
...Meýlisiň örüsi kem-kemden giňäp başlady. Guduman bagşynyň sesi çykyp ugrandan işigiň kiliminiň açylyp, ýapylmasy ýygaldy. Hä diýmän oturara ýer galmady. «Özüniňkilerem muny şu gün görýän ýaly- aý» diýip geň galan kerwenbaşy gijäniň bir mahaly daş çykanda, öýüň ýeňsesinden tä mal ýatagyna çenli garasar gonan ýaly bolup oturan gelin-gyzlary görüp, gara öýden çykýan aýdymyň gudratyna doly göz ýetirdi. Ol dolanyp öýe giren wagty bagşy iň bir çeküwli aýdymlaryň birine gygyryp otyrdy. Bagşy beýik perdä galmak üçin, uçjak guş ýaly bolup ilk-ä bir düýrükdi, yzyndanam öýkenini howadan dolduryp boýnuny içine çekdi. Iki çignini hem galdyraga-da, şeýle bir gygyrdy welin, kelle iki çigniň içine girdi ötägitdi. Tep-tekiz. Des-deň. Bir salymdan soň ýaňky kelle haýallyk bilen çykyp başlady. Şol gelşine-de bokurdakdan şeýle bir enaýy owazlar çykardy welin, ony göz bilen görmeseň, gulak bilen eşitmeseň ynanar ýaly hem däl. Mahmal deý ýumşak bogazdan çykýan säkdirmeler, öwrümler, hiç bir garyndysyz, Guduman bagşynyň hut özüniňkidi. Ol bir erkana saýraýan bilbil kimin, aýdymlaryň kekejinden tutup şeýle bir çeýneýärdi, hatda käbir yşgyň kesewileri aýdym gutarara çydap bilmän, para-para bolup, dillenmäge mejbur bolýardylar. «Säkdir-r!», «Säpjet!», «Hä-ä, hä-ä!».
Biri bardy. Annanyýaz yşgy diýerdiler. Ol aýdym-saza yşk edip, elmydama bagşylar bilen gezip ýörensoň, «yşgy» diýen lakamy hem alypdy. Ine, ol häzirem älem-jahany unudyp, aýdyma berlip, gözünden ýaş döküp otyr.
— Wah zalym pelek, şunam gara ýere rowa görersiň bir gün! Ine, görüň-de duruň dykar bir gün holtumyna şunam. Men bir senden öň öleýin how, inim!
Guduman bagşy bolsa gapdalynda duran bedreden käte bir käse suw içip, şo-ol, belent heňlere gygyryp otyr. Kerwenbaşy onuň bar neşesiniň gara suwdugyny görüp, hasam geň galdy.
«Adam öz ygtyýaryna-da beýle joşar eken-ow!»
Daňa golaý aýdym gutardy. Iki sagat ýaly irkilip turansoňlar, ýolagçylar ugramakçy bolup öý eýesinden rugsat soradylar. Guduman bagşy ellerini terezilendirip oturyşyna:
— Rugsat alladandyr, adamlar — diýdi. — Ine, öý, ine-de gapy. Men bar, ýok diýmän geliberiň, ötseňiz, geçseňiz. — Ol azajyk sägindi-de, düýnki kinesini ýatlady. — Ýöne hiç mahal, oba ýetip ýolda düşlemäň! Obaň namysyna degersiňiz.
Kerwenbaşy ýene bir gezek bagşydan ötünç sorady. Ýene bir gezegem taňryýalkasyn aýtdy. Hoşlaşyp, ugrajak bolup duran wagty çekine-çekine öý eýesine ýüzlendi: .
— Bagşy, sizem soramadyňyz, bizem aýtmadyk, bu kerweniň kimiňkidigini.
— Taňry myhmanynyň hemmesiniňem derejesi deňdir ýaşuly. Kimiňki bolsa şoňky bolsun. Öz adyňyzy bildik, şo bolýa. Sag-aman baryň! Biziň garyp adamyzy soranlara, bizi tanaýanlara köp dogaýy salam aýdyň.
— Saglykda görşeli bagşy! Hoş galyň adamlar!
— Hoş, taňry myhmany!
Bagşy kerweniň garasy ýitýänçä garap durdy.
Bu adam — ady külli türkmene ýaýran, türkmen halkynyň bilbili, meşhur Oraz Salyrdy.
Juma HUDAÝGULY.
Hekaýalar