05:00 Gül barada, pul barada | |
Berdinazar Hudaýnazarow
Goşgular
▶ GÜL BARADA, PUL BARADA Ah, nähili ajap baharlar bolýar, Gök ýylaklar dyza çykýar çöllerde. Kiçijik däl - uly zady görýärsiň Gözüň ýagyn iýip barýan güllerde. Güller! Güller açýar seniň göwnüňi Göwün açyk bolsa ýollaryň açyk. Bak, gülüp-ýylgyryp duran bu güller Jümleýi-jahana berip dur gelşik. Açgöz adam bizar bolup bar zatdan. Owadan gülleri çalyşýar pula. Hem-de müýnürgemän ýaşan bolup ýör Özüniň göýdügen ynsaby bile. Göwnüň açmak üçin gelen ýaz bolsa Öwrülýär sherde ak ýagyşlara. Adamyň göwnüni awlajak bolup Saýraň diýip buýruk berýär guşlara. Senem selpäp ýörsüň dodagyň ýalap Haçan görseň ýetişiksiz günde sen Ýa özüňi tanaňokmy henizem, Dünýä myhman bolup gelen bende sen! Adam, adam, nirä barýaň alakjap, Haçan dynç almaga dyzyň epersiň? Porhan tebigata bir nazar aýla, Kem zadyňy belki şondan taparsyň ! ▶ GEÇILENI GAÝTALAMAK Kim akylly saýsa özün Onda kän bir akyl ýokdur. Aglamadyk adam ýokdur Aýdylmadyk nakyl ýokdur. Gül açylmaz ýaz bolmasa, Nädip oňjak ýaz bolmasa, Bir çümmüjek duz bolmasa Hiç tagamda ýokum ýokdur. Yşyk gözläp, galyp tümde, Kän zat gördüm bu ömrümde, Her ýylpyldap ýanýan şemde Ýagty bardyr - Ýalkym ýokdur. Tüweleme, dälsiň çaga, Alym bolduň, bolduň aga. Öz-özüňi tanamaga Welin hergiz çakyň ýokdur. Baýlyk ýygnap assa-assa, At owazyň arşa ýetse, Aýnamagyn - taňry tutsa, Öz zadyňa erkiň ýokdur. Ýene bir zat bize aýdyň: Eger molla bolup adyň, Diňlenmese diýen zadyň Şondan ajy höküm ýokdur. Agla - aldap alan bolsaň, Eňre - ýasda gülen bolsaň, Bu ýalança gelen bolsaň - Gitmezlige hakyň ýokdur. * * * Diýleni etseňiz öwretmek menden Watany söýmeli jan bilen tenden Atany-enäni kem görmän ondan, Iýeniň-içeniň halal bolmaly. Adamy bolsaň-da haýsy eýýamyň, Ýalan däl-de, dogry bolsun diýýäniň. Ýarym! diýip ömürboýy söýýäniň Üç-dört däl-de, birje aýal bolmaly. Niýeti-päliňi ýagşa tutmaly, Ir turmaly, gijirägem ýatmaly. Bu dünýäden senem bir gün gitmeli, Bu hakykat başdan aýan bolmaly. Sogap gazan, günäň bolsa hasap et, Ynsabyňa bermelisiň hasabat. Gerçekleriň gursagynda sahawat Amanat başynda hyýal bolmaly. Erbet işdir kişä kesek oklamak, Däp bolmaly iýlen duzy haklamak. Näçe kyn bolsa-da çaga saklamak Nesil öndürmeli - dowam bolmaly. Ömri öýkeletme - geçirme nalap, Durmuşa çykanda çykmaly halap Ýene bir zat: tapylmasa kiläläp Bir gadak utanjyň - haýaň bolmaly. Özüň bileňokmy-diňle bileni, Yhlas eýle-işiň bolsun ileri. Häzirlikçe berjaý ediň şulary, Soňun görmek üçin aman bolmaly... | |
|
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Iki jahan zyndan ise, gerek maňa bossan ola... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Özümiñki däl eken / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |