06:53 "Gül kamatly, emma it gylyk..." | |
GÜL KAMATLY, EMMA IT GYLYK..."
Goşgular
Gül kamatly, emma it gylyk, Bir zen sataşdy, Maňa bu ýolda. Öňümden çykan deý batgalyk, Diýdim: Allahym özüň golda! Gündiz Günden, gije hem Aýdan Nurly dideleri Baglady meni. Men sypan deý misli ok ýaýdan, Gitdim nyşana guş dek eňip. Men zehinim, hem barja aklym, Her gün zordan tapýan bäş teňňämi hem, Onuň aýak astyna atdym, Namys bilmän aglap-eňremäni hem. Indi bir ömre ýoldaşymdyr, Sowaýança bu bedeniň ýylysy. Gül görki solup maýmyna dönse-de, Galsa bolýar wepadar it gylygy. Isgender MÄLIK. 21.05.2022 ý. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |