09:36 Gülgyz eje / hekaýa | |
GÜLGYZ EJE
Hekaýalar
Gülgyz eje uly ýoly külterläp, öýüne barha golaýlapdy. Haçanda bir egnine agram berip gelýän torbasyny, demini dürsemek üçin ýerde goýmakçy bolanda, agtyjagy Göwher ylgaşlap öňünden çykdy. - Ene jan, sag-aman gelýäňmi? - Göwher jan, gyzym, Hudaýa şükür, gelýändirin, gurgunjamyň balam. Gülgyz eje agtyjagynyň her ýaňagyndan aýry-aýrylykda ogşady. Soňam: - Şu torbany bir al gyzym. “Uzak ýola iňňe-de ýük” diýleni çyn eken-ow. Asyl ilki gaýdamda, muň agyrlygy ýogam ýalydy welin, ýol ýöredigimçe agraldy gitdi. Ýogsam, içinde düzüwli zadam ýokdur şuň, bolnisda ýatamda, aňry-bäri ulanan zatlam bar—diýdi. - Kakam yzyňdan barybam tapman gaýdypdyr-a. - Wah, heläk bolup barypdyrammy, şeýle bolaram öýtdüm-le. - Olar hassahanadan çykyp gaýdanyňy aýdypdyrlar. Ene, şonda sen niredediň, näme üçin kakama garaşmadyň? - Wah, düýn Hanmyrat jan sagat onlara yzyňdan geleýinem diýipdi, ona çenli garaşmaga-da tagapyl etmän, ir bilenjik öýe gelenimi kem görmedim-dä! - Şo-ondan şuňa pyýadalap gaýtdyňmy, ene? - Öňinçä Gurbanjemal ejeňlere sowuldym. Olarda az-kem dyz epdim. Indem oguljygym meni gözläp, heläk bolup ýörmese-de biridir. - Sen ony gaýgy etme, ene. Häzir men oňa seniň öýdeligiňi jaň edip aýdaýaryn. - Şeýt, gyzym, şeýt. Eýsem-de bolsa, onuňam menden başga iş-aladasy ýetikdir. Gyzym, onsoň öýde kim bar? - Menden başga hiç kim ýok. - Hany, ataň, ataň nirede? - Atamy mekdepde duşuşyk bar diýip yzyndan geldiler-de, äkitdiler. Gitmejegem boldy. Bu gün olara saňa garaşýanynam aýtdy. - Şon-a äkidip oňarypdyrlar. Ýogsam öýüň sakçylygyna işe girene döndä! - Ene, saglygyň nähili, indi ganymatmy? --Sag bol, balam. Indi ganymat, ýüregim ozalkylary ýaly sanjyb-a duranok. Lukmanlar wagtynda gelipsiň, gorkar ýaly zat ýok, şular ýaly edip, wagtal-wagtal saglygyňa seretdirip durmaly diýdiler. Olar öýleriniň deňine ýetenlerinde, Gülgyz eje: - Gyzym, Göwher jan, sen öýe baryber. Men goňşulara bir baş aýlaýyn. “Irden tur-da, goňşa bak” diýlendir, balam. Goňşular abat bolsa, senem abatsyň. Indem bardany ojakda tüňçäni oturt, otda gaýnan çaýyň gadyry başga bolar eken. Ataňam suwsap geler. Menem kän eglenmerin. Kakaňa til kakmany welin unutma. - Bolýa, ene. Şondan soň Göwher howla girip gitdi. Gülgyz eje goňşulara bakan ýöneldi. *** Onuň bu oba gelin bolup gelenine o diýen bir kän wagt hem geçmändi. „Baýmyradyň gelni ýaly gelniň bolaýsa“ diýibem basym uly iliň diline düşdi. Hakykatdanam Gülgyz durmuşa çykmanka-da elinden dür dökülýär diýilýän gyzlardandy. Oba adamlary şeýle ezber elli gyzyň öz obaňa siňdirilmän, başga oba durmuşa çykarylanyna gynanmanam durmadylar.Ýogsam görmegeýlikde-de oňa taý tapyljak gyz ýokdy, akmeňiz ýüzlidi, ýaňaklary diş degmedik alma ýaly hemişe Gün nuruna lowurdap durardy, sadap dişlerini diýsene, aždarha deý ýassanyp, towlanjyrap duran genji-nahana zülpleri ony gören jahyllary heýjana salýardy. Ýöne durmuş durmuş bolýar, her kim öz ýoly bilen. Gülgyzyň hem deň-duşlarynyň ählisi diýen ýaly orta mekdebi tamamlap, şähere okuwa gaýtdy. Ol nämüçindir okuwa gitmäge höwes etmedi. Eýsem-de bolsa, ol iki elini boş gowşurybam oturmady. Iki-üç öý aňyrda ýaşaýan, ir mahallardan bäri dokmaçylykdan, tikin-çatyndan ady etraba dolup, häzirki wagt hormatly dynç alşa çykan mamasynyňka gatnap, bu ugurdan tälim aldy. Zähmet çekdi, ýadamany-ýaltanmany bilmedi. Yhlasy myrat tapdy. Onuň mamalary bilen aradaky garynja gatnawy ýerine-de düşdi. Sähetli günleriň birinde mamasyndan ak pata aldy. Şondan soň ähli zat gyzyň göwnündäkisi ýaly boldy, özbaşdak işe başlady. Haly dokamakda, keşde çekmekde, jorapdyr jemper örmekde onuň öňüne geçen bolmady. Ol gelin bolup baran ýerinde hem bu kärini dowam etdirdi. Köp wagt geçip-geçmänkä, ezber elli gelin adyna-da eýe boldy. Onuň elinden çykan halysydyr keteni matasy, gaýma gaýan tahýasydyr gyz-gelinleriň köýnekleriniň ýakasy, kürtedir dürli ölçeglerde ören ýüň joraplary bazary tutdy. Ilki-ilkiler adamsy Baýmyrat olary bazara çykarmagy kyn görerdi. Ýöne muny durmuşyň özi mejbur etdi. Onsoňam Baýmyrada bazara baryp uzak eglenmeli bolmazdy, geçmän ýa-da yzyna alyp gaýdan harydy hem ýokdy. Ilden gymmadam satjak bolup duranokdy. Gülgyzyň “şu bahadan berseň besdir” diýip bazar nyrhyndan hem aşak bellän nyrhyndan satyp gaýdardy. Onsoň onuň müşderisem ýetikdi. Indiki bazar gününe çenli sargyt edenler hem bolardy. Soňky günler-ä diňe bir goňşy-golamlaryň, obadaşlarynyň sargydyny ýerine ýetirip bilseňem, ýöriteläp bazara gitmegiň geregi bolmady. Ine, şeýdibem Baýmyrat dagylar obanyň bir çetinden ýer aldylar. Özbaşyna dört otagly jaý salyndylar. Basym ulaglam boldular. Il-ulusyň „Baýmyradyň gelni ýaly gelniň bolaýsa“ diýmesem şonuň üçindi. Gülgyz çagalary kiçi bolansoň olara-da göz-baş bolmaly bolýardy. Bu işde Baýmyrat oňa elinden gelen kömegini berýärdi. *** Gülgyz eje goňşy howla gelip girende, dokmanyň başynda hatar gurap oturan gelin-gyzlara gözi düşdi. - Işiňiz ileri, gyzlar!—diýip, olaryň golaýyna gelip-gelmäşe gygyrdy. - Ýaşyňyz uzyn bolsun! Gyzlaryň hor bolup beren jogabyndan soň Gülgyz eje: - Tüweleme, tüweleme, „tüf“, „tüf“, göz degmesin, balalarym—diýdi. Soňam eglip agajet elleriniň süňklek barmaklaryny dokalan halyň ýüzünde eýläk-beýläk ysgynsyzja ýöretdi. - Gülgyz eje, salamälik. Sag-amanja geldiňizmi? Edilen sanjymlar derdiňe derman bolsun. - Äleýk salam. Gülgyz eje ellerini gözlerine kölgeledip durşuna: - Meretgül, özüňmi, gyz. Sag-gurgun otyrmysyňyz? Içiňiz-daşyňyz saglykmydyr? Gyzyň Dursunjemalam ugradyberipsiň. Sen gyzyňy durmuşa çykaryp, uly iş edipsiň. ”Gyzym-oglum” diýlendir. Ol her ata-enäň borjudyr. Hi-iç gysylma, goňşy. “Gyz özge öýüň çyrasy” diýlendir. Alny-bagty açyk bolsun. Ýöriteläp gutlamaga gelerin--diýdi. Olar gadyrly salamlaşdylar. Gülgyz eje aýbogdaşyny gurup oturan Meretgülüň ýanyna geçip oturdy. Meretgül oňa guýan çaýly käsesini öňünde goýdy. - Toýa garrama ýok, Gülgyz eje. Gurtmyrat janymyzam indi öýermäge ýarapdyr. - “Iki aýakly--iki günde” diýleni, Gurtmyradyň jägildäp dünýä inen günüdi, ýadyňdamy gyz. Şonda men bäbejikkä ony gujagyma alyp: „Bahymrak ös-ulal, ýigit çyk, belki bize-de seniň iki gözüň dört bolandaky toý çaýyňdan içmek nesip edäýedi-dä!“ diýipdim. - Şu günki ýaly ýadymda. Ondan bäri ylaýyk ýigrimi ýyl bolupdyr. - Bolandyr, bolandyr. Bir gezegem Gurtmyrat jan o mahallar bäş-alty ýaşlaryndaky oglanjykdy. Şol agşam men size az salym oturmaga barypdym. Gaýdyşyn Gurtmyrat jan meni öýmüze ugradarman boldy. “Ýörüň, men sizi öýňüze çenli ugradaýyn!” diýip özi höwesjeň boldy. Menem onsoň oňa ýok diýmedim. Dogrusy, ol meni howlymyza çenli ugratdam. Ýöne meniň bilen sagbollaşansoňam gidibermedi. Birdenem çagajyk sen-men ýok, horkuldap aglaberdi. “Men gorkýan” diýdi. Şonda men ony näalaç getirip öýňüzde goýup gitmeli bolupdym. Wagtyň geçäýşini, ylla uçup barýan guşuň barda. Şol waka bir Gurtmyrat janyň ýadyna düşýärmikä? Ýolda doganym Gurbanjemallara-da sowuldym, olaryňam gyzlary uly bir halyny dokamaga başlapdyrlar, halyň ýüzüne atyň keşbini çekmekçi bolýarlar. Geňeşe çagyrypdyrlar eken bir suratkeş ýigidi. Bolsa-da iki bolup, işlerini ugrukdyryp, olara ak pata berip gaýtdyk. Höwesleri bar, gujurlary bar, goý dokasynlar, höwes bar ýerinde, işe yhlasly ýapyşylan ýerinde ýetilmejek sepgit, alynmajak gala bolmaz. Dogrusy, menem bir mahallar halyň ýüzüne, daş-töweregine halkalaýyn edip, kiçiräjigem bolsa atyň keşplerini salardym. Ýöne häzir o döwür däl, başga zamana, onsoň suratkeş-ä türkmen bedewiniň çarpaýa galan suratyny getirdi, menem olara çitiminiň tärini öwretdim. Golumy çyzmap gireýin diýsem, hany öňki gujur-gaýrat galdymy? Garradyk gyz, garradyk, gözlem oňly görenok, bilim epdirenok, aýaklam sandyr-sandyr edýär. - Ýok-la, Gülgyz eje. Indi ýaşlaň gezegi. Wagtynda işläp bildiň. Baýmyrat agaň haly niçik. Jany sagmy? - Soňky wagtlar Baýmyradyňam hyk-çogy köpelipdir, gyz. Ol-a dert çekmäge galanda ejiz, mençe-de ýok eken. Ýene men zor gyz, wagtymyň köpüsini aýak üstünde ýöräpjik geçirýän. Onuň otur-turuna ýaraýan. Ol welin, erkek garrasa, ýalta boljak ekeni-dä. Hakyt gök bazarynda söwda-satyk etjek ýerini satyn alan adamlar ýaly, gymyldamak islänok. “Ogullaryňka aýlan, agtyklaryňy gör“ diýýän. Gaýta “Göresleri gelse, özlerem geler“ diýen bolýä. „Ýetmiş ýaşadym“ diýip, per bermek bormy gyz. Gül ýaly durmuşymyz bar, gurjak ýaly ýurdumyz bar, biz garrylar üçin haýsy kurorda gitseň-de ýol açyk. Bütin ömrümiz hars urup geçdik. Çagalaram seçdik, ählijesem öýli-işikli. Iindi biz hem dynç almaly, ikinji baharymyzy ýaşamaly ahyryn“ diýýän. Piňine-de däl. Diňlänogam, gaýta eşitmediksirän bolýar. Garrylykdan zeýrenýär. Ýöne şu gün haýran galaýmaly, Gün nireden dogdukan?! Mekdebe duşuşyga gidenmişin. - Gülgyz eje, bizem namart bolduk. Yzyňyzdan hem baryp bilmedik. Hemişeler hassahana girdigiň, idemämiz bardy. - Sag bolsunlar! Gelinlem, agtyklam yzly-yzyna geldi durdy, geldi durdy, ýekesiretmediler. Asyl zada zar etmediler. Hälki damjalaýyn sanjym başlap, tä gutarýança-da ýanymdan aýrylmadylar. Jemi on gün ýatdym. Arasynda öýe-de alyp gaýtdylar. Bir gije-hä oglum gelip meni Aşgabada-da aýlady. “Ýagşyny görmek jennet”. Ýöriteläp göräýmeli ýer eken. Şäher biziň birmahalky gören ýerimiz däl, gyz. Tanalmaz ýaly özgeripdir. Men-ä özge bir ýurda baryp gaýdan ýaly boldum. Saňa diýsem, oglum bilen şäheriň köçelerine aýlandyk. Owadan, göreniň gözüni gamaşdyrýar. O ýeriň gijelerem sapak sapybermeli gündiziň güni ýaly, ýagtylyk eken. Baýmyrada-da şu gezek balnisa bile gireli diýdim, etmedi. “Senden şu ýerde ýadadym” diýýä. - Sen ony göwnüňe alma, Gülgyz eje. Ol sizi gowy görýär. Agtyjagyň Göwher “Atamyň enemi göresi gelýär, onuň hassahanadan geljek gününi barmak büküp sanaýar” diýýär.Ol seni dilinden düşürenokmyşyn. - Ony men bilýän. “Ýadadym” diýip, kiçi dili bilen aýdýanyny hem bilýän. Indi menem gideýin, goňşy. Göwher jana kakaňa jaň et diýipdim, jaň etdimi-ýokmy. Oňa meniň gelenimi hökman aýtmaly ahyryn. Gülgyz eje howlukmaç sagbollaşdy-da, öýüne bakan ugrady. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |