23:33 Gully hana | |
GULLY HANA
Goşgular
Gully han, baş egýän seniň öňüňde, Goýmaga hiç kim ýok seniň deňiňde. Sen ganjyk, Sen hažžyk, Sen samsyk, Hem kümsük. Şeýtan sen, Al sen. Gara baýtal sen. Seni dünýä inderen goja Berdi Kerbaba Senden doýup gidipdir. Soňky demde «Gully han – nälet» diýip gidipdir. Ýöne barybir sen meniň öýümde, Meniň toýumda, Ýatsam-tursam küýümde. Nirä barsam, çykýaň ilki öňümden, Kä ýöreýäň deňimden. Hemme zady bilip dursuň öňünden. Men diýen kişileň Içinden köwüp bilýäň. Dişlerin döwüp bilýäň. Käte-käte gujaklaýaň, Käte-de gyjyklaýaň. Bilip pursatyn, Ýarýaň gursagyn. Hem pyçaklaýaň, Hem paçaklaýaň. Gully han, sen şeýle adam, Diýmen saňa asla nadan. Sen hökmürowan! Sensiz – Dünýeler dünýä däldir, Dünýeler düňle däldir. Eý, Gully han, Gully han, Almaz hiç bir gülle, han. Döwran saňa, gülle, han! Gully hana şöhrat! Gully hana şöhrat! Gully hana şöhrat! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |