10:26 G.M | |
G.M
Goşgular
![]() Eger seniñ bir ýylgyrşyñ, bir sözüñ, bir garaýşyñ Birni bagtly edýän bolsa; Eger biri "Ýok" diýeñde, Girip derwüş sypatyna, Daga-düze gidýän bolsa; Eger biri seni görüp, Keselinden gutulsa; Kyn pursatda Hudaýyñ däl, Seniñ adyñ tutulsa; Saña, bir azaşan teşnäñ Ýetişi deý suwly çeşmä, Soñky demde ýetilse... Eger sen şondan soñam Gidip bilseñ "Ýok" diýip, Gaty uzak ýaşarsyñ Diñe özüñi söýüp. Ýykylmarsyñ bimahal Ýürek agyryñ tutup. Söýgi bagty - kör bije, Bir gezek bolýa utup. Gaty uzak ýaşarsyñ sen, Saçyñam agarmaz, mümkin... Ýöne, saña hiç kim aýtmaz - Nämäñ hatyrasyna Ýaşadyñ sen? Kim üçin? Şiraly NURMYRADOW. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |