23:39 Gün tutulan mahaly / satiriki hekaýa | |
GÜN TUTULAN MAHALY
Satiriki hekaýalar
Beýle hadysanyň boljagyny, Günüň tutuljagyny menem öňünden eşidemokdym, aýalym Dürli-de bilenokdy, çagalaram onuň ýaly astronomiki wakadan bihabardy. Tomus aýlarynda biz tutuş maşgalamyz bolup, gijräk turýarys. Asyl «gijräk» diýip gümansyradasy iş ýok, gaty giç turýarys. Käte uzakly günläbem ýatyberýäris. Sagat, irki sagadyň gürrüňini edýän, on ýa on bir birçen, ajygyp ýa suwsap oýanýarys. Onýança, özüňize belli, entek böküp, syçrap turmak däl. Oýanybam masylaşyp ýatýan wagtymyz gyt bolmaýar. Şeýle günleriň birinde men hopugyp oýandym. Sagadyň näçedigini biljek boldum, stoluň üstündäki uly sagat görünmedi, hatda stolam saýgarmak kyndy. Ýatan eýwanymyzy, umuman, howlymyzy birhili duman gaplap alypdy. Daş-töweregi saýgarmak hakynda gürrüňem edesi iş ýok, hatda Günem görnenokdy. Ýaňky duman diýýän zadymyz, birhili, demligiňi daraldyp, bogup barýan çaň-tozana-da meňzeýärdi. Oýaly-ukuly ýagdaýda nämäň nämedigini bilmek çetindi. Haýal etmän, derrew aýalymy oýardym. Herimiz bir çagamyzy goltugymyza gysyp, kä emedekläp, käte ýöräp, daşaryk süýnüp ugradyk. Hiç zat görnenokdy. Aýagyňy basjak ýeriňem, eger-eger saýgardanokdy. Nähili-de bolsa howludan tizräk çykmagyň alajyny tapmalydy. Basymrak arassa howadan dem alynmasa, ýagdaý kynlaşýardy. Boglup, üsgürişip, heläk bolşup barýarys. Emma şol barşymyza ugrumyzy ýitirdik. Howlumyzyň bir burçundaky daňylgy duran itimiz zynjyryny şakyrdadyp, boşajak bolup çyňsaýardy. Olam görnenok-da, janawaryň naýynjar sesi eşidilýärdi. ― Keýwany, ýapyş meniň elimden, ýör, ilki iti boşadaly. Şonuň zynjyryndan tutubam howludan çykarys. ― Hä, dogry aýdýaň, kakasy, itler duýgur haýwan bolýarmyş, ol biziň ýaly ilerini-gaýrany garjaşdyryp, ugruny ýitirýän ugursyzlardan däldir ― diýip, ýalta-da, ýatagan-da bolsa akylly aýalym Dürli gowy pikir aýtdy. Hawa, onsoň, dürdäne aýalym Dürli meniň pikirimi goldady. Itiň daňylgy ýerine bakan hereket edip ugradyk. Şol barşymyza, ýolda bir depeden aşyp geçmeli bolduk. Ol-a çöküp oturan düýämiz ekeni. «Depäniň» çür başyna çykanymyzda gäwüş çalyp oturan düýe janawar ýüzümize «päwüf» etdi. Öňki tozanyň üstüne, düýäniň gyýgam ýüz-gözümizi, üsti-başymyzy gömüp, görer ýaly etmedi. Soňra ondan kiçiräk, ýasyrak bir depä gabat geldik. Onuň üstüne çykdyk-da oturdyk. ― Birsalym demimizi dürsäli ― diýdim. ― Halys ýadadyk, oturaýaly ― diýip, dürdänäm Dürli meniň pikirimi oňlady. Oňa oturaly, dynç alaly, uklaly diýseň bolýar. Köhi gelýär. Emma öýe, mala-gara seredeli, arassaçylyga esewan edeli diýseň, ýeňse damary ekskowatoryň trosy ýaly gataberýär. Hawa, ýaňky depede oturyp dynç aljak boldum weli, olam myşlap göterildi ýokary. Ör boýuna galdy-da, bizi ýere pylçap urdy. Ýatyrys seňseleşip, titreşip. Bir haýukdan soň özümize geldik. Indi çagalarymyzy tapamzok, elimizden gaçyrypdyrys. Asyl soňky depe diýänimiz baga bakýan öküzimiz bolsa nätjek. Gerşine onça münensoň, öküz janawar hopugyp ýerinden turan ekeni. Dumly-duşa pelesaň kakyşyp, towuklary ürküzip, bag goýunlar bilen süsüşip, maňlaýymyzyň çişini maklýura agajynyň miwesi ýaly edip, ahyrsoňunda itimizi daňylgy ýerine ýetdik. It janawar bizi zordan, onda-da sesimizden tanady. Ýogsam onuň bizi ýaraýmagy-da mümkin zat. Sebäbi menem, aýalymam oňa ýal berenden däl. Umuman, biz howluda ýatan çöpi galdyramzok. Mallara hem ot beremzok. Işimiz, aladamyz, bar güýmenjämiz iýip-içip, daş çykyp gelip ýatybermek. Terbiýämiz şeýle, bu zat zandymyza guýlan. Endik bolup galan bir häsiýet-dä. Hawa, onsoň, biz ala köpegimiziň zynjyryny itiň gününi görüp, ahyr çözdük. It janawar bizi howlynyň işigine tarap tartyp ugrady. Şeýlelik bilen biz arassa howa çykdyk. Üst-başymyz, görsek, görer ýaly däl, tozan. Kaka-kaka halys bolduk. Kirşen-ä agyz-burnumyzdan aýrylarly däl. Ýörite hammama gitmeli boljak. Özümizi dürsäp, daş-töwerege syn etdik. Dünýä allanäme. Howa ap-arassa. Asman çüýşe ýaly dup-dury. Gün lowurdap dur. Asyl, görüp otursak, obada ýaşaýan ejem biçäre irden öýe gelen ekeni. «Gel, şulara kömek edeýin-le» diýip, düşekdir keçelerimizi howluda kakan bolsa nätjek. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||