22:03 Gündelik: Alagaraňky ýagtylyk | |
ALAGARAŇKY ÝAGTYLYK
Ýatlamalar
Ertir işe çykmaly diýlen güni – 5-nji ýanwarda, geljek gelip, gitjek gidip, anna agşamyny sowandan soň, on gün bäri syrylmadyk sakgalymy syrdym. Çekgämde birdir ýarymdyr çalaran tarlar görünip başlanam bolsa, sakgalyma beýle ak düşendir öýdemokdym. Belki-de günde-günaşa syryylyp ýörlensoň, öň intipis eden däldirin. Paýawlap barýan gamsyz ýaşlygymyň, ýigitligimiň iň soňky bosagasyna gelendigimi, dünýäniň geldi-geçer gaty köp mazasy bilen hoşlaşmaly bolandygymy duýdum. Göwnüme bolmasa, bary-ýogy on günüň içinde saçymyňam, sakgalymyňam agy gürelen ýaly boldy. Saçym kän bildirip durmasa-da, sakgalymyň çalarandygy mesaňa bildirdi. “Öňküler saç-sakgalyna düşen her ak tar üçin aýry gaýgy-gam çekermiş, geçen her bir güni üçin günüň ahyrynda “ölüme ýene bir gün golaýlaşdyk” diýip aglarmyş...” diýip, garrylar aýdýardy. Dessanlarda we gaýry rowaýatlarda bir gijede ýa bir ah çekende ynsanyň saç-sakgalynyň çuw-ak bolýandygyna kän bir ynanasym gelenokdy. Asyl indi her nepesiňde ýaşyň durugşyp, endamyň agralýandygyny, saç-sakgalyň çalarýandygyny duýup dursuň. Nämüçindir, ne agarjak saçym, ne-de sakgalym üçin gam çekesim gelenok. Goý, olaryň barsy agarsyn. Iru-giç ölümem başymyzda bar zat, onsoň geçen her günümiz üçin näme sebäpli gam çekmelimiş? Esasy zat, geçen we geçirjek her bir günümiz manyly, agramly bolsun. Düýn – 6-njy ýanwar güni işe çykanam bolsam, hiç zat bilen serim bolmady. Agşam uka gidenimden soň ýazyjy Kakamyrat Ataýew göwünlik beriji sözler bir hatarda özüniňem ejesiniň 61 ýaşynda “süýji keselinden” ýogalandygyny aýdyp, sms ugradypdyr. Şeýle-de şahyra gelin Gyzylgül Annagylyjowa hem şeýle manyda hat ýazyp, dek häzir ýarawsyz kakasynyň ýüzüne seredip hassahanada oturandygyny aýdypdyr. Şu dünýäde dertsiz, ýalançynyň eleminden datmadyk ynsan balasy barmyka?.. Günortana çenli gelen iki sms-iňem ýüzüne seredip, oýurganyp oturdym. Soň biraz özümi dürsäp, olara “Taňryýalkasyn“ sözüni ugratmaga mejal tapdym. “Gündeligiň” üçünji “Tükgerip galan şäher...” bölümine gelen seslenmeler we bildirilen gynançlar üçinem ähli okyjylara çäksiz minnetdarlygymy bildirmegi boýnumyň borjy hasaplaýaryn. Jaý almak üçin awtoulagymy satanym bäri işe köplenç awtobusda gatnaýaryn. “Köplük bilen awtobusa münüp gitmegiňem” lezzeti aýry. Awtobus märekesinden öwrenere zat köp. Ýöne nämüçindir, düýnem, şu günem awtobusdaky ýüz müň dürli alada-gaýgyly adamlaryň ýüzünden hiç hili many alyp bilmedim. Ünsümi soňky ýyllar depesine seýrek ýagdaýda gar düşýän başy bulutly Köpetdagyň belent gerişlerine sowdum. Howa-da gyşyň güni diýer ýaly däl. Ýalbyrap gün çykyp dur. Bahym howa sowap, gar-ýagyş ýagmasa-ha eýgilik bolmaz. Ýanwarda agaçlar pyntyk ýaryp, gülläp ugrasa – iş pyrryk... Eýýäm näçe ýyl bäri wagtyndan öň agaçlar gülläp, soňundanam doňaklyk bolup, adamlar erikden we ir bişýän dürli iýmişlerden binesip bolup gelýär. Indiki hepde-hä howanyň sowuk bolmagyna garaşylýar. Il-günüň bagtyndan, hernä, gyşymyz gyşa, ýazymyz ýaza meňzäwersin!.. Nazarymy daglaryň gerşinden sowman durun. Öňler daglary synlanymda, köňlümi başga-başga ýakymly duýgular gaplap alardy. Häzir garly depesine gün şöhlesi düşüp, alagaraňky ýagtylyk saçýan belent gerişleriň ýüzüne degip duran bulutlaryň arasyndan bir naçar (ejem bolaýmasa!) el bulap çagyrýan ýaly gubarly duýgular köwsarlaýar. Içimde ot ýanýan ýaly. Her dem alanymda endamyma howur ýaýraýar. Käbesini ýitirenleriň içinde alawlap ýanýan ody söndürip biljek hiç bir güýç ýok. Ol diňe ejeler direlip gelende sönse gerek. Olam mümkin däldigine görä, perzentler şol otlary bilenem ötegçiden ötüp giderler... *** Obadakam siziň ünsüňizi çekip biläýjek şeýleräk bir waka bolup geçdi. Obanyň dagyň bir ýüzüni etekläp ýatan köne gonamçylygynyň aşak ýüzünde jaý salmak üçin ýer tekizledýän biriniň ýerinde traktoryny işledip ýören oglanlar taryhy tapyndy hasap edip boljak ýerasty gonamçylygyň üstünden barypdyr. Olar gabat gelen mähnet daşy bir gyra süýşürýär welin, daşyň aňyrsy açylyp duruberýär. Girip görseler, jaýyň otagynyň ululygynda bejerilen ýerasty kümmet bar eken. Kümmediň içine ini 80 santimetrden gowrak ýogynlykdaky dag arçasyndan ýasalan gapakly tabytlar ýerleşdirilipdir. Elbetde, tabytlaryň içi-de ystyhanly... Taryh düşünjesi ýüzleýräk käbir obadaşlar olary gadym döwürlerden galan ýa-da başga dinlilere, meselem, hristianlara degişli merhumlaryň jaýlanan ýeridir öýden. Emma, biziň obamyzdan ýokardaky Hojagala obasynda ýerleşýän “Seýit Nejepi” öwlüýäsiniň kümmedinde jaýlanan merhumlaryň hem agaç tabyda ýerleşdirilip jaýlanandygyny, şeýle-de şol jaýlanan bendeleriň XV-XVI asyrlarda Yragyň Nejep şäherinden gelen Hezreti Alynyň neberelerinden hasaplanýan seýitlerdigini, galyberse-de biziň obamyzdan tapylan tabytlaryň içindäki ystyhanlaryň hristianlaryňky ýaly arkanlygyna goýulman, ýüzi Käbä bakdyrylyp, sag gapdalyna ýatyrylandygy nazara alynanda, olaryň musulmanlardygyna şübhelenmese bolar. Ýöne täsin ýeri tabytlaryň ýa kümmediň sünnälenip bejerilen diwarlarynyň ýüzünde hiç hili ýazgy ýokmuş. Morgda ýerleşdirilen ýaly örülip goýlan tabytlaryň aňyrsynda-da ýene bir gapy bar eken. Ýöne ýerasty kümmediň içine girenler ony açmakdan saklanypdyrlar. Şol gapydan aňyrda hem şeýle otaglaryň azyndan ýene ikisiniň bardygyna kümmediň ýeriň üstündäki bölegine ýanaşyk ýene iki depäniň bardygy hem doly güwä geçýär. Eger zerur hasaplansa, taryhçylara tabytda ýatan bendeleriň haçan, haýsy zamanlarda ýaşap öten bendelerdigini, kimlerdigini, nireden gelendigini, milletini anyklamak kyn däl. Ýasda oturamsoň, gürrüňini edilýän ýerasty kümmede gidip görmek mümkinçiligim bolmady. Obanyň türkmen dili we edebiýaty dersinden okadýan mugallymy, şahyr Süleýman Öwezow oba adamlaryna mahsus sadalygy bilen öňler Kürüždeý obasynyň 200-250 ýyla golaý bardygy hakda çaklanyp gelinendigini, tapylan tapyndylara goldanyp, obamyzyň taryhyny ýene şonçarak wagt yza süýşürip boljakdygyny begenip gürrüň berýar. Hatda ol begenjine Aşgabada – Taryh institutyna hem jaň edipdir. Taryh institutyndan berilen perwaýsyz jogapdan, ýagny, muny ilki bilen “Dehistan” taryhy ýadygärlikler toplumyna jogapkär işgärleriň barlamalydygyny, şolaryň beren jogabyndan, çykaran netijesinden soň institutyň herekete geçmelidigini aýdan sözündenem obamyzyň taryhynyň hiç kime gerek däldigini biläýmeli welin, Süleýman aga şahyrlara mahsus duýguçyllygy bilen Kürüždeýiň taryhynyň öwreniljekdigine we munuň ýurduymyzyň taryhyna önjeýli goşant goşjakdygyna ynanýar. Elbetde, bizem muňa näler ynanasymyz gelýär. Çünki Sumbaryň deltasynda gömülip ýatan şeýle taryhy ýädygärligikleriň sany-sajagy ýok ahyry. Gadymy Sumbar medeniýetiniň müňýyllyklara uzap gidýän taryhynyň bardygyny bilmeýän barmy. “Şywlan baba” öwlüýäsini erňekläp ýatan nijeme müňýyllyk taryhy gonamçylyklaryň ýeterlik derejede öwrenilmän ýatan ýerinde Kürüždeýiň taryhy kime derkar?!. Çagakak köne gonamçylygyň sag ýüzüne tarap – dagyň içine süsňäp girýän deresiniň aşak ýüzünden towlanyp akýan Sumbara suwa düşmäge gatnaýandygym ýadyma düşýär. Şol mahallar derýanyň suwy-da boldy. Suwa düşmäge gidýän ýerimiz hem çöwlüm bolansoň, derýanyň çuňlugy bir-iki gatly jaýyň boýundan çuňdy. Ol ýere “Gaýadüýbi” diýlerdi. Suwa düşýän çagalar we ýetginjekler (uly adamlaram azlyk edenokdy) depä çykyp, 10-12 metr belentlikden aşaklygyna – suwa başaşaklygyna bökerdi. Depä dyrmaşanymyzda köplenç haýsy asyrlardan galandygy belli däl mazar daşlary aýagymyza çolaşardy. Soňabaka men mazar daşlaryndan üýşenip, suwa düşýän ýerimi üýtgedip, “Gaýadüýbä” gatnamagymy kesipdim. Häzir şol ýerleri tekizläp jaý gurup ýörenem bar, mellek ýer edenem. Gonamçylyk bolandygy mesaňa bildirip duran ýerde nädip ynjalykly ýaşap bilýänlerine teý düşünip bilemok. Ynsaby, o dünýäňi, ýatdan çykardýan gara nebis tutuş dünýäde hekemlik sürýärkä, biziň kiçijik obamyzdan sowa geçermi diýsene... “Soýuzyň daganyny” bahana edib-ä, öň kolhozyň ne malyny goýdular, ne mülküni... Edil alamançylar çozan ýaly oljaladylar. Gynançly ýeri, Sumbaryň iki gyrasyna edilen beton germawlary söküp aldylar, kim agyl-ketek gurdy, kim döwüp içiniň armaturyny aldy. Ýogsam bolmasa, sil hernäçe güýçli we ýykgynçylykly gelse-de, esasy akym hanada iki tarapdan çekilen beton germawyň arasynda bolansoň, hiç kimiň ýeke garyş ýeri zaýalanokdy. Gözenek-gözenek edilip gurlan beton germawlar ýom-ýok edilensoň 2000-nji ýyllaryň ortalaryna çenli bary-ýogy 10-15 ýylyň içinde ýylyň ýylyna gelýän ýykgynçylykly siller adamlaryň melleklerini, bag-bakjalaryny ýer hopan ýaly holtumyna düýrläp dykdy-da, ötägitdi. Nirden okanym ýadyma düşenok: “Geçmişine sapança çenäni taryh top okuna tutar” diýen söz hemişelik ýadymda galypdyr. Bu sözi şeýleräk manyda üýtgedesim gelýär: Döwletiň mal-mülküni dargadanlaryny az görüp, tebigata hyýanat edenleri tebigat bireýýäm top okuna tutdy, aryny artygy bilen aldy. Derýanyň boýundaky ýerlerinden el ýuwan (birmahal bag-bakjalyga bürenip oturan negözel ýerler indi gorp bolup ýatyr!..) adamlar eldegrilmesiz hasap edilmeli, halkyň malynyň agaýana gezmeli dag-derelerine, öri meýdanlaryna sim çekip, elden gideren ýerleriniň öwezini dolaýjak bolýarlar. Hudaý eçilen çeşmeleri bogup, özünden aşak geçirmän howdan edip ýörenem, mesçilik etmek üçin daça salyp ýörenem az däl. Birmahallar gaplaň, aýy, ýekegapan, keýik, towşan, käkilik gezen daglarymyzdan tebähet göterildi. Aryny gijä galdyrman alýan gazaply tebigatyň ýene on-ýigrimi ýyldan bulary top okuna tutmag-a däl, raketanyň ujuna oturdyp atjagyndan hiç kimiň habary ýok. Sähel üşügi barlaram, düşünýänlerem düşünmezlige, aňsyzlyga salýar. Büzmeýin. Şenbe, 07.01.2023 ýyl. 18:00. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |