23:20 Gündelik: Döwletli ojakda berlen badalga | |
GÜNDELIK
Ýatlamalar
• Döwletli ojakda berlen badalga Ömürboýy gündelik ýöretmegi arzuw edip gelipdim. Eýýäm on-on iki ýaşly çaga wagtymdan bäri birgiden çeper oý-hyýallar, arzuw-umytlar aňda gaýmalaşýardy. Kämahal dagy sag elimiň süýem barmagyny howada eýläk-beýläk çyzyşdyryp, ýazyşdyryp, özümçe bir zatlary ýazan bolýardym. Hamana diýersiň, şol oý-pikirler howada ömürlik asyl-asyl bolup duraýjak ýalydy. Haýp, olaryň barsy uçdy gitdi. Pikir diýeniňem edil ýapdan akyp barýan suw mysaly zat. Akyp ýatanda geregiňi susup almasaň, geçip barýan ömrüň bilen bile deňiňden geçip gidiberýän eken. Her ýaşyňam özüne mahsus oý-pikiri, dert-aladasy, garaýşy, özboluşly dünýäsi bolýar. Şu gün şu ýaşa gelensoň (kyrka golaýlap), çagalyk ýyllarymdan başlap tä häzire çenli gündelik ýöreden bolsam, belki-de, il-günüň dykgatyna ýetirende, has oňlanyljak, halanyljak negözel çeper eserleri, makalalary berip biljek taýynja duran maglumat gorum bolardy diýip, hyrçynymy dişlänimi duýman galýan. Hatda, dogrymy aýtsam, birki gezek başlap, taşlapdymam (bu gezek çynym). Ömür pursatlary gaýtalanmaýar. Olary soň gerek bolsa-bolmasa, bir ýere belläp, ýazyp goýmaly. Özüni, döredijiligini sylaýan ýazyjy-şahyrlar üçin bu örän wajyp zat. Hiçden giç ýagşy. Entegem bir pille. Edil ilhalar we kämil eserleri il-günüň dykgatyna ýetirip-ýetirmejegime güwä geçip bilmesemem, ýöretjek gündeligimde aýdyljak pikirler, ýatlanjak ömür pursatlary we gaýrylar okyjylara umuman gyzykly bolar, ünsüni çeker diýen umydym bar. Başyny başlajak bu işim biziň türkmen edebiýatymyzda täzelik däl. Belli ýazyjymyz Atajan Taganyň “Kyrk ýylda ýazylan kitap”, Тirkiş Jumаgеldiýewiñ "Hakyda" atly esse-ýatlamalarynyň üstüni ýene bir gowy ýazyjymyz Gurbannazar Orazgulyýew “Göwündäki gündelik” atly giň okyjy gatlagynyň göwnüni dokundyrjak göwrümli esse-ýatlamalary bilen doldurdy. Şeýle-de, Meýlis Hasar lakamy bilen geçen asyryň segseninji ýyllarynda giňden tanalan ýazyjy, žurnalist Annameret Durdymämmedowyň hem “Ýatlamalar daragtyndan” atly kitabynyň üstünde işläp ýörendigini we bu kitabyň taýýarlanmagyna belli bir derejede özümiňem hyzmatymyň bardygy üçin okyjylary begendirmek üçin öňünden habar beresim gelýär. Arman, ýazyjynyň gözi peselipdir, şonuň üçin ömür pursatlaryndan ýatlamalary ilki ses ýazgysyna geçirmeli bolýar, soň ses ýazgysyny kompýutere geçirmeli. Hernä, ýaşuly bu irnik we azaply işine el-aýak bolup kömek edip oturan Azat atly tejenli ýaş ýigidi tapypdyr. Gelejekde, Annameret aganyň kitabyny ilkinji bolup, kitapçy “türkmen edebiýaty” edebi portalynda ilkinji bolup okyjylaryň dykgatyna özümiz ýetireris diýen umydymyz bar. Ýaşuly nesil ýazyjylaryň, biz deň-duşlaryň arasynda başga-da gündelik-ýatlama ýazýanlaryň bardygyna ynanasym gelýär. Öňňin şu mesele bilen, ýagny, ýatlamalar kitap-gündeligini kitapçy saýtynda okyjylara ýetirmek üçin Gurbannazar aga jaň edipdi. Gaýybanasyndan öňem tanaýan we birki gezek gabatlaşan, göwnaçyk, tüýs žurnalistika, edebiýata berlen adamyň özüniň jaň edip, kitabyny internet okyjylaryna ýetrimek üçin maňa jaň etmegine begenmek begendim. Çünki, ýer ýüzüniň islendik künjeginde gezip ýörseňem, kim bolsaňam parhy ýok, çeper sözüň parhyny bilýän her bir adam edebiýatymyzyň we medeniýetimiziň ösmegi üçin el-ele berip, her kim öz oňarýan işini etmelidigine, munuň biziň üçin mukaddes we jana-jan borjumyzdygyna ynanýardym. Munuň üçin bolsa, ösýän, özgerýän dünýäniň iň märekeli we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni bir wagtyň özünde bir ýere jemläp bilmäge ukyply sosial mediýa serişdelerinden ýerlikli peýdalanmak gerekdi. Hut şeýle maksat bilenem dört-bäş ýyllykda dünýä siwilizasiýasynyň ösen jemgyýeti bolmak, halkymyzy medeniýetli durmuşda ýaşatmak ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň, ýöredilýän döwlet syýasatynyň we ýurt baştutanymyzyň talaplarynyň çäklerinde pudaklaýyn web saýtlar döredilipdi. Biz hem şeýle asylly işden çetde galmajak bolup we öz derejämizde hususy goşandymyzy goşmak maksady bilen türkmen edebiýatyny ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da giňden tanatmak we wagyz etmek, türkmen dilli okyjy gatlagynyň sferasyny giňeltmek üçin 2018-nji ýylda kitapçy edebi-çeper saýtyny döretmekligi makul bilipdik. Kitapçyny döretmekde, şu günlere çenli dowam etdirip gelmekde köp adamyň zähmeti siňdi. Saýtyň ýaş zehinli ýazyjy Begli Gowşakowyň tagallasy bilen döredilendigini aýratyn nygtasym gelýär. Magtalmakdan gaçyp, şu ýerde atlarynyň agzalmagyny islemeýän başga-da birnäçe döredijilik adamlarynyň zähmetiniň siňendigini aýdasym we olaryň hemmesine özümiň hem-de okyjylaryň adyndan çuňňur minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Şeýle-de, saýtyň goruny baýlaşdyrmak üçin tagallasyny gaýgyrmaýan, gyzykly proza eserleri, dürli temalardan ýazylan makalalary bilen birlikde häzirkizaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini gündelik ýetirip durýan belli ýazyjymyz Serdar Ataýewe, öz eserlerini gyzgyny bilen paýlaşyp, saýtyň bezegine öwrülen şahyrlarymyz Sylapberdi Muhamowa, Goçmyrat Orazberdiýewe, Şyhmyrat Abdyllaýewe, Sapa Hommadowa, Şahymerdan Sary ogluna, Kakajan Balkanowa, Gyzylgül Annagylyjowa, Şirhan Allaberdiýewa, Orazgül Kemendirowa, Suraý Babanyýazowa, Bilbil Kakabaýewa, Meňli Aşyrowa, Bägül Ataýewa, ýokarda ady agzalanlar ýaly hemişe aktiw gatnaşmasa-da, bu asylly umumy işe azda-kände goşantlaryny goşan we okyjylaryň ünsüni çekmegi başaran eserleri paýlaşýan ýa-da paýlaşmak üçin ugradyp durýan Aşyrmät Garla, Taýmaz Seýidowa, Nejep Baýada, Aknur Rozyýewa, Emine Törrüge, bularyň arasyna täzelikde goşulan Aýsapar Emelowa, degerli maslahatlaryny gysganmadyk we ýaşuly ýazyjylarymyzyň eserleriniň kompýutere geçirilen elektron görnüşlerini, arhiw fotosuratlary gözläp tapmakda hyzmatyny gaýgyrmadyk ýazyjy-şahyrlarymyz Allaýar Çüriýewe, Agageldi Allanazarowa, Juma Hudaýgula, Kakamyrat Ataýewe, Döwran Agalyýewe, Goçy Annasähedowa, Reýimbaý Sabyrowa, Didarberdi Allaberdiýewe, Amanmuhammet Nepesowa, Ogultäç Oraztaganowa, Oraz Guwanjalyýewe, merhum ýazyjy-şahyrlarymyz Öwezdurdy Nepesowa, Atamyrat Atabaýewe, Ahmet Mämmedowa, Aşyr Salyh ogluna, Nury Seýidowa (Nury aganyň özü-de saýtda agzady, hemmesiniň ýatan ýeri ýagty bolsun!) dagylaryň atlaryny hormat bilen ýatlamagy boýnumyň borjy hasaplaýaryn. Gündelikden, ýatlamadan başlanan gürrüň saýtly gürrüňe geçip gitdi. Gowsy, gürrüňiň esasy ugrundan daşlaşmajak bolaýyn. Hawa, han gören obadan çykan we hakyky döwlet terbiýesini alan Gurbannazar aga jaňlaşanda, hemişeki pespälligini edip, “Göwündäki gündelik” esse-ýatlamalar kitabynyň kompýutere geçirilen elektron görnüşini işleýän ýerime baryp, elin gowşuryp gaýtmakçydygyny aýtdy. Şeýle-de öň “Hupbulwatan” ady bilen kitapçy saýtda okyjylara ýetirilen “Jüneýit han” romanynyň täzeden işlenen görnüşiniň ýatlamalardan soň okyjylara ýetirilse nähili boljakdygyny sorady. Oljamyň oňjagyny bilip, ýaşulyny ýerinden gozgamak islemedim. Nirede bolsa, özüm baryp aljagymy aýtdym. Gurbannazar aga muňa monça bolup, meni öýüne çagyrdy. Netijede, düýn agşam Gurbannazar agadan “Göwündäki gündeligiň” elektron görnüşini aparyp gaýtdym. Asyl, gyzyk üýşmeleňiň üstünden baraýan bolsam näme! “Türkmen dünýäsi” gazetiniň baş redaktory Batyr Ataýew, “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory Azat Jepbarow, “Nesil” gazetiniň baş redaktory Artyk Hojageldiýew, “Adalat” gazetiniň baş redaktory Maksat Nuryýew, “Garagum” žurnalynyň baş redaktory Soltanýaz Şaýymow, “Biznes-reklama” gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory, şahyr Kakamyrat Rejebow dagy oturan eken. Ýerligiň mymansöýüji ýerden bolsa, özüňem han Jüneýidiň obadaşy bolsaň, şeýle bolýan eken. Gurbannazar aganyň döwletli ojagynda metbugatyň kerwenbaşylarylary bilen duz-çörek iýişmek, söhbetdeş bolmak bir ýana, 2000-nji ýyllaryň ortalarynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň şol wagtky baş redaktory Annamyrat Poladowyň inisatiwasy bilen üýşürilýän, döredijilik duşuşyklary geçirilende dostlaşan we şondan bärem görmän ýören deň-duşlarym Kakamyratdyr Seýitmyrat bilen didarlaşmak ýaşulynyň maňa eden iň uly han serpaýy boldy! Dogrusyny dogry aýtmaly, döwrüň şeýle çylşyrymlylygy, dünýäniň şeýle galagoplylygy, durmuşyň öňki ýyllara garanda biraz agyrlaşmagy adamlary belli bir derejede biri-birinden daşlaşdyrdy. Şular ýaly döwürde giňden bezelen nazy-nygmatly saçagyň başynda döredijilik duşuşygyny gurnamak her kese başardýan beýiklik däl. Ynha, hut şeýle göwnüňi galkyndyryjy pursatlar öňdenem poslap-heňläp ýatan isleg-arzuwlarymyň üstüne gaýtadan uçgun sepeläp geçdi. Nesip bolsa, sag-aman ýaşap ýörsek, gündeligiň yzyny hökman dowam etdireris. Agramy, özüneçekijiligi Atajan aganyň, Gurbannazar aganyň, Annameret aganyň esse-ýatlamalaryça bolmasa-da, başardygymdan okyjylary gyzykdyryp biljek täsin pursatlary, ýatlamalary ýazjakdygyma ynamym bar. Ýazgylaryň arasynyň ýygylaşmagynda, galamymyň çakganlaşmagynda we gyzgyny bilen paýlaşylmagynda okyjylardan gelýän dürli seslenmeleriň, tankydy bellikleriň hem ruhlandyrjagyny, tekge boljagyny bilýän. Büzmeýin. Şenbe, 24.12.2022 ýyl. 13:00. Hаs ТÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||