17:07

Gündelik: Akdaşaýakda

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 513 | Добавил: Haweran | Теги: Has Türkmеn | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Bagabat  
43
Guldurdy agaň özi Akdaşaýakdan. Ýaşaýan ýerem meň bilşimçe Akdaşaýagyň Keminemi ýa-da Kanal köçesiniň günbatar çetidi öýdýän (Belki Arzuw köçesi bolmagam ahmal, şumat ýadyma düşmeýär).
Ýatdanam çykypdyr. It aýagyny iýen ýaly Akdaşaýagyň, Ýasmanyň köçelerinde gijelerine köçeme-köçe bimaksat entelip, her bir öýi, her bir öz deň-duşyňy tanalýan ýyllardan bäri 30 ýyla golaý wagt geçdi. Şoňam 20 ýyly oba degdi-gaçdy barlaýmasa, ondan üzňe. Kimiň nirede, haýsy köçede ýaşaýanam ýatdan çykyp gidipdir. Ýogsa Guldurdy agaň ikinji ogly parallel klasdaşymdy.
Elbetde soňky ýyllar Akdaşaýag-a Büzmeýiniň Kyrksekiziniň, Eňkewedesiniň demirgazygyndan aýlanyp, günbatara süýşüp, "Kyrkýyllyk" diýilýän Garadaşaýagam Büzmeýiniň Tomatnysynyň arkasyndan aýlanyp, gündogara süýşüp, sepleşip giden ekenler. Birki aýlykda Akdaşaýagyň "Saryhan işan" gonamçylygyna zyýarata baryp, aýat okap gaýdanymda, çagalykda, ýetginjeklikde selpän meýdanlarymyzyň yzam galmandyr ekeni. Jaýlar, köçeler, çatryklar... Bulam-bujar. Zordan öwlüýäň köneje derwezesini tapdym.

0
2 Bagabat  
43
Günortasyndan geçýän uly ýoldan (Akdaşaýakda: "ileri" diýilýär), demirgazyga (Akdaşaýakda: "gaýra" diýilýä) tarap sanasaň, ýadyma düşýäni:

1. Gowşut Öwez köçesi (Gowşut Öwez - Teke atly polkunyň urşujysy bolup, Birinji jahan urşuna gatnaşan, soňra Oktýabr rewolýusiýasyndan (ynkylabyndan) soň gyzyllara goşulyp, Walerian Kuýbyşewiň gyzyl goşunynda atly otrýadyň komandiri bolan, soňam kolhoz döredilende Akdaşaýakda kolhoz başlygy bolupdyr);

2. Keýmir kör köçesi (Bu köçede Keýmir serdaryň gönüden-göni nebereleri ýaşaýar. Olaryň birinde, ýagny Keýmir serdaryň agtygynyň ady dakylanda onuň gylyjy hem bar ekeni. Soň şol gylyç muzeýe tabşyrylypdyrmy nämemi?);

3. Guwanç Orazow adyndaky köçe (Öň bu köçäň ady: "1-nji maý köçesidi". Soň "Sosializm" kolhozynyň adybelli başlygy G.Orazowyň ady dakyldy);

4. Magtymguly köçesi;

5. Agzybirlik köçesi (Öň bu köçäň ady: "Oktýabryň 50 ýyllygydy". Akdaşaýakda ýöne: "50 ýyllyk" diýläýýädi);

6. Kemine köçesi;

7. Kanal köçesi (Türkmenderýasynyň, "Garagum kanalynyň" şanyna dakylan at);

8. Arzuw köçesi;

9. Ýadyma düşenok, ýöne "Ýaşlyk köçesem" bardy öýdýän.

10. Akgala köçesi (Bu köçäň günbatar ahyrynda pagsadan köne galaň Akgalaň harabasy bardy. Şoň üçinem bu köçä şeýle at goýlupdy).

Ondan soňam-a ýene-de 4-5 köçe emele gelipdir. Ýöne men eýýäm atlaryny bilemok.

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Akdaşayak

0
4 Babyşgalaly  
1446
@ Сылапберди Мухамов,Салам! Сиз хазирем Россиядамы?

0
5 sylapberdimuhamov  
1428
Aeýkum salam! Howwa, wagtlaýynca Rossiýa Federasiyasynda.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]