22:26 Gündelikde galanlar -33/ dowamy | |
14.06.2021
Ýatlamalar
Şawan aga, Gurbanjemal Ylýasowa dagy akademik Myratgeldi Söýegowyň aýalynyň üçüne göründik. Bu habary men işiň ahyrynda eşitdim. Bolsa-da gitdik. Çadyrda adam ýok. Ikinji gata – ýaşan öýüne bardyk. Aýat okady Şawan aga. Akademik ýönekeý ýaşaýan eken. Halal, öz hakyna ýaşandygy görnüp dur. 23.06.2021 Düýn dilçi mygallym Tagan Bekjäň ejesiniň ýedisine göründik. «Edebiýat we sungat» gazetiniň öňki redaktory Haýdary gördüm. Oňa işgäri Nowruzy ýatladym. «Haýdar, Nowruz senem oýnadymy?» diýip, bilgeşleýin soradym. Näme diýjegini bilmän, «Nowruz hitr-ä» diýdi. Gürrüň şunuň bilen tamamlandy. Häzirki redaktory işden çyksa, şonam görsem, şu soragy bererin. 26.06.2021 Şu gün howlymyza paýok getirdiler. Lýaşka – 30 manatlyk, sah.pesok, bir çüýşe ýag – 30 manat. Jemi 60 manatlyk. Indi bir aýdan gowrak şunuň ýaly paýok getirýärler. Bu magazinlerde, bazarlarda – uly mähelle bolup ýygnanyşmazlyk üçin şeýdilýär – diýýäler. 27.06.2021 Şu gün radionyň «Çar tarapdan» atly kanalynda Magtymgulynyň şygryýet günlerine bagyşlanan gepleşiginde çykyş etdim. Muny edara gelip radionyň işgäri Tylla gelip ýazgy etdi. 20 minuda golaý Magtymgulynyň öwrenilişi hakynda çykyş etdim. Gepleşik irden 9-da berildi. Tylla jaň edende gepleşigiň agşam 22:30-da, ertesem 10:30-da gaýtalanjakdygyny aýtdy. Bu gepleşik 22:30-da gaýtalandy. 01.07.2021 Howa gaty gyzýar. Geň galmaly, agşam ilki ýel turdy. Agşam sagat 10-dan 36 minut işlände bir sagada golaý durup-durup ýagyş ýagdy. Ýyldyrym çakdy. Bolany. Ýöne bu ýagyş tebigatdan däl-de, ýasama ýagyşa meňzedi. Howlymyzdaky uly çyrada näsazlyk döredi we köýdi. XXX Annameret agşam jaň edende bir zat aýtdy: – Men muny ozal hiç kime aýtmandym. Şony şu gün saňa aýdýan. «Edebiýat we sungatda» işlän döwrüm redaksiýanyň işgäri Ç.G-a bir zat aýtdym. «Bir öýde ýaşabam ejeň bilen gepleşmeýän ekeniň. Şeýle ýagdaýda, göçüp başga ýerde ýaşasaň bolmadymy?» diýsem, ol sesini çykarmady. “Mydam taýýar” gazetinde işleýän bir gyzymyz durmuşa çykdy. Gaýyn enesi azar ýamanyny berýän ekeni. Ol çaga üstünden ýogalypdy. Gowy maşgalady.Ony men uniwersitete okuwa geleninden bäri tanaýardym. Ýalňyşmasam, Herrikgala obasyndan bolmaly. Ýetmişinji ýyllaryň ikinji ýarymynda “Mydam taýýar” gazetindekäm, olam şo ýerde işleýärdi oýdýän. Gowy goşgular ýazýardy. 05.07.2021 Şu gün Turanyň ýogalan güni. Ol 1971-nji ýylyň 25-nji awgustynda doglupdy. Agşam Serdarlarda aýat-töwir etjek. «Watan» habarlar programmasy ertir Aşgabatda 46 gradus yssy boljak diýdi. Ýöne internetdäki maglumat 47 gradus yssyny habar berýär. 07.07.2021 Andre Morua «Tri Dýuma. «Literaturnyýe portrety», M., 1986 atly kitabynda Stendal hakynda şeýle ýazýar: «Daže w rukopisah, w daže dnewnikah, kotoryýe on pisal dlýa samogo sebýä, on sohranýaýet ostorožnost, daže kakuýu-to rebýaçesjuýu ostorožnost. Tak naprimer, Stendal nikogda ne napişet «Korol», a nepremenno napişet «kinge», kak budto w polisii nikto ne znal angliýskogo ýazyka. Kogda on hoçet goworit o religii, on pişet «giýareli»... (520 str.). 11.07.2021 Şu gije kakam, kiçi enem düýşüme giripdir. Obada, öýümizde ekenik. Pata bilen bagly zat. Ýadymda däl. Gitmeli ýere hiç wagtynda ýöräp bilemok. Ozal-a beýle däldi, wagtynda barýadym» diýýän. Birine garpyz bermeli eken. Kakam adamlaryň howlusyna gelip, şo ýerde oturýar. Maňa seredýär. Maňa gaharynyň gelýänini bilýän. Guwanja «garpyzy getir» diýýän. Getirip maşynyň yzyna salýar. «Kakam gaharlanýarmy?» diýip soraýan. «Hawa, ýanyndaky adama öz nägileligini aýtdy» diýýär. Geýnemde elýaglygym galan eken. Enem «Elýaglyk bar. Häzir garaş» diýýär.Garaşýan. Täze elýaglyk getirýär. Ýöne onam birazajyk ynjyly görýän. Turdum. Düýn Serdar bilen Baýjany görmäge gitdik. Aýaly «Edilen sanjymlaryň peýdasy ýok. Ýaňam gyzgynyny barladym – 40 gradusa ýetipdir. Özüne aýtmadym» – diýdi. Ol arada waksinany etdiripdir. Moskwa bilenem maslahatlaşan ekenler. Onkologiýa institutynda işleýän tanyşy Azat diýen türkmen wraçy bilen maslahat edenlerinde «Sanjym etdiriber, hiç hili zyýany ýok» diýen eken. Arada Serdar öňüne düşüp ony ähli ugurdan analizden geçirdi. Hiç hili zyýanly zat çykmady. Ýöne weli gyzgyny gaýdanok. Birinji gün (ertir) Serdar bilen leçeniýeden soň analiz tabşyrmagy gepleşdiler. XXX Düýn Serdarlara baramda ýanlaryndaky dükana sowlup, çörek aljak boldum. Birki sany adam bar. Çörek näçeden diýsem, “6 manatlyk, buhanka-da 5 manatlyk” diýdi. Dört-bäş gün öňem 4 manatldan satylýardy. Indi ol ýok bolmaga çemeli. 5-lik buhanka-da 2,5 manatdandy. XXX Ýaňy – 09:53-de tomsuň tüp yssysy ýakyp-ýandyrýar. Gün şöhlesi beýniňi deşýän ýaly. “Adamlar arşdan ýagmyr dileýär, suw - sil edip, myžžyk edip geýmiňi...” diýen bendi ýazyp gutaryp-gutarmankam, daşarda ýagyş ýagýan ýaly etdi. Penjiräň öňüne baryp seretsem, ýagyş damjalary ýere gaçýar. Geň galdym, bu nämeden alamat? Ýagşy gaty küýsänimiz üçinmi? Soň «Şu goşgyny ýazyp otyrkam birden» diýip, goşgyny dowam etdirdim. Bu gaty seýrek, ýöne bolýan zat eken... 12.07.2021 Şu gün Aşyrdöwletiň ýogalan güni. Ogly Şöhrat geçirýär. Işimizde ýaşuly alym Aman Geldimyradowyň ýogalandygyny aýtdylar. Düýn «skoryý» bilen keselhana ýerleşdiripdirler. Şu günem sagat 3-4 aralygynda aýrylypdyr. Bäşinji günem işdedi. Ýa 79 ýa-da 80 ýaşlarynda bolmaly. 17.07.2021 15-ne doglan günüm. Öýde, çagalar bolup belledik. 72 ýaş doldy. Şo gün irden işde alymlyk derejesini almak üçin Täçmämmedowanyň işine seredildi. Aman Baýmyradow maňa hem söz berdi. Söz bermänke döredijiligim hakda birki agyz öwdi. Menem birki agyz iş hakda aýtdym. 16-syna, düýn saglyk güni mynasybetli institutda çäre – maslahat geçdi. Direktor Dawut Orazsähedow özüň alyp barsaň diýdi. Alyp bardym. Soňundan hem 3-4 sany goşgymy okadym. Şo gün işde medeniýetsiz bir gelin «gün-günden horlanýaň» diýdi. Onuň howumy basjak bolýany düşnükli. Özem ýekeje sözlemi hem abat ýazyp bilmejegini hakyt bilýän. 22.07.2021 «Ömür kyssasy» atly kitabymda «On alty ýyllap sürgünde» atly oçerkim bar. Munuň gahrymany Nury Hudaýberdiýew. Ol Marydan meniň ýanyma gelende 77 ýaşyndady. 1937-nji ýylda Mary raýispolkomynyň başlygy bolup işleýän döwründe «halk duşmany» hökmünde basylan adam. Ol ýörite meniň ýanyma gelen eken. Onuň gürrüňlerini diňläp men, «Türkmenistan kommunisti» žurnalynda makala bilen çykyş edipdim. Düýn onuň agtyklary Pöwrize bilen Nöker (Balkan) öýe geldiler. Pöwrize Söwda ministrliginde, Nöker Baş prokuraturada işleýän ekenler. Men Nury aga bilen 1989-njy ýylyň 26-njy aprelinde (geň ýeri bu sene aýalym Orazgülüň ölen güni bilen baglanyşykly. Ol 1999-njy ýylyň 26-njy aprel güni Gyzylarbada barýarkalar, ýolda Bamy-Gyzylarbat araçägine 2 kilometr galan ýerinde maşyn heläkçiliginde ýogalypdy) söhbetdeşlik edipdirin. Bu söhbetdeşligiň ýazgysyny arhiwimde saklan ekenim. Arhiwimde şeýle ýazgylaryň gaty kän sanlysy bar. Başga köp zatlarymy arhiwe tabşyrsam-da bulary men entek özümde saklaýaryn. Öz döwürdeş türkmen şahsyýetlerimiň köp sanlysynyň sesi şol arhiwde ýatyr. Nury aganyň gyzy meniň bilen duşuşyga kän sapar synanyşypdyr. Elbetde, nesibesi şu güne dartandyr-da. Ol meniň kursdaşym f.y.k Aýzada Annasähedowanyň hem okuwçysy eken. Aýzada süýji kesel bolup ýatyp, bir aýagyny kesenlerinde-de onuň ýanynda bolupdyr. Şonda ölmeziniň öň ýanynda Aýzada Pöwrizeden Süleýman Baýramowiç Süleýmanowy, Atamyrat Atabaýewi, Allaýar Çüriýewi özünden haýyş edendigini hem Pöwrize aýtdy. «Sizi tapyp, hepdäniň şenbe güni Aýzada bilen duşurmalydym. Ýöne ol anna güni «Men özümi gowy duýamok. Duşuşygy soňa goýaýaly» diýensoň, men sizi gözlemedim» diýdi. Pöwrize minnetdarlyk üçin «Ömür kyssasy» kitabymy kopiýa etdiripdir. Olary maňa sowgat berdi. Başga-da Nury Hudaýberdiýew bilen bagly kitaplaryň kopiýasyny hemem «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň 8-nji sanynyň kopiýasyny hem getiripdir. Pöwrizäniň özi uniwersitetiň türkmen filologiýasyny 1999-njy ýylda gutarypdyr. Ol meniň bilen baglanyşykly makalalary, goşgularymy... ýygnaýandygyny hem aýtdy. Kakasynyň kazanly bir tanşy bilen alşan hatynda «Türkmenistanda däl, bütin Orta Aziýada gowy tanalýan žurnalist Allaýar Çüriýewiň özi hakynda taryhy oçerk ýazandygyny hem habar beripdir. Ol hatlar mende” – diýip, Pöwrize aýtdy. Otuz ýyldan soň öz atalary hakda onuň gören görgülerine gorkman ile ýaýan adamyň ýanyma gelmegi, elbetde, ýazýan adam üçin buýsançly zat. Men olara Nury aganyň sesini eşitdirdim we ony göçürip bermegi wada etdim. Ýöne Nury Hudaýberdi bilen gyzyklanýan (muny men Pöwrizäniň dilinden eşitdim) Nowruz Gurbanmyrat ýaly ýyrtyjynyň eline düşmezligini haýyş ederin. Nury aga özüniň Hydyr Derýa, Hydyr bagşy ýaly adamlar bilen bile sürgünde bolandyklaryny gürrüň beripdir. Ýöne ol bu hakda maňa aýdan zady ýok. 25.07.2021 Walentin Fýodorowiç Bulgakow 1910-njy ýylda Lew Nikolaýewiç Tolstoýyň sekretary bolupdyr. Ol 1966-njy ýylda ýogalan. Bulgakow 1908-nji ýylyň 19-njy aprelinde «Russkiýe wedomsti» diýen gazetde «Ýasnaýa Polýanada» atly makala bilen çykyş eden eken. Şonda ol Tolstoý bilen söhbetdeş bolupdyr. Tolstoý «Men ýazan zadymy 12 gezek göçürýän» diýip, gürrüň beripdir. «Häzir ýazyjy bolasy gelýän adam köpelipdir... Meniň pikirimçe, ýazyjy gaty zerur zady aýtmaly bolanda ýazsa gowy. Özünden öňküleriň bu hakda ýazmandygyna göz ýetirip ýazsa gowy. Men ýazyjylyga nähili başladym? Menden öň çagalyk döwri hakda ýazan adam ýokdy. Şonuň üçinem men ilkinji eserimi «Çagalyk» («Detstwo») atly powestini ýazdym» diýipdir. Şu setirleri ýazyp otyrkam, Tolstoýyň «Ýazyjy köpelipdir» diýen sözüni gaýtaladym, hemem häzir türkmenlerimiziň ýedi ýaşdan 70 ýaşlysyna çenlisiniň goşgy ýazýandygyny ýatladym. Aýratynam gelin-gyzlarymyzyň arasynda bu moda çalymdaş zada öwrülip barýar. Tolstoýyň sözünden çen tutsaň-a, hemme döwürlerde-de şeýle bolmaga çemeli. XXX Ertirden başlap, men otpuskada, awgustyň 25-ne işe çykmaly. Şahyr Azat Rahmanow bilen 40 ýyldan bäri indi jaňlaşyp durus. Kompozitor Gurbandurdy Çaryýew, žurnalist Annameret Durdymämmedow bilenem jaňlaşýas. Ikisiniňem gözleri görmeýär. Annamered-ä käte günde 3-4 gezegem jaň edýär. Azadyňam aýaly birki ýyl mundan öň ýogalan soň ýeke özi ýaşaýar. 29.07.2021 Näçe wagtdan bäri 40 gradusdan has ýokary yssy howa şu gün gowşady. Howa býurosynyň maglumatyna görä 33-35 gradus. Agşamara ýagyşam ýagjak. Şu gün irden WDNH-da ýerleşýän söwda merkezine baryp, öý telefonynyň bahasyny soradym – 1 müň bir ýüz manat – diýdi. Öň greçka 5-6 manat bolsa, o gün magazinden greçka aldym – 45 manat. Başga bir dükanda onuň bahasy 48 manat. Noýbanyň bahasam 45 manat bolupdyr. Noýba, mäş, nohut.... özümizde ekip, ýetişdirip bolýar. Nämüçin şo zatlaram bol-elin edip bolanok, düşnüksiz. Etiň bahasy keýgiň şahasyna mündi – kilogramy 70-80 manat. Jylk eti has gymmat. Öň mal bazaryndan 400 manada daýaw goýun alyp bolsa, indi 2 müň. Hemme zat şunuň ýaly. Topraga erk edip bilýänler azalýan ýaly. Häzir men Tolstoý hakynda ýazylan kitaby okaýan weli, beýik ýazyjynyň döwür hakda, adamlar hakda aýdan zatlary şu gün ýazylan ýaly. 04.08.2021 Gurbanjemalyň aýdany: – Lokga enem (Nowbahar Aşyr gyzy, Molla Ysmaýyl ahunyň agtygy, ahun babamyz Goçmyrat ahunyň uly gardaşy – A.Ç.) jan berende ýanyndadym. Onuň başujunda Oraz Meret, Annamuhammet Müsür, Oraz kiçiniň aýaly Annasoltan dagylar bardy. Otyrdyk. Werandanyň açyk gapysyndan Lokga enemiň ýatan jaýyna bir owadan guş, özi ulurak, uçup geldi-de, onuň üstünden üç gezek aýlandy. Soňam ýüküň üstünde oturdy. Garap durdy. Hiç kimdenem ses çykanok. Ol 4-5 minut durandan soň, gelşi ýaly hem çykyp gitdi. Şonda Annamuhammet Müsür: «Babalary gelip, okap gitdiler» diýdi. Guş uçup gidensoň, wagt geçirmänem Lokga enem jan berdi. Mellekde onuň aşagynda oturan erik agajam ertesi gurady. Bu bir gudrat. Ýanynda bolmasaň, ynanar ýaly zat däl. Lokga enem 1979-njy ýylyň 27-nji iýulynda ýogaldy. Men bu hakda öňki gündelik ýazgylarymyň birinde ýazypdym. Ony gaýtalap oturjak däl. Gurbanjemalyň aýtmagyna görä, oňa 73 ýaş beripdirler, 2 ýaşam goşupdyrlar, diýmek 75 ýaş bolýar. Meniň öň eşidenim, göwnüme bolmasa, 72 ýaşdy. Babasadygyň – garry babamyzyň aýalynyň ady Beýmaga. Ol Eýran obalarynyň biriniň seýit adamsynyň gyzy diýip, ejem aýdýardy. Diýmek, biziň ganymyzda seýit gany hem bar. Aňrymyz Ýöleten tarapdan gaýdan saryk. Hem saryk, hem nohurly ganymyz bar. XXX Şu ýylyň 2-nji iýulynda pensiýa pulumy aldym. Pensiýa berýän ýigit «Geliň, Allaýar Çüriýew» diýip aýdanda oturan ýaşulularyň biri «Goşgusy Allaýar Çüriýewiňki» diýip köp eşidýärdik. Maşyndan düşüp bize tarap ýöräp gelen ýaşuly aýal hem «Deňiz guşum» aýdymyny ýatlady. Men soň ondan kimligini soradym. «Ministr bolup işledim. Haly ministri» diýip aýtdy. Ol 90-njy ýyllaryň başlarynda ministr bolan bolmaly. Ol «Deňiz guşum nähili döreýşine belet» diýjegem boldy. Menem soramadym. XXX Annaberdi Agabaýewiň aýdym döredijiligi hakdaky radio gepleşiginiň ýazgysyny getirdiler. Diňledim. Kompozitor Baýram Hudaýnazarow goşgynyň «Güldesse» atly kitapda 2 bent bolup çykandygyny, aýdym üçin azyndan 3 bent bolmalydygyny, munuň üçin Annaberdiniň işleýän redaksiýasyna baryp, ýene bir bent ýazyp bermegini haýyş edendigini aýdýar. Bu bir bent goşgyny almak üçin bir ýarym ýyl garaşandygyny aýdýar. «Çalsana bagşy» aýdymynyň ýetmeýän bir bendi hakda beren gürrüňi düýbünden ýalňyş. Hakykatda bu şeýle: Biz Baýram bilen «Oktýabr» myhmanhanasynyň restoranynda oturdyk. Myhmanhana Swoboda köçesiniň ugrunda (Magtymguly köçesi) ýerleşýärdi. Häzir onuň ýerinde 12-13 gat jaý salyndy. 1-nji parkyň ugrunda. Şonda Baýram iki bent goşga saz ýazandygyny, ýöne oňa bent ýetmeýändigini, Annaberdiniň özüni tanamaýandygyny aýdypdy. Nahar iýip, dynç alyp restorandan çykanymyzda myhmanhananyň zalyndan ýany birküç sany myhman bilen A.Agabaýew barýan eken. Men «Anha,Annaberdiň özi» diýip, şahyr bilen tanyşlyk açdyk. Baýram maksadyny aýtdy. Annaberdi «bolýar» diýdi. Baýram: «Meni erte-birigün Daşhowza 20 günlük komandirowka iberýärler» diýse, Annaberdi «Goşgy bir hepdeden taýýar bolar» diýdi. «Onda Allaýar goşgyny sizden alar» diýip, hoşlaşdyk. Bir hepde geçenden soň, men uniwersitetiň gapdalyndaky magaziniň (häzir ol kitap magazini) ýanyndaky asma telefonyndan Annaberdä jaň etdim. Annaberdiň ýazan täze bir bendini hem men telefonda ýazyp aldym. Şeýle etmegi maňa Annaberdiň özi teklip etdi. «Heläk bolma, telefonda aýdaýyn, sen ýazyp alaý» diýdi. Şo goşgynyň haýsy bendidigi şumat anyk ýadyma düşenok weli ol «Magrupdan Maşryga dolsana bagşy» bent bolmagam ahmal. Hakykat şeýle. Baýram düýbünden wakalary çalyşýar. Hawa-da, näçe wagt geçipdir, şu aralykda Baýram insult bolupdyr. Ol ýatkeşligiňe täsir edýär. Süýji keseli hem bar. Indem 75 ýaşan güni – ýubileý güni ýykylyp, aýagy döwlüp öýünde ýatyr. Jaň etseňem alanok! 06.08.2021 Şu gije Orazgül düýşüme giripdir. Gapdalymda üstüme ýorgany çekip ýatan eken. Gije. Daşardaky yşyklar öçüpdir diýýän. Ýerimden turýan-da, daşaryk garaýan. Ertir Serdar dagy bilen oba gideli diýdik. 06.08.2021 (19:05) «Serdarym Türkmenbaşy» atly aýdymy küýsedim-de, näçe wagt diňlenmedik aýdymyň ýazgysyny tapyp aýtdyryp diňläp otyrkam, elimqki telefon jyňňyrdady. Alsam, şu aýdymyň kompozitory Gurbanmyrat Nobatow. Gaty geň galdym. Muny men Gurbanmyrada aýtdym. «Telepatiýa» diýdi. «Ylahy aýdym» diýdi. “30 ýyllyga bir täze aýdymy ýazaly” diýdi. “2-3-nji günler baryp gaýdaryn» diýdi. Ýöne ýaňy gaty geň pursat bolup geçdi! 09.08.2021 7-8-nji awgustda Serdar, Çary Tugy, Nurmuhammet Nurullaýew, Töre Seýitmämmedow dagy bolup Çukurýurtda bolduk. Nurygaladaky Alyhanhojanyň guburyna zyýarat etdik. Şo ýerdäki çynarlaryň aşagynda bile surata düşdük. Men bu ýerde 60 ýyldan gowrak wagt mundan öň pioner lagerinde bolupdym. Çagalyk döwründäki bu ýerde bolup geçen wakalar göz öňümde janlandy. Inim Aşyrdöwletiň bu ýerde «Ilkinji ekzamen» filminde Orazyň aýdymyny aýdyşy gulagymda ýaňlandy. Soň 5-6 oglan bolup, daňdan hiç kime bildirmän daglaryň üsti bilen öýümize gaçyşymyz, orta ýolda mekdep direktory Nepes Kakaýew bilen mugallym Seýit Artykowyň yzymyzdan ýetişleri, yzymyza gaýdyşymyz ýadyma düşdi. 9 sany çynar indi näçe ýüz ýyllyklardan bäri başlaryny belent tutup ösüp otyrlar. Soňky döwürde bu ýer gaty özgeripdir. Zyýarata gelýänler üçin jaý salnypdyr. Gargylynyň şarlawugynda ýaş oglanlara gabat geldik. Döwletiň, Şajanyň ogullary, olaryň arasynda Gurbanmyrat hojanyň çowlugy hem bar eken. Ol Şamy hojanyň ýegeni. Onuň guburynda goýlan daşyň ýüzündäki goşgy setirlerinden habarly eken. Bu goşgy bendini Şamy hoja ýogalanda ýazyp bermegi menden haýyş edipdiler. Nurmuhammet 2013-de Stambulda ýüregine operasiýa etdirýär. Kämahal pulsuň 196 bolýan wagtam bolýan eken. 200-e ýetse adam ölýär. Operasiýa gitmek üçin işleýän ýeri Nebit-gaz institutynyň rektory Aşyrbaýewiň ýanyna dosty Kerim Durdyýew bilen barýarlar. Ol «Edip biljek zadym, gitjek wagtyň,” işden çykaryň» diýip arza ýazýaň, gelip düzeleňsoňam işe alyp bilýän” diýýä. Muňa Nurmuhammet razy bolmaýar. Soň Nurmuhammet Stambulda operasiýa etdirýär. Gowy. Içmeli diýip ýüregi üçin, ady ýadymdan çykypdyr, dawleniýesi üçinem «Delike» diýen dermany salgy beripdir. «Arak içme» diýipdir. Kämahal içýän» diýýär. Ýagdaýy gowy. Nurmuhammet öz ata-babasy Göküş batyr, 1931-nji ýylda NKWD tarapyndan basmaçylaryň ideology diýlip basylan Baba sopy hakynda gürrüň berdi. Gazanjyk tarapda, gumda «Göküşiň gyry» diýen ýer hem bar. O ýerde Serdar hem bir gije ýatypdyr. Çary hem aýaly bilen bir gije bolupdyr. Çadyrda ýatypdyrlar. 15-nji aprel – gaty sowuk, şemal diýýär. Töre bir gezek Myrat Tuwakowdan özi üçin makala ýazyp bermegini haýyş edipdir. Makala gazetde Toýlynyň familiýasy bilen çap edilipdir. Ýöne onuň aşagynda “Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň edebiýat kafedrasynyň uly ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty” diýip gidýär. Myrat makalasyndan öz kadidatlygyny aýyrmandyr. Myradyň özi garagol, belki, bilgeşleýin etmegi ahmal. 11.08.2021 Şu gün irden sagat 10-da klasdaşym Döwletgeldi Atageldiýewi iň soňky ýoluna ugratdyk. Mekdepde okamyzda biziň «b» klasymyzda 8 oglandyk: Sapar Annamuhammedow (geçen ýyl ýogaldy), Rahym Hydyrgulyýew (mundan otuz ýyl töweregi öň ýogaldy), Türi Muhadow (5-10 ýyllykda ýogaldy), indem Döwletgeldi. Häzir biz aýatda 4 oglan – men, Hudaýberdi Annageldiýew, Işan Meläýew hemem Gurbanmyrat Süleýmangulyýew. 12.08.2021 Şu gije Aşyrdöwlet düýşüme girdi. Ol 4-5 günlükde-de giripdi. 13.08.2021 Şu gije ejem düýşüme giripdir. Birküç günden bäri ýürek agyrjak bolýar. Irden poliklinika baryp, EKG-den geçdim. Sahara analiz tabşyrdym. Ýüregiň EKG-sini barlaýan ýaşuly rus aýaly «gorkuly zat ýok. Metapoliki ýagdaý. Bir liniýa süýşüpdir. Olam agyrlykdan, gan basyşdan» diýen ýaly zatlary aýtdy. Eke Seýit jaň etdi. “Akmyrat Çaryýew bilen gürleşdim. «Nohuryň çöregini köp iýdim, bir aýdym ýazjak» diýdi. Menem seni salgy berdim” – diýdi. 14.08.2021 Şu gün «Bu ýerler» diýen goşgyny ýazyp gutardym. Ekäniň zakazy. Erbet goşga-a bolmady. 17.08.2021 15-nji awgustda Owganystan talyplaryň eline geçdi. Owganystanyň Prezidenti Afşar Gani samolýota münüp gaçdy. Birki sagat mundan öň ol Kabulyň ilatyna ýüzlenip: «Men siziň Prezidentiňiz. Men size garant. Biynjalyk bolmaga ýagdaý ýok. Arkaýyn boluň» diýdi. Men Owganystanda 1991-nji ýylyň maýynda 8 günläp boldum. Biz – Belorussiýa SSR-niň Žurnalistler soýuzynyň başlygynyň orunbasary, Başgyrdystan Žurnalistler soýuzynyň başlygy we men – Türkmenistandan türkmen radiosynyň edebi-drama gepleşikler redaksiýasynyň baş redaktory. Kabulda SSSR-iň adyndan Owganystan Žurnalistler soýuzy bilen şertnama baglaşdyk. Şol şertnamada meniň hem golum bar. Bu şertnama SSSR bilen Owganystanyň arasyndaky žurnalistler bilen bagly iň soňky şertnama boldy. Ýeri gelende aýtsam, meni Türkmenistan ýazyjylarynyň iň soňky gurultaýynda (1989 ý.) derňew komissiýasynyň başlygy edip saýladylar. Munda-da men iň soňky derňew komissiýasynyň başlygy bolupdyryn. 1991-nji ýylda Sowet döwleti ýykyldy. Owganystana baranymyz hakynda meniň birnäçe ýol ýazgylarym metbugatda çap edilipdi. 25.08.2021 Zähmet dynç alyşdan soň, şu gün işe çykdym. Işde ýazyjy Öwezdurdy Nepesowyň ýogalandygyny, şu gün sagat 3-iň ýarynda çykarýandyklaryny aýtdylar. 29.08.2021 Indi bir ýyla golaý «Edebiýat we sungat» gazetindäki goşgularym çap edilmän ýatyr. Birki günlükde gazetiň baş redaktory Ogulmaýsa jaň etdim. «Bolýar, şu nomerde bereris» diýip söz berdi. Çykjak bolsa gazetiň 3-nji sentýabryndaky sanynda çykmaly. Ýöne men o gyzyň sözüne ynanmadym. Bir gezek ýolum düşüp redaksiýasyna baramda, ony birinji gezek görşüm, öň birki gezek telefonda gepdeşipdik. “Indiki nomerde berjek” diýipdi. Indiki nomerde-hä däl, şu wagta çenli-de goşgular çykmady. 30.08.2021 Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Çaryýar Garajaýew öten agşam, ýaşaýan obasy Bagyrda aradan çykypdyr. Ýaşy 80-den geçen bolmaly. Men 2007-nji ýylda Dil we edebiýat institutynda işe başlamda, ol işleýärdi. Dogry sözlüdi. Onuň gürrüňlerinden birnäçesini men gündeligimde belläpdim. Soň birküç ýyl işlänimden soň ol işden çykyp, öýde boldy. Şu ýylyň başlarynda men işdeş ýoldaşymyz Çary Kulyýewe “ýaşulyny görüp gaýdaly” diýibem aýdypdym. Türkmen geleňsizligi bilen gidilmän galdyk. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Çaryýar aga! R.S. Onuň ýerligi Gyzylarbadyň Goç obasyndan bolmaly. Institutdaky kemçilikleri ýüz görmän aýdýardy. Bir gezek ol Şirinjemal Geldiýewanyň meýilnmaly işini okapdyr. Ýalňyşy gaty kän. Bolar ýaly däl. Düzedip, zat edip, işi Şirinjemalyň öňüne oklap goýberipdir. Soňam paýyş sögüpdir. Muny Çaryýar aganyň özi Çary Kula gürrüň edip beren eken. XXX Şu gün edara professor Mäti Kösäýewiň ogly Erkin (65 ýaşynda) geldi. Kakasynyň arhiwini golýazmalara tabşyrmak üçin gelipdir. Men oňa direktor bilen gürleşip, tabşyran zatlaryny akt bilen bermegini maslahat berdim. Poseluýewskiý hakynda gürrüň gidende Erkin «Kakam Poseluýewskini öz ogly Nepesli bilen Köşi baýyrlygynda bir mazarda jaýlap gaýdypdyr» diýdi. Men oňa SK-nyň býurosynda Mäti aganyň meselesine seredişleriniň gürrüňini berdim: Hydyrow bilen baglanyşykly wakany, Mäti aga 78 ýaşynda ýogalan bolmaly. Erkinden men öz dogany Kümüşiň ýogalanyny (erte-birigün 40 bellenjek) hem eşitdim. 31.08.2021 Ýaňy Merjen Gaýyp Beginiň uly ogly Beginiň ýogalandygyny aýtdy. Aýaly bilen Awaza giden ekenler. Şo ýerde-de nähoşlapdyr. Demirýol bolnisasynda ýatypdyr. Azajyk gowulaşan ýaly bolupdyr, soň beterleşipdir. «Äkidiň» diýensoňlar äkidýärler. Ýolda öýe ýetmänkä-de ýogalypdyr. Şu gün tanyşlaryň birine Nyýazow bolnisasynda işleýän gyzlaryň biri jaň edip, häzir reanimasiýada 48 adamyň ýatandygyny aýdypdyr. Medisina işgärleriniň aýlyklaryndan tutup alyp galýarlar. Şolaryň puluna bint, pagta we gaýry zatlar satyn alyp, ýatanlary bejerýän ekenler. Bu gürrüňi eşidip, men gaty haýran galdym. Şu gün derman gözläp, 3-4 sany aptege girip-çykmaly boldum. Apteklerde adam gaty kän. Dermanlaryň bahasy gaty ýokary. Saglyk ministrligi bu hakda hiç hili alada etmeýän bolmaga çemeli. 01.09.2021 Şu gün agamyzyň gyzy Gülkamar Krasnyý Krestde ýogaldy. Keseli ötüşenden soň, Aşgabatda bolnisa ýerleşdirildi. 5-10 gün ýatdy. 90 prosent öýken zaýalanan eken. 04.09.2021 Geçen ýylyň başyndan bäri adamzadyň başyna inen howp barha güýjeýär. 1-nji sentýabrdan okuwlar ýatyryldy. Köp edaralarda adamlara tölegsiz zähmet rugsady üçin arza ýazdyrýarlar. Düýn işiň ahyrynda elli ýaşdan geçen işgärleri 10 günlük tölegsiz arza ýazmaly diýdiler. Adamlar näme üçin tölegsiz zähmet rugsadyna çykmaly? Munuň üçin adamlar tölegsiz bolmaly däl. Munda işgärleriň näme günäsi? Onsuzam däri-dermanlaryň ýanyna barar ýaly däl. Adamlar keseli ötürişip ölýärler. Köp adamyň derman almaga, bejermäge ýagdaýy ýok. Dermanhanalar dermanyň bahasyny aşaklatman, barha ýokary galdyrýarlar. Mysal üçin, agyz-burun maskasy ozal 50 teňňeden, indi 2 manat. Her maskanyň 2 sagatlyk güýji bar diýýärler. Her iki sagatdan çalyşmaly bolsa, günde näçe maska almaly. Adamyň betbagtlygyndan pul gazanýanlaryň baýlygy haramydyr. Welaýatlardan gelýänler üçin ýol ýapyk. Olam diňe göze çöp atmak üçin. Bu adamlary nerwirowat edýär. Sebäbi hiç hili çynlakaý barlag ýok. Uzyn nobat döretmekden başga zat däl. XXX Irdenki öwüsýän şemal howanyň salkyn bolmagyny aňladýan ýaly. Şeýle bolsun-da! Tomsuň ýüregiňe-bagryňa düşýän apat jokrama yssysy adamlary halys ýadatdy, üstesine-de görlüp-eşidilmedik kowid-pandemiýasy. Hudaýyň gahary gelipdir diýseňem, ol hudaýyň işi däl, bu adamyň, has takygy, Amerikanyň ýa-da Hytaýyň işi bolmaly. Maksat – dünýäde adamlaryň sanyny azaltmak. Öňki asyrlarda-da şeýle hasratly wakalar az bolmandyr. Ýöne ol keselçiligiň ýaýramagy bilen bolan. Millionlarça adamlar gyrylan. Ylmyň ösmegi bilen soň bu keselleriň öňi alyndy. Ýöne bu laboratoriýalarda döredilen wiruslar. Adam adamyň garşysyna işleýär. Şu mysal hem hiç haçan dünýäde oňşuklygyň bolmajagynyň birinji subutnamasy. XXX Häzir poliklinika, kardiologyň ýanyna baryp, leçeniýe almasam, ýürek azar berýär. Men olarda hasapda. 07.09.2021 Apteklere aýlandym. «Kartdan pul çekemzok» diýdiler. Eliňde nagt puluň bolmasa, durubermeli. Wraçyň strahowka bilen ýazan dermanynyň biri tapylsa, ikisi tapylanok. Nähoş islese-islemese dermany ýene-de öz bahasyndan almaga mejbur. Şeýle ýagdaý bir ýylyň, iki ýylyň işi däl. O pahyrlar «Beterinden saklasyn!» diýip ýörler XXX Ýaňy ýazyjy Atajan Tagan jaň etdi. Geçen bäşinji gün (3.09.2021) «Edebiýat we sungatda» çykan goşgularymy okapdyr. «Garranyňdanmy-näme, diliň süýji. Goşgularyň gowy, dili gowy» diýip öwdi. Köne döwür bolsa, beýle öwgülere ynansamam ynanardym weli, soňky ýyllar öwgä-de, döwgä-de ynanar ýaly bolmady. Ähli kişi ýalançy ýaly göwnüme, çynyny aýdan azaldy, ýöne Atajanyň bu aýdanlarynyň jany bar ýaly. «Öňräk dostuň (dostuň diýip ol bir tanşymyzy göz öňünde tutýar) goşgulary çykdy. Indi ol goşgy ýazmagy goýaýmaly weli, goýanok. Özüm-ä “başaramok» diýip, goşgy ýazmamy goýdum. Birem Medeniýet ministrliginde işleýän Akmyrat (Muhadowy göz öňünde tutýar) dagy ýazmalam däl-ä» – diýdi. 09.09.2021 Pikir edip oturyşyma, ýaşuly edebiýatçy professor Nagym Aşyrowyň bir gün agşam öýe jaň edip maňa: «Allaýar, sag bol. Şu gün «Turkmenskaýa iskrada» men hakda ýazan makalaň tüýs wagtynda çykan makala boldy» – diýdi. Professor şo wagtlar öýünde ýaraman ýatan eken. Makala onuň ruhuny göteren bolmaly. 10.09.2021 Agşamara Baýram Sähet bilen gürleşdik. «Şu gün Tejen bilen gürleşdim. Krasnyý Krestden Nowruz Gurbanmyradowy oba getirdiler. Jaýladyk» – diýdi. 3-4 günlükde-de aýak üstünde eken. 11.09.2021 Hangeldi diýip bir tanşym şu gün jaň etdi. «Nowruz ýogalypdyr» diýdi. «Arada onuň ýanynda otyrkam, gazetiň redaktory: «Ýaramok» diýip işleýän zadyň ýok» diýip igenip gitdi. Şonda men oňa ýüregim awady» – diýdi. Ýöne Nowruz ýaly adamlara hiç haçan ýüregiňi awatmak bolmaýar. Ol gaty hapa adamdy... Wah, Hangeldi, ýaş bolýaň, ol seň ýaly türkileri gözüni ýumman aldap bilýän adamdy. Men redaktora «Meniň goşgularymy şoňa bermäň» diýip haýyş edipdim. “Goltugyň aşagynda ýylan saklaýaň hem» diýipdim. Ol oglan hapa ýaşady. Türkmenbaşy döwründe onuň göti açyldy. Işden kowuldy. Jaýlary elinden alyndy. Baýram Sähet gazete redaktor boldy-da, işe aldy. Ogsoltan Tagandurdyýewanyň nobaty gelende, ony işden boşadyp, almaly jaýyny Nowruza äberdi. Men bu hakda öýde oturamyzda Baýramyň özüne aýtdym. «Kim aýdýa?» – diýdi. «Il arasynda gürrüň bar» diýsem, sesini çykarmady. Şu gürrüňiň şaýatlary Çary Kuly, Sähetmyrat Kakyş. Hangeldi: «Nowruz arada täze JIP maşynyny aldy. “Ýör seni gezdireýin” diýip, aýtdy» – diýdi. (Halal aýlygyňa JIP alyp bolýamy diýsene?) Dekabrda 70 ýaşy dolmaly eken. XXX Birküç aý bäri hojalyklara paýok getirip berýärdiler. Bir kilo püsek, bir çüýşe ýag, üç sany lýaşka – jemi 60-62 manada düşýärdi. Ozal 10 günde bir gezek gelýän bolsalar, indi bir aýda bir gezek geljekler gürrüňi bar. 16.09.2021 Adamyň başyna agyr iş düşende onuň dost-ýarlary, dogan-garyndaşlary üýşýär, her kim elinden gelen kömegini berýär. Ýöne ýere «Dost başa iş düşende tanalýar» diýilmeýär. Indi bir ýarym ýyldan gowrak wagt bäri dünýäniň ýüzüni gara bulut gaplap aldy. Hytaýdan ýaýran koronowirus, ýalňyşmasam, alty milliondan gowrak adamy ýok etdi. Dünýä ýurtlary özleriniň koronowirus bilen keseldigini mälim edýärler. Şu gün Teke bazaryndaky dükana bardym. Bir aý mundan öň giremde 30 sany towuk ýumurtgasy 52 manada durýardy. Indi şo baha 63 manat. 18.09.2021 20-25 gün mundan öň žurnalist Baýrammämet Täçmämmedow (1936 ý.) ýogalypdyr. Ol hakda Baýram Sähet şeýle diýýär: – «Edebiýat-sungatyň» redaktorykam, men onuň aýaly şahyr Näzik Annatyýewany ýatlap, goşgularyny çap etdim.«Sag bolsuna» derek Baýram bu goşgularyň gonoraryny talap etdi. Men bu goşgularyň ozal gazetde çykandygyny hem aýtsam: «Sudlaşsaň-a alyp bolar» diýýär. Men onsoň işgärimiz Süleýman Ilamana öz ýanymdan 50 manat berip, gowşur – diýdim. «Ýöne ony arak alyp içäýme, tüwi alyp bişir-de, aýat oka» diýdim. Baýram Sähet redaktor döwründe meniň ýazýan zatlaryma göwnüýetmezçilik edýän ekeni. «Nähili ýazýar-aý?» diýýän ekeni. Muny maňa soň aýtdylar. Azat Rahmanow köp ýyllap baş redaktoryň orunbasary bolup işledi. Soň Nowruz Gurbanmyradow bilen bir kabinetde oturan Azadyň ähli hereketini ol Baýrama ýetirip durýan ekeni. «Kim jaň edýär. Näme hakda gürleşýärler, näçe wagt gürleşýärler« we ş.m. Düýn Baýram jaň etdi. Men şonda «Nowruza ýol açdyň, edebiýaty ol bozdy» diýip ýatladym. Baýram bilen milli golýazmada bile işleýäs. Meýilnamaly 2 ýyllyk işini alymlar sowetinde ara alyp maslahatlaşypdyrlar. «Işimde seniň kitabyňdaky partizan Geldi Gurbanmyrat hakdaky makalaňdaky maglumatlary ulandym» diýdi. Görýäňmi, näme bolýanyny. Ozal göwni ýetmedik adam indi meniň makalamdan iş ýazýar.”Garaşsyzlyk döwründe saýlanan žurnalistler hakda ýazýan. Sen bilen Berdimuhammet Ataýew saýlandyňyz. Seniň 37-iň tutha-tutlugy hakyndaky makalalaryň aýratyn tapawutlandy» diýdi. Men 90-njy ýyllaryň başynda «Magaryf» neşirýatynyň planyna giren şu tema degişli uly göwrümli kitabymy şo wagt metbugat komitetiniň başlygy Hudaýberdi Diwangulyýewiň redaktor Hojageldi Nurmyradowa ikinji gezek otrisatel syn ýazdyryp, plandan aýrandygyny aýtdym. – Diwangulyewiň soňunyň näme bilen gutarandygyny bilýäň-ä? Ol men «Ýüpek ýoly» gazetiniň redaktory bolup işleýän wagtym, maňa jaň edip, işe almagymy sorady. Nädip işe alaýyn? Ozal ýüregime düşýärdi. Arza gurnaýardy – diýdi. Onuň arza hakdaky gürrüňini menem eşidipdim. Ol «Türkmenistan» gazetinde redaktoryň orunbasary bolup işleýän wagty, redaktoryň üstünden ýazylan arzanyň üsti açylýar. Ýygnakda redaksiýanyň işgäri Allaguly Ýusubow arzany Hudaýberdi göwnetdi diýip boýun alypdyr. Soň Hudaýberdini «Aşgabat» gazetine redaktor edip geçirdiler. Baýramyň demir ýol gazetine geçmegine «Men sebäp boldum» diýip žurnalist Oraz aga Nepesow maňa aýdypdy. Şo wagt demir ýol ministri bolup işleýän Halykow «redaktor gerek» diýensoň men Baýramy ýanyma alyp onuň ýanyna äkitdim. Ol «aýlygy beýleki redaktorlaryňkydan köp bolar» diýdi diýip aýdýardy. Ýöne soň Oraz aga bilen weteranlar guramasynda işlämizde, ol Baýramdan gaty nägile gürrüň edýärdi. Onuň bilen gatnaşyk saklaýany ýadyma düşenok. Men häzir býulletende. Indiki hepde işe çykaýmasam. Baýjanyňam gyzgyny indi näçe wagtdan bäri aşak gaçanok. Edilmedik em galmady. XXX Düýn Babajan Hanmyradow jaň etdi. Ol öýken bilen keselläpdir. Babajan bilen uniweritetde bile bir döwürde okadyk. Ol ruçsa goşgy ýazýardy. Soň ol Moskwada, Edebiýat institutynda-da okapdyr. Türkmen ýazyjylarynyň Moskwadaky wekili «Berdi Kerbabaýew geljek. Siziň bilen hem duşuşjak» diýipdir. “Duşuşyk güni men umumyýaşaýyş jaýyndadym. Soň ol student ýoldaşymyz Tura Gurbanowany iberip, «Berdi aga bu gün gelenok. Ertir geljek» diýipdir. Menem şo wagtlar Berdi aganyň bir gowy goşgusyny hem rusça geçiripdim. Okap berjekdim. «Ertir gelýär» diýensoňlar men işim bilen şähere gitdim. Gidemden soň Berdi aga bilen duşuşyk bolupdyr. Wekil hem meni boýun egmezlikde tarypymy ýetiren bolmaly”. Okuwy gutarman ol Aşgabada gaýdypdyr. Soň Aşgabada gelip, Ýazyjylar soýuzyna barypdyr.”Berdi aganyň ýanyna girip, onuň bilen gürrüňimiz alyşmady. Ol meniň bilen kes-kelläm gürleşmedi. Şeýdibem çykyp gaýtdym” – diýip, Babajan aýtdy. Munuň aňyrsynda göripligiň ýatandygyny aňdym. Eger Babajan terjimeçiligi gutaran bolsa, gör, nähili orusça gürleýän türkmen şygyrlary döremelidi. – Okuwy gutarmanymam gowy bolaýypdyr. Şu pikirlerim bilen meni horlardylar – diýibem aýdýar. 21.09.2021 Düýn Baýramnur Söýünow bilen jaňlaşdyk. Biz onuň bilen 1977-nji ýylyň martynda Fransiýa turist bolup gidipdik. Ol toparyň ýolbaşçysydy, şo wagtlar Türkmenistan komsomolynyň propaganda boýunça sekretarydy. – Meni 1972-nji ýylda komsomolyň sekretarlygyna saýladylar. Başga bir ýoldaşym propaganda bölüminiň müdiri, men student – ýaşlar bölüminiň müdiri. Ony saýlamadylar-da, meni saýladylar. Şondan bäri onuň maňa bolan gatnaşygynda birhili düşünişmezligiň bardygyny aňdym. Ol bir gezek meniň ýanyma girip, – Kerim Gurbannepesowyň hem Ýaşlar baýragyny, hemem Magtymguly baýragyny bermek baradaky komitetiň düzümindedigini, düzgün boýunça onuň bir komissiýada bolmalydygyny aýtdy. Menem, oýlanyşmazdan, «Düzgün şeýle bolsa Kerim agany ýaşlardan aýryň» diýipdirin. Bir gün muny eşidip, Kerim aga ýanyma geldi-de: – Baýramnur, sen muny oňarmadyň. Bu seniň öz pikiriň däl, muny saňa kimiň teklip edenini aňýan – diýdi. – Meň özüm Ýaşlarda bolanymy gowy görýärdim. Çünki Ýaşlarda meniň pikirimi diňleýärdiler. Magtymgulyda bolsa köplenç ýagdaýda ýokary edaranyň görkezmesi boýunça çözülýärdi. Men Ýaşlarda bolsam köp peýda getirerdim – diýdi. Şuny men hiç ýadymdan çykaryp bilemok – diýip, Baýramnur gynanyp aýtdy. ... Ýaňky ady agzalan ýoldaş bilen student döwründen tanyş bolsamam, onuň käbir häsiýetleri göwnüme jaý däldi. Daşyndan seredeňde ol birhili gopbamsy görünse-de, işi düşjek we işi düşýän wezipeli adamlara aýratyn ýaranjaňlygy ýaňky bolşy bilen bap gelenokdy. Men student döwrümde komsomolyň Merkezi Komitetinde propaganda bölüminiň müdiri Atadurdy Atajanow diýip bir gowy adam işleýärdi. Men onuň bilen tanyşdym. Bir gezek ol meni agitbrigadanyň düzüminde okarsyň, gürrüň edersiň diýip oblastlaryň birine, ýadyma düşenok, iberjek bolsa, men mundan boýun towladym. «Ýeriňe kim bar?» diýse, kursumyzda Amangeldi Hummaýew diýip goşun gullugyndan gelen bizden uly ýigit bardy. Şony hödürledim. Şeýdip ol ýigit komsomol bilen gatnaşykda boldy. Ol ýaňky bilen bile umumyýaşaýyş jaýynda däl-de, kwartirada kireýine ýaşaýardylar. Okuw gutarandan soň ony komsomol bilen baglan özüm bilen bolan waka sebäp boldumyka diýýärin. Baýramnur kakasy Muhammetnur Söýünow hakda kitap taýýarlajak bolýar. Berdinazar Hudaýnazarowyň, Anna Kowusyň, Allaberdi Haýydowyň... ýatlamalaryndan hem peýdalanýar. Muny ol ilki ýaňky ýoldaşa «Seniň kömegiň gerek» diýse, ol bolmalysyndan gaty uly möçberdäki puly agzapdyr. Baýramnur «Puluny berjek, ýöne onuň agzany adamkärçilikden çykýar» diýdi. 24.09.2021 Şu gün Ylymlar akademiýasynyň öňki prezidenti Aşyrbaýewiň üçi güni. Ol Bekrewede ýaşaýar. Serdar dagy oglanlar bolup görnüp gaýtjaklar. Ýatan ýeriň ýagty bolsun! XXX Halk bagşysy Hangeldi Annamyradow adamlar bilen gürleşende, olary diňläp, synlap, şol adama häsiýetli lakamlary tapmaga gaty ökde ekeni. Işdeş ýoldaşymyz filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gurbanjemal Ylýasowa bilen onuň adamsy, ýazyjy Berdinyýaz Rahmanow birtopar ýyllar bagşy bilen gatnaşyk saklapdyrlar. Bagşy ömrüniň ahyrynda keselbent bolup düşege baglanyp ýatanda Berdinyýaz ony ýeke goýmandyr. Hemişe onuň ýanyna gatnap, söhbetdeş bolupdyr. Gurbanjemal Amangül Durdyýewany, Şirinjemal Geldiýewany, Ogulbagt Sabyrowany öz ýany bilen bagşyny diňlemäge alyp barýan ekeni. Bagşy Amangül Durdyýewa «paýapyl», «tilkileň şasy», Şirinjemal Geldiýewa «maň goýun», Ogulbagt Sabyrowa «gezegen it», Gurbanjemalyň özüne-de «çekirtgeleň şasy», «püri dökülen ýylgyn», «bir manatlyk et» diýen ýaly lakamlary tapypdyr 28.09.2021. 10:05 m. Gurban Çaryň ogly jaň etdi. Gurban ýogalypdyr. Öňňin Baýramalyda öz obasynda jaýlap gelipdirler. Şu bäşinji gün – 01.10.2021 – belli güni. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, dost! Jaýyň jennetden bolsun! XXX Halk Maslahatynda öňki partiýa işgäri, soň türkmen ilçisi bolup işlän Çynar Rüstemowa Türkmenistanyň Gahrymany adyny berdiler. Şu gün men onuň telefonyny tapyp, jaň edip gutladym. Ol «Siziň bilen men ozalam bir duşuşjak boldum. Bolmady» diýdi. Gutlagyma begendi. Ol häzir Ylymlar akademiýasynyň jaýynda ÝUNESKO-nyň wekili bolup işleýär. 3.10. 2021. (Ýekşenbe) 1-nji oktýabr güni işdeş ýoldaşym Şawwanaly Jumaýew (80 ýaşy doldy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, stawropolyň Buşantyý obasyndan) bilen bile kompozitor dostum Gurbandurdy Çaryýewiň belli gününe bardyk. Turamyzsoň, ogly Ahmet bilen birki agyz gürleşdim. Ýagdaýy gowy eken. Bir günde ýagdaýy üýtgäpdir. 25-ne hem ýogalypdyr. Ýasdan çykamyzsoň maşyna münüp yza ýuwaşlyk bilen sürüp gelýärdim weli, gapdalda duran maşynyň eýesi maşyny bilen gelip maşynymyň öňüne kakdy. Signal bermäge-de ýetişmedim. Buferiň birnäçe ýerinde kraskany gaçyrypdyr. Soň görsem çyrasynyň örtügini hem ýarçyk atdyran eken. Iki sany ýaş oglan. Türkmenler. Düşünişjek hem bolmadym. Maşyna münüp gaýtdyk. Şawwan aga olaryň bolşuna geň galdy. «Bagyşla-da diýmediler» diýdi. Özleri meniň ýerime bolsa soýardylar. Ertesi ýanymyzdaky magazinden 177 manat söwda edip, kartadan çekdirdim. Kagyzyny çykarmady. O gyz ikinji gezek çekdi. «Garaş, şu günüň dowamynda yzyna geler» diýip, ýaş gyz aýtdy. «Türkmenistan» bankyna baryp, sowuljak boldum, ikinji hatar ýasan yzymdaky türkmen maşynyň öňki çep gapdalyna süýkendi. Kraskasy mazaly gaçypdyr. «Sen durmukaň diýip oýlandym-da, süräýdim» diýýär. «Maňa düşündirişiň gerek däl» diýdim. Oňa-da abyr-zabyr etmedim. «Öz ynsabyňa» diýdim. 500 manat diýip, 100 manat uzatdy. Türkmeniň mekirligine şu ýerde-de düşünip galdym. Ilki täze hasapdan 500-i agzaýar – ol 2 ýarym million bolýar (köneçe). Men sesimi çykarmadym. Türkmeniň ynsaplysy bar, ýöne bimessebi hem az däl. Men munuň şeýledigini segsene ser urup başlanymdan soň göz ýetirdim. Grodekowyň goýup giden ýazgysyny ýatladym. Banka baryp ýagdaýy aýtsam, oturan türkmen gelni «Ikinji güni geliň. Şoňa çenli görkezmez» diýensoň, orus bazaryna bardym. Öňümden ýene ýaňky ýigit çykyp, meni köşeşdirýär. Sesimi çykarmadym. Hem gülkim tutýar, hem gaharym gelýär. Namaz okaýana meňzeýär. Hitrowka obasyndan bolaýmasa. O ýerde men zarýad berilýän iki sany batareýa aldym 80 manada. Öýe gelip, stoluň üstünde goýup-goýmankam, batareýler gabyndan gaçdy. Öň ulanylan bolmaly. Hakykysy bolsa ony gabyndan aýyryp bolanog-a. Ýene geýnip bazara bardym. Ýaş oglana «Ýaşuly adamy beýdip, aldamaň bolanok. Siz türkmeniň adyny zaýalaýaňyz. Indiki gezek men sizden zat alman. Kliýenti özüňizden daşlaşdyrýaňyz» diýip takal okadym. Bu sözler olaň ýele ýanyndanam geçenok. Bir ýerden täze diýip getirdi. Olam şoňa golaý. Pulumy alyp gaýtdym. Şo gün lapym keç bolup gezdim. Serdar bilen maşynyň kraskasy gaçan ýerlerine kraska çaldyk. Türkmeniň nähili häsiýetdedigini men öz howlymyza girýän maşynlaryň eýelerinden hem göz ýetirdim. Hiç hili sylag-hormatsyz, özler-ä iliň howlusyna birugsat girýärler, hemem beýle däldigini aýtsaň, gödeklik edýärler. Şu howla ne ermeni, ne azerbaýjan, ne orus... maşynly girýär, diňe türkmenler şeýdip bilýärl 06.10.2021. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Türkmenistan komsomolynyň Merkezi Komitetiniň birinji sekretary bolup Žanna Kakaballyýewna Çaryýewa işledi. Ýaňy Baýramnur Söýünow bilen gürleşenimde Žannanyň özünden uly aýal dogany Kolýa Prosenkonyň aýaly – diýdi. Nikolaý Prosenko Kowid-19 başlan döwürlerinde Moskwada uly keselhananyň baş wraçy. Ilkibaşda Putin ýörite geýim geýip, kowid bilen kesellän hassalaryň ýagdaýyny bilmek üçin Prosenkonyň ýolbaşçylyk edýän keselhanasynda boldy. Ýaňkyny Putin Döwlet dumasyna deputatlyga hem görkezdi. Prosenko Türkmen döwlet medisina institutyny hem tamamlapdyr. “70-90-njy ýyllarda Aşgabatda uly wezipelerde işlän Waleriý Georgiýewiç Otsersowyň hem golaýda rak keselinden ýogalandygyny Žannadan eşitdim” diýip, Baýramnur aýtdy. Baýramnur akademik Tagan Berdiýewiň kakasy Taňryberdi aga bilen öz atasy Mämmetsöýüniň ikisiniň dogandygyny hem aýtdy. Kakam Tagan Berdä «daýy» diýýärdi. Nähili daýy bolanlygyny kakam gürrüň berse-de berendir, ýöne bu meniň ýadymdan çykypdyr. 10.10.2021. Düýn Eneçeperiň agtygy Mekanyň toýy boldy. Gatnaşyp bilmedim. X X X Dünýä dilleri institutynyň mugallymy Tagandurdy Tagandurdyýewiň üýtgeşik häsiýeti bar. Ol irden ýanlaryndaky kioskdan gazet-žurnal satyn alyp, okap, tanyş-bilişleriniň makalasy bar bolsa, gazetiň ýüzüne öz pikirini birki jümlede ýazyp iberýär. Bu gezegem işdeş ýoldaşymyz Gurbanjemal Ylýasowanyň «Daglara göwnüni baglan şahyr» atly makalasy «Watan» gazetinde çap boldy. Şo gazeti ol aýaly Annanabatdan Gurbanjemala iberipdir. Aýaly biziň institutymyzda işleýär. Makalanyň ýokarsyna «Çyn şahyryň biri hakda – Daglaryň şiri hakda – Allaýar Çüri hakda Ýazmaga Gurbanjemal Ylýas ökde» goluny goýup ýazypdyr. X X X Polady 70 ýaşy bilen gutladym. Ysmaz ýatyr. 12.10.2021. Şu gün «Türkmenistan» neşirýatyna «Türkmen edebiýatyny öwrenijiler» atly kitabymyň golýazmasyny tabşyrdym. Kitapda Magtymgulyny we türkmen edebiýatyny öwreniji daşary ýutly alymlaryň durmuşy we ylmy mirasy hakynda gürrüň berilýär: A. Hodzko, Samoýlowiç, Berezin, Skosyrew, Bertels... 15.10.2021. 6-njy oktýabrda – Hatyra gününde Serdar bilen Magtymguly obasyndaky gonamçylyga baryp, Aşyrdöwletiň, Turanyň, Mergeniň, Çaryýaryň, Arslanyň, Beginiň (ýaňy ölen Beginiň guburyny tapyşymyz gaty aňsat boldy) ruhuna doga okadyk. Şo ýerde jaýlanan Atamyrat Atabaýew bilen Nobatguly Rejebiň hem ruhuna doga okadyk. Soňky gezek girenimden mazar tümmekleri köpelipdir. Garadamaga gelip Orazgülüň, Mekan ýegeniň guburyna zyýarat etdik. X X X Gije Aşyrdöwlet, Çaryýar – ikisem ýogalan inilerim, düýşüme giripdir. Wakalar ýadyma düşenok. Gündiz Rahat ýegen, Serdar geldiler. Ilki Serdar geldi – temperaturam bar diýsem – 3701. Soň Rahat ýegen gelip barmagyma bir apparat goýup, öýkenimiň, ýüregimiň ýagdaýyny barlady. Öýken 98, ýüregiň pulsy – 74 urgy. Gowy diýdi. Serdaryň ýürek urgusy 88 diýdi.” Bejergi al” diýdi. 16.10.2021. Daňdanlar Orazgül düýşüme giripdir. Toý geýminde. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |