10:03 Gündogar şahyry | |
GÜNDOGAR ŞAHYRY
Goşgular
![]() Şahyryň gadyryn bilýär musulman, Gündogar şahyryň gadyryn bilýär. Seždegäh edinip şahyr guburyn Mukaddes mazary arzylap gelýär. Şahyr — Gündogarda — ruhuň pitnesi, Şahyr — Gündogarda — Allaň hikmeti. Ýöne ýere däldir gan içen şalaň Gelip-gelip bir şahyra bitmesi. Gündogarda şahyr şygry pentdir pent, Doga barabardyr — sözüň hümmeti. Dünýäni mergi deý gyran Teýmir leňk Ýasawa gurdurýar köşk deý kümmeti! Tersa Nesiminiň hamyn sypyryp, Dirikä çekdirip gabyr azabyn, Nije asyr bäri külli musulman Togap edip gelýär onuň mazaryn. Nobatguly, üýtget, efrenji ugruň, Buýsan, aklyň ýetmejek bu halkyňa, Ürgençde Nejmetdin Kubraň guburyn Deňläpdirler ol hut Mekgäniň hajyna. Gündogar şahyryň gadyryn bilýär, Bilýär ol şygyryň sarpasyn saklap. Bak, Nazymy dara çekjek general Aglap ýatyr guburyny gujaklap. Ýatyr Mäne baba kümmet astynda, Ýatyr Sagdy, Haýýam, Rumy, Jamy-da. Köşkden zyýat ol türbetler aslynda Nesip etmez dünýäň her bir şasyna. Azan bilner, Aýat bilner, Em bilner, Pyragynyň gelýän sesi Çendirden. Gündogarda hakdan içen şahyrlar Pygamber ýok çagty — pygamberdirler! | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |