08:19 Gurbanlyk | |
GURBANLYK
Publisistika
"Gadyrdan hökümetimiz" tarapyndan "Ýokary Halk mejlisiniñ (TBMM) Ýokary hyzmatlary üçin" baýragy ("Üstün Hizmet Ödülü") berlen haýyr-sahawat fondy jansyzlyk guramasy bolup çykdy. Hatda, hem jansyzlyk guramasy, hem kezzapçylyk guramasy. "Garyp-gasarlara ýardam edýäris" diýen bolup mahabatlandyrylýar, duýguçyl heñli ses bilen Afrikadaky ýoksullaryñ garnyny doýurýarys diýip çagyryş edilýär, dinine wepaly päk ýürekli ynanjañ ildeşlerimizden gurbanlyk sadakasyny toplaýarlar, Somalide sygyr kesdik, Ugandada goýun kesdik, Sudanda gowurma etdik, Burkina Fasoda çekdirme paýladyk diýýärlerdi. Meger görüp otursak, gurbanlyk-surbanlyk kesmän, sadaka berlen pullary Pensilwaniýa daşaýan ekenler. Munuñam üstesine, ine, serediñ, siziñ gurbanlygyñyzy şeýle yslamy usullar bilen kesdik, şeýleräk dogalar okap paýladyk diýibem wideoşekilleri surata düşürip, sadaka beren bendelere CD diskini ugradýardylar. Sadaka beren ildeşlerimizem gözýaşa gark bolup oña tomaşa edýärdiler, gurbanlyklarynyñ mätäç bendelere paýlanandygy üçin hoşnut bolýardylar, janlary aram tapýardy. Meger görüp otursak, bassyr bäş ýyllap her sadaka berene şol bir CD-ni ugradýan ekenler... Birküç ýerde gurbanlyk mal soýlupdyr, her ýylam oña täzeden ses berlip, ekrana täze sene montaž edilipdir. Tomaşa eden bendeler ony öz gurbanlygydyr öýdüp ýörse näme! Başga bir haýyr-sahawat fondy aýratynam mübärek Remezan aýynda mahabat işlerini güýçlendirýän eken. Burnuna siñek gonan, gury ham bilen süñk bolup galan, bir owurt suw soramaga mejaly galmadyk afrikaly aç çagalaryñ suratlaryny görkezip, fonduñ dramatik sazyna utgaşykly gürleýän alyp baryjy "garyp-gasarlara ýardam edýäris, gara yklymdaky musulman doganlarymyzyñ garnyny doýurýarys" diýýärlerdi, "Şepagat eliñizi uzadyñ" şygary bilen dini bitewi ildeşlerimizden sadaka toplaýarlardy. Gurban baýramynyñ öñüsyrasynda bolsa, burnuna siñek gonan, gury ham bilen süñk bolup galan afrikaly aç-ýalañaç çagalaryñ suraty bilen birlikde gurbanlyk goçuñ suratynam ulanýarlar. "Kongoda sygyr kesdik, Tanzaniýada goýun kesdik, Mawritaniýada gowurma paýladyk, afrikaly doganlarymyz siziñ üçin doga-dileg edýär" diýýärlerdi. Soñundanam, gurbanlyk sadakalary galp fakturalar bilen öz kiselerine salýandyklary, gurbanlyk mal almaýandyklary, özlerine jaý alýandyklary, awtoulag alýandyklary, hatda gämi satyn alýandyklary, hüşür-zekatlary söýgülilerine, gurbanlyk sadakalary oýnaşlaryna iýdirýändikleri, Las-Wegasda kazino gidip keýp çekýändikleri äşgär boldy. Gözegçiliksiz lagerlerinde garyp oglanjyklara jynsy zorluk edilen haýyr--sahawat guramalary-da, hossarsyz maşgalalaryñ biçäre gyzjagazlarynyñ ömrüni diriligine kül eden tarykatlar-da utanman-uýalman adamlaryñ arasyna çykyp, gurbanlyk sadakasyny toplap bilýär bu ýurtda. Jür jahyl ýasama şeýhler, işan-mollalar tarapyndan Atatürke agzyndan gelen zady diýýän, merdiwan asty tekgelerinde zenan duşmançylygyna beleñ berýän, daş eýýamynyñ fossili telbe toparlanmalar-da gurbanlyk sadakasyny toplap bilýärler. Din işleri ministrligine göz aýlaýañ... Öz halky maddy kynçylyklar zerarly öz janyna kast edýär, olar bolsa bu halkyñ puluna 75 ýurtda gurbanlyk mal paýlaýar. "Gyzyl ýarym aý" jemgyýeti diýseñ, öz halkynyñ çagalaryna aýda bir gezek kotlet iýdirýän däldir welin, Çadda, Nigerde gurbanlyk mal kesdim diýip öwünýär. Elbetde, her kim berjek sadakasy öz etjek işidir. Goşulmak biziñ hetdimize däl. Emma... Ýylda bir gezek 5-3 sany garyp-gasara ýarym kilo paýlan bolup, şahsy wyždanymyza sogap gormonyny inžektirlesegem, aslynda munuñ jemgyýete hiç hili peýdasynyñ ýokdugyny bilmelidiris. Ýoksullyga we ýoksullygy ulanyp dindar ildeşlerimizi eksplutatirleýänleriñ soñuna diñe bir ýagdaýda - ylymly-bilimli ýaşlarymyz bilen bile çykyp bileris. Ýoksullygy haýyr-sahawatlar däl-de, diñe oñat dolandyrylýan ýurt aradan aýryp biler. Sagdyn, etjek işini, ýörejek ugruny gowy bilýän kadrlar tarapyndan dolandyrylýan ýurt aradan aýryp biler. Geliñ, ezizler, gurbanlyk baýramy mynasybetli, adam nahallaryny ekeliñ. Geliñ, ezizler, gurbanlyk üçin aýryp goýan pulumyzy bilime sarp edeliñ. Men akyly, ylym-bilimi, medeniýeti, sungaty, hukugy, zähmeti, haýwana söýgini, tebigata sarpany öñe tutýan haýyr-sahawat guramalaryna berenimi gowy görýärin, sizem şeýdiñ. Geliñ, ezizler, gurbanlyk üçin aýryp goýan puluñyzy çopan odunyñ ruhy bilen pikiri azat, irfany azat, wyždany azat nesillere bagyş ediñ. Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 14.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |