GUŞUŇ UÇURYLAN GÜNI
"Şowhun" myhmanhanasy deňziň kenaryna golaý ýerde ýerleşýärdi. Dynç alyşa gelen adamlar bu ýerde dürli ugurlardan bejergi alyp, özleriniň saglyklaryny hem dikeldip gidýärdiler. Batyr dagylaryň bu ýere gelenine eýýäm üç gün bolupdy. Olar myhmanhananyň ikinji gatyndaky giň otaglaryň birinde ýerleşipdiler. Otagyň eýwanyna çykan ýeriňden deňziň salkynja hoştap howasy ýüzüňi darap-darap geçýärdi. Deňziň kenary tutuşlygyna mähek daşlaryndan jäheklenen ýaly hatar-hatar gurlan kaşaň binalar göreniň gözüni dokundyrýardy.
Batyr has ir oýandym diýende-de, Tylla öňürdipdi. Ol ýerinden galansoň uludan pallady-da, gerindi.Soňam içerden Tyllany gözledi.”Tyllam”,”Tyllam, sen nirede?” diýip, birki öwre gygyrybam çykdy.Ýöne Tylla ses bermedi, ol eýwana çykdy. Göm-gök öwsüp oturan deňiz ylla eliň aýasynda ýaly bolup görünýärdi. Eýýämden kenaryň gyrasynda gezmeleşip ýören iki-ýeke adamlar bardy. Özüniň ýatyp galanlygyna ökündi. Çünki, Tylla hem şolaryň arasyndady. Ol bu mahal deňziň mymyjak suwuna ýüzüni ýuwýardy. Suw, elbetde, sowukdy. Ýöne maý aýy bu ýeri ýylyň gaýry wagtlaryndan üýtgeşikdi. Deňiz ýap-ýaşyldy, ýod suwuň üstki gatlagyny örtüpdi. Şonuň üçinem daňdanyň ümüş-tamşynda deňziň tämiz jana şypa beriji tenekar howasyndan birki öwre gursagyňy dolduryp dem almagyň özi hem ýeterlikdi. Çünki bu döwürde deňziň arassa, päkize howasy adamyň gan basyşyňyň kadalaşmagyna getirýärdi, kalplaryna rahatlyk aralaşyp, olaryň pähimlerini durlaýardy. Döredijilik adamy üçin şeýle pursatyň gadyry düýbünden başgady.
Batyr düýnem giç ýatypdy. Ol häzir täze eseriniň üstünde işleýärdi. Aslynda, ol indi ençeme aýlar bäri öz ýanyndan ýazmakçy bolýan eseriniň hamyrmaýasyny ýugrup, beýan ediljek wakalaryny serinde aýlap ýördi. Bu ýere gelibem onuň ymyklyja başyna geçipdi. Tylla bilen garbaryşhana bile baryp, käteler howuzda suwa düşüp gelýär diýmeseň, ol wagtynyň köpüsini ýazuw stolunyň başynda oturyp geçirerdi. Tylla onuň ýagdaýyna gowy düşünýärdi. Ýazuw işi bilen meşgul bolan çagynda çaýdyr kofesine seredäýmese, başga mahallar oňa päsgel bermezdi. Bu onuň üçin endik bolup galypdy. Dogrusy, Batyr basa oturyp işleýän ýazyjylardan hem däldi. Eli degen mahalynda ýazýardy, arasynda gündelik gazet-žurnallara güýmenerdi. Geçen üç günüň içinde bar ýazany on–on iki sahypadan aňry geçmändi.
Batyryň her bir ýazjak eseri hakda gelni bilen pikir alyşmak endigi bardy. Gelnem bagtyndan düşbüjedi, ýüregindäkisiini aýdardy, bilmeýän zadyny boýun alardy. Atasy öýüne baryp garry mamasyndan eşiden gyzykly,täsin zatlaryny welin gylyny gyşartman oňa gürrüň edip bererdi. Bilseň, bu Batyra uly kömekdi, begenjinden ýaňa: ”Maňa beren kömegiňi sen bir bilsediň?!” diýen gezegem bolardy. Şoň üçinem atam öýüne gitjek diýse, gelnine garşy bolup durmagzdy.“Garryly öý gazna” diýerdi, derhal onuň bilen razylaşardy.”Käşgä, biziňem ata-enemiz aýatda diri bolup, biziň bilen bileje ýaşap ýörsediler” diýip, mahal-mahal ham-hyýala batardy.Ataly-eneli ýigitlere gözi giderdi.Ýöne näme üçindir, häzirki eseriň näme barada ýazyljagyny ne Batyr gelnine aýtdy, ne-de ondan gelni sorady.Şunluk bilen eser tamamlanýança gelni üçin gizlin syr bolup galyberdi.
Batyryň ata-enesi heniz mekdepde okap ýörkä ýurduny täzeläpdi. Mekdepden soň şähere okuwa diýip gaýtdy. Ýokary okuwa girip, ony hem üstünlikli tamamlady. Iki ýyllyk iş tejribesinem dogduk obasynda geçirdi, doganoglaryňkyda ýaşady. Şondan soň ymyklyja şähere gaýtdy. Şeýdibem “Ýetim oglan öz göbegini özi kesermen” boldy. Işe ýerleşdi, işde-de Tylla atly gyza göwün berdi. Olaryň sulhy alyşdy gitdi. Bir günem Tyllanyň ata-eneleriniň ýardamy bilen goş birikdirip, toý tutdular. Tyllanyň ata-enesi salyhatly, il sylagly, pukara adamlardy. Olaryň ýalňyz gyzlary üçin gaýgyryp goýjak zatlary ýokdy. Gyzynyň özbaşdak öý tutunmagyna-da, öýleriniň iç-goşuna-da kömek etdiler. Olar edil gyzlaryny gowy görüşleri ýaly giýewlerini-de öz ogullaryndan kem görmeýärdiler. Onsoň Batyr hem olara ata, ene diýip ýüzlenýärdi, olary öz pederleri hasaplaýardy.
“Şowhunyň” mähellesi gün-günden köpelýärdi. Batyr muny naharhana baranda duýýardy. Täze-täze adamlary görýärdi. Olaryň arasynda ýaşy ýetmişi sermeläp ýören bir adam oňa tanyş bolup göründi. Soň onuň öz obadaşlaryndan biridigini aňlady. Ýöne on-ýigimi ýyl bäri şäher ýerinde oturansoňlar bu adamy görmänligine köp wagt bolupdy. Baba aga welin tanamazça däldi, şol bir bolşudy. Ol uzyndaan daýanykly, eti bitin, gurat, sagdyn diýilýän adamlardandy. Köplenç olar günortan naharynda gabat gelişerdiler. Batyr her gezek oňa salam bererdi-de, uzak eglenmänem duşundan geçip giderdi. Bir gün welin öňünden çykan ýaşula hemişekileri ýaly salam berip geçiberjek bolanda, ýaşuly ony saklady:
--Ýaş ýigit, birsellem aýak çek! – diýdi. – Her göreňde salam berýäň welin, biz ozal tanyşmy? Aslynda sen nireli borsuň?
Batyr birneme çekinjeňlik bilen gepledi.
--Ýaşululara salam bermek çagalykdan öwrenen edähedim. Salama edep başy hem diýýärler. Aşgabatda oturýan, bu ýere maşgalam bilen gaýtdym. Onsoňam men sizi tanaýan. Siz matematika mugallymymyz Oraz Aşyralynyň agasy, özem käriňiz çopançylyk bolmaly.
--Bir akardan diýsene, obadaş bolýas. Sen onsoň kimlerden? Tanamadym, ataňa kim diýerler?
--Men Sähet mugallymyň ogly. Adyma-da Batyr diýýärler.
--Boldy, boldy. Hakyt Sähet pahyra çalym edibem otyrsyň. Uly ogly bolmaly, atasynyň adyny dakynan ogly bolmaly. Özüňem çakym-çak bolsa, galam ujundan çörek iýýän bolmaly. Bildim gerek?
--Hawa, ýaşuly, siz mamla.
--Sähet mugallymy Sumbar ýakasynda tanamaýan az-azdyr. Ol baryp 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň gazaply ýyllarynda ýediýyllyk mekdebi tamamlap, gündizlerine okuwçy okadardy, agşamlaryna bolsa uly ýaşly adamlara sapak bererdi. Menem okadypdy. Körpeliginden maýyp bolansoň ony urşa almandylar. Ol ömrüni mugallymçylyga bagyşlady. Haýp, heniz altmyşyny doldurmanka-da, dünýäden ötdi. Ol gowy adamdy, gowy mugallymdy, ökde aýdymçydy, sazandady.
--Sag boluň, ýaşuly. Kakamy ýagşylykda ýatladyňyz. Taňryýalkasyn.Siziň maňa bir meselede kömegiňiz gerek boljak.
--Nämäniň kömegi, oglum?--Baba aga bäş-üç gün bäri päki degmedik ýaňagyny sypady.
--Häzir men uly bir eseriň üstünde işleýän. Ol oba durmuşy bilen bagy. Size duşanym gowy bolaýdy. Siz bolsa oba durmuşyna belet. Meniň bolsa görmedik-eşitmedik zatlarym bir ýa iki däl. Olar müňder-müňder bolup gursagymda goş basyp ýatyr. -- Batyr Baba aga aşhana barýan ýoluň ugrundaky oturgyja elini salgady.--Ýaşuly, geliň, şu ýerde birsellem oturalyň.
Olar oturgyja geçip biri-birine golaý oturdylar.
--Baba aga, siz häzirem işleýäňizmi?—diýip, Batyr gürrüňe geçdi.
--Hawwa-la. Mal yzynda gezip ýörenime elli ýyl töweregi bolandyr. Şükür döwletem tapdym. Men sährasyz, dagsyz-deresiz oňamok. Meni ýaşadýanam şolarmyka diýýän. On bäş gün dowar ýanynda bolup, oba gelýän. Obada ýüregim gysýar. Üstesine, gelnejeň ýurduny täzelänine-de esli ýyl boldy. Men ýene-de sähra dolanýan. Sähra meniň öýüm, ol meni ýaşadýaram, ýaşardýaram. Birmahallarky ýaly üýşüp ýatan möjekdir şagallaram ýok. Kömekçi itlerim bar.
--Baba aga, size bakýan dowaryňyz müňden aganam bolsa, siz olary birin-birin tanaýarmyşyňyz diýýärdiler. Şol dogrumy?
--Dogrudyr. Hatda hususy janlysyny tapman ýören adamlaram bar. Onsoň maňa: „Sürüden plan hili janlymyzy, geçimi, goýunmy, erkeçmi-maň, tapawudy ýok, gözleýän, tapamok” diýseler, bes. Men onuň nirede ýatanyny ýa otlap ýören ýerini dessine salgy berýän. Birentegini ýüz-gözlerinden tanasam, käbirelrini gulagyndaky tagmalardan tanaýan. Bir gezegem tötäntlikde agyr süri goňşy obaň dowar sürüsi bilen garyşdy. Olary aýyl-ýayl etmek näçe güne çeker öýtdüler. Men welin sähel salymyň içinde özümkileri saýhalladym. Bu meniň kesbim kärim ahyryn. Islendik kärdäki adama, wagtal-wagtal howasyny täzeläp durmak gerek, bu saglyk üçin örän peýdaly. Deňiz howasyndan dem alaýyn diýip gaýtdym. Ýylda bir gelýän. Şükür saglygymdan zeýrenemok.
--Baba aga, siz maňa perişde bolup sataşdyňyz. Eger kyn görmeseňiz, giçlik bolýan ýeriňe barsam...
---Onuňam bir kynlygy bormy, köşek. Gel, bilenim-ä aýdaryn.
--Sag boluň, men hökman siziň ýanyňyza aýlanaryn.
Bu wakadan soň bir hepde wagt geçipdi. Batyr her gün diýen ýaly Baba aga bilen duşuşdy, söhbetdeş boldy. Onuň beren gürrrüňlerini ürç edip diňledi. Bilmedigini sorady, öwrendi...
Gaýtmaly günlerem gelip ýetdi. Batyr Baba aga bilen sagbollaşyp gelýänçä, Tylla hem goşlaryny bir ýerik toplapdy. Batyryň bu gün hasam keýpiçagdy. Asyl bu ýere gelendekisi ýaly däldi, egninden agyr ýük aýrylan iner dek, özüni ýeňil, şähdaçyk duýýardy. Gutarylan işden gül ysy gelýär diýleni çyndy. Şol sebäplem şatlygyny deň paýlaşmak üçin gelnine garap:
--Tyllam, bu gün ganat baglan guşumyzyň pel-pelläp uçan güni. Biz ony hökman bellemelidiris – diýdi.
Tylla hiç zat aňlamady.”Guş, o nämäniň guşy? Bu oglan haýsy guşuň gürrüňini edýärkä? Deňiz guşy bolsa-ha, arkaýyn bolsun, ol sypjykdyr, tutdurmaz!” diýip, içini gepletdi. Şondan soňam esli wagt adamsynyň ýüzüne tiňkesini dikip,egnini gysdy, onuň aýlawly sözlerine düşünmän, äm-säm bolup otyrdy.
Hakykatdanam Batyryň guşy uçupdy. Ol häzir uly buýsanç bilen nokat goýan ýazuw stolunyň üstündäki pytraşyp ýatan golýazma kagyzlaryny bir ýerik çogdamlap, tertibe salýardy. Ara düşen böwşeňligi ýene-de Batyryň özi bozdy.
--Hawa, Tyllam, çynymy aýdýan. Ýogsa, sen guşumyzyň uçurylanyna begenmediňmi?-- diýip, täze bir eseriň golýazmasyny lükgeligi bilen Tyllanyň öňünde goýdy.
Tyllanyň eseriň adynda eglenen gözleri tegelendi, ony bir demde okap çykdy:
--„Saýrak guş”. Powest.
Tylla Batyryň „guşly” meselesine diňe şondan soň düşünip galdy, onuň ýüzi burç ýaly gyzardy, aljyrady. Şol aljyraňňylygy bilenem:
--Men samsygy--diýdi-de, başyny adamsynyň döşünde goýup, pyşyrdabrak gepledi: --Aýdýanyň näme, oglan?! Heý-de men seniň üstünligiňe begenmerinmi? Saýrak guşy aman-sag uçuryp bilen bolsaň, gözüň aýdyň. Ýoly ak bolsun. Onsoňam, saýrak guşlar umydyňy hasyl edýän guşlardan bormuşyn diýerdi atam, goý ol seniňem umyt-hyýalyňa ýol arçasyn!
-- Sag bol.—Batyr özüne gysmyljyrap oturan gelnine hoşwagt nazaryny saldy.
Hekaýalar