16:53 Güýçli derman / satiriki hekaýa | |
GÜÝÇLI DERMAN
Satiriki hekaýalar
Lukmanyñ kabineti. Ol işläp otyr. Syrkaw gapyny çalaja açyp, oña ýüz tutýar. - Girmek mümkinmi, ýoldaş lukman? - Keselli üçin mydama gapymyz açykdyr. - Salawmaleýkim. - Waleýkimessalam, gurgunjamyñ? - Gurgundyrys. - Niräñiz agyrýar? - Birneme, gan basyşam ýokarrakdy-da, geläýdim. Maslahatyñyza mätäç. Lukman syrkawyñ pulsuny barlap, uludan demini alýar-da, başyny ýaýkaýar. - Oh-oh-ho-o! Birneme-sirnemäñ işi däl-le munyñ... Tüýsaterosklerozyñ ärmämmedi-hä sende bar eken, halypa. - Ýok-la. Beýle-hä bolmaly däldir. Özi-hä birneme biynjalyk edýä weli, ýöne "oh-oh-ho-o!" däldir-le?! - Halypa, medde alty ýyl okan senmi ýa men? - Elbetde, sen. - Beýle bolsa, ussañ ýanynda eliñi çek, lukmanyñ ýanynda diliñi çek. Meñ diýenimi ediber, halypa. - Diýmek, onda gan basyşym ýokarrak-da?! - Baý-ba-a. Piliñ gulagynda uklaýañ-ow! Gan basyşyñ 280! Ýok, ýok, 280 däl-le... Aý, umuman, normadan has ýokary-da... - Birneme kelläm agyrjak bolýar özi-hä. - Kelläñ, berekella, egniñde dur. A-haw? halypa, pulsuñy diñläp bir görsene ahyry. Şeýle diýip, lukman keselliñ elini gulagyna eltýär. - Halypa, şu ýere kim bilen geldiñ? - Hiç kim bilen däl, ýeke özüm geldim. - Oý-how, halypa, señ ýüregiñ atyñ kellesi ýaly-how. Gorkman şu ýere ýeke özüñ gelip bilşiñi diýsene! Lukman haýygyp gürleýär. - Gündiziñ güni gorkar ýaly näme barmyşyn?! - diýip, syrkawyñ göwni bir ýaly, parhyna-da däl. - Hah-ha-ha-a! Sen, halypa, gorkmaly diýilse, aýalyndan, gaplañdan ýa başga bir mahlukdan, meselem, döwden, jyndan gorkmalydyr öýdýärmiñ?! Sen öz-özüñden gorkmaly ahyry - diýip, lukman jan edip düşündirýär. - Näme üçin öz-özümden gorkmaly?! Men şeýle bedroýmy? - A-haw, gan basyşyñ iki ýüz... Ýeri, bolýa-da, gorkuzmaýyn-la... Sen, halypa, ýeke özüñ öýüñden ýeke ädimem gitme! - Başga bir syrkaw goñşym bar. Indikide şoñ bilen geläýerin. - Onuñ keseli näme? - Olan gan basyşyndan ejir çekýär. - Ýo-ýo-ýok, onuñ ýaly bilen ýoldaş bolma. Sen ýykylsañ, olam çaşar. Onsoñ ikiñizem ýatan bir läş-dä. Bir-biriñize delalatyñyz ýetmez. - Ýykylybermeli bormy?! - diýip, syrkaw geñ galyp soraýar. - Hawa, ýykylybermeli bor, halypa. Bizem medde alty ýyllap saman iýemzok, "neud" bilen igenç iýdik. Menden saña maslahat, eger ýykylaýsañ, ýoldaşyñ kelläñi ýerden götermesin, tabşyryp goý. Kellä gan ýetmese, çörekden öýkelärsiñ. Çörek diýlende ýadyma düşdi. Halypa näme iýýäñ? - diýip, lukman çynlakaý görnüşe geçdi. - Göwnümiñ islän tagamyny iýäýýän - diýip, syrkaw ýylgyrdy. - Weý-weý-weý, medisinadan başy çykmaýan adamdygyñ belli-dä. Halypa, sen hiç zat datma. Diñe günaşa ýa üç günden ölmezödi... Ýok, ýok, gowusy zat datma. Eger-eger duz dadyjy bolma. - Piwo, arak, çilim... Olaram goýmaly bormuka?! - Oý-oý-oý, adyny tutma. Eýýäm meñ gaharym gelip başlady. Şeýle diýip, lukman çilim otlanyp çekdi. - Arak, piwo içilýän ýerde, çilim çekilýän otagda duran özüñ bolma. Zut gaçyber. Ýer tükenýänçä gaçyber. - Nirä?! - diýip, syrkaw parhsyz sorady. - Nirä diýýäñmi?! Çöle, düze. Iñlär siñegiñ ýok ýerine. Ýeke özüñ gez. Ýok, ýok, ýeke-de däl. Bäş-on sany toklyny bakan bol-da ýandaklykda hiñlen-de geziber. Süriñ sap goýun bolsun, arasynda geçi bolmasyn. Geçi şeýtan, ekinçi bolýar. Onsoñ gaharyñ ger. Ýok, ýok, ýeke özüñem uzak gezme. Ýüregiñ gysar - diýip, lukman öñki aýdanlaryny inkär etdi. - Toýa-tomga, ýasa... - diýip, syrkaw lukmana soragly nazar aýlady. - Oh-oh-oh-ho, göwnüñ isleýän zady kän-ow, halypa. Toý, ýas beýlede dursun, iki adam duran boksa, ýanyna üçünji bolup barmagyn. - Toý bir şadyýan zat... - Saña şatlanmak, begenmek asla bolanok. - Ýas ýerine barmak borjumyz... - Señ borjuñ öz öýüñi ýas ýerine öwürmezlik; düşnüklimi, syrkaw. - Men öýümde arkaýyn oturyp bilerinmi?! - Ýok. Aýalyñ, çagalaryñ ýanyna barma - diýip, lukman ýetişibildiginden resept ýazyp oturyşyna aýtdy. - Aýalym oñat, parahat... - Eger Agaýunus peri-de bolsa ýanynda görünme. Men indi saña, ine, dokuz dermana resept ýazdym. Señ keseliñ hatarly, howply. Ateroskleroz, stenokardiýa, infarkt miokarda... - Ähli eşretlerden mahrum edeniñe görä, maña ýene bir "derman" ýazyp ber-dä! - Besdir, halypa, kän bir dermana topulmazlar. - Şol diýen dermanymy ýazaýsañyzlañ, haýyş edýän. - Ol diýýäniñiz güýçli dermanmy?! - Gaty güýçli, müñ-de bir keseliñ emi-dä. - Haýsy dermanhanada bar? - Hojalyk harytlary satylýan dükanda. - Nähili derman-aý ol?! - diýip, lukman geñ galyp sorady. Syrkaw çyna berimsiz edip: - Oña bir gulaç ýüp diýilýär. Men ýasa, toýa baryp bilmejek bolsam, aýalymyñ, çagalarymyzyñ ýanynda bolmajak bolsam, ýañky ýüp gerek bolar - diýdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |