10:41 Guýy we umman / tymsal | |
Günlerde bir gün bol suwly guýyda önüp-ösen gurbaganyň ýaşaýan guýusyna başga bir gurbaga jülp edip böküpdir. Guýyda ýaşaýan gurbaga bada-bat kellesini suwdan çykarypdyr-da, özüniň “wak-waklaýan” dilinde keseki gurbagadan sorapdyr:
Halk döredijiligi we rowaýatlar
-Sen kim? Nireden geldiň? Oňa çenli biraz demini dürsemäge ýetişen keseki gurbaga äwmän-alňasaman guýyda ýaşaýan gurbaga jogap beripdir: -Men äpet Ummanyň kenara ýakyn ýalpak ýerinde ýaşaýardym welin, şu gün irden ummanyň göwsünden gelen güýçli tüweleý meni öz holtumyna dolap alyp getirip-getirip şu ýerde taşlady. Onsoň menem suwsuz tebsiräp barýandygym sebäpli suwuň ysyny aldym-da şu guýynyň erňegine çykyp, içine özümi oklaýdym. Ömrüne, dogup-döräp öz guýusyndan çykyp görmedik guýy gurbagasy keseki gurbaganyň aýdýanlaryna juda geň galypdyr: -Mbäh! Umman diýýäňmi?! O diýýäniň näme bolýar? Onsoňam ol umman diýýän zadyň meniň şu guýymdanam çuňmy? Keseki gurbaga guýy gurbagasyna nädip düşündirjegini bilmän sakynyp durupdyr: -Jora, men saňa ummanyň nähili çuňdugyny nädip düşündirsemkäm? Saňa düşündirmek üçin ummanyň çuňlugyny deňeşdiräýer ýaly bu ýerde laýyk ölçeg hem ýok ahyry?! Guýy gurbagasy şonda: -Häzir men saňa deňeşdirmäge ölçeg beräýerin!-diýip guýunyň düýbüne tarap iki garyş aşak çümüpdir-de, suwuň aşagyndan “bulk-bulk” edip sorapdyr: -Şundan çuňmy? -Hawa, elbetde mundan çuň!-diýip keseki gurbaga jogap beripdir. Guýy gurbagasy guýunyň suwunyň ýarysyna çenli çümüpdir-de: -Şundanam çuňmy?-diýip gatyrganyp sorapdyr. -Hawa, mundan has çuň!-diýip keseki gurbaga jogap gaýtarypdyr. Gahary gelen guýy gurbagasy bat bilen guýunyň düýbüne çümüpdir-de: -Şundanam çuňmy?-diýip gygyrypdyr. -Hawa, çuň!-diýip keseki gurbaga jogap beren badyna guýy gurbagasy dergazap bolup onuň üstüne heňkirip başlapdyr: -Ýalançy kezzap, bar onda sen şol öz çuňňur ummanyň ýanyna ýok bol! Heý, ýeriň ýüzünde şu giden guýudan äpet, şu guýudan çuň zadam bir bolarmy? Käbir adamlaram edil şu guýy gurbagasy ýaly, ýeriň ýüzünde öz ýaşaýan guýularyndan özge zat bardyr öýtmeýärler. Şeýle adamlara gep düşündirjek bolsaňam sen-ä ýalançy kezzap bolýarsyň, olaram hakykat ylymlarynyň iň soňky oýlanyp tapylan we edil ýap-ýaňyja satlyga goýberilen, kirpikleri gyrpmak arkaly işledilýän IPHONE-27-si bolup görünýärler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |