23:21 Güýz gijesiniň oýlanmalary | |
GÜÝZ GIJESINIŇ OÝLANMALARY
Goşgular
Bu meýdanda arzuw meniň ýygýanym, Otlar aýdym aýdýa, berýärin häsin. Senem maňa gargaýamyň, sögýämiň, Wysal bolman bagry ýanan yhlasym. Goý, içikme, kalbym öýden halyçym, Joşgun gaýtdy, kenaryna sygmandyr, Düşün janam, ahyr bir gün göwni üçin, Iň petigaraňam bagty çüwýändir. Güýz gyýylyp takdyrynyň keçdigne, Dökdi ýapraklaryn, egildi başlar. Näderin bilenok ýalaňaçdygna, Namys edip telbe bolan agaçlar. Yhlasym uklapsyň, hany aýdymyň, Göýä güýz gijesiniň armany deýin. Bir ýerlerden sesi gelýär tüýdügiň, Oýan dünýäm, gözleriňe döneýin! Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |