23:35 Güýz hakynda gyşda ýazylan goşgy | |
GÜÝZ HAKYNDA GYŞDA ÝAZYLAN GOŞGY
Goşgular
Pasyllaň depesinden gurup täsin bir ýoly Her bir ädimi bilen ýatlar ýaly yz goýup Geldi, akyl käsesi pikir-paýhasdan doly Bir pähimdar gojanyň sary çäkmenin geýip Goýy-agras reňke boýady ol her güni, Bereketden doldurdy, diýdi: «Galmasyn boşluk!...» Gaçdy gitdi baharyň beren ýaşlyk ýelgini, Gitdi yssy tomusdan bize ýolgan gyzmaçlyk. Paýhas bilen doldurdy olaryňam ýerini, Jomartlykda aýlanyp taý tapmady özüne. Arly ýyllap daýhanyň döken maňlaý derini Müň nygmata öwürip, gaýdyp berdi yzyna. Togsan günläp ir turdy, togsan günläp giç ýatdy, Tapdy eziz topragmyň gizläp goýan humlaryn. Çeşmeleriň suwuna şeker gatdy, bal gatdy Süýjlikden gandyrdy bagşylaň aýdymlaryn. Ganat baglap, uçurdy şahyrlaryň gazalyn, Garaz, eden işiniň goýmady ol hatasyn. Ýaz gününde sataşan ýigit bilen gözeliň Birleşdirip ýüregin, gyýyp berdi nikasyn! Arman waspyn ýetirmän, diňe arzuw ýüwürdip Gezipdirin ýene men, dişläp galdym hyrçymy Bir görsem, ol ýüzüni geçmiş taýa öwürip Barýan eken egnine atyp boşan horjuny. Görsem, eýýäm howludan uzadyp öz boýnuny. Jyklap duran ekeni ak selleli gyş gelip. Hernä dulumda duran güýzüň beren baýlygny Synlap biraz ynjaldym, dem aldym men hoş bolup. Şolar güýzüň keşbini aýyrmaz göz öňümden, Şolar ýazdyrar maňa güýz hakdaky şygrymy. Güýzüm üçin saklaryn, orun berip göwünden Gyş garydyr ýaz gülün hem tomusyň nuruny. Olam närazy galmaz meger şeýle sowgatdan. Meniň bolsa boş geçen günlem bolar gyr-jynym. Onýança-da güýz geler, ýüklenip müň nygmatdan, Girer, geçer törüme, açar doly horjunyn. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |