15:54 Gylsyrat / powest | |
GYLSYRAT
Powestler
1. Şemşadyň öýünden çykany-da ýaňydy. “Kümüşe gorkak damarymdan tutduryp gelmesem, bu gije ine-gana ýatyp, ukymy alybilmen” diýip, gaýdanyna geçse, birki käse çaý içerlik salym geçendir. - Nireden nädip çykanyny bilemok. Bir görsem, kellesini gazan ýaly edip, agzyndan ak köpük saçyp, ýetip gelýä ýerýuwdan. Ýetse, gabyrdadyp, çeýnejek-dä haram köpek – diýip, ol köçäň o ýüzünde ýaşaýan goňşusy Kümüşiň gaşynda oturyp, takmynan ýarym sagat mundan öň bolan ahwalaty biraz üýtgedibräk, çişirip gürrüň berýärdi. - Bolsa-da, agyz urmandyr. Dişini geçiren bolsa, nätjek? Nanyň bitin, şükür et! – diýip, Kümüş ony köşeşdirjek boldy. Şemşat şükür ederli däl. Äheňi ýumşasa-da, gitdigiçe beleň alýar. - Saňa ýalan, maňa çyn. Aňyrdan ýürekýargynç üýrüp, ok ýaly atylyp gaýdyşyny görüp, imanym göçdi. Guduzlandyr öýtdüm. Asyl guduzlamadygyny kim bilýär? Belli, guduz açandyr. “Mal eýesine çekmese, şumluk”. Eýesi Tüýli-dä. Onsoň iti guduz bolmazmy?! - Eýesine baglymyka ol?! Eýesiz itlerem-ä guduzlaýar ony diýseň – diýip, Kümüş Şemşadyň soňky sözleriniň gaty bir ýapa degmeýändigine delil getirdi. Şu ýerde Kümüşiň Tüýli bilen çalarak garyndaşlygynyň bardygy Şemşadyň ýadyna düşdi. Eýesiz itleriň birnäçesiniň Tüýliniňki ýaly eýeli itlerden has ibalydygy baradaky duza eýelenen sözleri suňşuraýmaly wagty dilini dişledi. Birhowa dymyp, ýasama sypaýyçylyk etdi. - Kimiňkem bolsa, it it bolýa. Bir gün bir işiň üstünden eltse, gowumy? Ýarak köpegi dagyn zynjyrlap goýmaly ahyryn. Şol wagt köçäniň aňry ýüzünden kiçi ogly gulagyna urlan ýaly: - Eje!.. Eje-e!.. – diýip zowlatdy. - Näm bold–uw, bärde men – diýip, Şemşadam oturan ýerinden gygyrdy. Munuň dury hem şaňňy sesine Kümüşiň baş–alty ýaşlaryndaky bimar ýatan gyzjagazy tisginip, ukudan oýandy. Kellesini çalaja göterip, gözlerini açalak–ýumalak edip, ejesini gözledi. Üýtgeşik bir abanyp duran howpuň ýokdugyny bilip, ejesiniňem, ine, ýanynda parahat oturandygyny görüp, gyzjagaz pallady-da, beýlesine öwrülip ýatyberdi. Şemşadyň ogly bolsa şo duran ýerinden gygyryp, habaryny berdi: - Aknur geldi. Saňa basymjak gel diýýä-ä. - Bardym ynha... Haýsy Aknur? – diýip, Şemşat esli aralykdan anyklamak isledi. Ogly Şemşadyň soňky sözlerini eşitmedi. Çapadaňlap, zut gitdi. - Eşitmedi-dä, kellesi kesilen! – diýip, ol käýindi-de, Kümüşi gyssady: - Bol, gyz, derrew tutup ber, gideýin. Soň kime gönükdirilenligi mälim bolmadyk äheňde: - Haýsy Aknurka, gyz, ol? Näm iş bilen geldikä? Öýden çykanymam-a şu wagt – diýip, hümürdedi. 2. Aknur adyny göterýänler onçakly köp-ä däl. Çagalary hasap etmäniňde, bütin aýal–ebtadyň içinde bary–ýogy üç sanysy bar. Olaryňam biri ne eýläk, need beýläk. Üçlüge degişlem, degişli dälem. Ýagny, asly goňşy obadan bolup, bu obanyň mekdebine gatnap, mugallymçylyk edýär. Çagalara hasap–hesip ugrundan okuw öwredýär. Saçyny ýygnap, başyny boganyna on ýyl bolan-da bolsa, ol bary–ýogy iki çaga – bir ogul, bir gyz dogrupdyr. “O ne beýle az?” diýip, bu ýagdaýdan bihabar oba aýallarynyň käbiri geň galýar. “Ind-ä asylam dogurjak däl diýýä. Iki çagany adam edip, sürä goşubilsem, armanym ýok. Az bolsun, uz bolsun diýýä” diýip, Aknur mugallyma bilen bile işleýän bir gelin düşündirýär. “Indikileň hemmesem şeýle. Dogurmany ýaman ýokuş görýärler” diýip, başga bir aýal gürrüňe goşulýar. “Dogry edýär. Dogurmak kyn däl, ekläp, saklap, ile goşmakda iş bar” diýip, Aknur mugallymany goldaýan hem tapylýar. Aýallaryň hemmesi bu pikire hä berenok. Kä halatlarda Aknur mugallymanyň iki çaga dogrup çäklenmesi, bu babatda belli–külli çözgüdi hakyndaky gürrüňler dyzmaç aýallaryň arasynda uly jedelleriň döremegine hem sebäp bolýar. Beýleki Aknur Mämmet uzynyň gyzy. Özi-de heniz durmuşa çykmadyk gyz. Oba aýallarynyň kepil geçmegine görä, bu gyz üçin bu çaklarda sözaýdyjy bolup gelýän ýok. Çünki Aknur indi otuz üç ýaşapdyr. Töweregi çolaryp, sawçysy sabapdyr. Ýaman ýeri, şu çaka çenli eli saçakly gelenleriň uçdantutma hemmesiniň hokgasyny öňlerine oklanam bu gyzyň özümiş. Onuň-da özüne ýetik, dürli–dürli sebäpleri, bahanalary barmyş. “Bahanasy bolsa, otursyn şeýdip tulaty. Garrasyn! Hüýr gyz bolup, o dünýede öňümizden çyksyn!” diýşip, onuň birmahallar bir mekdepde bileje okan, häzir dördünjimi, bäşinjimi, çagasyny emdirip oturan köne joralary garaçynlary bilen gatyrganyşýarlar. “Maňlaýy açylýan däldir. Maňlaýy açylmasa, o görgüli nätsin?” diýip, içinde haýpy gelýänem bar. “Dogry edýäň. Är gerek däl. Gara bagryňy gan etjek biri maňlaýyňdan çykaýsa, gül ömrüňi tüssesiz ýakar” diýip, ärden ýanyp ýörenleriň ýek-ýarymy öz ýanyndan akyl hem satýar. Mämmet uzynyň gyzy Aknuruň özünden kiçi oglan jigileriniň ikisi bireýýäm öýli–işikli bolup, üçünjisem alty aýdan bäri bir gara gaş gözeliň näzini çekip ýör. Iň kiçi gyz jigileri bolsa, geçen ýyl mekdebi gutaryp, iki aýdan bäri başga obaly bir oglan bilen Aşgabat diýen ýaly uzak bir şähere gaçyp gitmegiň kül-külüne münüp ýör. Çaky, oglan tarapyň ene–atasy bularyň kiçi gyzlary üçin gudaçylyga gelip, kowulan bolarly. Mämmet uzynlar bilen goňşuçylykda ýaşaýan aýallaryň üçüsi birki günlükde edil dil birikdiren ýaly täze bir gürrüň tapdylar. Oturymy şäherli gartaşan bir aýal özüniň telpegagan ogly üçin Aknurlara at tezegini guratman gudaçylyga gatnaýarmyş. Ejesi şäherli aýala ýyly söz berse-de, Aknur kes–kellam göwnemeýärmiş. Oňa özi bilen ýaşytdaşrak, boý oglan gerekmiş. Göwün diýen ýigidi tapylýança entekler ejesiniň dulunda oturjakmyş. Öz diýeni bolmasa, asla durmuş gurmak pikirinde hem ýokmuş. “Bahasyny bilmez gyrnak!” diýşip, bu habary eşiden oba aýallary Aknura gaýybana käýindiler. Aknurlaryň üçünjisi saçyna ak çozan oral aýal. Onuň biri–biriniň söbügini basyp gelýän bäş ogly bilen bir gyzy bar. Uly oglunyň adyna Kasym diýýärler. Kasymyň gulagy agyr. Gygyryp aýtmasaň, eşidenok. Şol sebäpli gaty bir zerurlyk ýüze çykmasa, onuň bilen mesawy gürrüň edýänem ýok. Bir zat hakynda sorasa-da, köplenç gysgaça jogap berýärler. Jogabyny hereket bilen aňladýan hem bar. Şeýle bolansoň, ol dünýäni gözi bilen diňläp, dürli oý-pikirleriň ummanynda öz-özi bilen gürleşip ýör. Käte elipden şermende halyna kitap hem okajak bolýar. Emma käbir nätanyş harplar onuň kitaba bolan ojagaz höweisni gaçyryp goýberýär. Baryp-ha mekdepde okaýan döwürleri “Mugallymalaryň hiç biri-de Kasymdan sapak soramaýarmyş” diýip, agyz dolduryp, gürrüň edýärdiler. Hamana, günde mekdebe baryp, garagolluk etmän, boş parta saklap gaýtsa, mekdep müdiri-de kaýylmyş. Kasymyň özi bilen bilelikde ene–atasy-da bu ýagdaýdan nägile dälmiş. Şol döwürde mekdebiň ähli okuwçysynyň Kasyma gözi gidýär diýýärdiler. Täzelikde oba arasynda hakykata juda golaý bir “myş” ýaýrady: Kasymyň ejesi Aknur bilen kakasy Atalyk özleriniň gulagy agyr ogullary üçin gelinlik gözleýärmişler. Entek sorap-idäp, belli–külli baran ýerleri bolmasa-da, olaryň derek ýaly, synasy sagdyn, üşükli gyz taparys diýen umytlary-ha ýokmuş. “Umytlary bolanda-da, olara synasy sagat, menikli maşgala tapdyrmaz. Kasymyň özi bilen dertdeş, ker ýa-da güň gyz gözlemeseler bolmaz” diýip, obada gürrüň edip başladylar. 3. Gudaçylyk gürrüňi gysgadan dartgynly boldy. Aknur heniz habaryny doly berip–bermänkä, Şemşat öwhüldäp, oturan ýerinden ot alyberdi. - Toba–toba, toba–toba! Goýaweri, goýaweruw!.. Waý-eý, duluňda oturan Aý ýaly, allanäme gyzyňy bir kerruh üçin sorap otursalar, hiý, ölermiň, ýitermiň?! Goý-uw, agzyňdan al kaksyn, goý! – diýip, Şemşat ýakasyny tutup, ör-gökden geldi. Aknuryň ýüzi ogurlykda tutulanyňky ýaly boz-ýaz boldy. Ol öý bikesiniň ýüzüne seredip, gürlemäge ýaýdandy. Kesä bakyp: - Aý, näme, “Garganyň gaz balasy, her kimiň öz balasy”. Diläb-ä almandyk o derdi. Ýokarkyň beren emgegi, nätjek, başymyzda bardyr-da. Onsoňam “Müňüsi geler, nesibeli alar” diýipdirler – diýdi. Şeý diýip, Aknur Şemşadyň birneme badyny alyp, aýalçyradaryn öýtdi. Şemşatmydyr haýalçyrajak?! - Onda-da, jan dogan, hiý, şuňňaly masgaraçylyk bormy?! Heýem bir şeýdip äsgermezçilik edilermi?! Goýawer-uw, il bir eşitmesin... Waý-eý, bar işiňi taşlap, çynyň bilen şuň üçin geldiňmi? Ýa biri üstümizden gülmek üçin bilgeşleýin ugratdymy?.. Ullakan heleý halyňa utanmadyňmy, uýalmadyňmy? Ýurdy alahekge soranda-da, seň bi edip oturan gürrüňleriň ymmata sygjak zat däl-ä. Daş edewersin!.. Mazaly ýüzi alnyp, dalanan Aknur öňden taýynlap goýan sözlerini baryny ýadyndan çykardy. Diýere gep tapman kösendi. Şular ýaly ýere Orazgül ýaly baran ýerinde sözi geçýän, bir gepiňe on gep bilen jogap berip bilýän, howalasy belent, edenli heleýi alyp gaýtmanlygy üçin özüne gahary geldi. Bir tarapdanam ýeke gaýdyp, bu söwdany ilden ýaşyryn edýändigine şükür etdi. Bular ýaly ýerde ýoldaşly bolsaň, saçagyň açylmanlygy şol günüň özünde galyň uzyn eteklä gürrüň bolar. Adyň ile dolansoň, indiki açjak gapylaryňy müýnli kakarsyň. Asyl gapy kakasyň gelmez. Aknuryň ady entek ile dolanok. Ol bu pikirinden kanagat tapdy. Şol bir wagtyň özünde-de başy çaşdy. Gep ugrunyň hanjakdygyny aňşyryp bilmän kösendi. Şemşat bolsa meseläni bireýýäm Aý dogan ýaly edip çözüpdi. Bu gürrüňlerden soň guda bolunmajagy köre hasa. Ýyly söz berjek heleý biraz sypaýy gürlärdi, gepiňi doly diňlärdi. Iň bolmanda çaý-paý goýardy. Kakmaly gapyňy ýalňyşaýdyň öýdýän, Aknur! Bu ýerden tiziräk garasyny saýlamalydygyny, eglense, eýgilik ýokdugyny, Şemşadyňam gitdigiçe bujurygynyň artýandygyny bilse-de, Aknur göni tutup gaýdybermegiň ebeteýini tapmady. Aljyrap: - Nämeden utanmaly? Her kimiň öz deňi-dä – diýdi. - Gyýw, sen indi biziň deňimiz bolduňmy? Waý-eý, Hudaý-eý, adam özün bilmez, ham-hyýal bolar. Utan-a, senem öz ogluň ýaly ker gözle, lal gözle, juda bolmasa, ötmän oturany ide! – diýip, Şemşat Kasymyň ejesiniň al–petinden aldy. Diline gelen şo boldy gerek, Aknur: - Siziň gyzyňyzam neme däl-ä, o diýen bir dokuzy düzüw däl-ä – diýdi. Şundan soň-a Şemşadyň hasam perzi üýtgedi. Eli, aýagy titräp, bütin endamy saňňyldamaga başlady. Bereketli ýüzi bir agardy, bir gyzardy. Ol gözlerini agdar–düňder edip oturyşyna: - Waý, asyl bi heleý meň bilen sögüşmäge gelen eken. Dost-duşmany güldürip, millete ryswa edäýdi-dä. Waý, näme etsemkäm indi men?.. Turawer-uw, gözümiň öňünden üýtgäwer-uw! Hakyt ile–güne masgara bolduk-da... Anha, saçagyň, anha hokgaň, anha-da, gapy! Çykawer-uw çaltrak – diýip, ellerini işige garşy salgap, bolmajysy boldy. Şeýdip, Kasymyň ejesi Aknur birinji baran ýerinden kowuldy. 4. Tüýliniň itiniň Şemşady gorkuzanlygy baradaky gürrüňler mazmun taýdan üýtgedi. Agşamlyk bu gürrüňiň bir tarapyny myjabata ýanap: “Şemşadyň üstüne iti asyl seň özüň küşgüren ekeniňä” diýen görnüşde Tüýlä ýetirdiler. Muny eşidip, Tüýli görgüli gyzgyn çägäniň üstünde aýaklaňaç ýöreýän adam ýaly zowzanaklaberdi. - E-eý, duruň, duruň! Töhmet atmaň! Töhmet erbet zatdyr. Kim ýaýradyp ýör bu gürrüňleri? – diýip, ol gözi bilen gören zatlaryny aýdyp berdi. – Şemşat gelnejemiň beýle diýmedigini anyk bilýän. Sebäbi ed-dil şol wagt men hajathanada otyrdym. It üýren wagty hajathananyň işigindäki kiçijik deşikden jyklap gördüm. Görsem, Şemşat gelnejem öň etegini dişläp, ala-basga düşüp, ylgap barýar. Bärdenem, ine, sapandan sypan ýaly Goňurja okdurylyp barýar. Ilki menem pikir etdim, “Häk, Şemşat gelnejemiň agzynda uçuk gaýnatjag-ow biý-ä” diýip. Ýöne Goňurjamyň adama degmek häsiýeti ýok. Kän bir üýrüp ýören item däl bi. Oraz çepbe ýaly halys jyny almaýan ýeksurunlara yňranaýmasa, gyzdan gylykly, ýuwaşdyr janawer. Ine, onsoň seredip görsem, aňyrdan Şemşat gelnejemiň ala pişigi ot alan ýaly gaçyp barýar. Goňurjamyň Şemşat gelnejem bilen asla işi ýok. Gözi diňe pişikde. Mündi ýaňky pişigiň söbügine. Esli ýere çenli kowalap gitdi. Yzyndan ýetenini-ýetmänini bilemok. Ýöne Şemşat gelnejemiň birki gezek büdränini gördüm. Gorkan bolmagy mümkin... Ýak, walla, çala eşidip, çatma ýykyp ýörsüňiz-aý. Siz nä Goňurja näbeletmi? Şemşat gelnejemiň özünden gorkýanyny näbilsin ol?! Biläýende-de, ejize ganymlyk etmez. Haýwanam bolsa, akyly gözündedir. Şemşat gelnejemem, näme, indi bäbege garaşyp ýören ýaş gelin däl. O diýdigim, itden gorkany üçin çagasynyň düşjek gümany ýok. Aslynda it Şemşat gelnejemden gorkmaly... Soň Şemşat tarapdan başga gürrüň getirdiler. - Şol haram köpegi öz elim bilen gynap öldürmesem, içen çaýym suwsan ýerime barmaz. Asyl barmaz. Nädäýersiň, bir dogramça ete iňňe sünjüp beräýsem, iýen ýerinde kakynyp-kakynyp, saň-gaty bolup galaýsa. Men ony hökümediň it atýan adamlaryna aýdyp, ýeke oka tabşyrdybam bilýän. Arz etmeli ýerinem tapýan. Dogtora baryp, it kowalady, özem guduz açan it diýsem, şo günüň özünde eýesi bilen gümlama iberiljeginem bilipjik durun. Gatyrak gidiberseler, gerek bolsa, onam ederin... Şundan soň Tüýli gahar bilen goranyş usulyny saýlap aldy. - Şo heleýe aýdyň, şu sözi üçin şu günden şeýläk meň itimiň özi ölse-de, ýa bolmasa, başga biri ganyna galsa-da, Şemşadyň adyna gidýär. Asyl indiden beýläk Goňurjaň bitiniň burny ganasa-da, Şemşat günäkär – diýdi. - Heleý bilen deň bolsaň, seni heleýçe-de görmezler. Özüňçe bar–ýoguň bolar–bolgusyz gepini eşidip ýörýänçäň, itiňi daňanyň gowy dälmi? Töweregiňde dostdan duşman kän – diýip, Tüýliniň aýaly Aýjemal ärine töwella gatyşykly akyl berdi. Onýança Şemşat tarapdan haýbata ýugrulan täze habar geldi. - Men ojagaz itiň özi ölýänçä garaşyp ýörmen. Menden başga ol itiň ganyna galjagam ýok. O tarapdan-a ýasy ýanyny ýere taşlap, ýaman arkaýyn bolsun, şol haram it öldügi menden görübersin. Işşalla, ajaly menden. Nesip bolsa, sanalgy demi bardyr. Uzak uwlamaz. Bu gürrüňleriň birýan çeti Şemşadyň äri Amanýazyň gulagyna hem ýetdi. O-da öz gezeginde: - Ýer-ow, söwdügim, indi kim bilen name diýişýäň? Özüň-ä şer tapsaň, toýa gitmeli däl sen. Näme-de bolsa, soňy bir düz bolsun! Kimligiňi, nämeligiňi bildirmän yza çekiläýme! Basylaýma! Gidişiber! Diňe öňe! – diýip, kinaýa bilen duzlady. - Waý, goý, sen bir gepleme! Sen gepleseň, içim tüteýär. Arkamy tutup, tarapymdan çykyşyňmy şü? Saňa akyl satyp, many-many gürle diýseň. Wah, gara bagrymy gan edip, dirije ýakan-a sensiň-le meni – diýip, Şemşat şo bada äriniň sesini sem etdi. Garaz, Tüýli bilen Şemşadyň arasynda gaýybana söweş başlandy. 5. Kasymyň öýde öz etmeli işleri bar. Ilki bilen iki sany göleli sygyr hem-de bakyda duran üçýaşar öküz. On-onki sany towugam bar. Ine, şulara ot, iým, suw bermek, ýataklaryny arassalap, dersini çykarmak Kasymyň boýnunda. Mellegi agdarmak, ekinlere seretmek, dökün döküp, suw tutmak ýaly işleri hem Kasymdan başga edýän ýok. Günüň dowamynda iki gezek “Ýüzükýitirene” gidip, galtagy mas ýükläp, mal oty ýygyp gelmelem Kasym. Onsoňam hojalyk bi. Başga-da ownuk-uşak iş çykyp dur. Olaryňam bir gyrasynda Kasym durmasa, bitjek gümany ýok. Käte goňşy-golamlar bir ulurak işiň düýbüni tutsalar, el kömegi diýip, oňa-da Kasymy ugradýarlar. Baýak bir gün Jemşitler täze salan tamlarynyňş üstüni suwanlarynda ýowar etdiler. Şonda Kasym hezil berdi. Suwaýanyň tam bolsa, çekýäniň laý bolsa, onuň ýeňil ýeri-hä ýokdur-la welin, şol gezek bu işiň iň agyr ýerinde Kasymy goýdular. Ol işden basylanok. Işiň agyryna, ýeňiline hem seredenok. Işdir-dä. Edibermelidir. Kasym haýdap ýör. Käte bir Baky gelip: “Ýadan bolsaň ýerimizi çalşaýaly” diýip, gulagyna gygyryp gidýär. Beýleki oglanlar bolsa, muňa eşitdirmän, ýeňsesinden gürrüň edýärler. “Atalygyň şu ogly edil traktor ýaly işleýär. Ýadamany, ýaltanmany bilenok”. “Maňlaýy güýçli bolup, kör düýesi köprüden geçäýse, heleýine iş ýetirmez”. “Muňa heleý bolup geleniň gurdy gündiz uwlar. Sebäbi kim bilen näme gürrüň etseňem, Kasymyň eşitjek gümany ýok”.n “Ýöne muňa heleý bolup geljek tapylarmyka?” “Hawa, tapylar. Gyz bilen duza gytçylyk barmy nä?! Nädersiň, Kasym bir ýerlerden özi ýaly depme ker bir gyzy tapaga-da, heleý edip alaýsa?!” “Ikisem ker bolsa, baý, gyzykly bolar-ow. Göz öňüne getirip gör, bir zady düşünişmek üçin bütin ili örüzip, biri–biriniň gulagyna gygyrşyp dursalar”. “Öňem bir ker bazara barýan eken. Gidip barýarka, öňünden başga bir ker çykypdyr diýýä. Onsoň bärden barýan ker aňyrdan gelýän kerden soraýarmyş: “Bazardan gelýäňmi, how?” diýip. Olam jogap berýärmiş: “Aý, ýok, men-ä bazardan gelýän” diýip. Onsoň bärden barýanam: “Aý, näbileýin, how, bazardan gelýämikäň öýdüp soraýdym” diýipdir diýýä. Ha-ha!” “Muň maňlaýyna ýazylanam özi ýaly bolaýsa, şol iki keriň gününe düşjek-dä.” Eşitmesine-hä bu gürrüňleri Kasym eşidenok. Ýöne duýýar. Özi hakynda ýakymsyz, kemsidiji, ýaňsyly gürrüň edilýändigini oglanlaryň syrly garaýyşlaryndan, batnyksyz gülümsireýän ýüzlerinden görüp dur. Kasym gaýtawul berenok. Olar bilen deň sanaşyp durmaga onuň ýagdaýy ýok. Ýeri, nädip düşünişjek?! Olaryň bir sözi eşidilse, iki sözi gulaga ýetenok. Onsoň gulagyňy tutup, “ä” diýersiň, muňa-da gülüşerler. Kasymyň bir klasda bileje okan oglan klasdaşlarynyň tas hemmesi diýen ýaly öý–işik boldular. Klasdaş gyzlarynyň ählisi gelin bolup, bir öýüň törüni bezäp otyr. Ýok, ählisi däl, Batyr jellabyň gyzy Näzik goňşy oba durmuşa çykyp, bäş aýdan soň aýrylyşyp geldi. Sebäbini bilýän ýok, ene–atasyndan soramaga çekinýärler. Özem bu barada hiç ýerde dil ýaranok. Klasdaş oglanlarynyň biri bolsa, entek öýlenip ýetişmänkä işleýän edarasynda ogurlyk bilen tutulyp, ýyl ýarymlyk türmä diýip gitdi. Gitmedi-de, has dogrusy, äkitdiler. Başga bir oglan klasdaşy sopbaş ýetim. Il içinde egnini gysyp ýör. Eli ýuka, pukara diýmeseň, ulugyz ýaly ýuwaş, oňat oglan. Atly-ýaragly ugruna çykýan ýok onuň. Soňky döwürde oba içinde kän görnenok welin, talap diýip, şähere-beýlekä siňdi öýdýän. Emma, Hudaýa şükür, Kasymyň ene-atasy aýatda diri. Özleri açyk pyşgyrmasa-da, olaryň Kasymy gözli–başly etmegiň ugrunda gezip ýörendikleri kesesinden belli. Deregini başga hiç bir zat tutup bilmejek bu tolgundyryjy hem begençli habary oňa hiç kim aýdanok. Özi ýürejigi bilen duýýar. Ýöne utanyp, bilmediksirän bolup ýör. Duýmaz ýalam däl. Soňky döwürde ejesi onuň egin-eşigine aýratyn üns berip başlady. Baýak täzeje köwüş bilen iňňeden çykma penjek–balak hem äberdi. Ejesi bilen kakasy indi Kasym bilen mähirli, mylakatly gürleşmäni çykardylar. Ejesiniň buýsançdan hem guwançdan doly garaýyşlaryny Kasym günde telim görýär. Kakasam indi oňa öňküleri ýaly ýüz bermän ýörenok. Gürrüňçilikde ýa bir işiň başy tutulanda çagasyradanok. Hamana, uly adam bilen gürleşýän ýaly, çynlakaý gürrüň edýär. Hatda Kasyma maslahat salýan wagtam bolýar. Arada atam eýýamda agaç–ugaçdan ugralla dikeldilip, kim bilýä, ne söwdalary başdan geçiren, indem könelişip, itseň ýykyljak bolup duran mal ýatagy täzelemek barada gürrüň gozgaldy. Şonda kakasy: - Kasymguly! Ýatagymyz-a halys lagşady. Bu gün bolmasa, ertir gürpüldäp gaýdar. Hany, muny näderis? – diýip, çyny bilen sorady. - Muny ýykyp, ýerinden täzesini salmaly – diýip, Kasym teklip etdi. - Wah, on-a özümem bilýän-le. Ýöne nireden salmaly, nähili pormyda bolmaly, şony gowja pikirlenmeli. Kasym täze ýatak barada ozaldan ýüreginde besläp ýören ähli etsem–petsemlerini orta goýdy. Kakasam häsini berdi. - Ýerini beýgeltmeli! - Hökman beýgeltmeli. Zeý çykmaz ýaly gowy bor. - Kerpiçden salmaly! - Hawa, bişen kerpiçden etmeli. - Ulurak, giňiräk bolsa... - Dogry aýdýaň, soňlugy bilen maly köpelderis, giňişiräk etmeli, dar bolmasyn. - Towukketegem aňryk göçürmeli! - Onsoň? - Hajathanaň ýerinem üýtgetmeli! - Hajathanaň özünem täzelemeli bolar. - Gowaçanam bu ýere däl-de, ana, hol ýere basmaly! - Dogry. Dogry şo. Nesip edenden şeýtmeli. Kasym kakasynyň soňky sözlerini aýyl–saýyl eşidenok. Ýöne kakasynyň ýüz-gözündäki, hereketlerindäki makullaýjy alamatlary görýär. Indi ejesiniňem gepi–sözi üýtgäp, birhili dili süýjäpdir. Kasymyň boldumluja göwresine, uzyn boýuna guwanyp seredýänligi bes–belli. Muny görmese-de, Kasym duýýar. Garaz, öýerjek bolýarlar. Nirä barylýa, kim üçin söz aýdylýar, belli däl. Ýöne gelinlik gözleýänleri çyn. Öňler-ä gelinlik diýlende nämüçindir Kasymyň göz öňüne goňşulary Kerwen agaň kiçi gyzy Akmaral gelerdi. Öz ýanyndan başa bararyndan barmazy ýakyn hyýaly söwda baş goşardy. Soň bir sähetli gün Akmaraly daş oba durmuşa çykardylar. Şonda Kasymyň ýüreginiň bir gizlin ýeri çalaja “jigg” edip gitdi. Bolany. Başga hiç zat üýtgemedi. “Guly hyýal öldir” diýen ýaly, Akmaral baradaky bitjegi-bitmejegi gümana bir kör islegiň ýesirliginden boşap bilmedi. Çendan atasy öýüne görüşmäge gelýän Akmarala pynhan–pynhan seretmesi-de şoň üçin. Aýal edinmek, öý–işik bolmak, güzeran dolamak barada Kasymyň öz pelsepesi bar. Pelsepede däl ol, häki bir hyýal ýüwürtme. Gelinlik diýlende Akmaral gözüniň öňünden üç hatar geçip gidýär. Öý diýlende ýene Akmaral. Biş–düş edip, öýe serenjam berip, girip–çykyp ýören, ýaşmakly–zatly Akmaral. Güzeran agzalanda ilki bilen hyýalynda bir süri mal janlanýar. Soňam güžžüldedip, sygyr sagyp oturan Akmaral. Akmaralyň bu zatlardan bihabardygy, hatda Kasym diýen biriniň bary-ýogy hakynda birjigem pikir etmän, göwni bir ýaly gezip ýörmegi bu gulagy agyr oglany käte kejikdirýär. Käte bolsa bu pikirlerini Akmaralyň duýaýmak ähtimallygy gorkuzýar. Kasym o diýen gorkak bolmasa-da, çekinjeňdi. Eýse, Kasymyň ýerinde bolup, Akmarally meselede gorkmajak barmy? 6. Şemşadyň oturyp–turup mazasy bolmady. Ol öýünde karar tapman, Kümüşiň ýanyna gitdi. Gapdal goňşularynyň ikisi bilenem Şemşadyň weji ýok. Sag tarapky goňşulary bilen-ä asyl gatnaw hem edenok. Barmyňam diýenok. Onuň bilen haçan nämäniň üstünde dawa edip, tersleşendigi Şemşadyň ýadyna aýyl–saýyl düşenok. Çaga üstünde bolaýmasa. Çep gapdalyndaky goňşusy bilen bolsa enteg–ä çürt–kesik tersleşenok. Arada tersleşäýmeli hem boldy. Şemşat bu goňşusynyň ýanynda Güjük agalaryň ortanjy gelni Dürnabat barada aýtmasyz, ýakymsyz bir gürrüň edipdi. Özünden toslamandy. Ilden eşidenini aýdypdy. “Bilmedik bolgun, gyýw. Onda–munda ýaňrap ýörme. Gürrüň şu ýerde galsyn” diýibem birki gezek berk sargyt etdi. Bi albassy heleý bolsa Şemşatdan eşidenlerini şo günüň özünde gyzgyny bilen Dürnabada ýetiräýse nätjek?! Aýdylan gürrüňi gylyny gymyldatman ýelmemek gowy däl, bu darsdaban, ataýry heleý onam etmändir. Birgiden bolar–bolgusyz zatlary toslap, goşup, Şemşadyň diýmedik, hatda kellesine gelmejek gürrüňlerini diýdiripdir. Dürnabat bilen gyrlyşdyrjak bolýanlygy bes-belli. Niýeti gowy däl. Gepçi, arabozar, görip! Ýene Şemşat geçirimlilik etdi. Dübläp, üstüne barmady. Tersleşmedi. Heňkirip, içini sowatmak üçin dili gijäp, içi byjyklap duran-da bolsa, goýberen hatasy sebäpli hyrçyny dişledi-de, oturyberdi. Arman çekdi. Örtendi. Goňşusyny welin, mazaly tanap goýdy. Ozalky endigi boýunça ol Kümüşiň ýanynda-da ilki goňşularyndan zeýrendi. Esasanam araky myjabaty üçin çep gapdalyndaky goňşusyny Hudaýa tabşyrýandygyny gaýta–gaýta ýanjady. Soň Kasymyň ejesi Aknuruň üstünden düşdi. Ýok, Aknurly gürrüňi özi başlamady. - Hol günki gelen haýsy Aknur eken, gyz? – diýip Kümüş gyzyklandy. - Haýsy Aknur bor öýdýäň?! Ynha, şü gaýraky Atalygyň heleýi Aknur. Şemşat Kümüşiň “O nämeüçin gelipdir” diýen soragly garaýşyna sorag bilen jogap berdi: - Nämüçin gelendir öýdýäň? Heý, şo heleý idili gürrüň bilen gelermi? - Gudaçylyga gelendir. Kasym üçin. Şeýlemi? Şemşat gapdalynda tüpeň atylan deý ziňk edip gitdi. Ýüzi böz–ýaz boldy. Gaşlary çytyldy. Ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi. ”Kimden eşitdik-ä, gyz? Ýa çaklap urýamyka? Ýa bolmasa eýýämhaçan hemmesiniň aňyrsyna çykyp, indem muny meň agzymdan eşitjek bolýarmyka? Heşelle kakmak üçin edýämikä?” diýen sowallaryň ejirini çekip oturşyna, eliniň titreýänini bildirmejek bolup, başbogusynyň daňysyny täzeledi. - Kimden eşitdiň, gyz, muny? – diýende sesi sandyrap çykdy. Kümüş müýnsüz, arkaýyn gürledi. - Aý, ýok, hiç kimdenenm eşidemok. Öz ýanymdan gudaçylykdyr öýdüp otyryn. Bildimmi? - Ýa eýýäm şolar ýaly gürrüňler ýaýrap, men ondan bihabarmy? – diýip, Şemşat, garaz, anyklamak isledi. Kümüş ör–gökden gelip: - Goýsana, gyz, ýok zat nireden ýaýrasyn?! Senem bir zat tapaýýaň oturan ýeriňde – diýensoň, ol biraz ynjaldy. Onsoň il içinde bular ýaly gürrüňleriň ýaýramanlygyna bolan ynamyny berkitmek hem-de beýnisiniňmi, ýüreginiňmi, bir ýerlerinde çykman ýatan müňkürligi derbi-dagyn etmek maksady bilen: - Onda sen nireden aldyň bi gürrüňi? – diýdi. - Aý, näme, ogly ýetişen gyzy ýetişeniňkä köplenç gudaçylyk üçin barýa-da. Aknuram döwletli ýerler diýip, size geläýendir öýtdüm – diýip, Kümüş çekinibräk jogap gaýtardy. Şundan soň-a Şemşat hasam arkaýynlaşdy. Ozaldan taýynlap goýan sözlerini huşuna getirmek üçin gözlerini süzdi. Bogazyny arçap, sesini durlady. Hekgerip: - Gudaçylyk diýýäniň çalarak ugrundan barýar – diýdi. Kümüşiň bilesigelijiligi artdy. Ol Şemşady gürletmäge ilgezik boldy. - Bilýän-ä men, Aknur Kasym üçin gelinlik gözleýändir – diýip, gürrüňi gyzykdyrdy. - Hawa. Bilipsiň. Gelinlik gözleýäni çyn. Ýöne gelinlikden öň doga-tumaryň ugruna çykypdyr. - Doga-tumaryň? - Hawa, doga-tumarsyz saçagynyň açylmajagyna akly ýetipdir. - Waý, Alla-a! – diýip, Kümüş ýakasyny tutdy. – Hakyt şeýlemi? Saňa doga alyp ber diýdimi? Şemşat ykjamlandy. - Neme diýdi, siziň ataň öýňüz tarapda diýdi, güýçli işan bar diýýäler diýdi. Menem Esen işandyr ol diýdim. Şemşadyň atasy öýi bu ýerden uzakda bolup, hakykatdan hem ol obada Esen işan atly köpe ýaramly biri bardy. Bu barada Kümüşem azda-kände bilýän eken. - Hawa, Esen işan diýib-ä eşidýäs. Gören adamymyz däl. - Ata-babasynyň gurbany bolaýyn, aňyrsy ýanyp duran güýçli işan. Özem garaçydan çykan. - Dogrudyr. Onsoň? Aknur näme diýdi? - Aknurmy? Neme diýdi, hawa, şol Esen işan diýdi. Şony göräýjekdim diýdi. Işanlyk näme işiň bar diýsem, Kasymguly jany gözli-başly etjek bolýan welin, baran gapym ýapyk diýdi. Işan aga ýykylyp, bir doga-tumar alaýsam diýdi. Ýolumyz açylyp, bizem bir ile meňzesek diýdi. Gaýrat edip, öňüme düşäýseň diýdi. - Sen näme diýdiň onsoň? - Näme diýeýin? Ýok diýjekmi? Daşymdan bor diýsemem, içimden, haý, näbileýin, depme keri doga-tumar heleýli edibiläýse ne ýagşy diýip otyryn. Gyýw, gürrüň ikimiziň aramyzda galsyn welin, petigara baran ýerinden kowulýar – diýip, Şemşat soňky sözleri ýarym pyşyrdy bilen aýtdy. Kümüş aýal nebsagyryjylygy bilen: - Wah, wah-eý! Aknur görgüli aljyrap, ugruny ýitirip ýör oguşýa. Özüň abraý berewer, Allajan! – diýdi. - Ugruny ýitirip ýörmi, tapyp ýörmi, biz-ä bilmedik. Alla sowsun! Daş etsin! – diýip, Şemşadam özüçe dileg etdi. - Gyýw, onsoň nememi, bi Esen işan diýýänleri duza dem salýamy? Ýa oturan ýerinde okap berýämi? Dogtora gatnan ýaly oňa-da zol gatnap ýörmelimi? Ýa bir baraňda belliňi edýämi? - Näme edýänin-ä biljek däl. Ýöne gaty güýçli işandygyny biläý! Haçan barsaň, işigi adamdan doly. Bi görlen däl. Ho-ol itiň ölen ýerinden gelip durlar. Galyň bende zir-zöwran. Ynansaň, gyz, hakyt zynjyrlaýmaly zyr dälinem açýamyş. Güýçliligi şol. Güýçli bolmasa, millet bary işan aga diýip, işiginde goş basyp ýatmaz-a. Dogry dämi? - Dogry. Hak gürrüň. Güýçliligine şekimiz ýok – diýip Kümüş goldady. - Hol arada ysmaza ýolugan birini eltipdirler. Wawwasy bar ýaly göterilip eltilen hassa şo günüň özünde bökjekläp, ylgap gaýdypdyr. Tebipçiligem edýär. Deminiň güýçlidigine gümanym ýok, ýöne işan agaň elem gaty sebäpli. Baran haýyr tapýa. Çagasy bolmaýan-a ýüzüniň ugruna duza dem salaga-da, okap goýberýär. Öň çagasy bolmadyk heleýleň işan agaň duzuny alansoň, topugyna gan degmedigini tapmarsyň. Şemşadyň gürrüňlerine şunça belet bolsa-da, Kümüş onuň Esen işan barada aýdanlarynyň hemmesine güp ynandy. Göz öňünde milletiň derdine dowa üçin hudaýtarapyn iberilen işan aganyň hiç kesiňkä meňzemeýän keşbi janlandy. - Waý, Allajan-eý, ana, hakyky gudrat. Aknur ýykylmaly ýerini tapypdyr. - Kümüşiň soňky sözleri Şemşada ýakmady. Hamana, Aknur hakykatdan-da oglunyň derdiniň dep bolmagy üçin işan agalara gidip barýan ýaly, ol goňşusynyň pikirine garşy gitdi. - Işan agaň Aknura nepi degäýermikä? Men-ä deger öýdemok. - Wi-iý, nädäýdiň, gyz? O nämüçin? – diýip, Kümüş muňa allaniçigsi boldy. - Sebäbi Hudaý oň çagasyny ýaradan mahaly kerligi keýpine berendir öýdýäňmi? Şeýtdigi, saňa heleý ýok, sen müjerret ötmeli diýdigi. Onsoň sadagaň gideýin, işan aga ýanyp duran ot bolanda-da, gije-gündiz Gurhan okap, düwünçek-düwünçek doga-tumar berende-de Aknura ýeke şaýylyk peýany bolmaz. Bu pikir bilen Kümüş hiç hili ylalaşmady. Ýakasyny tutup, içini çekdi. - Toba, toba! A gyz, agzym-burnum gyşarar diýip gorkaňokmy? Birden işan aga göz görkezäýmesin. Sen ilki Aknury işan agalara elt, doga-tumar alyp ber, soňuny gör, onsoň geple. Şemşat öz pikiriniň dogrudygyny tassyklaýan delil hökmünde şeý diýdi: - Hudaý Aknuryň ogluny ker edip ýaratdymy? Heleýsiz ötmeli diýen manysy barmy şuň? Bar. Onsoň işan aga heleý tapylar ýaly doga ýazyp berse, Hudaýyň garşysyna gitdigi bolmazmy? - Onçasyny biljek däl. Ýöne maňlaý işidir. Bilip bolmaz. Bagty işläp, öýlense, nä öýlener oturybiýr. Ol-a ker ekeni, onça ýok ýarty-ýurty adamlaram öýlenip, illenip, il biri bolýarlar. Eger öýlenmek nesibesi ýok bolsa, başga gep – diýip, Kümüş öz pikirinde galdy. Şemşat biraz ylalaşan ýaly etse-de, barybir şo perdeden gopdy: - Bary–geldi, işan agaň keramaty bilen öýlenäýse-de, heleýi uzak durmaz. Kere kim heleý bolsun? Hany, aýt! Indiki heleý bolýan ganjyklaň birnäçesi synasy sagat, şatyr ýaly ärde durýamy diýsene. Şu ýerde Kümüşiň: “A gyz, Aknurdan-a bir ýanan ýeriň bar öýdýän. Näme, o görgüli bereniňi iýmedimi?” diýip sorasy geldi. - Küpür geplän bolsak, günämizi geçeweri, işan aga! Ata-babaň gurbany bolaýyn! Biz bilen deň bolmaweri, işan aga! – diýip, Şemşat pessaý ses bilen Esen işana gaýybana ýalbardy. Näme-de bolsa Şemşadyň Kasyma bolan garaýyşy Kümüşiň maňzyna batmady. Gulagynyň agyrlygy Kasymyň aýbymy näme? Ýaradanyň beren derdi–emgegi üçin bendesi günäkär däl ahyryn. “Dert berer dermany bilen” diýipdirler. “Bendäm bendäme sebäp” diýen gürrüňem bar. Alla işan agany sebäp etse, Kasymyň işi şowlap, gulagy jam ýaly bolar gidibiýr. Bilse, Esen işana Şemşadyň özi baryp ýykylmaly. Gyzy Gyzylgüliň dili diýenini edenok, peltek. Aýtjak gepini oňly aýdyp bilenok. Üstesine “r” harpyna-da dili öwrülenok. Ýetişen gyzyň şeýle ýagdaýdaka, ýeri, seniň il bilen näme işiň bar? Git-de, ilki bilen öz gyzyň aladasyny et! Kümüşiň Şemşada gahary geldi. - Gyýw, ilki özüň gitmeli ekeniň-dä – diýdi. - Nirä? - Esen işanlara diýýän, ilki özüň gitmeli ekeniň. - Nämüçin? - Gyzylgül üçin. Belki, haýyr tapardyň. Şu ýerde Şemşat başga adama öwrüldi oturyberdi. Kümüş onuň gözlerinde kyn güne düşüp, bir alaç gözleýän, ýöne näme ederini bilmeýän, bir mysapyr aýalyň keşbini gördi. Ozaldan tanap ýören goňşusynyň häzirki halyny, megerem, ömründe ilkinji gezek görýänligi üçin oňa nebsi agyrdy. - Haýyr taparmykam? – diýip, Şemşat ünjä gidip, çyny bilen sorady. - Hawa, taparsyň. Özüň aýdyp otyrsyň-a, demi güýçli diýip. Ysmaz bolanam ýöretdi diýdiň-ä. Zyrrajym dälini açýany çyn bolsa... - Çyn, çyn. - Onda näme? - Aý, şü ýaga depjek ýaly ýaýdanyp otyryn. - Waý-eý, nämeden ýaýdanýaň, gyz? Saňa-da düşer ýaly däl. Şemşat gorkusyny mälim etdi. - Ters täsir ederinden gypynç edýän. Doga güýçli zat, gyz. Birden ters düşüp, lal-jim bolup oturaýmasyn diýip çekinýän. Göze görnen gyz, ötmeli, geçmeli... Şemşadyň ýaýdanjy Kümüşi oýa batyrdy. - Işan aga ýykylyp baranlaň içinde dogasy ters düşen ýa zyýan tapan barmyka? – diýip, ol gyzyklandy. Bu barada anyk bilmänligi sebäpli Şemşat pylan zat diýmedi, gümp-samp etdi. - Ýok bolaýmasa. Ýokdur. Bolsa, eşdiläýjek ýaly. - Menem şony diýjek bolýan. Ýokdur. Ras, il haýyr tapýan bolsa, senem iliň biri borsuň. Netiňi gowa tutyp bar. Onsoňam çynyň bilen ynanmalymyş, gyz. Ynanman baranyň peýdasy ýok. - Wah, ynanýan-la. Öňem telim şaýlandym şuň üçin. Gyrandegen, göwnüme ýok zatlar gelip, ýene oturyberýän. Hiç aýagym çekenok. - Göwnüňe getirseň-ä, bolmaz-la. Edil şol wagt tamyň arkasyndan öwrülip, Kümüşiň äri Gurban geldi. - Salawmaleýkim, ýeňňe! – diýip, ol gele-gelmäne Şemşada salam berdi. - Äleýk! Saglykmy, Gurban, oňatmy? Gurban agzyny çalaja gymyldadyp, “Şükür!” diýdi-de, Kümüşi gyssady: - Meň eşiklerimi ütüklediňmi? Bol, çaltrak, bol, başlyk garaşyp dur. Gitmeli. Kümüşiň ynanmak, göwnüňe getirmek, haýyr tapmak ýaly zatlar baradaky soňlanmadyk gürrüňi jedel bilen dowam edesi geldi. Şemşat bolsa jedelden ellibizar, oňly salam-helik alyşmanlygy hem kän bir ýüz bermänligi üçin öz ýanyndan Gurbana gahar edip, öýüne gaýtdy. Gelýärkä Kümüşiň: “Netiňi gowa tutup bar” diýen sözleri ýadyna düşüp, ony özüçe elekden geçirmäge synanyşdy. “Şü heleýem mynny-mynny edip, ýaman köp kümsükleýä. Netiňi gowa tut diýen bolup, name diýjek bolduka? Meň netim bilen näm işiň bar?” diýip, pikire çümdi. | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |