15:58 Gylsyrat / powestiñ dowamy | |
7.
Powestler
Bir Kasymy öýereniňden onuň yzyny basyp gelýän dört ogly öýli–işikli edeniň aňsat düşer. Kasymyň özi ýaly biraz nemeräk maşgala tapmak kyn. Tapmagam kyn däl, onuň ene–atasyna hä diýdirmek ýeňil bolmaz. Iş, ine, şunda bar. Sen soňky dört ýigdekçäni alada etme. Olar saňa tekge berse, berer, ýöne ýük bolmaz. Sen ile çykyp, aladasyny etmäniňde-de, olara heleý boljak kel gyrnak tapylar. Olar sensizem öz günlerini görer. Niýetiňde bolsa, hersini bir-ä däl, ikem öýerip bolar... Häýt, häýt, gatyrak gitdiň öýdýän, Atalyk! Kasymyň deň-duşlarynyň içinde birlän-ikilän bolaýmasa, aýagy duşaklanmadygy ýok. Ýaş gidip barýar, ýaş! Kasymyň ýaşyndaka Atalygyň iki çagasy bardy. Ýaşyň gidenem hiç, eger synasy düz bolsa, Gepi–söz-ä dura–bara düzelişer-le welin, şü gulagynyň agyrlygy bar işi bökdäp dur. Munuň kör düýesini köprüden geçirjek bolsa, Aknuryňam kowlan ýeri köp bolaýmasa. Ýöne, kowulsa-da, nätjek, duluňa bir gara geçirmeseň-ä, bolmaz. Arada Tagan aga-da gelip, utanman, sakgally-sarmykly halyna: - Atalyk, ol ogluňa heleý alyp berseň, işiňi köpeldersiň. Şu wagt diňe özüni ekleýän bolsaň, soňlugy bilen çagalarynam eklemeli bolarsyň. Iň gowsy, birbada muny goý-da, beýlekilere hüjüm et. Öýeriniň yrsgyny aýryber. Ýogsa, bu olaryň öňüni gabzar durar. Maňlaýyna müjerret ötmeli buýrugy ýazylan bolsa, ikimiziň çärämiz bolmaz. Menden maslahat sorasaň, şeýt! – diýýär. Ýeri, senden maslahat soraýan barmy diýsene! Aknur bir eşitsin şuny! Edil ýöne sakgalyňdan hiňňildik uçaýar. Hataryň ýaşulysy bolup otyr welin, tapýan gürrüňine seret! Gaty görer–beýlekem diýenok. Göni ýüzüňe seredip, diýjegini diýip dur. Şuňa Atalygyň bijaý gahary geldi. Entegem Tagan agaň ýaşyny sylady. Ýogsa, “Ýetmiş ýaşapsyň welin, özüň heleýsiz oňup bilermiň?” diýäýmeli. Oňup bilmejegi görnüp dur. “Ýekelik – Hudaýa ýagşy” diýipdirler. Heleý diýeniň bir höwürdir. Tä ölýänçäň gerek zat. Tagan aga bir gepinde “Soňlugy bilen çagalarynam özüň eklemeli bolarsyň” diýipdi. Onuň şo diýýäni-hä ugrunda bar. Atalyk öz gününi özi tigirläp, eklenç edip ýören Kasymy göz öňüne getirip bilenok. Eýsem-de bolsa, sowady, hünäri bolmadyk, üstesine-de gulagy agyr oglan günemasyny nädip dolasyn? Şageldi mugallymyň aýdyşy ýaly, hat–petegini düzedişdirip, maýyplyk hatyny alsaň, hökümet kömek puluny berse, bererem. Eger şol haty almaga haky bar bolsa, hat-petegini düzetmegiň-ä bir alajy tapylardy. Ýöne şü maýyp diýen at gowy däl. Iliň dili gursun! Aýyn bolmasa, “Pylanyň ogly pylany pylança manat maýyplyk pensiýasyny alýar” diýip, galyň millet gürrüň eder. Hamana, o berilýän pul öz jübüsünden çykýan ýaly. Aslynda Atalyk bu çaga üçin beriljek kömek pula mätäç däl. Hudaýa ýüz-de müň şükür, eklenji ýetik. Emma Atalygam ýalança baky gelen däl. Ähtimal, sanalgy deminiň ýarpy gowragyny sanap ýörendir. Sanap, aňyrsyna çykyberen bolsa-da belli däl. Muny Atalygam, hiç kimem bilenok. Bir Alla bilýär. Atalyk muňa kaýyl. Bolubilse, bir başa – bir ölüm. Başga zat däl. Ol mundan gorkanok. Atalygy gorkuzýan başga bir ýowuz hakykat bar: ene–atasyndan jyda düşensoň, Kasymy kim eklesin? Kasymyň gününe it aglar! Maşgalasynyň gününi gök esgä düwjegi görnüp dur. “Agzy açyk aç ölmez” diýýärler. Dogrudyr. Her kesiň yrsgyny Alla berýär. Muňa-da şübhe ýok. Ýöne bu ýagdaýy bilen Kasym nädip aýry öý-öwzar bolsun? Atalygyň ynjalygyny gaçyrýan meseläň biri, ine, şü! Muňa Şageldi mugallym: - Şoň üçinem maýyplyk pensiýasy gerek – diýdi. Jähennem, maýyplyk hatynyňam, kömek puluňam bir zady bolar. Ýöne gelinligi nireden tapmaly? Ýitigiňi haýsy gapydan gözlejek? Ýitik diýýäniň nähiliräk bolmaly? Lalmy, kermi, güňmi? Hany, üýşüp ýatan lal, ker barmy? Ilki bilen, ine, şü meseläni çözmeli! Aknur-a hol gün Şemşadyň gepini-gürrüňini hem ibaly düşündirip bilmeýän sakaw gyzyna sawçy bolup gitdi-de, yzyny ýel çalmanka kowlup geldi. Atalyk oňa “gitme” diýip kän aýtdy. “Şolar birhili diktumşugrak görünýä” diýdi. Göwnemezler. Entek howlukma” diýdi. Etmedi. Ynha, indem Mämmet uzynyň ýaşy otuzdan agan garry gyzy Aknur üçin sawçy gitjek diýip, şaýlanyp otyr. Heý, boljak zatmy şü? Şü çaka çenli Mämmet uzynyň garry gyzyny sorap baryp, gurt bolup gaýdan barmy? Ana, Burkudyň ýoluna aýdylan ýaly, barany kowup, enesiniň duluny alyp otyr. Sen şir-peleň bolup barsaňam, gaýdaňda tilkisiň. Pah, wagtynda o gapydan gaty kän aznawur kişiler ýüzlerini sallap çykyp gaýdandyr. Hany, şü heleýe düşündir-dä şony. Düşünip, aňyrsyna geçýär. Görüp–bilip otyr. Şondada “Aý, bir bagtymy synaýyn” diýýär. Bagtyňy synar ýaly, o nä utuşa goýlan lotoreými? Ýa Mämmet uzynyň gyzy ertekidäki şa gyzy ýaly äre barjak ýigidini synagdan geçirýärmi? Synagdan geçmeli pälwanam Kasymmy? Päheý-de welin!.. Atalyk: “Bi heleý gep ýassygy bolup, ili güldürýänçä pälinden gaýtmaz. Bir ýüregine düwdümi, soňuny görmän, düýbüni deşmese, ynjalmaz. Gitse, gidibersin, hany, göreli welin, gidişinden gelişi çalt bolaýmasa” diýdi. Aknur Atalyga hä diýmedi. Üst–başyna serenjam berip, saçagyny täzeledi. Ýüzüni garaňka tutup, Mämmet uzynlara garşy ugrady. Tä barjak ýerine barýança diňe özi eşider ýaly sesde dodaklaryny müňküldedip, bir zatlar okaşdyrdy. 8. Mämmet uzynyň gyzy Aknuryň synasynda ýa akyl-huşunda göze dürtülip duran kem ýeri ýok. Ýöne mahaly bilen bu gyzyň bagty açylybermedi. Juwan ýyllary muňa söz aýdyp, atan oky boş geçen ýigitleriň häzir ýapy ýaly ogullary, depe ýaly gyzlary bar. Aknura ilki bolup söz aýdan, aýdan badyna-da it ýaly dalanan Ýagşynyň başga bir gyza öýlenenine on dört ýyl bolupdyr. Emma bularyň henize çenli perzendi ýok. Ýogsa, barmadyk tebipleri, ýykylmadyk öwülýäleri galmady. Dogtor diýýäniň-ä baýaky. Netije welin bolmady. Çünki, şu meselede aýaly däl-de, Ýagşynyň özi bedibagt eken. Köpelip, köl bolmak nesibesi munuň maňlaýyna ýazylmandyr. Şol sebäpli täzelikde Ýagşy inileriniň birinden ogullyk aldy. Elbetde, Aknuram bu zatlary öz eleginden geçirip otyr. Şol wagt Ýagşa ýyly söz berip, durmuşa çykan bolsa, bu gün haly niçik bolardy? Perzentsizlik dagyny çekip, örtenmezmidi? Elbetde, örtenerdi. Ýagşynyň halyna ýüregi awasa-da, perzentsizlik derdiniň şol gezek özünden sowlup geçendigi üçin Aknur şükür edýär. Aknury aparmaga Çaryýar neresse-de bir hyýal edipdi. Ol bu gyzyň yşgynda saralyp-solup, üç aý diwana bolup gezdi. Her tarapyndan baryp gördi. Bolmady. Ahyrynda Mämmet uzyndan almytyny alansoň, gaharyna şäherde ýaşaýan daýzasynyň gyzyna öýlendi. Yzýany hem ulag heläkçiliginden ýogaldy. Maňlaýyna ömür ýyldyzy ir süýnen Çaryýaryň ýazylmanlygy üçin hem Aknur şükür edýär. Şol haý-haýly wagt, sawçylaryň yzynyň üzülmeýän döwürleri goňşy obadan Begenç diýen bir görmegeý oglan Aknur üçin ejesini bassyr üç gezek gudaçylyga iberdi. Abraýly, döwletli ýerler eken. Assyrynlyk bilen sorap–idänsoň, Aknur munuňam hokgasyny öňüne oklady. Begenji ýükisaman gördi. Indi seredip otursa, dogry edipdir, şol birmahalky Begenç häzir şäherde-de aýal saklaýar eken diýdiler. Ýitigini Mämmet uzynlardan idäp geleniň, dogrusy, hetdi bar-da, hasaby ýok. Emma, gynandyrýan ýeri, olaryň iň bolmanda biriniňem ýitigi bu ýerde däl eken. Olar gelmeli ýerlerini ýalňyşypdyrlar. Olaryň gözleýän ýitigi başga-başga gapylardan çykdy. Şol kowulanlaryň içinde saçagyny açyp bolaýjak biri bardy. Ol gaýraky köçedäki Penjiniň daýzasy bolup çykdy. Mekdebi tamamlaýan uçurlary Aknur şo daýzanyň Penjilere ýygy-ýygydan keýpine diýen ýaly gezmäge gelýän ogluna ýüreginiň bir gizlin künjünden bilniksiz ýer beripdi. Ony her gezek göreninde ýüzi lap-lap gyzyp, otly köýnek geýerdi. Özüni ýitirip, erärdi. Aljyraňňy ýagdaýda ajylygy, süýjüligi düşnüksiz bolan bir gussa sebäpli örtenerdi. Ol oglanam Aknuryň syrly–syrly bakyşlaryny jogapsyz goýmady. Haýal etmän, ejesine Mämmet uzynlaryň öýüni salgy berdi. Ýöne Aknuruň ejesi “Entek başy ýaş. Okatjak. Işletjek. Häli–häzir gyz göçürmek niýetimiz ýok” diýip, olary sypaýyçylyk bilen ugradyp goýberdi. Soň Penjiniň daýzasy gara bermedi. Oglandanam habar-hatyr bolmady. Aradan ýoňsuz wagt geçmänkä oglanyň uly okuwlaryň birinde okap ýörendigini aýtdylar. Şeýdip, Aknury ýüpsüz kökerip, otdan alyp, suwa salan duýgular kütelişdi. Ýüreginde dörän şol kiçijik yşk közem öçüp gitdi. Öçmesine-hä, doly öçenok öýdýän. Sebäbi Aknur ol oglany käte bir düýşünde görýär. Öz düýşünde özüni hem görýär. Emma özüni häzirkisi ýaly, terligini ýitirip, az-kem ýygyrt atan hem ýarsan keşbinde däl-de, şo-ol birmahallarky juwan, sarç, entek çynlakaý ejir çekmedik, durmuşyň uly gussalaryna dahyly bolmadyk görnüşinde görýär. Soňam Aknuruň garamatyny ynanyp bolaýjak ýigitler tarapyndan eli saçakly gelenler boldy. Ýöne edil ters doga edilen ýaly, hiç biri başa barmady. Başa barsa-da, barardy, Aknur olaryň içinden özüni rowa görer ýaly hiç kimi tapmady. Ejesiniň: “Şular erbet ýerler däl ýaly. Sorap-idäp göräýeli” diýenlerine hem näme üçindir kes-kelläm göwnemedi. Wagt geçdigisaýy ýat myhmanlaryň bu gapyny kakmalary hem seýrekleşdi. O barmana-da ýüz gapa baryp, ýüz tapman, kowulanlar gelşip başlady. Olara-ha asylam ýyly söz berip boljak däl. Kowlan ýeri kän bolsa, hersiniň bir emmasy bardyr. Emmasy bolmasa, kowulmazdy. Baýak, hol günem telpegagan bir şäherli üçin geldiler. Birem däl, iki geldiler. “Garyndaşlyk açaýsak” diýşip, oýkanjyraşyp otyrlar. Şuňa Aknur gaty namys etdi. Kim gelenem bolsa, şu çaka çenli telpegagan gelmändi. Iň ýaman ýerem, ejesi: “Hany, özi bilen geňeşip göreli” diýip, bulaşdyryp barýar. Biragyz: “Bolanok! Göteriliň!” diýip, çöp döwen ýaly edäýmeli welin, diýibilmän, ýaýdanyp otyr. Onsoň Aknuryň özi daş işikde durup, çagyrylmadyk myhmanlar eşidäýer ýaly sesde: “Utananoklaram. Her kim öz deňini bilse, ýagşy. Ýa bizi hiç zat bilmeýän samsyk hasap edýärlermikä? Adam pahyr ölmese, her zat görjek ekeni. Daş edewersin!” diýip hüňürdäberdi. Şondan soň olaram ýakalaryna tüýkürişip, derrew ýeňselerini el ýaly etdiler. Muňa-da Aknuruň ejesiniň girre gahary geldi. - Sen, gyz, öz çeniňi bil! Ýaşyňdan habar al, ýaşyňdan! Haýsy–haçana çenli beýdip, ejeň duluny alyp oturjak? Töweregiňe seret, utan, aýp et! Bolman, indiden soň seni hanyň boýy ýeten boý ogly üçin idärler öýdýäňmi?.. Eşitdim, eşitmedim diýme, şu günden şeýläk heleý üstüne aljak diýip gelselerem, ýok diýmen. Pikir etme, edil ýöne daşyňy dolaga-da, bukjaňy eliňe berip goýberäýerin. Bolan bolşuny, gyz, müň. Be-e, bolmaz-a – diýdi. Diýende näme? Diýse, diýibersin. Aknur ejesine belet. Oňky kiçi dilden bärde. Boş haýbat. Özüni şunça arkaýynlyga saljak bolsa-da, şol gezek Aknuruňky bolmady. Kejebesi daraldy. Ünjüsi artdy. Ol özüniň alyslarda galan ýaşlygyny ýatlady. Bigam ötürilen şo-ol juwan ýyllaryna dolanasy geldi. Şol haýp geçen ýyllary täzeden ýaşasy geldi. Özüne hyrydar göz bilen bakan ýigitleri ýaňadan synap, sawçylyga gelenleri ýene bir gezek diňläsi geldi. Geçmişe dolanmak islegi ýönekeý bir höwes. Gury ham-hyýal. Oňlulygy wada bermeýän syrly gelejegiň nämälim gorkusy çig süýt emen adama öten günlerini küýsedýär. Aknuryň agysy tutdy. 9. Esen işanyň dogasy Şemşadyň gyzy Gyzylgüliň bagtynyň açylmagyna sebäp bolup bilermi? Kümüşiň aýdyşy ýaly, bu gyzyň peltekliginiň, sakawlygynyň emi işan aganyň dogasynda bolmasyn? Şeýlemikä? Esen işanyň güýjüne bolan ynamy Şemşadyň ýaýdanjyny zym-zyýat etdi. Göze görnen gyzynyň indiden soň diliniň düzeljegine müňkür gitse-de, onuň bagtynyň açylyp, döwletli bir hojalygyň keýwanysy bolup biljekdigine degerli şübhe tapmady. Işan aga sähel ýardam etse bolýar. Galanyny Şemşadyň özi alyp çykar. Gyzylgüliň, tüweleme, Aýdan ary, Günden dury görki bar. Nury meşigiň üstünden gyzgyn ýag dökülip, ýüzi-gözi bütin endamy bilen alabeder bolup ýanan yşnaksyz yşaratyna-da är tapyldy. Wah, adamyň owalebetinde iki barmak maňlaýy işlesin! Şemşat indi oturyp hasap edip görýär welin, asyl garyndaşlyk açmak üçin bu gapyny kakanlaryň içinde saýlap–seçer ýaly sawçy bolmasa nätjek?! Äri Amanýazyň-a göwni bir ýaly. Ýetişen gyzynyň aladasyny etmelidir öýdenok. Gaýtam: - Heleýleň işine goşulyp bilmen. Goşulsam, ýene men günäkär bolaryn – diýip, ters gürrüň tapýar. Onuňky düşnükli, şu meselede ähli zady Şemşadyň boýnuna goýup, özi gyrada galjak bolýar. Şemşadyň: - Men-ä Esen işana ýykyljak. Şondan haýyr tapýan kän. Allajan, belki, şu albassyň maňlaýy açylyp, bagty işlese, işan aga bir halat ýapjak – diýen gürrüňinem ýaňsa aldy. - Asyl Esen işanyň adyny iki gün bäri aýdym edindiň diýýän welin, şular ýaly bir belaň bar ekeni. Menden maslahat soraýan bolsaň-a, eň şu wagt! Eglenme! Halat ýapjagyňy dagyn biläýse, işan agaň özem sawçy ugradar. Sawçyň yzy sabamasa, senem öýderäk bolaýsaň gerek... Ine, mundan eşidýän jogabyň! Esen işana maňlaýyny diremese, indi Şemşadyň ynjalygy bolmaz. Amanýazam näme diýse, şony diýsin! “Biziň söwdügimiz-ä ötmän oturan gyzymyzyň maňlaýynyň açylmagy üçin Esen işandan doga-tumar almaga gitdi. Indi hemme zat emele ýatdy” diýip, onda–munda samsyklap, ýaňramsa bolýar. Amanýaz diýlen adam il ýaly, aýbyny ýaşyryp, abraýyny artdyrmany hem oňaranok. Şemşat Esen işanlara diýip gitdi. Ir bilen çykyşyna heleý öýlesi bolanda ökjesi ýeňläp, dylym-dylym edip, dolanyp geldi. 10. Asmandan indimi, ýerden çykdymy, nireden nädip peýda bolany belli däl, bir gara “Ýüzükýitireniň” çola oýunda dünýäni unudyp, ot ýygyp oturan Kasymyň üstüne abandy-da, sen-men ýok, ebşitläp ýakasyndan tutup, ýokary galdyrdy. Galdyryşy ýalam: - E-eý, saňa diýýän, kerruh! – diýip, ýürekýargynç gaty sesi bilen gygyrdy. Kasym dikelip, garap görse, ine, Mämmet uzynyň uly ogly Çerkez haşlap, agzyndan ak köpük saçyp dur. - O nä eşitmedik bolýaň? - Nämäni? Eşitýän. Eşitýän-ä – diýip, Kasym aljyrady. Çerkez tüýküligini syçradyp dübledi. - Onda nämüçin men ýaňy gygyran wagtym hä bermediň? - Görmändirin. Ot ýygyp otyrdym. - Indi görýäňmi? - Hawa. Çerkez Kasymyň ýakasyny goýberdi. Bir ädim gaýra çekilip, onuň elindäki orakdan ätiýaç edýän ýaly: - Oragyňy taşla! Taşla diýýän oragyňy – diýip gygyrdy. Kasym oragyny taşlansoň, Çerkez daş-töweregine ýalt-ýult garanjaklap, biraz pessaý ses bilen: - Ejeňi kim iberdi bize? – diýdi. Bu sözler Kasymyň gulagyna “Ejeň iberdimi bi ýere” diýip eşdildi. - Hawa, ejem iberdi... Ýok, özüm geldim. Mallara ot ýygýan – diýip, özüçe jogap berdi. Çerkez gahardan ýaňa sandyrap: - E-eý, kerruhlyga salan bolma! Ejeňi bize sen iberdiňmi diýýän, jogap ber – diýdi. Ejesiniň Mämmet uzynyň gyzy Aknur üçin sözaýdyjy bolup gideninden bihabar bolanlygy üçin Kasym: - Ýo-o, men-ä bilemok – diýdi. - Onda kim iberdi? - Ä? - Onda kim iberdi? - Bilemok. - O nähili bileňok? Eý, kerruh, boýnuňa al, özüň ugratdyňmy? - Ýok, ýok, men-ä ota gaýtdym. Muňa Çerkez bolmajysy boldy. Alaçsyz adamyň sypatyna girip, sag eliniň ýumrugyny çep eliniň aýasyna urup durşuna janyýangynly gürledi. - Eý, sähne, kerruh, samsyklyga salyp, düşünmediksirän bolma. Şu gün diýemok men. Öňki agşam ejeňi bize sen ugratdyňmy? Kasym gürrüňiň näme barada barýanlygyna teý akyl ýetirip bilmänsoň, anyklamak üçin: - Nämüçin? – diýip gorkuly sorady. Çerkez düwülgi ýumrugyny gezäp, dişlerini gyjyrdadyp, haýbat atdy. - Aýdaýynmy nämüçinligini? Bilesiň gelýämi? Bilesi gelýänem bolsa, Kasym gypynç etdi. “Hawa” diýmäge dili barmady. Ýaýdandy. Çerkeziň gylygy geň däl. - Häzir burnuňy nas ýaly edip, gözüň aşagyny gögerdip goýbereýin, onsoň ejeň aýdar sebäbini. Ýa özüm aýdyp bereýinmi? – diýip, Çerkez süründi. Kasym ýenjiläýmeginden heder edip, yza çekildi. - Häzir git-de, ejeňe aýt, kime tokunýanyňy bil diý, ýogsam, almytyňy alarsyň diý. Çerkez aýtdy diý. Düşündirip aýdyp bilermiň şu zatlary? Kasym hawa diýen manyda baş atdy. - Ejeň bize ýene bir gezek baraýsa, menden eýgilige garaşmasyn, düşdüňmi? Aýt, şeý diý-de! Çerkez tüýkürip, sögünip gitdi. Kasym şunça pikir etse-de, hiç zada düşünmedi. Çaky, ejesi Çerkezlere barypdyr. Barmak bolanokmyka? Eýsem-de bolsa, Mämmet uzynyň gyzy Aknur üçin gudaçylyga barylmagy Kasymyň akylyna sygjak zat däldi. 11. Kasymyň ejesi Aknur Mämmet uzynlardan dolanyp gelensoň, iki günläp lapykeç halda ýüzüni sallap, sust gezdi. Çaý-suw bilenem kän bir ugry bolmady. Hesrete ýugrulan oý-pikirleriň astynda ýegşerilip ýörşüne ahyry baryp, Atalygyň ýanynda ýaryldy. Zol–zol uludan demini alyp oturyşyna: - Gyrandegen, baran ýerimizden it ýaly ýüzümizi aldyryp, kowulmak maňlaýmyzda barmyka? – diýip, janyýangynly zeýrendi. Atalygyň aýalyna ýüregi awady. Göwünlik bermek üçin: - Hiç kimem bir baran ýerinden goparyp gaýdýan däldir. Il deňinde ogluň aýagyny deňlejek bolsaň, entek kän köwüş tozdurmaly borsuň. Şuňa kaýyl bol! – diýdi. - Janym ýanýar. Özümçe bar-ýok galyň heleý hondanbärsi bolup, dilimiň gysga ýerinden tutýarlar. Kerligi diläp alan bolsak, käşgä. - Ine, görersiň, biziňem nesibämize bir maşgala garaşyp oturandyr “ynha, gelerler” diýip. Şoň üstünden barýançaň entek telim gezek tilki bolarsyň. Nätjek-dä?! Aknur kowulmaly gapylaryny, tozdurmaly köwüşlerini tilki bolmaly günlerini çen bilen göz öňüne getirip gördi gerek, öwhüldäp, iki egninden dem aldy. Soň dem salym demini alman oturdy-da: - Näbileýin-dä. Kyn günde galan-a bolduk özi. Alla abraý bersin hernä! – diýdi. - A sen beýdip, urlup–çapylyp, öňýeteniň işiginden ätläp ýörme. Sorap, idäp, ýitigiň çykaýjak ýerine bar. - Meselem? – diýip, Aknur gyzyklandy. Atalyk ýaýdandy. Gümp–samp etdi: - Be-eý, kimlere bar diýsemkäm?!. Äý, pylanylara bar diýer ýaly mende belli–külli bir neme ýok. Göz öňünde tutýanym ýok. - Mende bar welin – diýip, Aknur gorka aýtdy. - Göz öňünde tutýanyňmy? - Hawa. - Bäh, kim-aý ol? – Atalyk gyzykdyrdy-da, aýalyndan anyk jogaba garaşdy. Aknur ýöwselledi. - Gaty bir oňlarsyň öýdemok-da. - Oňlap–oňlamaz ýaly meň näme nemäm bar bu ýerde? Esasy zat, sen göwneseň bolýa. - Batyr jellaplara baryp göräýmeli diýjek bolýan. Ärinden aýrylyp gelen gyzlary bar. Bu sözleriň niçiksi täsir döredendigini görmek üçin Aknur assyrynlyk bilen ärine seretdi. Atalygyň ýüzünde-gözünde häzirlikçe bilesigelijilikden gaýry alamat görmänsoň, howlukmaç gürledi: - Kasym jan bilen gözlije ýaşyt bolmaly. Bir klasda bileje okandyrlar. - Muny saňa biri salgy berdimi ýa öz kelläňe geldimi? - Hiç kimem salgy berenok. Öňdenem bar kellämde şü pikir. Hä, näme? - Aý, hiç... Onsoň ol ärinden nä sebäbe görä aýrylyp geldikä? – diýip, Atalyk Aknura gaty kyn sowal berdi. - Bilmedim-dä. - Ilki bilen şony bilmeli. - Ilki bilen şolar razy bolarmy, bolmzmy, ana, şony bilmeli. Aýalynyň bu pikiri bilen Atalyk ylalaşmady. Asuda düşündirmäge synanyşdy. - Ony nädip biljek? Baryp, habaryňy aýtmasaň, bilip bilmersiň-ä. Ýöne entek barmankaň, habaryňy bermänkäň şo gyz bize boljakdanmy, bolmajakdanmy, şoň bellisini et! - Belki, razylyk beräýediler-dä. Erbet ýerler-ä däl – diýip, Aknur öz pikirni dowam etdi. - Erbet ýerler diýýän ýok. Meň diýýänim, eger göwnüň şolarda bolsa, başyny şo gyzyň nämüçin aýrylyşanlygyndan başla. Seň o diýýäniň başy bogulmadyk gyz däl-ä. Öňem bir ýabyň suwuny içen. Düşýäňmi?.. Düşýän bolsaň, özi gaýdypmy, ýa kowulypmy? Haýsy bolanda-da sebäbini bil! Aknur gözüni bir nokada dikip, sähel salym oýa çümüp otyrdy-da, ärine ugrybir üç sowal berdi: - Nämüçin aýrylyşandyr öýdýäň? Kim bilýäkä? Nädip bilip bolar? - Aý, ony özüň biläýmeseň, men-ä bilmedim. Şular ýaly zada heleýler ökde bolýar. - Hawa – diýip, Aknur ylalaşdy. Soň sözüniň üstüni ýetirdi. – Hemme heleýiň gürrüňine ynanybam bolanok. Peşeden pil ýasaýan bar, toslap, çişirip... Öz gezeginde Atalyk hem biraz pikire çümüp oturansoň, howatyrly gürledi: - Onsoň diýýän-ä, birden bi guda bolaga-da, beýlämize geçirsek, iliň gep–gürrüňem-ä bardyr. Öýlenmedik boý oglana ärinden aýrylyp geleni alyp berseň, il-gün näme diýerkä? Men-ä, how, şoň yzyndan boljak gybatyndanam ýaýdanýan. - Ýaýdanmasyna menem ýaýdanýan welin, ýa birhili bolaýarmyka? - Aý, ýok-la, hiç hilem bolmaz. - Ýa goýbolsun edelimi? Atalyk “Men-ä bilmedim-aý” diýýän terzde aýalyna seretdi. Şonda ol Aknurda çözmesi kyn meseläniň öňünde durup, gözýaş döküp, aglaýmasa, dagy başga alajy bolmadyk ejiz adamyň keşbini gördi. Aýalynyň şular ýaly naýynjar hem ýürekparalaýjy keşbini ömründe ilkinji gezek görýänligi sebäpli kalbynyň iň bir çuň ýerinde ejir çekdi. Özüni gollary gandally bendi saýdy. “Adamy, ine, şular ýaly zatlar garradýar. Ölmän gezip ýörse, garramajak ýokdur-la welin, wagtyndan öň garramagyňa sebäp bolýar. Kesel goýýanam şu zatlar” diýip pikir etdi. Anyk jogap berip, nädibem bolsa, Aknuryň göwnüni götermelidigine akly kesdi. Ony başarmaýanlygyna gahary geldi. Şeýle ýagdaýlar ýüz beren halaty name etmelidigi barada bireýýämler pikir edip, çözgüt tapyp goýmanlygy üçin özüni kötekledi. Gaharly oýlaryň hem kejikdiriji duýgularyň ezýet berýän şeýle pursatlarynyň birinde Şeýtanmy-kimmi, bir-ä: “A sen öz ogluňdanam bir habar al-a!” diýip, gulagy agyr ogly Kasymy Atalygyň ýadyna saldy. Aý, ýok, Şeýtan-a däldir. Melgun gudaçylyk ýaly haýyrly işe goşant etmez, diňe al salar. Şu ynanç içden gelen şol sözleri bolşy ýaly daşyndan gaýtalamaga Atalyga itergi berdi. - A sen öz ogluňdanam bir habar al-a! Ilem, näme, diýer, goýar-da. Il diýeniň halta däl, agzyny bogup, ýapar ýaly. - Wah, muň ýagdaýy şu zeýilli bolansoň, menem islän gapymy kakyp bilemok – diýip, Aknur ogly Kasymy göz öňünde tutup aýtdy. - Ýagdaýy şu zeýilli diýip, busup otursaňam-a bolmaz. Aknur halys ugruny ýitiren adamyň äheňinde: - Onda men näme etsemkäm? – diýip sorady. - Ilki sorap–ide? Ýuwaşlyk bilen anygyna ýet. Nämüçin aýrylyşanyny bir bileli. Kim bilýär... Atalygyň “Kim bilýär, bir bolmasy zat edip, kowulan bolmagy mümkin. Eger şeýle bolsa, olaňam işigini kakyp oturasy iş ýok. Ýitigiňi başga ýerden gözle” diýesi geldi. Diýmedi. Dymdy. Aknuram dymdy. Ikisem şol bir wagtda kellesinde dörän sowallara özüçe jogap agtarmaga başlady. 12. Şemşat syýrgynyň aýagujyna ýetip gaýtjak diýip, ak öýlänler öýden çykyşyna gyzar ikindinler dolanyp geldi. Boş gelmedi. Gep-gürrüňden mazaly ýüküni tutup geldi. Äri Amanýaz ony ýasama kinaýa bilen garşy aldy: - Geldiňm-ow, söwdügim! Şu wagt bizem çagalar bilen maslahatlaşyp, plan biçip otyrdyk. Şunça gelmedik bolsaň, seni idäp, herimiz bir gapydan çykmalydyk. Oňat, bu gezeg-ä çagalary heläk edip ýörmän, özüň geläýdiň... Wah-eý, çaýyň-a soňuna galypsyň. Şemşat äriniň çat maňlaýyna geçip oturdy-da, öňem telim gezek eşiden kinaýaly sözlerine pisindem etmän: - Ýok, çaý bolanda-da, içjek däl. Çaýdan julk boldum – diýdi. - Hany, onda aýdyp otur. “Giden getirer, outran nyrh sorar” diýýä. Iýen-içeniň özüňki, gören eşideniňden habar ber! – diýip, Amanýaz nakyla meňzeş birgiden zat sanaşdyrdy. Şemşat äriniň ýassygyny tirseginiň aşagyna çekdi-de, ýanyn süýnüp ýatan ýerinden: - Mundan çykyşyma ilki bilen Tyllaň ýanyna sowuldym – diýdi. - Ýeri, bakaly, onsoň? – diýip, Amanýaz gop berdi. - Birki günlükde Tylla bir şakäsäni dolduryp, ýertudana dadyrdy. Menem gabyny boş gaýtarmaýyn diýip, birazajyk çekize dadyrdym. Görgüli süýt-gatygy satyn alyp iýensoň, öler aşy çekize. Ondan çykybam Abadanyň ýanyna bardym. Gelni ýeňläpdir. “Ýaşy uzyn bolsun!” diýdim. - Tüweleme! Şol turşy almadan agzy bimaza bolup ýören gelinmi? – diýip, Amanýaz ýadyna saldy. - Hawa, ed-dil özi. Gyz bäbejigi bolupdyr... Abadanyňam ýanyndan wagty bilen gopup bolanok. Duranja bir gepiň öýi. Eltisiniň üstünden düşüp, mahaly bilen goýbermedi. Biri bir zat gürrüň berip otyrka, soňuna çenli diňlemän, turup gaýdybam bolanok. Äý, mugt gürrüň-le diýip, häsini berip otyryn. - Haýsy eltisi? – diýip, Amanýaz gyzyklandy. - Jumaň darsdabanyna diýýä. Soňky döwür şoň bilen oňuşanok. Ikisi edil bir göz iýen ýaly. Ýammat bilen Juma näme üstünde tersleşendir öýdýäň? - Heleý dawasy üçindir – diýip, Amanýaz çak urdy. Şemşat başyny atyp, tassyklady. - Hawa, bildiň – diýdi. - Aýdýan-a, bi heleýlermi?!. Amerika bilen orsy sögüşdirenem heleý diýýäler. - Yzyny diňle! Abadanyň ýanyndan turubam bärligine, öýe gaýtdym welin, Ogulkeýik otyr eken işiginde. Görübem, sowulman geçseň, o-da birhili, yzyňdan hoňňul–hoňňul edip, müň gepiň başyna ýetjek. - “Şu wagt ýaman gyssag. Soň bir gün ýörite geläýerin” diýmek seňem ýadyňa düşen däldir – diýip, Amanýaz ýaňsylady. Şemşat bu ýaňsa ýa-ha düşünmedi, ýa-da onçakly pitiwa bermedi, yzyny dowam etdi. - Ogulkeýik oturan ýerinde dünýeden habarly, gyz. Bilmeýän zady ýok. Batyr jellabyň gyzynyň äre gaçanynam şol aýtdy. - Aý, goýsana-how! - Men goýdum onda, sen aýdaý bilýän bolsaň! – diýip, Şemşat gaharlanjak boldy. Amanýaz şo bada äheňini üýtgetdi. - Eşidemok, habarym ýok, bilemok. - Bilmeýän bolsaň, bilýän otyr ýanyňda. - Ýeri, bakaly! Haýsy gyzy gaçypdyr diýdiň? - Uly gyzy. Näzigi. - Sen-ä, how, halys öte eşidip, öý ýykyp ýörenlerden bolupsyň. Batyr jellap uly gyzyny öten ýyl çykardy. Gelnanjysyny keseklemänsiň öýdýän. Ýogsam-a, bilmeli sen. - Bilýän. Beterem bilýän. Gelnanjysyny keseklänimem bilýän. Bagşysam uruldy. Çagyrjysyna-da gitdim. Ho-ol eşekli oba. Şemşat äriniň ýüzünden “Düşünmedim” manyny okap, ugrybir jogap berdi. - Düşünmersiň sen. Bilýän zadyň ýok. Batyr jellabyň o gyzy äre çykansoň, bäş aý bolmanka aýrylyşyp geldi. Enesiniň dulunda biraz oturybam, ana, güw-w gidipdir. - Bäh, dogrudanam gaçypmy? Haçan? – diýip, Amanýaz çyny bilen gyzyklandy. - Dek öten agşam! Amanýaz aýýallara mahsus gylyk bilen: - Toba, toba! Daş edewersin! – diýdi. - Alla sowsun! Geň-taň göremzok – diýip, Şemşadam şu wagt ýadyna düşen ýaly ýakasyna tüýkürdi. - Öň diňe gyzlar gaçýamyka diýerdik. Indi aýrylyşyp gelenlerem gaçyp ugradymy? Ölmeseň, her hili wejeralyk eşidiljek. Şu gidişine gidip otursa, ärli heleýlerem gaçyp başlarmyka öýdýän men-ä. Iň gorkunç millet – uzyn etekliler. Bulardan gorkmadygyň imany ýokdur. Ozal kän eşidip, öwrenşikli bolansoň, Şemşat äriniň bu gürrüňlerine ähmiýet bermedi. - Batyr jellabyň şo gyzy öňem idili gezenok eken – diýip dowam etdi. – Saman astyndan suw goýberip ýörensoň, öň bilinmän, ynha indi aýan boldy. Tüýs “Ýere bakandan ýer gorkar” diýilýäni. Entek gyz mahaly şäherde başga biri bilen arasy bar eken. Ana, şoňa gaçyp barypdyr. Deň–duşam dälmiş. Öňem heleýli-zatly, pylança çagasy bar diýdiler. Batyr jellabyň albassy gyzy indi şoň ikinji heleýi bolup ýaşamaly. Aslynda başdaş äri bilenem şo şäherli meýit aýrylyşdyrypdyr. - Sen, how, pylan – pismidan diýýäň welin, magadyna ýetmän, günä göterýän bolaýma! - Günäsini it götersin! Men Ogulkeýikden eşidenimi aýdýan. Ogulkeýige-de Batyr jellabyň heleýiniň özi aýdypdyr. “Aýrylyşyp gelenine nätjegimi bilmän otyrkam, ýüzüme gara çekip, gaçyp gitdi” diýip aglapdyr. - Onda Ogulkeýik özünden toslap tapýandyr. Häli görseň, gaçanam däldir, özleri berip goýberendir – diýip, Amanýaz müňkür gitdi. Şemşat ärine şübheli garap: - Sen näbilýäň? – diýdi. - Aý, ol düşnükli zat. Iňňeden iner ýasamak heleýleň häsiýeti. - Onçasyny, ynha, men ertir ir bilejik Aýnabatdan sorap bilerin. Şol edil şänik döwen ýaly edip berer. Onsoň Amanýaz başga diýere gep tapman: - Şeýtde, öň etegiňi dişläp, etek alty, ýeň ýedi ylga-da ýör nirede näme gep–gürrüň barka diýip. Bir gün-ä uçugyňy alarsyň öz-ä – diýip hüňürdedi. - Kim? Menmi gep gözleýän? Menmi uçugyny aljak? Ol-a sen heleý ýaly gep gözläp ýören. Heleýdenem ozduran sen gep gezdirmekde. Meň ýaňky aýdanlarymam ertit uly ile ýaýradarsyň. Heleýçe-de ýok sen – diýip, Şemşat ýatan ýerinden dik–dik galyberdi. Amanýaz mundan ätiýaç etdi-de: - Bolýa, how, seňki dogry, meňki ýalňyş. Ýat, kelläňi galdyrma – diýip, soňuny gümp–samp etdi. Şemşat welin wagty bilen tüketmedi. - Ýalanmy, eýse? Heleý ýaly gep gezdirip, meni Bessir bilen sögüşdirenem-ä sen. Döndiň ýanynda dilimi kelte edeniňem bardyr. Kümüşiň ärsumagy Gurbanam soňky döwür salamyny hank-huňk berýär. Şonam senden görýän... Senjagazmy?... Entegem seni men saklap ýörün kimligiňi, nämeligiňi ile-güne bildirmän. Şasenem ýaly ataýry duşan bolsa, boýnuň torbaly gedaý gezerdiň. Bilseň, şu hojalygyň yrsgaly, döwleti mendedir. Ahyry Amanýaz kädisini tyrkyldadyp, nas atdy-da, çykyp gitdi. Batyr Jellabyň gyzy Näzigiň äre gaçyp gidenligi baradaky habary Kasymyň ejesi Aknur ertesi ir bilen Gülleden eşitdi. Gülle-de äri Şadyýandan eşidipdir. Şadyýana bolsa, düýn gijara işden gaýdyp gelýärkä Amanýaz aýdan eken. 13. Mämmet uzynyň gyzy Aknur özüni heläkläpdir. “Uksus içipdir” diýerdiler. Uksus diýýänleri sirke bolmaly. Sebäbi barada hiç kim dil ýarmady. Her kim öz ýanyndan çak urdy. Gün ýaşar uçurlary käte çalaja iňňildeýän Aknuryň mejalsyz göwresini emaý bilen göterip, ýeňil ulaga ýüklediler. “Çykmadyk janda umyt bar”. Şol umydy söýget edinip, gyssanmaç keselhana gitdiler. Kän salym geçmänkä-de, ses edişip, gaýdyp geldiler. Aknuryň jansyz jesedini düýpki otaga geçirip ýatyrdylar. Ýakyn–alysdaky hossarlaryna habar ugratdylar. Goňşy–golamlar ýarygijä çenli merhumy soňky ýoluna ugratmagyň aladasy bilen boldular. Ertesi Aknury jaýladylar. Onuň hiç kime rowa görmedik tenini gara guma gardylar. Uzak-uzak ýyllar daşdadygy-ýakyndadygy näbelli bolan bagtyna garaşan, garaşyp-garaşyp garran, belki-de, tanaman, bilmän, öz bagtyndan özi ýüz öwren, ynha, indem, bagtyň giçden soňam gelip biljekdigine ynam etmän, çaky, ýadap, lejigip, ýalan dünýäň ähli mähnetinden hem mährinden geçen, şirin janyna gyýan bir ykbaly bir tümmek mazara öwürdiler. Aknuryň ömür pelsepesine hiç kim düşünmedi. Ol bu ýagty jahanda özüne taý tapmady. Özüne taý tapyp bilmedik janyna jaý tapyp bilermi? Egil beýleki adamlar ýaly, Aknuryňam gursagynda uç-gyraksyz, biserhet arzuwlar bardy. Olar Aknuryň ömrüni bezemelidi. Ömrüň manysy bezege öwrülmeli şol arzuwlardan başlanýar. Aknuryňky ýaly arzuwlaryň amala aşan halaty döwran sürmegiň nobaty gelýär. Ömür sürmek başga zat. Ömür sürmek üçin olar ýaly arzuwyň geregi ýok. Aknuryňky gury hyýala meňzänokdy, bitmejek bolsady däldi, biraz umyt çaýylan ýönekeý arzuwlardy. Köplenç şeýle bolýar: adamyň derdine we ömür owazyna onuň teni sowan güni düşünjek bolýarlar. Ýüzlerini sallaşyp, ýegşerilip, gonamçylykdan gaýdyp gelýän gölegçileriň serini biri–birine meňzemeýän dürli–dürli oý–pikirler gaplap alypdy. Olaryň arasynda Aknuryň arzuwlaryna düşünjek bolýanlaram bardy. 14. Şemşat gyzy Gyzylgülüň ýanynda, meger, ömründe birinji gezek çynlakaý gürrüň etdi. – Gyýw, albassy! Men seni näme edeýin? Kime bereýin? Sawçyň sabamanka şony aýt maňa! Seni deňli-derejeli edip, adam çykýan ýere ýerlejek bolup, şo-ol geleni gaýtardym oturdym. Indi halys başym çaşdy. Şemşat gyzyndan jogaba garaşdy. Gyzylgülden ses-seda çykmady. Eýsem-de bolsa, ol näme diýsin? “Pylanylara beräýiň” diýsinmi? Diýaýeniňde şo pylanylar eli saçakly işigiňi kakjak bolup durmy? “Aý, ýok, munuň ýyly söz alşyp, ümmüldeşýäni-hä bardyr öýdemok” diýip Şemşat pikir etdi. - Lal açmadyk bolsaň, diý, gyz, bir zat. Gyzylgül ejesine soragly nazar bilen bakyp, dymdy. - Kimiň saçagyny açmaly diýjek bolýan. Gyzylgül bilemok diýen terzde iki egnini gysdy. - Her hili adam gelýä, gyz. Içinde dokuzy düzüwi ýok. Kowsaň, kowup oturmaly. Saňa gowusy bolsun diýip, men-ä ugur–utgamy ýitirdim. Hany, senem bir diňläp göreýin. Gyzylgül bu gezegem geplemedi. Şemşat gyzynyň mysapyr garaýyşyndan “Siziň saýlanyňyz bolar. Özüňiz gowy bilýänsiňiz” diýen manyny okady. Şondan soň Şemşat: “Onda men-ä Atalygyň heleýine gelibersinler diýjek. Seni Kasym üçin soraýarlar. Gulagy agyr diýäýmeseň, erbed-ä däl diýdiler. Özlerem adam çykýan ýerler. Bolýamy şol? Näme diýjek?” diýip sorasy geldi. Ýöne ejap etdi. Onsoň janyny barlamak üçin: - Ker-kör üçinem idäp durlar. Ýaşygaýdan üçinem gelýärler. Her haýsysy bar – diýdi. Gyzylgül gara ýer ýaly dymyp otyrdy. Şemşat onuň gözlerinde pespällik bilen kysmata kaýyllykdan gaýry zat görmedi. Gyzyna ýüregi awady. Batyr jellabyň gyzy Näzigiň arden turup gaýdyp, başga birine gaçyp gitmesi Şemşada sapak boldumyka? Ýa Aknuryň özüni heläklemesinden elheder aldymyka? Belki, Esen işan güýç görkezýändir? SOŇY . Mart, 2010. Mary. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň soňy - 29.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |