06:33 Gyz ýüreginiñ urgusy / hekaýa | |
GYZ ÝÜREGINIŇ URGUSY
Hekaýalar
Merjenler paýtagtdan uzak bolmadyk dag eteklerindäki gür baglyga bürenip oturan obalaryň birinde ýaşaýardylar. Maşgala uly däldi. Merjen maşgalanyň bar guwanjy, ýalňyz perzendidi, ol häzir paýtagtda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň birinde okaýardy. Ol okuwdan gelip, howla girende, ejesi tamdyra çörekleri ýapyp duran eken. - Eje, käbäm, tamdyra näçeräk ot goýbermäni, nädip çörek bişirmäni maňa-da öwretjek diýip söz beripdiň-ä, bu günem maňa garaşmansyň. Häzir, eşiklerimi çalşyrdygym gelýän--diýdi-de, ejesiniň deňinden howlukmaç geçip gitdi. Ýüz-gözüni ýelýyrtan ýaglyk bilen pugta daňynan Ogultäç eje: - Wah, gyzym, söz bermegine-hä söz beripdim. Ýöne saňa hi-iç dözmedim-dä! Seniň bu mahal saçyňy-ýüzüňi otdan-suwdan goramaly çagyň, uçgun syçraga-da, görk-görmegiňe zeper ýeter öýdüp gorkýan. Onsoňam, gyzym, senem bilmäň duraňok ahyryn, işime ýetişip bilemok, bir depäm, bir dabanym degýär. Seň geleriňe garaşsadym, ähli işlem ýatyp galjakdy. Kakaň daň ataly bäri çaýsyz-suwsuz, gaýraky mellekde ýeralmalara suw tutup ýör. Ol gelmänkä, nahar-şoruna-da seretmeli--diýdi. Dogrudanam, Ogultäç ejäniň işi başyndan agdykdy. Diňe şu günüň özünde ir bilen sygyr sagyp, ony örä kowup geldi. Soňra mellekden ýorunja ýygyp göläň öňüne döküp gaýtdy. Towuklara iým berdi. Merjen diňe şondan soň oýandy. Ýuwunyp-ardynyp, ejesiniň özüne taýýarlan ertirliginden iýibem okuwa turup gitdi. Merjen ejesiniň soňky sözlerini eşitmedi. Derhal öý lybasyna girdi-de, tamdyryň başynda peýda boldy. Ol şondan soňky ejesiniň her bir hereketini synlap, onuň çörek bişirmek bilen bagly aýdýan sözlerini ýat tutmaga çalyşdy. - Çörek bişirip durkaň, ilki bir suw berilýändir gyzym, çalarak gyzaryp başladygy onuň gyzyl suwuny bermeli. - Gyzyl suwuň näme, eje? - Çöregiň lowurdap durmagy üçin tamdyryň içinde soňky gezek berilýän suwa gyzyl suw diýilýär. Diňe şondan soň çöregi goparmaly, goparylan çörege suw sepe¬lemeli. Bu suw «sogap suwy» diýlip hem atlandyrylýar. Çörek bişirip durkaň, çörege sepeleýän bu suwuňdan içseň hem bolar. Ol perişdeleriň nazary düşen suwy bolarmyşyn. Merjen eje eglip, tamdyryň içine birlaý göz gezdirip çykdy, onda galan-gaçan kökedir çörek bölekleriniň ýoklugyny görübem, çörek bişirmäge höwesek gyzyna ýüzlendi.—Bir gün çöregi seniň özüňe ýapdyryp, özüňe-de gopartdyryn. Bolýamy? - Sözüň sözmi? - Söz. Indi çörekleri saçaga dolap, öýe göteriber. - Bolýa, eje. - Merjen çörekleri göterip öýe gaýtdy, ejesem onuň yzyna düşdi. Şondan soň Ogultäç eje ojakda atarylan naharyň oduna seretdi, onuň duzuny barlady. Soňam kündügi suwdan dolduryp, ojagyň başynda goýdy. Merjen bolsa tamdyrdan getiren çöreklerini saçagyň üstünde birlaý serişdiren soň, hemişekileri ýaly bu gezegem küti pyçak bilen olaryň arkasyny kakyşdyrmaga durdy. Şo mahalam howla egni pilli kakasy gelip girdi. Ony ilki bolup görenem, onuň ilkinji armasyny ýetirenem gyzy Merjen boldy. - Arma kaka! - Arma, atasy!—diýip, gyzynyň yzýany Ogultäç eje-de dillendi. - Bar boluň! Aryp, kemi galan däldir. “Şu gün seň suw nobatyň!” diýip giç agşam habar etdiler. Onsoň men tutuş ýeralmaly mellege suw tutdum. Bu olaryň ahyrky suwy bolar, adatça, ýeralma ýedi gezek suw berlip, soň bes edilýär. Hasyla durupdyr, kä ýerde, kä ýerde goşa ýumruk ýaly bolup ýüzüne çykanlaram bar. Ana, olardan ýarym bedre çemesi çöpleşdiribem getirdim. Aýyň ahyrynda doly ýygnalyberse-de bolar. - Babaguly aga daş işikde ýuwnup, içerik girende, çöregiň aňryňy tamşandyrýan beýhuş ediji ysy içerini gaplap alypdy. - Atasy, çaýyň basyrylgy durandyr, häzir naharyňam guýjak. Şondan soň olar üýşüp, saçagyň başyna geçdiler. Babaguly aga özüne demlenilip goýlan çaýly çäýnegi öňüne süýşürip, ony üç öwre gaýtardy. Ara birneme böwşeňlik düşdi. Hiç kes geplemedi. Ahyry goşa ýassygy tirsekläp, çaý süzüp oturan Babaguly aganyň özi söz açdy: - Gyzym, okuwlar niçik, neneň azalýarmy? Merjen kakasyna ýakyn durdy. - Azalýar kaka, ýene on günden bir aýlyk önümçilik tejribämiz hem tamamlanýar. Onsoň biz dynç alyşa çykýarys. Ýene-de tutuş bir ýylym bar. - Okuwa dokument tabşyrmak üçin ataly-gyz tirkeşip, şähere baranymyz ýaňy ýalydy - diýip, Babaguly aga bu gezek aýalyna garap gepledi.—Görýäňmi, keýwany, wagtyň çalt geçäýşini. Eýýäm dört ýyl. Galan wagtyňam geçer. Ýöne, esasy zat, gyzym, - Ol bu gezek gyzyna maslahat berdi.--- Okuwyňa erjel ýapyşgyn, öwredilýänini günde özleşdirgin. Geljekki ykbalyňam şu günki ele alan bilimiň derejesine bagly bolar - diýdi-de, çaýyndan owurtlady. Merjen adajyk ýylgyrdy, şol ýylgyryşy bilenem kakasynyň elýeterinden uzagrakda duran hozdur kişmişden, maňyzdyr pisseden doly tabagy öňüne süýşürdi... Aýlar-günler geçip durdy. Merjeniň boş wagtlary az bolanok diýilýän ýalydy. Okuwdan soňky geçirilýän medeni çärelerden birjik-de galmazdy, gijelerine kompýuteriň öňünden aýrylman, her günki sapaklaryny internet arkaly özleşdirerdi, sowallaryna jogap tapman gezegi onuň gözlerine uky gelmezdi. Bir günem Merjen öýlerine iki bolup geldi. Onuň öňlerem jorasy bilen tirkeşip gelen gezegi bolupdy. Ogultäç eje gyzyň adynyň Aýgüldiginem, öýleriniň obanyň aňry ujunda ýerleşýändiginem bilýärdi, onuň ata-enelerini tanaýanlygynam aýdypdy. Ýöne... häzirki ýagdaý welin Ogultäç ejäni ylla tok uran ýaly, uly göwräni mäjun edip taşlady. Näme aýdyp-näme goýjagyny bilmedi.Gyzynyň ýanyndaky gara göz, gara gaş, syrdam boýly, ýüzi nurana bu ýigit bolsa oňa salam berip dur. Ogultäç eje özüni ýitirerli göründi, hatda ol ýigidiň düzüwli salamynam almady. Süňk ýuwdan ýaly aňkarylyp durşuna çala başyny atdy. - Eje, bu oglanyň ady Garýagdy, kompýuter ugrundan okaýar. Men oňa kompýuterimde bir näsazlygyň barlygyny aýtdym, görüp bereýin diýdi. Onuňam asly şu obaly eken, şäherde ýaşaýarlar. Beki Myradyň agtygy diýseň hemmeler tanar diýýär. - Şeýlemi? “Tanamadyk sylamaz” diýlendir. Şeýdip tanyşdyraweri gyzym. Göwnüme nämeler gelmedi. Oglum gurgunmyň? Beki Myradam pahyr boldy oturyberdi. Kakaň ýogalansoň hiç aýňalmady bende. Eneň Keýikjemalam neneň epeý adamdy, düýn sorap gaýtdym, biçäräň gaýgy-hasratdan ýaňa bili büküläýipdir. “Aýry jana ölüm ýok”, öleniň yzynda ölüp bolýamy näme? - Eje, nädip dursuň-a. - Ol Garýagdynyň ýüzüne seretdi. Garýagdyň ýüzi saldar alyp gitdi. - Onuň kakasy diri, özem sag-gurgun gezip, işläp ýör. Ol biziň dekanymyz. - Beki Myradyň agtygy diýdiň dälmi? - Hawa. - Hawa bolsa, Beki Myradyň ýekeje ogly bardy, adyna-da Gurbanberdi diýerdiler. Görgüli ýol heläkçiligine uçrady, ýyllap düşege baglanyp ýatdy. Ýa demrinden, ýa kömründen, nämüçindigini-hä bilmedik, Ogulaý gelne iki çagasynam alyp, şähere, atasy öýüne turup gitdi dýdiler. Ol aslynda-da şäher ýerinde önüp-ösen gyz, oba durmuşy bilen oňuberenokdy. Yzýanam Gurbanberdi neresse ýurduny täzelemek bilen boldy. Ondan bäri on-on bäş ýylam bolandyr. Wah, Beki Myradyň özem o diýen bir garry däldi. - Eje, bu beýle däl. Sen nähak Garýagdynyň göwnüne degýäň. Ony haýsydyr bir maşgala bilen garyşdyrýaň. Ogultäç eje birneme tijendi. - Sen maňa ynanmasaň, onuň özünden sorap göräý. Aýdýanlarym dogry gerek oglum?—diýip, Garýagdynyň ýüzüne seretdi. Garýagdy henizem äm-säm bolup durdy. Ogultäç eje oňa aýratyn bir üns beribem durmady. Gaýta: - Wiý, gapyň agzynda men nämä samrap durun diýseňizläň! Geliň, geçiň. Merjen, gyzym, sen oňy kompýuteriň ýanyna alyp bar. Diňe şondan soň Merjen Garýagdyny yzyna tirkäp, öz otagyna alyp bardy. ...Olar geçen güýzde Awazanyň kenarynda tanyşdylar. Merjenler Altyn jorasynyň toýuna gelipdi. Altynyn öz halaşýan balkanly bir ýigit bilen Awazanyň kenaryndaky kaşaň salnan toýhanalaryň birinde toý tutýardy.Toýuň gyzyşan wagtydy. Gyzlar, oglanlar ikibir-üçbir bolup orta tansa çykýardylar. Merjen dagylar hem tansyň içindedi. Aýdym-sazyň şowhunyndan ýaňa ses-üýn alşar ýaly däldi. Tans edýän ýigitleriň biri gözlerini Merjenden aýyrmaýardy. Merjen ony duýsa-da, oňa üns bermedi.Uýaldy, soňabaka nirä gitse, şol gözler oňa yzyndan galman gelýän ýaly bolup göründi. Ýaşlara nika şahadatnamasy gowşurylmaly bolnanda welin... olara gyzyň haýyşy bilen şaýat bolup Merjen çagyryldy. Oglan tarapynyň şaýady bolsa öýlenýän ýigidiň dosty, häliden bäri Merjenden gözüni aýyrman oturan şol nätanyş ýigit bolup çykdy. Nika dessury tamamlanylandan soň, ýaş çatynjalar är-aýal diýlip yglan edildi. Adatça bolşy ýaly, ýaşlar orta çykyp tans etdiler. Şo pille-de: - Gözel gyz, adyňyzy soramak gelşiksizem welin, bir nikanyň şaýady bolubam birek-biregiň adyny bilmesek... Meniň adym Garýagdy, politehniki institutyň ahyrky ýylynyň talyby-diýdi. - Men Merjen, Aýgülüň jorasy. - Merjen, Merjen, şular ýaly gözel ady il içinden gözläbem tapyp bolmaz. A men bolsam, gar ýaganda doglan bolmaly, adyma Garýagdy dakylypdyr. Ine, şeýdip toý şaýatlarynyň arasynda içgin tanyşlyk başlandy gidiberdi. Olar Awazadan gaýdansoňam, institutlarda, medeni-köpçülik çärelerinde gabat geldiler.Bir gezegem: - Hany, oglan, hemmeler biziň dekanymyza seniň kakaň diýýärler-ä—diýdi. - Mümkin. Ýöne men çagalykdan babamyň elinde ulaldym, onsoň men babamdan başga hiç kesi tanamogam, tanajagam bolamok. Diri ýetim diýseňem boljak. A seň ata-eneň barmy? - Hudaýa şükür.Olar aman-sag ýaşap ýörler.Çukur obasynda ýaşaýarlar. Merjeniň “Çukur” obasynyň adyny tutmagy Garýagdyny tisgindirip gitdi.Garýagdyny gara der basdy.Şonuň üçinem onuň sowaly ysgynsyz eşidildi. --Beki Myrat diýlen adamam şol obada ýaşaýarmy, sen ony tanaýaňmy? - Hawa, tanaýan. Ol ýakynda aradan çykdy.Obaň sylanýan ýaşulusydy. Garýagdy ýüzüni aşak saldy. - Sen ony nämüçin soradyň? - Men onuň agtygy bolmaly. - Onda biz obadaş ekenik-dä!—Merjen Garýagda gynanç bildirmegiň deregine hemişekisi ýaly bu gezegem jak-jaklap güldi. Şodur-da-şodur, bu gürrüňe dolanylyp gelinmedi. Dogrusy, Garýagdy bu hakda soralmagyny islänokdy. Eýse, seniň dekan diýýän adamyň meniň kakam däl, kakalygym diýsinmi? Men ejemlerden aýra ýaşaýan, olar bilen gürleşemogam, gatnaşygam edemok diýsinmi? Bu zatlara Merjen ynanjakmy-ýokmy? Aslynda ol öz durmuşy barada Merjeniň öňünde jikme-jik hasabat bermäge borçlumy? Temeni haltada saklap bolmaz ahyryn. Hassa kakasynyň baky-görüşe mätäç wagtynda, ony terk edip, çagalayny yzyna tirkäp gaýdan ejesi barada gürrüň bersinmi? Ýa bolmasa, kakasy ýogalyp, heniz ýyly geçip-geçmänkä,ejesiniň ur-tut başga birine durmuşa çykanyny aýtsynmy, özüniň jigisinden aýra düşüp, çagalygyndan babasynyň elinde ýeter-ýetmezlikde ýaşamaly bolanyny magtasynmy? Belki, bu zatlaryň hiç biri-de gerek bolmaz. Belki-de...Merjene hiç zady gürrüň bermese-de, ol ony bagyşlar. *** Bu gün çörek bişirmek Merjeniň gezegidi. Ogultäç eje sözünde tapyldy. Hamyryny hem gyzyna ýugurtdy.Onuň gyzyny ýanyna çagyrmagy-da, şonuň üçindi. - Gyzym, tamdyrda çörek bişirjek diýýädiň. Hanha, tamdyr, hanha-da sen. Tamdyrtowulykdyr tutaşdyryk odunlar hem taýýar. Bar öz başyňy özüň çarajak bol. Meniň melleklik işim bar. - Eje, näçeräk odun gerek borka? - Tamdyryň sowuk bolsa, oňa köpräk odun gerek bor, eger-de onda şu günüň dowamynda çörek bişirilen bolsa, kän odun gerek bolmaz. Oduň az bolsa-da, köp bolsa-da, çörege zeperi ýetip biler. - Eje, çörek bişirmek näçe wagtyňy alar? - Bu gün dynç günüň-ä, işiň barmydy? - Aý, ýok, ýöne soraýdym. - Merjen tamdyrtowuly bassyrma bakan ýöneldi. Ýöne şu halda özüniň çörek bişirmegi başarjagyny göz öňüne-de getirip bilmedi, haýykdy. Ýüreginiň urgusy öňküsinden-de ýygjamlaşdy. Ol bu ýagdaýyň esasy sebäbini aýtmagyň ebeteýini tapmady. Ejesi onuň bolşuny göz astyndan synlap durdy, ýöne onuň hem ene ýüregi haýsydyr bir zady aňýanam bolsa, aňmadyksyran boldy.Gyzynyň dillenerine garaşdy. Onuň çaklaýşy ýaly-da boldy. - Eje, gowusy bu gezegem çöregi seniň özüň bişiräýsene. Birinji gezek bişirjek bolýanlygyndanmy-nämemi. birhili ellerim titreýän ýaly. - Şeýle bolar hem öýdüpdim. Tamdyrda çörek bişirmek şeýle bir aňsatdyram öýtme. Ilkibaşlarda meniňem elimi ýakan gezeklerim bolupdy, on çörekden bäş çörek alan gezegimem bolupdy. Özüm bişirerin. Başarmajak zadyňy boýun almagam mertlikdendir gyzym. Onda dessine tamdyryň içiniň külüni aýraýyn. Oduny goýberip başlamasam, hamyrymyz ajarmyka diýip gorkýan. - Wiý, ýogsa-da, eje, tas unudan ekenim, men kompýuter üçin öýe ussa çagyrypdym, ol ýetip gelýändir. Üst-başyma-da seretmeli. Belki, oňa çaý-kofe hödür etmelem bolar... - Şeýdip dil açaweri, gyzym. Ussa gelýän bolsa, gowy bolupdyr, şol oglandyr-da! Kakaňa-da habar ber, olam kompýuterini ussa görkezmeli diýýädi. Bir gepinde-hä: “Beki Myradyň agtygy neneň oglan bolup ýetişipdir, ony menem göräýsem” diýýädi. Merjen gerdeninden agyr ýük aýrylan ýaly, uludan dem aldy. Sen-men ýok, duran ýerinde eline alan egri çybygy bilen ýer dyrmalap başlady. Gyzynyň başagaýlanyp duranyny gören Ogultäç eje: - Sen henizem gideňokmy?—diýdi. - Häzir, häzir, eje, men gitdim, Çao! - Dogry edýäň gyzym, bar, diňe bir çaý däl, nahar-şoruň hem ugruna çyk! Ejesiniň ýanyndan guş bolup uçup giden gyzyň ýüregi atygsap urdy, ol urgular gyzyň göwnüne, göýä başga bir ynsanyň ýüregine tarap barýan ýoly salgy berýän ýaly bolup duýuldy. Merjen erjel gyzdy, şol erjelligem oňa hemme ýerde üstünlik getirýärdi. Bu gezegem ol ýüreginiň urgusyna diň salar, şol urgy-da ony ak günlere atarar, görersiňiz, umydy ony aldamaz. Goçy ANNASÄHEDOW. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |