23:48 Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri: Ynjasaň-da ynjytma | |
Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri hakynda Dogrusy, şu öwütleriň jemi Hajy Bekdaş Weliniň näzik ýoluny emele getirýär. Hoşgörme ideýasynyň elementi, hünji düzümi ýaly, şol öwütleriň her birinde jaýdar aýdylýar. Bir öwüt beýleki öwüt bilen berk baglanyşykly hem-de bir-biriniň üstüni ýetirýärler. Bizem, başardygymyzdan, her öwüde aýratyn nazar öwürip, öz pikirimizi orta atmakçy. Bu pikirler, hormatly okyjym, Siziň pikirleriňiz bilen hökman laýyk gelmegi zerur däldir. Pikir gazanyna her kim gurbunyň ýetdiginden pikir atsyn. Edil ýaglyja omaça atan ýaly. Gazan lasyr-lasyr gaýnasyn. Ana, şonda dogry, anyk, dürs, hakyky pikiri ýüze çykarmak aňsat bolar. Deňizde bir balyk ýüzse, ondan deňiz bolarmy, ondan balyk bolarmy?! • Ynjasaň-da ynjytma Hawa, bu taýda bir syr, ýa bir çylşyrymlylyk ýok ýaly. Emma birbada şeýle görünýär. Bu öwüdi gaýta-gaýta ýatlaň-da, rahatlykda, pynhanlykda-ýalňyzlykda çözgütlerini tapyp başlaň, bakaly. Çuňlaşdygyňyzça täze meseleleriň üstünden bararsyňyz, öňki pikirleri baýlaşdyrmak, käbir netijeleriňizi inkär etmek, gümana salmak, neneňsi jogap tapjagyňyzy bilmän ikirjiňlenmek we şuňa kybapdaş ahwallar başyňyza düşse gerek. Owal-başda üç garyşboýlyja nahal ýaly görnen zat soňra her şahasy öküziň boýny ýaly ýogyn-ýogyn belent agaç derejesine ýeter. Gündogarda «Ar almaly» diýen düşünje örän irden bäri bar. Harydyňy aldymy, goşlaryňy aldymy, harydyny almaly, goşlaryny almaly. Gan çykardymy, senem gan çykarmaly, eger gan çykaran dünýäden giden bolsa, ýa başga bir sebäbe görä ondan ar almak mümkinçiligi bolmasa, o halatda yzynda galan erkek gandüşerlerden ar alynýar ekeni. («Gandüşer» diýen söz hem şo zamanlarda dörän bolsa gerek.) Namys meselesine has gyzmalyk bilen garalypdyr, sähelçe güman edildigi uly bir betbagtlygyň üstünden barylýan halatlary seýrek bolmandyr. Ýewropada rowaç alan dueller hakda taryhdan näçe okapdyk. Beýik şahyr Puşkin şo dueliň pidasy bolupdy. Şo zamanlarda ar alynmasa, duele çykylmasa, başga çykalga ýok ýaly görnüpdir. Adamzat heniz-de ýaşap ýör, ýöne hany o dueller, gylyç syrmalar, sapança direşmeler?! Diýmek, her zadyň çykalgasy bar ekeni. Esasy zat: meseläni çözmäge gahary goşmaly däl. Gahar – hakykatda ynsany ýakyjy bir ot. Akly-paýhasy bir ýana kowup, özi häkimlik edesi gelýär. Men wraçlaryň birinden gahar hakda pikirini soramda, ol: «Gahar adamy iýiji bir zat, adam gaharlananda bedendäki witaminler ýanyp ýok bolup başlaýar» diýdi. Şeýle bolsa, gahara gapy açmazlyk üçin näme etmeli? Geçirimli bolmaly we ýene bir gezek geçirimli bolmaly. Ynsan gatnaşyklarynda bu häsiýete aýratyn uly sarpa goýulýanyny hemmämiz duýýarys. Hatda uly-uly baýlygyny ile paýlaýan sahylardan hem geçirimli adam öňde goýulýar. “Ýagşylyga ýagşylyk her kişiniň işidir, ýamanlyga ýagşylyk är kişiniň işidir”, “Daş bilen urany aş bilen ur”, “Zulum zulum döreder”, “Ýeňişleriň iň ulusy özüňi ýeňmekdir”, “Özüňi süýt bil, özgäni gaýmak”, “Öz göwnüňi ýykmasaň, kişi göwni aldyrmaz”, “Ýamandan boýnuňy satyn al”. Möwlana Jelaleddin Rumy: “Birkemsiz dost gözlän, dostsuz galar” diýipdir. Elbetde, geçirimli bolmak üçin özüňde uly gaýrat bolmaly. “O saňa şeýtdi, bu saňa beýtdi. Näme üçin sen olaryň jogabyny berip bileňok. Sen olardan kemmisiň? Il seniň üstüňden gülýär, saňa namart diýýärler” diýip, içki bir gara güýç, daşky gyjytlara ses goşup, seni gozgajak bolýarlar. Şonda gozganman, kelläni şol öňki sowuklygynda saklamakda iş bar. “Sen bu gezek jogabyny bermediň weli, onuň indiki gezek edişine bir bak” diýip, başga güýç seni wehim dumanyna baka çekelär. Şeýle ýagdaýda ruhy dartyklyga ýol bermän, ADAM bolup galaýmak ýeňil-elpaý işmidir?! Hajy Bekdaş Weliniň: “Ynjasaň-da ynjytma” diýen öwüdiniň aňyrsynda “Dur!”, “Saklan!”, “Garaş!” diýen ýaly bir owazlaram eşidilýäne çemeli. Sebäbi şuňa laýyk duýguly bir bendindäki setirlere üns beriň: Saklangyn! Hiç kimiň köňlüňi ýykma. Gerçek erenleriň ýolundan çykma. Eger ynsan bolsaň, ölmersiň, gorkma! Aşygy gurt iýmez, o çetde däldir. «Garşylyk görkezmezlik teoriýasy» diýlen bir akym hem günbatarda ençe asyr ünsi çekipdi. Beýik rus ýazyjysy Lew Tolstoý bu teoriýa bilen içgin gyzyklanypdy we şonuň üçin bolşewikleriň tankydyna sezewar edilipdi. Bu akymyň kökleriniň gaty gadymydygyny aýtmalydyrys. Garşylyk görkezmezlik – zulumy gylawlan¬dyrýan bolaýmasyn, belki, ýamanlyk rowaç¬lanýandyr? Meniň pikirimçe, şu taýda iki zady gözden salmaly däl. Birinji, bu «Ynjasaň-da ynjytma» diýleni adamlaryň bir-birek bilen gatnaşyklary hakdadyr. Jemgyet başga. Gitler faşizmi ýurtlaryň üstüne sürnüp başlanda garşylyk görkezmezlik öz ölümiň bilen tamamlanjak ahyry. Ikinjiden, içki psihologik momente, ýagny rahatlygy bozan tarap jogap urgusyny, garşylyk almadyk halatynda öjükmez, gowşaşar. Üstesine-de ynsançylykdan çykylmagynyň özi eýýäm o şahs üçin uly bir betbagtlyga uçramakdyr. Adamdan almadyk jogabyny Beýik Allanyň örän jaýdar berjekdigine ynanmak hem özgäni ynjytmazlyga elter. Ogrynyň neneňsi ruhy sütemlere duçar bolýandygyny aklyňyzda aýlaň, bakaly. Gorky, biliner-bilinmez diýen tükenmez güman. Her niçik-de bolsa, öz ýanyňdan özüňi özgeleriň derejesinde goýup bilmezlik we başga-da müňlerçe ahwallar. “Ogry syrty gowşak” diýip türkmen aga ýönelige aýtmandyr ahyry. Ýazyjy F.Dostoýewskiý “Jenaýat we jeza” romanynda ynsanyň içden çüýremesini açyk görkezipdir. Ynsanyň özgäni ynjytmajagy ýüz-gözünden, sözünden ýa-da iki tarapyň hem görüp bilmeýän, açyk duýup bilmeýän biomeýdanynyň täsirinden belli bolanda, ynjy berjek adam kähalatda niýetinden dönmegi mümkindir. Şu taýda hereketdäki, ýagny maddy ýeňiş hakda däl-de, eýsem ruhy ýeňiş hakda gürrüň barýanyny hem aýtmalydyrys. Hajy Bekdaş Weliniň “Ynjasaň-da ynjytma” diýen öwüdini beýleki öwütlerinden ilkinji nobatda getirmegimiziň sebäbi – bu öwüdiň ynsan ýaşaýşynda baş rol oýnaýanlygydyr. Ynjytman ýaşap bilseň, bu durmuş ýaşarça bardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |