1895-nji ýylyñ 22-nji iýulynda Nowo-Aleksandrowskiý şäherinde (häzirki Dörtgülde) doguldy. Hywa türkmenleriniñ han gatlagynyñ wekili. Tiresi ýomut (baýramşaly taýpasyndan); Moskwaly Imperator Aleksandr II-niñ Üçünji kadetler korpusyny we Tweriñ atly goşun uçilişşesini tamamlady. Soñra 1916-njy ýylda goşun starşinasy baron P.N.Wrangeliñ baştutanlygyndaky Nerçinsk kazak polkuna iberildi. 1917-nji ýylyñ ýanwaryndan başlap, 1918-nji ýylyñ ýanwar aýynda polkuñ dagydylan döwrüne çenli Teke atly polkunda bolýar. Ilki bilen pulemýotçylar toparynyñ serkerdesiniñ korneti harby derejesinde, soñra belent serkerdebaşynyñ teke gorag gullugynyñ başlyklygynda, general L.Kornilowyñ ynanylan adamy we adýudanty hökmünde gulluk edýär.
1-nji Kuban (''Buzly'') ýörişi tamamlanansoñ we generalyñ wepat bolmagy bilen Meýletinçiler goşunyndan çykýar. 1918-nji ýylyñ sentýabrynda polkownik knýaz Tundukowyñ ýolbaşçylygyndaky Astrahan kazak goşunynyñ Teke ýüzlüginde serkerdelik edýär. 824 belgili ''Birinji Kuban ýörişi üçin'' diýen nyşana eýe bolýar. 1918-nji ýylyñ gyşynyñ başynda Türkmenistana girýär. 1920-nji ýylda Eýranyñ we Hindistanyñ üsti bilen Wladiwostoga 20-nji ýyllaryñ ortalarynda Ýaponiýanyñ üsti bilen Meksika aralaşýar we 1966-njy ýylyñ 20-nji maýynda Mehiko şäherinde aradan çykýar. ''Beýik Boýar'' (Belgrad, 1929), ''Atçapar'' (San-Fransisko, 1962 ý) we başga-da birnäçe makalalaryñ awtory. Onuñ ýanýoldaşy we çagalary hakynda hiç hili maglumat ýok. Meksikada onuň agtygy Anna Eleonora Guld (Kaýzer) ýaşapdyr.
Öwez GÜNDOGDYÝEW.
# ''TEKE ATLY POLKUNYÑ SÖWEŞ ÝOLY'', Aşgabat - 2013.