18:56 Hakda: Möwriti öteniñ gussasy | |
10. MÖWRITI ÖTENIŇ GUSSASY
Gahrymanymyň başyndan inen gussa maňa Çehowyň “Üç uýasyny” ýatlatdy. Dünýä edebiýatynyň iň inçe gussaşynasy sowugyň çygly howany kristala öwrüşi ýaly, gussadan lybas tikip, uýalara geýdirýär. Ykbalyň emri Moskwada önüp-ösen uýalary welaýatdaky şäheriň juda gamgyn, ýata suwy ýada salýan tukat ýaşaýyşyna ýüpsüz daňyp goýupdyr. Olaryň kiçisi Irina: “Men Moskwa göçüp barjagymyza dynman garaşýardym, ol ýerde göwün islegimi tapmalydym, onuň arzuwyndadym, oňa söýgi bilen ýaşaýardym. Indi umytlarymyň bary ham-hyýal bolup çykdy” diýýär. Elbetde, meniň gahrymanym umytsyzlygyny beýle aç-açan aýtmaga batyrlyk etmez, sebäbi şowsuzlygy boýun almak başarnygy onuň sowetçilik endiklerine girmändi. Onuň adyny tutmaýyn. Oňa Halk ýazyjysy diýeýin. Ýetmişinji ýyllaryň aýagynda döwlet tarapyndan berlen bu resmi at onuň ýetmiş ýyllyk ömründe gazananlarynyň iň buýsançlysydy. Halys surnukdyryjy garaşmalardan soň çykan perman onuň göwün ýüwürden arzuwlarynyň hasyl boljagyna kepillik möhrüni basypdy. Öňi bilen hökümet gonamçylygy diýilýän hormatly alleýadan orun beriljegine ynanypdy. Ýas mitinginiň geçiriljegi, partiýa-hökümet ýolbaşçylaryndan wekil gatnaşjagy, gazetleriň tutuş sahypasyny tutjak gynançlaryň beriljegi, hökümetiň karary bilen mazarynyň üstünde heýkeliniň oturdyljagy, okan mekdebine, ýaşan köçesine, kitaphana, degerli goldaw tapylsa, dogduk obasyna adynyň dakyljagy hökmany amala aşyrylmaly çärelerdi. Belent at oňa dirikä-de juda zerur. Tankytçylaryň Halk ýazyjysyna agyz urmaga gaýraty çatmasa gerek. Golýazmalary neşirýatda nobata garaşyp ýatmaz, okuw kitaplarynyň sahypasyny terjimehaly, portreti bezär. Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçy organlaryna saýlanjagy, eserleriniň doganlyk halklaryň diline terjime etmäge hödürlenjegi öz-özünden düşnükli. Soňra Halk ýazyjsy belent ady bilen Moskwany eýeläpdi.Ýazyjylaryň bütinsoýuz ýygnagyna baranlarynda ady eýýäm parhlylaryň sanawynda dur. “Moskwa” myhmanhanasyndan otag berdiler, galanlary “Rossiýa” ugradypdylar. Galamdaş ýoldaşdarynyň biraz göriplik bilen garandyklaryny duýupdy, şol bir mahalda-da özüniň has sarpalydygyny duýmak ýakymlydy. Merkezi neşirýata baranda ýüz beren wakanyň täsirinden henizlerem sypyp bilenok, gaýta ol täzeden dömüp çykaýdy, düýn bilen şu günüň arasyna taşlanan köprä öwrüldi. Uly neşirýatda goşgular ýygyndysynyň rusça sözme-söz terjimesiniň hereketsiz ýatanyna iki ýyl dolupdy. Ony halk ýazyjylygy bilen eýýäm telefonda gutlan bölüm müdiri baş redaktoryň garaşýandygyny aýtdy. Bu hoş habaryň alamatydy. Indi olary hezzetlemek üçin anjaýyn restoran saýlamak galýar. Baş redaktoryň kabulhanasyna girenlerinde içki kabinetden galmagal eşidilýärdi. Bölüm müdiri: – Hojaýyny halas etmeli! – diýdi. Olaryň kürsäp girmekleri baş redaktoryň üstüne sürünýän adamyň badyny aldy. Ol köne telpegini aýalarynda mynçgap durşuna janserek ýagdaýa düşdi. Reňki öçük hor ýüzüne ýakymsyz dartgynlyk berýän ýiti göreçlerini ýigrenç bilen Halk ýazyjysyna dikdi. Pyçak çenelen ýaly bolaýdy. – Bu subýektiň halturasyny welin, garbap alarsyňyz, kagyzam taparsyňyz. Rossiýanyň tokaýlaryndan çapyljak müňlerçe duýp agaja haýpym gelýär – diýdi, eglenmänem çykyp gitdi. Galmagaldan dyndarylan baş redaktor Halk ýazyjysyna ýüzlendi: – Siz onuň samyrdysyny göwnüňize almaň, psihopaddan başga nämä garaşjak! Janymyň ýanýan ýeri – zehini bar. Gep zehini nämäniň hatyrasyna ulanjak bolýanlygynda! Antisowet toslamalarynyň neşir edilmegini talap edýar. Döwletiň puly bilen döwleti urmakçy bolýar. Onda biz näme üçin bu ýerde oturmaly!.. Haýyş edýän, ýakymsyz sahnajygy unudyp goýberiň. Ol biziň problemamyz, hernä siziň gulagyňyz dynç, şükür ediň. – Soňra Halk ýazyjysyny belent at bilen gutlady. – Siziň kitabyňyz bilen bagly hiç hili problema ýok, şertnama baglaşaýmak galýar. Halk ýazyjysy baş redaktoryň problemasyny ýeňletmegiň aladasyny etdi. Şol adamy biziň ülkä döredijilik komandirowkasyna ýollaň diýip haýyş edesi geldi. Güler ýüz, duz-çörek bilen garşylarys, obalary, şäherleri görkezeris. Orta asyrlaryň gaflat ukusyndan bireýýäm oýanan çöllük ülkede sowet häkimiýetiniň gudratyndan dörän özgerişlikleri gözi bilen görer. Garagumy gülzara öwren beýik kanalda gämili ýüzer. Gara öýleri unudan halkyň ýaşaýan kaşaň jaýlarynda bol tagamly saçaklaryň başynda oturar! Sowet häkimiýetine şyltak atmak hyýalyna düşenine öküner. Olary durmuş hakykaty bilen urmalydyr!.. Halk ýazyjsynda nädogry ýola düşen, azaşan zehinli adama haýpygelijilik duýgusy artdygyça ol özüniň belende galyp biljegine buýsandy. Ol meni ýirense-de, men ony ýigrenmeli däl diýdi. Ol ejiz, ejizligine-de jany ýanýar. Nädogry ýaşaýandygy ýüz-gözünden, egin-başyndan görnüp dur. Birdenem serine täze sowal geldi: näme üçin rus ýazyjylaryna halk ýazyjysy diýen belent at berilmeýar? Belki, bu adalatsyzlyk olaryň gaharyny getirýändir?.. Baş redaktor: – Siz ýakymsyz duýgudan sypyp bilmediňiz öýdýän – diýdi. – Zehinli diýdiňiz welin, biraz nebsim agyraýdy. – Olara nebsiňiz agyrmasyn. Ol tetelliler döwletiň başyna gelaýseler, siziňem bagtyňyzy ýatyrarlar. Bu sözlerden soň Halk ýazyjysy teklibini aýtmady, howply adama duýgudaşlyk edýär diýilmegi ähtimaldy. Telim ýyldan soň respublikanyň partiýa guramasynyň ýolbaşçysy Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow SSKP MK-nyň XXVIII konferensiýasynyň belent tribunasyna galagadan, Baş sekretar Mihail Gorbaçewa haýran galaýmaly batyr teklip bilen ýüzlenipdi: tekepbir, arabozar Boris Ýelsini Türkmenistanyň partiýa guramasynyň garamagyna ýollaň, ony terbiýelemäge biziň gaýratymyz çatar diýipdi. Bu sözleri syýasy bähbit arap atylan pagtabende deňänler bilen Halk ýazyjysy şol mahalam ylalaşmandy, häzirem ylalaşanok. Nyýazow halkynyň ynsanperwerlik niýetine bil baglaýany üçin aýdypdy. Dogrudanam, şol wagt Ýelsin Türkmenistana iberlen bolsady, ol türkmenleriň sowet häkimiýetine bolan minnetdar duýgularyna sarpa goýmaga mejbur bolardy, döwletiň, partiýanyň garşysyna gitmegiň murtar işdigine düşünerdi, SSSR-i dargatmaga bogny ysmazdy. Arman, pursat elden berildi! Halk ýazyjysy SSSR mahalynda agşamlyk edinmegi ýatdan çykarsa-da “Wremýa” habarlar programma seretmegi unutmaýan adamlaryň toparyna girýär. Soňra endigini ORT-ä geçiripdi. Moskwanyň resmi täzeliklerine gyzygýar, ol ýerdäki üýtgeşmeleriň garaşsyzlygyny yglan eden öz ýurduna-da täsiriniň bolup biljekdigine ynanýardy, elbetde, ynamyny daşyna çykarjak bolup ýörenok. Ýöne gün geldigiçe Moskwa bilen üzňeligiň artýandygyna düşünýär, tanyş ýüzleri görmek git-gide seýrekleşýär. Bir sýužetden duýan zarbasyny bolsa, ynamyna urlan palta deňäp biljek. Soňky ýyllar juda meşhurlyk gazanan edebiýat-sungat ussatlaryna uly baýragyň gowşurylyş dabarasyny görkezdiler. Laureatlaryň arasynda ýakymsyz tanyş ýüzi görende tisgindi. Onuň göreçlerindäki şol ýitilik saklanypdyr. Tolgunmadan ýaňa onuň adyny-da ýadynda saklap bilmedi. Pul baýragynyň möçberi welin, beýnisine şapba ýelmeşdi: 25 müň dollar! Bu sanyň hakyky gymmatyna göz ýetirmek üçin özüne berilýän aýlyk pensiýa bilen deňeşdirip gördi. Eý-ho, 600 aýlap aljak pensiýasynyň jemine barabar bolýar! Oňa döwran dönüpdir! Baş redaktoryň ýowuz duýduryşy hakydasyna geldi: “Ol tetelliler döwletiň başyna geläýseler siziňem bagtyňyzy ýatyrarlar”. Baş redaktoryň, megerem, SSSR-iň bakylygyna şübhesi bolandyr? Düýnki “bozgak” diýlen Ýelsin Rossiýanyň Prezidentlik kürsüsini eýeledi. Asyl onuň SSSR-i dargatjak bolmagynda anyk maksat bar ekeni! Şonda-da “biziň ganatymyzy gyran Ýelsin, biziň kiçijik ýurda gabalyp galmagymyza-da Ýelsin sebäp boldy” diýip zeýrenýäný ildeşlerini goldamakdan saklanýar, munuňam sebäbi bar. Garaşsyzlygyny alan ýurduň Prezidenti Nyýazow soňky çykyşlarynda hemişe partiýany, Sowet Soýuzyny içinden opurmaga işeňňirlik görkezendigini gaýtalaýar. Ine, bu-da bir kelle döwmeli matal! Ol bu işi iňňän gizlin alyp barypdyr. Eger sähelçejik duýlaýan halatynda özüne-de, halkyna-da uly urgy, jeza çäreleri garaşýan ekeni. Halk ýazyjysy “içinden opurmak” usulyna düşünjek bolýar. “SSSR-i býurokrat emeldarlar ýykdy” diýip gygyrýanlaram az däl. Eger olar opurmagy aňly-düşünjeli alyp baran bolsalar, ol emeldarlara býurokratlar diýmän, göreşijiler diýmeli. Diýilýärem! Durmuşyň syýasy ugruna düşünmek goşgy ýazan ýaly ýeňil däl. Her näme-de bolsa, Halk ýazyjysynyň Prezidentini goldasy gelýär, onuň her ädimde howp duýandygyna ynanýar. Býurokrat diýlýän emeldarlaryň arasynda işlemegi oňa göreşmäge amat döredendir, keseden daş atan bolsady, bada-bat bilinerdi, ýok edilerdi. Ellinji ýyllaryň başynda halk eposy “Gorkut atany” çapa taýýarlandyklary üçin bir topar adam milletçilikde aýplanyp, türmä taşlanypdy. Olaryň arasynda Halk ýazyjysynyň mugallymlary-da bardy. Şolardan biri Merkezi Komitetiň býurosyna hat ýazyp, etmişine ökünýändigini, hakykatdanam halkyň aňyny zäherläp biljek aýylganç eposy okatmagyň, öwretmegiň zyýanlydygyna düşünendigini boýun alýar. Onuň ökünji hasaba alynmandy, türmä ýollanypdy. Döwlet garaşsyzlygy alnandan soň merhum mugallymyň adyny ýaşan köçesine dakdylar. Prezident eposy halkyň ruhy sütüni diýip yglan etdi. Prezidentiň “içinden opurmak” usulyndan many alyp aýtsaň, gysaja salnan mugallymyň hatyndaky eposy näletleýän sözleri alymyň ejizligi däl-de, okuň göreş taktikasy diýip düşünmeli ekeni. Şol taktika ýüz urmadyk bolsa, onuň bada-bat atylmagy-da ähtimaldy. Moskwanyň ýokary okuw jaýlarynda aktýorlyk, režissýorlyk tälimini alyp gelen, soňra zehinli diýlip mahabatlandyrylan ýigit 80-nji ýyllarda rus ýazyjysy Andreý Platonowyň “Jan” powestini sahnalaşdyrdy. Platonowyň eserleriniň modada mahaly. Şöhraty küýsäp ýören režissýor Platonowa duwlanyp bir zatjyk etse, üns beriljegine ynanypdyr. Platonow otuzynjy ýyllarda sowet ýazyjyylarynyň Moskwadan Türkmenistana gelen brigadasynyň arasynda bar ekeni diýip, indi aýdýarlar, öň ady tutulmazdy. Gelşine-de, iliň arasyna barman, derwüş ýaly Garagumuň jümmüşine siňipdir. Çölde salgymyň oýnuna tomaşa edip ýörşüne hyýalyna gelen zady ýazan bolmaga çemeli. Şeýdip “Jan” powesti döreýär. Ruhy sag adamyň ýazjak eseri däl. Elbetde, keseden gelen adama Garagumuň ýowuz görünjegi belli, şeýle-de bolsa, tebigatyň ýowuzlygyny adamlara geçiräýmeli däl-a. Platonowyň gahrymanlary huşdamy, düýşdemi, nirede gezip ýörler? Halk ýazyjysy awtoryň näme diýjek bolýandygyna düşünmedi. Eger aýdyň ideýa ýokmy, sýužetem ýok. Tekste seredip, awtor bilen gahrymanlaryň arasyna çäk goýup bolanok. Gahrymanyň pikirimi ýa-da awtoryň pikirimi – buýr-bulaşyk! Garaz, seri bulaşan ýazyjy okyjynam bulaşdyrýar. “Jan” halky diýip, toslama at tapyşyna näme diýjek! Garagumda jan halky barmy? Garagumda türkmen halky ýaşaýar. Ýeri, kimiň gözüne çöp atjak bolduň diýsene! “Bu eser başdan-aýak türkmen halkyna töhmet” diýip ýazanlar boldy. Zehinli diýlen režissýoryň spektaklyndan soň ýazdylar. Olaryň garşysyna çykan köpbilmişlerem tapyldy. Olar gözüm ýok edip, spektakly goldadylar, şowhun turuzdylar, aýratynam moskwaly teatrşynaslar işeňňirlik görkezdiler. “Bu ajaýyp spektaklda agyr durmuşdan ýaňa hakydasyny ýitiren jan halkynyň obrazy ussatlarça döredilipdir” diýen ýaly sözler aýtdylar. Garaz, şeýdip spektakly goýanlara SSSR-iň Döwlet baýragynyň berilmegini gazandylar. Halk ýazyjysy Döwlet baýragynyň hatyrasyna spektakla tomaşa etmäge özüni mejbur edipdi, tasdanam demigip ölüpdi. Platonowyň düşnüksiz powestini okanyň bilen oňaýmalydyň-da diýip özüne igenipdi. Şol mahal Merkezi Komitetiň birinji sekretary ýoldaş Nyýazowyň spektakly görmäge barandygyny, döredijilik topary bilen surata düşendigini gazetler habar beripdiler. Emma ol gapma-garşy pikirdäkileriň hiç birini-de goldamandy. Muňa-da “içinden opurmagyň” danalygy diýse bolar. Ýurt garaşsyzlyga ýetenden soň welin, Nyýazow meseläni çürt-kesik goýdy: sowetler döwründe toplanan medeni mirasa millilik jähetden gaýtadan garap baha bermegiň wagty geldi diýdi. Türkmeniň däbine, ahlagyna, ruhuna gabat gelmeýän sungaty, hamala, siwilizasiýanyň hatyrasyna saklajak bolmagyň zerurlygy ýok. Aýdyň mysal hökmünde baleti aldy. “Türkmenleriň ata-babasy balet tansyny edipmi?” diýdi. Ýarym asyryň dowamynda türkmenler baletiň kostýumyna-da öwrenişip bilmediler. Obadan gelen aýallar baleronyň satanynyň arasyndaky ýumryny görüp, ýüzlerini öwrüp oturmaga mejbur bolýarlar. Obada önüp-ösen Halk ýazyjysy ruhy täzelenişiň aladasyny edýän Prezidentiniň bu belliklerinde sungatyň aýratyn toparlara däl-de, köpçülige düşnükli bolmalydygyny gazanmakdaky tutanýerliligi gördi. Tomaşaçylaryň bölünmegi ahyr pillede halkyň bölünmegine getirip biler. Halk ýazyjysynyň özi-de goşgularyny ýazanda tutuş halky göz öňüne getirip ýazýar. Olardan akademikleriň-de, obadaşlarynyň-da deň derejede lezzet almaklaryny isleýär. Ol hemişe edebiýatyň, sungatyň güýjüni köpçülige uçdantutma düşnükliligi bilen ölçeýärdi. Prezident opera we balet sungatyndan tapawutlylykda türkmenlere has ýakyn, düşnükli bolan drama teatrlaryndan söz açanda “Jan” spektaklyny goýup, türkmen milli ruhuna peýdaly iş etmändigini režissýoryň ýüzüne basdy. Režissýor sesini çykarmady, eşidýän sözlerini makullaýan alamatda baş atýardy. Ol şeýle etmek bilen düşbi emeldardygyny görkezjek bolýan bolmagy-da ähtimal, sebäbi režissýora wezipe berlipdi, ýurtda sungaty edara etmek tabşyrylypdy. Eger sowetler zamany bolsady, bu zyýanly eser üçin ol wezipesinden-ä bir kowulardy, döredijilikden, öý-öwzaryndanam geçmeli bolardy. Prezident oňa puryja berdi, öz ýalňyşyňy özüň düzet diýdi. Düzetdi. “Jan” spektaklyny repertuardan zyňdy goýberdi. Halk ýazyjysy režissýoryň özüni alyp barşyny ägirt gördi. Keseden synlap, onuň gynanýandygyny ýa-da ýeňilendigini duýjak gümanyň ýok. Belki, ol ýokary wezipä ýetmek üçin döredijiligi ulanandyr, indi olaryň birini saýlamagyň müddeti gelende baş maksadynyň wezipe bolandygyny aýan edendir? Beýle halatda “Jan” onuň ýeňilişi boldy diýip bolmaz, ol “Jany” goýup, döwrüň islegine görä ýaşap bilýändigini görkezipdir. Garşydaşlary onuň dyza çökendigine begendilermikä? Halk ýazyjysynyň düşünişine görä, indi olaryň “Jana” üns berip ýörmekleriniň geregi-de ýokdy, olaryň ýeňişi has uludy, ony döwlet syýasaty hökmünde Prezidentiň özi yglan edip ýör. Indi ojagaz režissýora hyzmatkär hökmünde garasa bolar. Ol “söýgüli perzendinden” meýletinje el çekýär. Garşydaşlary ondan batyr bolup çykdylar, sözleriniň geçmejek mahalynda-da pikirlerini çekinmän aýdypdylar. Režissýor welin, bu gün spektaklynyň goragyna kelam agyz söz diýmäge het edip bilenok. Halk ýazyjysy “içinden opurmak” syýasatynyň ýeňiş dabarasyna bagyşlap waspnama ýazdy. Odany gazete hödürledi, ony Prezidentiň uly portretiniň gapdalyndan berdiler. Halk ýazyjysy garaşdy, minnetdarlyk sözüniň aýdylaryna garaşdy. Okadylarmyka? Ýa-da waspnama ýazýanlaryň köplüginde gözden sypaýdymyka? Odanyň aşagynda “Halk ýazyjysy” diýen sözler dur, ol ünsden sypmaly däl! Soňra nobatdaky dabaraly duşuşyklaryň birinde Prezident bilen salamlaşmaga hatara düzülenleriň arasynda oňa-da gezek ýetdi. Prezident: “Seniňem goşgularyňy okaýan” diýdi-de, geçiberdi. Ýagşymy, ýamanmy, hiç zat diýmedi. “Seniňem diri gezip ýöreniňi bilýän” diýen ýaly boldy. Halk ýazyjysynyň kalbyna agyr gussa çökdi, “Eýse, meniň zehinim, eserlerim indi derkar dälmikä!” diýip zarlady. Soňra onuň bu sowalyna jogap bolup biljek sözi-de Prezidentiň dilinden gulagy bilen eşitdi. Prezident halkyny altyn asyra ýetirmekde gerdenine düşen ýüküň juda agyrdygyny aýtdy, Töwratda beýan edilen gudrata ünsi çekdi. Müsürde gul halda ýaşan ýewreý halkyny halas etmegi, azat, erkin ýaşaljak mukaddes mekana ýetirmegi hudaý Musa pygambere buýrupdyr. Pygamberiň halkyny 40 ýyl çölde entedip ýörmeginde ägirt syr bar ekeni. Ol ýol tapmany üçin adamlary kösemändir, olary ýowuz synagdan geçiripdir. Göwni bölekler ýa-da Müsürdäki öwrenşen durmuşlaryna dolanmagy amatly görýänler mukaddes mekana ýetilýänçä ölup, ýok bolup gitseler amatly, ýogsa olaryň şubhesi täze ýurtda täze durmuşyň rowaç almagyna päsgelçilikler döredip biljek. Soňra Prezident sowet döwründe kemala gelip öwrenişen ýaşaýyşlaryna dolanmagy küýseýän adamlaryň aňyny üýtgedip bilmejegini boýun aldy, garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen nesle daýanjakdygyny aýtdy. Halk ýazyjysy arrygyny gynany bilen Prezidente islegli nesle goşulyp biljek däl. Sowet döwründe mekdeplere duşuşyga çagyrardylar, hormatly pionerlige götererdiler. Dabara bilen boýnuna daňlan gyzyl galstugyň on-on bäş sanysyny aýap saklar ýörerdi, ölenden soň öý muzeýiniň dörediljegine ynamy bardy. Indi bary gutardy! Geçmişem ýok, gelejegem ýok! “Ýurdy, Prezidenti haýran galdyrar ýaly näme edip biljek sen!” diýip maňlaýyna urdy, it ýaly uwlaberesi geldi. Ýa-da bolmasa, sowet döwründe kompartiýanyň emri bilen berlen “Halk ýazyjylygyndan” el çekýän diýip, ile jar etmelimi?! Özünden 25 ýaş kiçi režissýor SSSR-iň Döwlet baýragyny alan spektaklyndan el çekdi, bähbidi bolany üçin etdi, wezipesini saklady. Seniň gazanjak utuşyň näme? Ýaşyň ýetmişden ötdi. Geçen günleriň ýakymly pursatlaryny ýatlaman oňup biljekmi sen? Umumy kada görä, onuň indiki ýazmaly kitaby memuarlary bolmalydy. Ol ak kagyzy öňüne çekdi, ýokardan sözbaşy ýazdy: “Ýatlamalar kitaby”, aşagyna-da “Soňy” diýdi. Aralykdaky boşluk onuň ömür ýoly. “Ol seniň özüňden başga kime gerek?” Kitaplarynyň gaýtadan neşir ediljegine, Prezidentiň islegli nesliniň olary okajagyna şübhesi artdy. Ýurtda latyn elipbiýi giriziliidi, kirillisada okap, ýazyp bilmeýän nesil ösňäp gelýär... Ýarym asyryň dowamynda toplanan medeni, ylmy hazynanyň içine öz kitaplaryny-da goşardy. Bu şäriklilik bu çaka çenli oňa buýsanç berip gelen bolsa-da, täze nesliň olara makulatura hökmünde garamagynyň ähtimallygy halk bilen aradaky ýeke-täk baglanyşygyň üzülmegine getirer. Hormatly alleýada jaýlanmakdan, köçelere adynyň dakylmagyndan, öý muzeýiniň döredilmeginden elli bizar geçen Halk ýazyjysy indi ölmezinden öň kitaplarynyň ýok bolup gitmek howpuny duýdy. Bu, eýse, dirikä perzentlerini jaýlamaly bolan atanyň betbagtlygyna meňzänokmy?! Halk ýazyjysy ýumrulan köprä ýeten ýolagçynyň ahyrky kenara umytsyz garap durşy ýaly, alaçsyzlygyň gussasyna gark boldy. Goşun bölümi gidenden soň mazarystanlygyň tukat ümsümligine gaplanan şäherde galmaly bolan uýalaryň ulusy Olga: “Ýaşamaly” diýýär. Halk ýazyjysynyň-da ýaşamak instinktine boýun bolmakdan gaýry çykalga tapmajagy belli. Halkda “Düýe garrasa köşegine eýerer” diýen pähim bar. Ol kiçi gyzy bilen galypdy. Tuweleme, ol ot ýaly. Öň rus mekdebini, soňra uniwersitetiň iňlis dili fakultetini gutardy. Häzir uly türk firmasynda işleýär. Häli-şindi Ankara, Stambula gidip-gelip dur. Türkler ýerli ilatdan işe alan adamlaryna köplenç türkmen manadynda hak töleýärler, şeýtseler olara işçi güýji örän arzan düşýär. Gara bazaryň hasabyndan 50 dollaram ýokary aýlyga öwrülýär duruberýär. Hernä, gyzyna haky dollarda berýärler: 150 dollar! Munça puly wedomosta gol çekip ministrler alanok! Kakasynyň gussasyna işeňňir gyzy düşünjegem bolanok. “Hudaýa şükür, iýjegiň-geýjegiň bar, arkaýyn ýaşaber, kaka” diýýär. Türk hojaýyny oňa kakaňy Türkiýä gezelenje iberjek, biziň ýurduň gözelligini gözi bilen görüp gelsin, ylhamy açylar, ajap şygyrlar ýazar diýipdir. Gyzy: “Olaram öwgüli söze mätäç. Kaka, saňa goşgy ýazmak kyn däl-ä. Öň ruslary öwýärdiňiz, indi türkleri öw, ruslar gidýär, türkler gelýär” diýdi. Gyzynyň gönümelligi Halk ýazyjysynyň ýüregine batdy. Ol kakasynyň ynanjynyň bolmandygyny ýaňzydýar. Gyzy bilen jedele girmäge çaky ýok. Ýaşulular hemişe soňky nesiller bilen jedele girenlerinde geçmişlerini mazamlaýarlar. Onuň sowet geçmişi dargady, ol döwrüň ýagşylygy-da, ýamanlygy-da özi bilen gitdi. Iň ýeser ýeri-de, gyzy onuň geçmişine mätäç däl, peýdasynyň degmejegini bilip dur. Gyzyna: “Sen sowet zamanynda anjaýyn bilim aldyň, şony bir unutma!” diýesi geldi. Diýmedi. Çagaňa beren çöregiňi mazamlaýan ýaly, gelşiksiz görýär. Yza garamak ýaşlaryň endigi däl, ýagşylyk olaryň paýhasyna soň ýetýär. Golaýda gyzy türk hojaýynynyň janagyrly sözüni aýtdy, ýöne bu sözi aýtmaga türki mejbur eden sebäp hakynda dil ýarmady, belki, ol gyzyna-da aýan däldir. “Oruslar siziň halkyňyza beýle näme ýagşylyk etdilerkäler, men ýönekeý adamyň ýekesinden olara ýigrenç sözüni eşidemok!” diýipdir. “Sen näme diýdiň?” Gyzy: “Syýasy äheňdäki sowallara jogap bermek meniň wezipäme girenok, indi onuň uly bir ähmiýetem bardyr öýdemok” diýdi. Gürrüň gutardy. Emma Halk ýazyjysy özünden jogap talap edilýän ýaly oýa batdy. Şol bir mahalda-da bu oýlanmasynyň öz pynhan syry bolup galjakdygyna özüne söz berdi. Dogrudan-da, sowet respublikalary garaşsyzlygy jar eden dessine Merkezi Aziýanyň türki dilli täze döwletlerine türkler haýdap geldiler, ur-tut firmalar açdylar, pul ýatyrmaga isleg bildirdiler. Bu ägirt giňişlikde ruslaryň ornuny tutmaga haklydyklaryny dilleriniň ýakynlygynda, gelip çykyşlarynyň, dinleriniň birliginde görýärdiler, buýsanýardylar. Özleriniň gujak gerip garşylanjakdyklaryna ynanypdylar. Asyrlar boýy üzňe ýaşamaly bolan doganlaryňy neneň gujak gerip garşylamajak diýersiňiz! Dogrusy, olar uly dogan diýdirmäge höweslidiler, imperiýanyň zulumyndan sypan inilerine kömege gelendiklerini agyz dolduryp aýtdylar. Ýöne aňyrsy bir atadan bolsa-da, soňra aýry ülkelerde büs-bütin üzňe ýaşan doganlaryň bolşuna üns beriň. Olar duşuşan dessine aýralygyň döreden kesekilik psihologiýasyndan dynyp bilýän däldirler. Birek-birekden bihabarlyk, keseki garaýyşlaryň, duşmançylykly ideologiýalaryň tagallasy bilen dörän ynançlar ynamsyzlygyň, şübheli garaýyşlaryň saklanmagyna sebäp bolup biler. Halk ýazyjysy özüne belet fakta ýüzlendi. SSSR döwründe ýazyjylaryň toparyna agza bolup Günbatar Germaniýa gidende, şol ýurda gazanç etmäge baran türklere sataşypdy. Sowet ideologiýasynyň pantürkçilik meýillere rehimsiz daraýandygy Halk ýazyjysyny juda ätiýaçly bolmaga mejbur eden bolsa, türklerem öz gezeginde oňa sowet imperiýasynyň zulumyndaky erksiz, bakna adam hökmünde garadylar. Ýogsa, Halk ýazyjysy bu garaýyşy olaryň kalbyndan aýyrmak üçin orta mekdebi türkmen dilinde gutarandygyny, Aşgabatdaky türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde ýokary bilim alandygyny, ene dilinde eser ýazýandygyny, türkmen döwlet neşirýatlarynda kitaplarynyň çykýandygyny janygyp aýdypdy. Ýanyna alan birki sany kitabyny-da görkezipdi. Ol näçe janykdygyça türkleriň şonça-da şübheli garaýandyklaryny duýdy, nägile boldy: “Siz maňa ynanyň!” diýdi. Onuň janykmasyna türkler haýpygelijilik äheňde ýylgyrypdylar. Soňra olar Soltan Sanjaryň Marydaky mawzoleýi barada sorap: “Bizi oruslar ol ýere goýbererler-mi?” diýdiler. Halk ýazyjysy ýene janygypdy: “Baryberiň, Soltan Sanjaryň mawzoleýi halkara turistik marşrutyna girizilen ýadygärlik” diýdi. Türkler ýene ynamsyz ýylgyrypdylar. Olar mizemedik şol garaýyşlary bilen-de garaşsyzlyk alan ýurtlaryň topragyna aýak basdylar. Imperiýanyň zulumy astynda halys ýegşeren halklar olara hossar hökmünde garar öýdüpdiler. Megerem, bu ynam olaryň goýberen uly säwligi bolmaly. Gyzyna iş beren türküň janygyp aýdan sowaly olaryň henizem şol säwlige düşünmändiklerini aňladýar. Halk ýazyjysy Türkiýeden gelen, uniwersitetiň mugallymy diýlip tanyşdyrylan bir kişi bilen söhbetdeş bolupdy. Ol kişi türkmen edebiýatyndan bihabar ekeni. Halk ýazyjysy bolsa, häzirki zaman türk ýazyjylarynyň eserlerini okandygyny aýdyp, söhbetdeşini geň galdyraryn öýdüpdi. Nazym Hikmetiň, Eziz Nesiniň, Ýaşar Kemalyň, Orhan Kemalyň kitaplarynyň adyny tutup, olaryň türkmen diline-de terjime edilendigini aýdypdy. Söhbetdeşi begenmäge derek bisabyrlyk bilen onuň sözüni böldi: “Biz olary okamaýarys, siz-de okamaň, olar kommunistdir” diýdi. Myhmanyň bu deliline garşylyklaýyn pikir aýtmakdan Halk ýazyjysy saklanypdy, ýogsa tutarygy ýeterlikdi. “O näme üçin ady dünýä meşhur satirik ýazyjynyň, halkara baýraklary alyp, Türkiýäniň abraýyny göteren Eziz Nesini okamaly däl?! O näme 1957-nji ýylda Türkiýede iň gowy roman diýlip ykrar edilen “Inçe Mämmet” atly kitabyň awtory, ol ýerdäki türkmenleriň durmuşyndan, göreşlerinden ajap eserleri ýazan Ýaşar Kemalyň eserlerini okamaly däl?!” diýmek isläpdi. Diýmedi. Halk ýazyjysy türk hojaýyna-da hiç zat diýmez, jogapdan gaçar. Gaçjagy diňe gyzynyň maslahatyna eýerjeginde-de däl, bolup geçen taryhy öwrümlere her kimiň öz garaýyşynyň bolup biljekliginde. Garaýyşynyň ygtybarly bolmagy üçin beýlekileriň garaýyşyny-da önjeýli seljermegiň zerurlygyna köpler düşünenok, düşünmegem islanok. Türk hojaýyn janagyryly sowaly daşyna çykarmazdan öň paýhasyna geňeş salyp: ruslar bilen bäsdeşligiň çynyň bolsa, olaryň türkmene eden ýagşylyklaryna araçy hökmünde düşünjek bol diýmeli ekeni. Eger özleri-de şonça ýagşylygy ýürekde besläp gelen bolsalar, janagyrly sowal bermegiň zerurlygy-da bolmazdy. Onsoňam kommunistik ideologiýanyň etmişlerini rus halkynyň boýnuna ýükläp oturybermek taryhy hadysanyň düýp mazmunyna ýüzleý düşünmegi aňladar. Ýa-da imperiýaçylyk syýasata gol ýapan häkimiýet toparlaryň rehimsizligini halkyň häsiýetine, meýline ýöňkejek bolmak çäkli adamlara mahsus zat. Bu ýörelge imperiýalara at beren rus halkynyň-da, türk halkynyň-da abraýyna işlemez. Rus imperiýasynyň Orta Aziýany, şol sanda Türkmenistany-da basyp alandygyny Halk ýazyjysy inkär etmekçi däl. Hywada, Gökdepede rus goşunlaryny türkmenleri rehimsiz gyrandyklarynyň fakty belli bolsa-da, sowet häkimiýetiniň ýyllarynda “meýletin birleşme” diýlen toslama tapylypdy, oňa garşy gitmäge özüniň-de bogny ysmandy. Bogny ysyp-ysman, onuň pikirini soran bolmandy. Eger soralan bolsa?... Halk ýazyjysy soň berilýän sowallara jogap bermegi halamaýar, olarda köplenç prowokasion häsiýet bolýar. Indi bu günki täze garaýyşlaryň hatyrasyna özüňi namartlykda aýyplanyň bilen “Ökünmäge güýç tapdy, bu kişi ekeni!” diýdirmekden başga näme gazanjak?! Onsuzam uruşdan soň dörän batyrlar azlyk edenok. Bu gün olar şol mahalky toslamany goldanlary ýepbekleýänden bolup, halkyň taryhy ykbalyna oňyn täsir eden hadysalara bütinleý göz ýummagyň ýoluna düşdüler. Türkmen ülkesiniň daşyny gurşan feodal däwletler bilen asyrlaryň dowamyna uzap giden çaknyşyklar, çapawulçylyklar ýurduň gutarnykly paýlaşylmagyna getirip biljekdi. Rus imperiýasynyň düzümine girizilmegi türkmen taýpalarynyň köpüsini bir serhediň içinde aman saklamaga, olaryň çapawulçylyklardan dynyp ýaşamagyna şert döredipdi ahyry! Serhet ýakasyndaky derýajyklaryň suwy türkmenleriň doly peýdalanmagyna berlipdi. Alamançylyk ýaly derdeserler ýatyrylypdy. Imperiýanyň möçberindäki medeni giňişlik ilatyň aň-düşünjesini, durmuşyny siwilizasiýa tarap ugrukdyrypdy. Imperiýa rewolýusion ruhly raýatlaryny merkezden çet ülkelere sürgün edýärdi, olar Orta Aziýa-da gelipdiler. Ol adamlar ýokary medeniýetli, ynsanperwerlik ideala gulluk edýän adamlardy, milletçilikden, şowinistik meýillerden halasdylar. Olaryň magaryf, medeniýet, saglygy saklaýyş babatda bitiren hyzmatlary ýerli ilatda rus halkyna bolan garaýyşlary gowy tarapa üýtgedipdi. Olar halkyň dini ygtykadyna, däp-dessuryna hormat bilen garaýardylar, zorluga, namysa tokunmak ýaly günä işlerden daşdadylar. Aýratyn bellemeli ýeri-de, ol adamlar rus imiýeriýasynyň zorluk çärelerini ýazgarýardylar. Olaryň professional borçlaryna gatnaşyklaryndaky ýokary jogapkärçiligi rus inženeri Osip Iwanowiç Krauzeniň mysalynda düşündirse bolar. Ol XIX asyryň aýagynda Soltanbendi dikeltmäge baş goşýar. Bent soňky gezek şol asyryň başynda Buhara emiri Haýdar tarapyndan weýran edilipdi. Soňra ony dikeltmek Hywa hanynyň dogany Gutlymyrada-da başartmandy. Indi ruslar synanyşypdylar. Emma güýçli gelen sil suwy Krauzeniň dikelden bendini ýykýar. Namysjaň inžener özüni atyp heläkleýär. Onuň gubury üstüne galdyrylan ýadygärlik daşy bilen şol ýerde, derýanyň kenarynda galýar. Bular ýaly mazarlar az däl. Halk ýazyjysy gözi bilen gören faktlaryny-da delil getirip biljek. Daş obalarda agyr durmuş şertlerine döz gelip, dili, dini başga adamlara özlerini aldyryp, soňam şol ýerlerde ömürlerini soňlan mugallymlary, agronomlary, doktorlary görüp, olaryň hyzmatyndan peýdalanyp ulalypdy. Olar dogduk mekanlaryndan aýra düşendikleri, ýaşaýyşlarynyň ýerli ilatyňkydan tapawutlanmaýandygy üçin nägilelik bildirip, nähilidir bir artykmaçlyk talap etmändiler, ýerli şertlere türkmenleriň özleri ýaly uýgunlaşyp gidipdiler. Olar halkyň hakydasynda galdy. Mary şäherinden 60 kilometr günbatarda, oazisiň çetinde, uly ýoluň ugrunda köne syrkawhana jaýy bar. Geçen asyryň ýigriminji-otuzynjy ýyllarynda bu ýerde ady töwerege dolan, meşhur rus wraçy işläpdir. Onuň ýörgünli ady Ýedi ýarym manat bolan. Häzire çenli ilatyň arasynda ol hakda legenda meňzeş gürrüňler saklanýar. Ol gudratly lukman saýylypdyr, adam dannamandyr, sen haýsy synpa degişli, munuň bilen işi bolmandyr, näsag geldimi, bolşewikmi, basmaçymy, parhy ýok, bejeräýmeli! Näsagdan pul almandyr, ýöne “Senden ýedi ýarym manat” diýip degişer ekeni. Şol sözem oňa at bolup galypdyr. Onuň hakyky ady, familiýasy bardyr, ony bilmelidirem öýtmändirler. Telim onýyllaryň ötendigine garamazdan, täze nesillerem şol köne jaýy “Ýedi ýarym” atlandyrýarlar. SSSR zamanynda türkmenleriň dünýä siwilizasiýasyna laýyk ylym-bilim alandygyny, medeni, durmuş derejeleriniň juda ýokarlanandygyny akyly ýerindäki adam inkär edip bilmez. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistana gelen çet ýurtlylar, şol sanda türkler hem muny gözleri bilen gördüler. Ylymda, medeniýetde, magaryfda biz olardan öňe düşen ekenik. Muňa SSSR-iň giňişligindäki onlarça ýyl dowam eden medeni, ylmy, ykdysady hyzmatdaşlygyň miwesi diýse bolar. Şu faktlary akylly-başly seljerip bilýän adam türkmenleriň rus halky barada ýaramaz pikir aýtmajagyna düşüner. Rus imperiýasy bilen Osman imperiýasynyň arasynda asyrlar boýy dowam eden duşmançylygyň mirasyny bu gün üçünji bir ýurt barada alyp barylýan syýasat üçin ulanjak bolmak hiç bir tarapa-da utuş getirmez. Taryhy bilmek zerur, ýöne geçmişi bu güne gaýtaryp getirjek bolmak ygtybarsyz pişe. Bu gün dünýe özgerdi. Ol pragmatik meýillere ýykgyn edýär, ykdysady mümkinçiligiňe seredýär. Dil, din, gelip çykyş taýdan umumylygy baýdak edinýän toparlar dünýä möçberinde bu ýoluň aýgytlaýyjy däldigini äsgermezlikden ötri, kähalatda maksatlaryny güýç, terror bilen amal etmegiň ýoluna düşýärler... Halk ýazyjysy oýlanmalarynda täzeligiň ýokdugyny bilýär, bu ýagdaý bolsa olary daşyňa çykaryp ýörmegiň zerurlygy hem ýok-la diýen sypalga iterýär. Soňam men aýdamda-aýtmamda-da üýtgejek zat ýok diýip, fatalist bolmaga göwün berýär. Gyzynyň maslahatam biçem däl, iýjegiň-geýjegiň bar, saňa başga näme gerek! Näçe gün ömrüň galdy... Ol bu filosofiýadanam kanagat tapanok, ýene agyr gussa batýar... Soňra telewizoryň öňüne geçýär, öňki endigine eýerip, ORT-den “Время” habarlar programmasynyň başlanaryna garaşýar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |