18:48 Hakyda: Azap ölçegi | |
6. AZAP ÖLÇEGI
Açylmadyk bir güldüm, Hazana dönderdiler. Läleden. Ýüz kyrk ýyl ozal maryly tekeleriň elinde on dört aý ýesirlikde bolan pereňli Gulibef de Blokwiliň galdyran ýazgysyndan bir jümle: “Beýleki musulman halklarynyňka garanyňda türkmenlerde aýallara bolan hormat has uludyr.” Elbetde, bu pikiriň näderejede hakykada gabatlaşýandygyny aýdaýmak maňa kyn düşýär, sebäbi dünýäde musulman halk köp, onsoňam deňeşdirme diýlen zat hemişe müşgil hem töwekgel iş. Geliň, Gündogaryň birgiden ýurduna aýlanyp, durmuşy gözi bilen gören adamyň ygtybarlygyna şübhe etmän, onuň ýazgysynyň yzyny okalyň: “Ýöne türkmen aýallary köpem işleýärler. Olar maşgalanyň gündelik iýjek bugdaýyny üweýärler. Mundan başga-da, olar ýüň egirýärler, tikin-çatyn edýärler, keçe basýarlar, dokma dokaýarlar... Bu işleriň daşyndan çagalaryna-da ýetişmek üçin juda sagdyn bolmaly. Olaryň gury çörek ýa-da ol diýen ýokumly bolmadyk nahar iýýändiklerini hem ýadyňyzdan çykarmaň. Olary has beter surnukdyrýan iş – el degirmeni bilen un üwemekdir.” Bu aýdylanlaryň şeksiz hakykatlygyna özüm güwä geçip biljek. Bularyň baryny segsen bäş ýyldan soň, oglanlyk döwrümde gözüm bilen gördüm, özümem pereňlini bendilikde saklan maryly tekeleriň neslinden, Murgabyň boýunda önüp-ösen adam. Ýokarky aýdylanlary ýigriminji asyryň kyrkynjy ýyllarynyň aýagyndaky ýagdaý bilen doly gabatlaşdyrmak üçin oňa ýekeje jümle goşmagam ýeterlik: “Kolhoz meýdanlaryndaky surnukdyryjy agyr işlerem türkmen aýal-gyzlarynyň gerdenine düşýärdi” diýäýmeli. Bu ýerde “gyzlar” sözüni goşmagym ýöne ýerden däl. Blokwil aýallar diýende gyzlary göz öňünde tutman ekeni. Ol: “Türkmen gyzlary 16-17 ýaşyna çenli durmuşa çykarylmaýar. Şol wagta çenli ene-atalar olary agyr iş etdirmän saklaýarlar, sebäbi gyz näçe gözel, näçe näzik bolsa, galyňyň bahasam şonça ýokary bolýar” diýip ýazýar. Sowetler döwründe türkmenleriň uçdantutma kolhozlara salynmagy bilen iş babatda ene-atalar çagalaryna erk etmekden mahrum edilipdirler. Gara işiň labyry ýetişip gelýän gyzlaryň gerdeninden-de basypdy. Ýene taryhy çeşmelere ser salalyň. Gulibef de Blokwilden ýigrimi ýyl soň ahal tekelerini boýun egdirmäge gelen A.Kuropatkin hem türkmen aýallary barada ýazypdyr: “Aýallar ýüzlerini açyp gezýärler. Erkekleriň ýaltalygy bilen deňeşdireniňde, olaryň jepakeşligi has-da göze ilýär. Iň kyn, iň gara işler aýallaryň paýyna düşýär.” Boýun egdirilmeli ýurduň oňat öwrenilýändigini nazarda tutsaň, generalyň bu sözleri ýöne ýazmandygyna düşünse bolar. Umuman, keseden gelenleriň, dostmy, duşmanmy, parhy ýok, türkmenler hakyndaky ýazgylarynda aýal-gyzlarymyz babatda durmuş hakykatyny ýoýmak, ýa-da töhmete ýüz urmak ýaly nogsanlyklary tapmak kyn. Rus syýahatçysy N. Karazin üçin türkmen aýallarynyň owadanlygy jedelsiz hakykat, hatda olar gowy sypatlary bilen Orta Aziýanyň aýallarynyň arasynda parhlanýarlar. Olaryň inçesagtdan syrdam boýlaryny, gara gözlerindäki sowuk hem gaharly garaýyşlaryny, hereketleriniň çakganlygyny synlanda syýahatçynyň göz öňünde gadymy amazonkalaryň klassyk keşbi janlanypdyr. Iňlis syýahatçysy Aleksandr Borns nepis şaý-sepleriň ak ýüzli, näzenin türkmen zenanlarynyň görküne görk goşýandygyny ýakym bilen synlapdyr. Beýleki bir iňlis Jeýms Frezer elinden dür dökülýän, maşgalanyň keşigini ezber çekip bilýän aýallaryň juda arzylydygyny, galyň bilen ölçelen halatynda-da bahalarynyň örän ýokarydygyny belläpdir. Neneňsi ýagdaýda-da owadan gyzyň, başarjaň aýalyň gymmatynyň galyňa ýöňkelmegi olaryň ynsanlyk mertebesiniň kemsidilmegini aňladyp biler. Bu faktdan töhmet gözlemegem bolmaz, ony ykrar etmekden başga alaç ýok. Türkmen aýallary bagtly bolupdy diýip biljek däl. Bagt diýen zat otnositel düşünje, ony her bir şahsyň, jemgyýetiň maksadyna, islegine laýyklykda kesgitlemeli bolýar. Şu jähtden çemeleşsek-de, men olara bagtly diýip bilmen. Eger başga biri olaryň bagtlydyklaryny subut edip, meni ynandyryp bilse, şol pursat ýalňyşymy boýun almaga taýyn. Näme üçindir, türkmen aýal-gyzlarynyň öňki-soňky ykballary barada oýa batdygym, gulagyma zaryn heň eşidilip başlaýar: Çuňňur guýa daş atsaň, Batar gider, eje jan. Ýat illere gyz satsaň, Ýiter gider, eje jan!.. Meniň üçin bu zaryn heňiň döredýän ajysy setirlere salnan anyk manynyň ölçeginden has giň. Şol giňlikde geçmişiň hem şu günleriň azaby utgaşýar. Beýle ýowuz netijä gelmegimde tötänlik ýa-da tekepbirlik ýok, ynanyň, bu onlarça ýylyň oýlanmalaryndan dörän netije. Blokwiliň ýesirlikde bolan wagty bilen meniň döredijilige baş goşan wagtymyň arasynda dogry ýüz ýyl ýatyr. Ýigriminji asyryň soňky kyrk ýyly meniň üçin ilki agalyk ediji ideologiýa hyzmat etmekde, soňra agyr şübhelerde, ruhy garaşsyzlygy eýelemekde, onuň öwezine yzarlanmalaryň, gadaganlyklaryň derdeserinde geçýär. Meniň döredijilik ewolýusiýama täsirini ýetiren esasy faktoryň biri-de aýal-gyzlaryň ykbalyna bolan gatnaşygymdyr. Patriarhal, tire-taýpa düzgüninde, pytraňňy ýaşan türkmenlerde idili ýazuw çeşmeleri galmandyr, galanjasy-da galapyn dini hem çeper döredijilige degişli. Olarda-da aýallaryň jemgyýetde tutan orny barada anyk maglumatlar ýok, haýsydyr wakalar, sosial ýagdaýlar bilen baglylykda öwgüli sözlere, minnetdarlyga garaşyp hem oturmaň, gaýta “aýalyny öwen – akmak” diýen ýaly, erkekleriň egoizmine bap geläýjek söz tapylypdyr. Öwmegi maksat edinmän, diňe taryha degişli materiallaryň syry açylanda-da, gadymyýetiň çür depesinde aýallaryň durandygyny erkekler boýun almaly bolýar. Biz munuň üçin daşa gidip ýörmeli däl, aýallarymyzyň lybasyndaky, şaý-seplerindäki sungatyndaky syrly alamatlara ýüzlenäýmeli. Elbetde, çuňňur prfessional bilimli, giň düşünjeli adamlar olaryň manysyna ýetip bilerler. Bu kyn işde türkmen alymlarynyň ýaňy çynlakaý synanşyga meýil bildirýändiklerini bellemek bilen, öňdäki menzillerde olara geň açyşlaryň garaşýandygyny aýtsa bolar. Erkeklere mahsus egoizm bu işe päsgel berer öýdemok. Adamzat siwilizasiýasynyň başyny başlan aýallar dälmi näme! Poeziýa aýallaryň hüwdüsinden gözbaş alan bolsa, ärleriniň, çagalarynyň aladasy aýallary daýhançylyga, tebipçilige getirýär. Palçykdan gap ýasamagy ilki öwrenenem aýallar. Hojalygyň bähbidine haýwanlary eldekileşdirmegi aýallaryň başarandygyny kim inkär etjekmiş! Daş eýýamyň miflerinde Älemi ýaradanyň aýaldygyna erkeklerem ynanypdyrlar. Beýik Aýal hudaýyň tebigaty herekete getiriji keramatly güýje eýedigine şübhe eden bolmandyr. Keramata dahyllylyk babatda dürli haýwandan saýlanyp alnan obrazlar Aýal hudaýyň keşbini, giň wezipesini aňladýan simwollaryň giden bir toplumyny döredipdir. Şolary görmek isleseňiz, türkmen aýallarynyň senedini, şaý-seplerini synlaň. Bu esasan, ylmyň obýekti, oňa ömrüňi sarp etmeli. Türkmen halylaryna salnan ornamentleriň düýp manysyny doly açmak geljegiň işi. Adamzat siwilizasiýasynyň irki gatlaklarynyň dini hem filosofiki ynançlarynyň beýany şol ýerde ýatyr. Dinleriň üýtgemegi, jemgyýetçilik ösüşiň dürli basgançaklara göterilmegi bilen simwollaryň manysy-da üýtgäpdir. Şol transformasiýany türkmen halylarynyň ýüzünde okap bolýar. Olaryň kult manysy ýitip, ornamente öwrülipdir, şol ornamentler soňra elipbiýiň döremegine getiripdir. Bisowat diýlen türkmen zenany adamzada mahsus Beýik Hakydany asyrdan-asyra aşyryp gelipdir. Wah, olar eden ägirt işleriniň manysyna ylmy nukdaýnazardan düşünip bilen bolsadylar! Bezenip-şaýlanyp çykan türkmen zenanynyň kaddy-kamatyna görk berýän şaýlaryň her bölejiginde geçmişiň simwollary bar-a! Dagdana seredip görüň. Ol adamy gözden-dilden, betbagtlykdan goramaly. Siňe sereden bolsadyňyz, dagdanyň durkunda aýalyň keşbini saýgaransyňyz. Ol Beýik Aýal hudaýynyň keşbidir. Ynsan onuň keramatyndan dynçlyga, asudalyga garaşypdyr. Agressiwlik aýallara mahsus däl. Şu jähetden olar aýal hudaýlary özlerine pena tutunypdyrlar. Bu ynançlaryň gözbaşyny on-on bäş müň ýylyň taryhyndan gözlemeli. Eýýamlary süňňüne siňdiren ajaýyp sungaty döreden ussalar, oňa hyrydar zenanlar ondaky asyl manyny bilýän bolsadylar, onda ýetmişinji, segseninji ýyllarda Türkmenistana garasar ýaly çozan alyp-satarlara aldanjakmydylar?! Türkmen zenanlarynyň agyr ykbalyna ýanyp oturyşyma, belki, olar şaý-seplerindäki hudaýyň keramatyna ýöňkelen beýik manyny unudanlyklary üçin goragçylaryny ýitirendirler diýýärin. Meniň küpür gepleýän bolmagym-da ähtimaldyr. “Sen diňe küpür gepläňok, başga-da kemter gaýdýan ýeriň bar! – diýip, garşydaşymyň garysyna galjagyny bilýän. – Sen biziň klassyk poeziýamyzy hasaba almajak bolýarmyň? Onuň aglabasy yşgy lirika. Şahyrlarymyz gözel zenanlarymyzy wasp etmek kemini goýmandyrlar. Olaryň dürdäne setirlerini aýdyma öwrüp, bagşylarymyz il arasynda nähili meşhurlyk gazandylar! Eýse, muny az görýärmiň?!” diýip janygar. Elbetde, men onuň janykmasyny äsgermezlik edip bilmerin, ýöne onuň hem maňa düşünjek bolmagyny towakga edýärin. Meniň diýýän waspnamam bilen poeziýadaky waspyň arasynda parh bar. Şu aşakdaky setirlere üns beriň! Magtymguly: Höwesim bar bir ýar guçsam, Diýsem sözlerim erkana. “Her ýana”. Kemine: Men arzymy söwer ýara ýetirsem, Tutsam ak mämeden, oýnap otursam, Göwnümde bir maksat – işim bitirsem, Emsem lebleriňden bal maňa garşy. “Maňa garşy”. Mollanepes: Men teşnäni bir gandyr, Meý berip dodakyňdan. “Şirmaýy darak”. Gähi nahal dek çyrmaşyp, Kä öpüşip, kä guçuşyp... “Zary bilen”. Sen ýatyr sen, başa öýme oranyp, Ymmatym bir pula satmaly boldum. “Gitmeli boldum”. Mätäji: Baglarda ýok iýmişler seniň goýnuňda bitse, Bir köýnekde jaý bersek, burçak-burçak der gitse. “Aýperi”. Mämeleriň mazymy, ýa Hytaýyň tüwlegi, Ýalançy ýel dek öter, ysgap göräli, gözel. “Gözel”. Ilkagşam içeli şerap, Dalaşaly oýun gurap, Daňdan turup zülpüň darap, Timar bergin saçlaryňa. “Dişleriňe”. Eý-ho, il gözüne ogşaşmagy uslyp bilmedik türkmenleriň aýdaýan sözlerini diý! Bular meşhur aýdymlardan alnan setirler. Ýaşu-garry, aýalu-erkek, türkmeniň nesilleri bu aýdymlary teşnelik bilen diňläp gelýär. Aýallaryň, erkekleriň bile oturan ýerinde-de diňleýärler, öňem diňläpdirler. Hiç kim bu setirlere siňdirlen erotik duýgy üçin şahyra ýa-da bagşa igenjek bolanok. Yşgyň heseri kellesine uran ýetginjekler, jahyllar burunlaryny ýellendirip, bögürmekden zordan saklanyp, jyns teşneligini bagşa minnetdarlyk bildirmek üçin aýdylýan sözlere garyp gygyranlarynda, olaryň bolşy gapdalda oturan gojalary darykdyranok, gaýta olaram ötüp giden sapaly pursatlary ýatlap, arman bilen başlaryny ýaýkaýarlar. Olar gözelligiň waspyny diňleýärler, şu pursat gözelligiň döredýän ýakymly duýgusy olary abstrakt dünýäniň belentligine göterýär, olaryň ýüregindäki pynhanlygyň gapysyny açýar. Bu ýerde milletem ýok, bu ýerde diňe gözelligiň lezzeti bar. Adam gözellik bilen, zenan gözelligi bilen ikiçäk galýar. Klassyk poeziýamyza mahsus bolan bu waspnamany diňe türkmen gözellerine bagly edip goýmalyň, olar umumy zenan gözelligine bagş edilendir. Ýokarky setirlerdäki äheňi islendik halkyň poeziýasyndan tapsa bolar. Bu adam duýgusyndaky umumylykdyr. Eger takyk millete, onuň agzalarynyň häsiýetine salgylanmaly bolanda, ýagdaýyň tapawutly boljakdygyny türkmenleriň mysalynda-da görüp bolar. Bagşy ýokarky poeziýa setirlerini diňläp oturanlaryň aýalyna, gyzyna, uýasyna ýa-da gelnine takyk at bilen ýüzlenip aýdaýan halatynda turjak gopgunyň ölüm bilen gutarjakdygyna garaşybermelidir. Pynhan duýgularyň umumy aňlatmasy bada-bat namysa degmegiň aýylganç faktyna öwrülerdi. Umumylyk takyklyga geçende her kim özüne degişliligi duýmaga, gaýra goýman oňa reaksiýa bermäge başarnyk tapýar. Bu endigiň diňe namys meselesinde däl, emläk meselesinde-de ýüz berýändigini aýtsa bolar. Meselem, kolhozyň, döwletiň ortalyk emlägi dargadylsa, aýry-aýry adamlar tarapyndan ogurlansa, töwerekdäki biperwaýlyk geň görlenok, emma hususy emlägine el urlan mahalynda gaharam ýetişýär, hukuk goraýjy edaralara ýüz tutmagam ýada düşýär. Türkmenlerde aýala emläk ýaly garamak düşünjesi öňden gelýän endik. Bu emlägi maldan, zatdan parhlandyrmak, ony ynsan mertebesine göterip bilmek erkekleriň moral-ahlak, medeni derejesine gös-göni baglydyr. Şahsy garaýyşlaryň jeminden aýallara bolan jemgyýetçilik gatnaşygy düzgünleşýär. Men türkmen aýallaryna mynasyp obýektiw baha diýenimde abstraktlykdan daşda durlup, anyk sosial-taryhy häsiýetli hadysalaryň görkezilmegini göz öňünde tutýaryn. Sowet Soýuzy döwründe muňa mümkinçilik döräpdi. Uçdantutma sowatlylyk, gazet-žurnallar, ylmy institutlar, konstitusiýa ýazlan deňhukuklylyk, jemgyýetçilik durmuşyna aýal-gyzlaryň gatnaşmaklary ýardam berip biljek faktorlardy. Aýal-gyzlar meselesi sowet ideologiýasynyň hossarlygynda, şol bir mahalda-da, onuň berk kontrollygynda durýardy. Ideologiýanyň metbugatdan, çeper edebiýatdan, sungatdan, jemgyýetçilik ylymlaryndan öz talaby bardy. Diňe sowet zamanynda aýallaryň bagtly durmuşa ýetendiklerini, ynsan sanynda görlendiklerini aýtmalydy. Geçmiş bilen islendik deňeşdirme şu talabyň peýdasyna bolmalydy. Ideologiýa, bir seredäýmäge gönümelem bolsa, sosial analize ukypsyz, türkmen taryhyndan bihabar köpçülik üçin öwrümli oýun alyp barýardy. Aýallar bilen bagly ýüze çykyp biljek nogsanlyklar, hatda maşgaladaky adaty oňşuksyzlyk hem garaňky, adalatsyz geçmişiň, onuň aýylganç täsirinden sypyp bilmeýän feodal sypatly erkekleriň üstüne ýüklenýärdi. Jemgyýeti gurşap alan synpylyk oýny dowam edýärkä, partiýanyň taglymaty astynda aýallary maşgaladan daşlaşdyrmagyň tagallasy döwlet syýasatyna öwrülipdi. Internatlaryň giň seti döredilip, çagalary maşgala ojagyndan, maşgala terbiýesinden üzňe saklamagy, olaryň şahs hökmünde kemala gelmeklerine päsgel berip biljek çäreleri, hamala, eneleriň işini ýeňilleşdirmek üçin edilýän alada diýlip görkezilýärdi. Çagalaryň terbiýesi esasan çagalar baglarynyň, mekdepleriň üstüne ýüklenipdi, eneler bolsa, kolhoz meýdanlarynyň, zawod-fabrik sehleriniň “bezegine” öwrülmelidir. Olaryň berdaşly gollary pagtadan “Ak altyn” harmanlaryny döredýär, olaryň ajaýyp zähmetini neneň wasp etmän durup bolar diýýärdiler. Wasp edýärdigem! Biz ýazyjylar, eserlerimize gahryman diýlende döşüne zähmet gahrymanynyň “Altyn Ýyldyzy” dakylan zenany göz öňüne getirýärdik. Meniň hem oglanlyk ýyllarym kolhozyň gowaça meýdanlarynda geçipdi. Möwsümleýin ýaslilerdäki igli, içagyryly, trahomaly bäbekler ömürlik ýadymda galdy. Olary öýde saklamak bolanokdy, olaryň eneleri pagta meýdanlaryndaky “joşýan” işe gatnaşaýmalydylar. Hupbatly hem surnukdyryjy işde halys gurbaty gaçyp, gan azlygyndan çaga dogurmaga güýji ýetmeýän naçarlaryň ýagdaýyndan habarly bolsagam, olaryň arasynda ýaşasagam, olaryň problemasy ýazýan eserlerimiziň obýekti bolmalydygyny bilmändiris, bilsegem bilmezlige salýardyk. Hakykatda aýallaryň boýnuna dakylan deňhukuklylyk olary maşgaladan daşlaşdyryp, döwlet möçberinde ekspluatirlemek, agyr işlerde erkeklerden-de köp ulanmak üçin tapylan syýasy aldaw ekeni. Uçdantutma sowatlylyk, ýokary bilime açylan ýol hem bu aldawyň hakykatlygyna şübhe döredip bilmez. Şol aldawy çyna berimsiz syýasat hökmünde görkezmek işi ýene aýallaryň özüne tabşyrylýardy. Tabşyryk alan zenanlar aýallaryň hem ýolbaşçy işlere çekilýändikleriniň janly nusgalary bolup görünmelidiler. Aýallar köpçüligine hossarlyk etmekden, olary kommunistik ruhda terbiýelemekden ötri, olar islendik maşgalanyň içki durmuşyna goşulmaga haklydylar. Olar terbiýesine, häsiýetlerine görä, zenanlykdan erkeklige golaýdylar. Olara gelin-gyzlaryň dilini tapmakdan, olary şol wezipede oturdan emeldarlaryň göwnüni tapmak ýeňildi, hem isleglidi. Aýallary wezipä bellemegiň partiýa tarapyndan kontrollyk edilýän berk düzgüni, olara ynanylmaly wezipeleriň çägi bardy. Bu ýerde-de erkeklere mahsus egoistik meýiller hökümini ýöredýärdi. Dinlerdäki aýal görgülilere ikinji derejeli jandar hökmünde garamak taglymaty Hudaýy inkär edýän ideologiýa sözde paş eden bolsa-da, hakyky işe gezek gelende ondan beýle bir daşlaşybam bilenokdy, ýöne dine mahsus bolan aç-açanlykdan tapawutlylykda, ol galplyga, ýalan söze duwlanýardy, deňhukulylygy şygara öwrüp ýeňerin öýdýärdi. Her jemgyýetiňem özüne mahsus kemçiligi, nogsanlary bolýar. Bir jemgyýet beýlekini püçege çykarjak bolanda şolary çaksyz betbagtlyk hökmünde görkezmäge çalyşýar. Sowet ideologiýasy feodal durmuşda türkmen aýallarynyň asla ynsan sanynda görülmändigini häli-şindi tekrarlap, olaryň maşgala terbiýesinde görnükli rolunyň bolandygyny-da äsgermezlige salypdy. Sowet döwleti dargady, milli garaşsyzlygyň zamany geldi diýip jar çekdik. Öwrenilen endigine eýerip, indi sowet jemgyýetini ýepbekläp ugradyk. Sowetler döwründe zenanlarymyzyň ahlak arassalygyna zeper ýetirildi, halkyň aňyrdan gelýän däp-dessurlary gadagan edildi diýip, garalawjynyň tutanýerliligi bilen gygyrýarys. Kellämiziň gyzgynyna şol döwürde aýallarymyzyň bilim, medeni derejesiniň ýokary bolandygyny-da inkär etmäge çenli baryp ýetdik. Indi aýallarymyzdan ugur-tire durmuşyndaky arassa ahlaklylygy talap eden bolýarys. Emma talap etmek bilen durmuş şertleriniň arasynda gös-göni baglylygyň bardygyny ýene öňki ideologiýadan öwrenen endigimize eýerip, äsgermejek bolýarys. Arada Aşgabadyň gatnawy azrak köçesiniň ugrunda çigit satyp oturan aýaly synladym. Ol gapdaldan geçýänleriň ýüzüne-de garanok, edýän işinden uýalýan ýaly ýüzüni asyp otyr. Haltasyndaky günebakar çigit iki kilodan köp däldir, oýmakdan ulurak bulgury çigitden dolduryp goýupdyr. Daýzanyň daş sypatyndan döwletli ojakda oturan aýallara mahsus agraslygy, abraýlylygy duýsa bolýar. Juda mätäçlik çekmese, köçä çykyp, çigit satjaga meňzänok. Tanyş-bilişlerine sataşmakdan uýalyp, çola köçäni saýlan bolsa gerek. Ähli derdeseriň sakasynda garyplyk, mätäçlik durýar. Ykdysady kynçylyklar öňki Soýuzy döreden respublikalaryň başyndan indi. Gün-güzeranyň labyry ýene aýallaryň gerdenine düşdi. Eger bu gün olar haltalaryny süýräp, ýurduň içine hem daşyna söwda gidýän bolsalar, bu ýerden mesligiň ýa-da jahankeşdeligiň alamatyny gözlemäliň. Olar söwdada erkeklerden ozdurdyk hem diýjek bolanoklar, olar il arasynda geçginli harydyň haýsydygyny, maşgala nämäniň zerurdygyny erkeklerden gowy bilýärler. Onsoňam, zenan bolandyklary üçin gümrükhanalarda olara biraz rehimlilik görkeziler öýdýärler. Näme diýsegem, sowetler döwründe mätäçlik zerarly aýal-gyzlarymyz tenini satmaga mejbur bolupdylar diýip bilmeris. Halkda juda aýyp görülýän bu derdeser bu gün ýüz beren bolsa, meslige çydamaýanlar binamyslyga meýil bildirýändirler, ýa-da “ganjyk guýruk bulamasa, köpek yzyna düşmez” diýip oňaýsak, ýene sowet sistemasyndan galan sosial sebäpleri äsgermezlik endigine wepalydygymyzy görkezeris. Eger maşgalanyň sagdynlygy iş ýüzünde gazanyljak bolsa, onda döwlet möçberinde aýal-gyzlaryň problemasy bilen bagly anyk konsepsiýa, soňky termine görä aýtsak, maksatnama kabul edilmeli. Ahlak arassalygynyň, çaga terbiýesiniň hemişe ykdysady ýagdaýa bagly bolup durýandygyny ýatdan çykarmaly däl. Garaşsyzlygyň jar edilenine esli ýyl geçenem bolsa, bu meseläniň çözgüdinde sözden aňry geçip bilemzok, muňa il arasynda agyzda aş gatyklama diýilýär. Oba adamlary gün-güzeranyň kynlygyndan zeýrenişip oturanlar. Köpi gören mysapyrja ýaşuly: “Çydajak boluň, oglanlar, bi garaşsyzlyk diýilýänem bir sag-aman başymyzdan geçirsek, onsoň ýagdaýlar gowulaşmaly özi” diýipdir. Oýlanyp otursaň, anekdota çalym edýän bu gepde many köp. Sowet mentalitetindäki adamlar garaşsyzlyk dabarasyny nobatdaky wagtlaýyn kompaniýadyr öýdýärler. Her bir üýtgeşmäni olar öz maddy durmuşlarynyň çäginde ölçerip görýärler. Olardan bada-bat ýokary syýasy düşünjelilige, watançylyga garaşyp bolmaz sebäbi olar milli garaşsyzlyk üçin göreşmediler, onuň nämedigini-de aýdyň göz öňüne getirjek bolanoklar, gaýta, Sowet Soýuzynyň duýdansyz dargandygna henizem geň galyp ýörler. Döwlet hem milli garaşsyzlygyň doly berkarar bolmagy üçin köp-köp tagalla etmeli bolar. Adamlaryň ynanjy üýtgemeli. Olar şahsy bähbitlerini döwletiň, milletiň bähbidi bilen utgaşdyryp, ykbal çözgüdiniň esasan, özlerine baglydygyna göz ýetiren halatynda garaşsyzlyk hakyky gymmatyna eýe bolar. Şol zaman aýal-gyzlarymyzyň ykbalynda-da oňyn özgerişlikler bolmaly. Häzir welin, näçe gynanyçly bolsa-da, olara azap ölçegi diýmekden gaýry alajym ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |