18:52 Hakyda: Bir kitaba bir düýe | |
9. BIR KITABA BIR DÜÝE
“Azatlyk bilimden başlanýar.” Grek danasynyň aýdany. Bary-ýogy ýekeje düýesini bir kitaba çalşan bisowat garyp türkmen ha-kyndaky çeper hekaýany uruşdan soňky ösdürimler ýaly menem mekdepde okapdym. Ol okuw programmasyndaky hökmany sapakdy. Mugallym düýä çalşylan kitabyň ýöne-möne kitap däldigini, beýik şahyr Magtymgulynyň şygyr diwanydygyna ünsi çekip, garybyň söwdasyny näçe ideallaşdyrdygyça, şonça-da hekaýa ertekä meňzeýärdi. Men oba oglany. Urşuň yz ýanyndaky agyr ýyllar hususy hojalyklaryň esasy ulagy eşekdi, ýeke adamda-da düýe ýokdy, ýükçi düýeleri diňe kolhoz saklaýardy. Biziň üçin elýetmez bolan düýäni bir kitaba çalyşmak, onda-da nähili düýäni!.. Maşgalanyň göz dikip oturan gazanç çeşmesini çalşyp oturybermek geňdi. Biz kitap gytçylygyny duýamzokdyk. Elbetde, meniň duýamzokdyk diýýänimi kitaphonlaryň islegine deňäp bolmaz, ol çäkli-de bolsa, düýe bilen deňeşdireniňde has ganymatdy. Biz okap-ýazyp bilýärdik. “Garyp galla tapsa-da, gap tapmaz” diýlişi ýaly, sowet ýazyjysynyň hekaýasyndaky garamaýak türkmen juda gymmat düşen kitaby okadara köne obada sowatly adam tapanok. Ol uly umyt bilen ogluny alysda ýaşaýan molla tabşyryp gaýdýar, şeýdip, ýene jebir baryny görýär. “Synpy jemgyýetde garyplar azapdan başga nämä garaşsynlar?” diýip, mugallymyň berýän ritoriki soragynyň äheňi pikiriň jedelsizdigini aňladýardy. Mollanyň özi bisowat adam bolsa nätjek! Sowet häkimiýeti gelip, allanäme ak mekdepler açandan soň sowat alan adamlar düýä çalşylan kitabyň hakyky gymmatyna düşünýärler. Ideologiýanyň talaby boýunça geçmişi ak hem gara reňke boýamak endigimizi seljermek biziň graždanlyk aňymyzyň zerurlygyna girmeýärdi. Synpy garaýyşymyz, ateistik meýillerimiz hekaýanyň mazmunyndan takyk netije çykarmaga ýeser gollanmady. Köne dünýäniň, onuň mekdepleriniň, medreseleriniň garaňky geçmişiň teýine gidendiklerine ynanýardyk, bakylyga dalaş edýän sowet jemgyýetinde başga bir ynam bolup hem biljek däldi. On dokuzynjy asyrda türkmenleriň müňden ýedisiniň diňe okap bilendigi ykrar edilen resmi maglumatdy. Elbetde, bu gün bu fakty galplyk hasap edýän täze milli taryhçylara ýokarky hekaýanyň-da diňe sowet häkimiýetini ideallaşdyrmak üçin ýazylan eser bolup görunmegi ähtimaldyr, ýogsa, olaryň-da şol hekaýany okap ulalandyklary jedelsiz hakykat. Türkmenistanda ýaşaýan türkmenleriň diňe sowet ýyllary içinde uçdantutma sowatly, bilimli halk derejesine göterilendigini inkär edip bolmaz. Hekaýadaky türkmeniň ogluny sowatly etmek üçin görgä galyp ýörmesi-de bize geňdi, sebäbi biz onlarça ýyl bäri ählumumy sowatlylygy kanunlaşdyran döwletde ýaşaýardyk. Okamak islemeýänleriň-de zorluga ýanalyp okadylýandygyny görüp ýördük. Türkmenler ilki rus, soňra sowet imperiýasynyň düzüminde ýaşadylar. Olaryň imperiýadan öňki durmuşlaryny beýan eden syýahatçylaryň galdyran ýazgylarynda sowat-bilim meselesine juda seýrek duş gelse bolýar. Olar aglaba gözleriniň görenlerini ýazypdyrlar, eger okuw barada üns eglener ýaly ýagdaýlary gören bolsadylar, ýazgylarynda beýan ederdiler. 1860-njy ýylda maryly tekelere ýesir düşüp, on dört aýy bendilikde geçiren fransuz Gulibef de Blokwil öz ýatlamalarynda: “Türkmenler bilim almaga şeýle bir höwesli bolsalar-da, ellerine tötänden düşen kitap bolaýmasa, başga okara zatlary ýok” diýip ýazypdyr. Döwleti bolmadyk, tire-taýpa pytraňňylygynda ýaşan, aglaba çarwaçylyk bilen meşgul halkyň bilime zerurlyk duýmandygyny öňi bilen onuň ýaşaýyş şertleri bilen düşündirse bolar. Rus filosofy N. Berdýaýewiň pikirine salgylanyp aýtsak, imperiýanyň kolonial syýasatyny ýazgaryp-da, näletläp-de bolar, ýöne halklary dünýä medeniýetine imrikdirmekde, baglamakda onuň oňyn hyzmatlaryny inkär edip bolmaz. Muňa türkmeniň ýigriminji asyrdaky ösüş ýoly kepil geçýär. Sowet imperiýasy totalitar jemgyýet hökmünde häsiýetlendirilýär. Adatça, totalitar režim raýatlarynyň bilimli bolmagyny islemeýär. Onda sowet imperiýasynyň tejribesine nähili garamaly? Ol raýatlaryna göwnejaý bilim berip, öz aýagyndan palta urupdyr-da? Hawa, imperiýa dargandan soňky analiz şuny görkezýar. Emma öz wagtynda imperiýa başga bähbidi, öz zerurlygyny göz öňünde tutupdy, şeýle etmänem biljek däldi. Sowet Soýuzy industriýa taýdan ösen ýurtdy. Senagatyň takmyn ýetmiş prosenti harby kuwwaty berkitmegiň hasabyna işleýärdi, dünýä kapitalizmi bilen aýgytly çaknyşyga taýýarlyk jemgyýetiň gündelik durmuşynyň esasy maksadyna öwrülipdi diýilse, ýalňyş bolmaz. Ägirt uly harby zawodlarda ýowuz ýaraglary ýasaýan işçilerden başlap, olary proýektirleýän alymlara çenli ähli kadrlar başlangyç bilimi sowet mekdeplerinde alýardylar. Sowet adamlarynyň gyradeň bilim almaga bolan konstitusion hukugy mekdepleriň programmasynyň birmeňzeşligini üpjün edýän faktordy. Olary bilim almaga höweslendirip biljek esasly bir delil hem tapylmalydy, ony ideologiýa döretmelidi. Ol bireýýäm döredilendi, synpy göreş diýen at bilen dowam edýärdi. Içki duşmandan dynylyp, indi halkara imperializmi bilen haklaşmagyň nobaty gelipdi, harby taýýarlyklarý-da synpy duşmana ýigrenç bilen alnyp barylsa, edil ýöne nanyňy hurşly iýen ýaly bolaýjak! Ideýa hurşuny bermäge gije-gündiz alada edilýärdi. Jemgyýetdäki ýalan bilen çyny parhlandyrmaga-da düşünje, gözýetim gerek. Göwnejaý bilim alan adamlar parahat durmuş dowam etdigiçe sistemanyň ruhuny döreden ideologiýanyň galplygyna göz ýetirdiler. Ine, imperiýany dargadan esasy sebäp! Ýöne adamlaryň aňynda dörän bu gapma-garşylyk türkmen jemgyýetinde göze ilerlik derejede ýüze çykypdy diýmäge dilimiz barmasa-da, oňa düşünmäge ukyply gatlagyň dörändigini aýtsa bolar, emma şol gatlagyň sosial-syýasy taýdan passiwligi, erksizligi soňra birgiden negatiw hadysalaryň ýüz bermegine getirdi. Men bilimiň esasy ölçegleriniň biri bolan medeniýete ýüzlenmekçi. Sowet ýyllarynda türkmen medeniýeti täze gymmatlyklar bilen baýlaşdy, dünýä siwilizasiýasy bilen ugrybir teatr, kino, şekillendiriş sungaty döredi. Şekspiriň “Otellosynyň”, Gogolyň “Derňewçiýeiniň” ellinji ýyllarda türkmen sahnasynda goýulmagy ösüşiň uly bir basgançagy boldy diýlip mahabatlandyrlan bolsa, bu ýerde hakykatdan daş düşmek ýok. Bary-ýogy otuz-kyrk ýyl öňem teatr diýlen sungatdan bütinleý bihabar ülkede türkmen artistleriniň professional sahnada Şekspiriň tragediýasyny türkmen dilinde türkmen tomaşaçysynyň öňünde oýnamaklary guwanmaly faktdy. Dogry, bu böküşde ideologiýanyň tagallasynyň bolandygy belli. Ellinji ýyllardaky türkmen jemgyýetiniň Şekspiriň, Gogolyň eserlerine bolan isleginiň derejesi sowet propagandasynyň ümzüginden pes gelýärdi. Feodalizmiň şertlerinde ýaşan halkyň sowetleriň saýasynda nähili belentlige göterilendigini dünýä ýüzüne aýan edip biljek faktyň zerurlygy ideologiýa üçin juda ýokarydy. Beýik eserleri sahnada goýmak bilen haýsydyr bir sosial, syýasy talaba äheň berjek bolmak ýa-da Otellony, Hlestakowy, şäher häkimini oýnan akterlardan öz rollarynyň mazmuny bilen baglylykda işjeň pozisiýa garaşmak – bular ikinji derejedäki, juda bir islenip durulmaýan zerurlyklardy. Türkmen Otellasy barmy? Bar! Fakt diýeniň gudratly zat! Indi iki müňünji ýylyň aýagynda milli garaşsyzlygyny alan Türkmenistanda, Prezidentiň derejesinde, bize şekspirler, gogollar gerekmi diýen sowal goýulýar. Sowalyň ýaňlanan ýerinde, ýagny, döwlet maslahatynyň geçýän zalynda edebiýat, sungat işgärleri-de otyrlar, olaryň arasynda sowetler döwründe dünýä klassyklarynyň eserlerini sahnada goýup, Soýuz möçberinde atlary tutulan, hatda bäsleşikde baýrak alanlar-da bar. Emma ýekesi-de şekspirleriň, gogollaryň türkmen halky üçin-de gerekdigini aýdyp bilmediler. Diýmek, olar klassyklaryň eserlerini türkmen halkynyň ruhy zerurlygynyň mynasybeti üçin goýman, döredijilik biografiýalaryna fakt bolsun diýip goýupdyrlar. Şekspiriň zerurlygy inkär edilýän bolsa, onda sowetlerden miras galan okuw sistemasyny nätmeli bolar diýen sowal örboýna galýar. Gumanitar ugurlar hemişe ideologiýanyň täsirine golaý diýeli, onda bilimiň tebigi, takyk ugurlaryna nähili çemeleşmeli bolar? Sowet mekdeplerinde olaryň okadylşyna at dakar ýaly däldi. Şonuň üçinem, dunýäniň bilermenleri sowet ylmynyň ägirt potensialyny ykrar etmek bilen,ony üpjün eden bilim sistemasyny dünýä nusga alarlyk hasaplapdylar. Uzak garaşmaly bolmady. Garaşsyz döwletiň beýik serdarlygyna göterilen, öňki sistemada ýokary bilim alan Saparmyrat Türkmenbaşy 1993-nji ýylda özüniň bilim syýasatyny biragyzdan tassyklatdy. Ol şeýle diýdi: “Mundan beýläk köne düzgün boýunça (sowet düzgüni – T.J.) çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda bilim we terbie bermek dowam etdirilse, doly öňki düzgüniň syýasaty boýunça ýugrulyp ýasalan düzgün biziň gazanan milli garaşsyzlygymyzyň okgunly öňe gitmegine ymykly päsgel berip biler. Diýmek, biziň bilim sistemamyz dünýä siwilizasiýasyndan birjigem üzňe bolmaly däldir, tersine, ol biziň dünýä siwilizasiýasy bilen doly gatylyp-garylmagymyz üçin zerur şertleri döretmelidir.” Okaýmaga bu sözlerdäki pozitiw many äşgär. Soňra “gatylyp-garylmagyň” nämedigi iş ýüzünde aýan bolup başlady. Olar esasan şulardan ybarat: orta mekdeplerde okuwyň möhleti on ýyldan dokuz ýyla getirildi. Siwilizleşen ýurtlarda 12 ýyl. Mekdeplerden iňlis dili sapagy aýryldy, rus diliniň programmasy gysgaldyldy. Ýokary okuw jaýlarynda okuwyň, möhleti bir ýyl kemeldildi. Dunýä taryhyny, edebiýatyny öwrenmek juda çäklendirildi, astronomiýa, trigonometriýa, psihologiýa, logika sapaklary bütinleý zyňyldy. Umuman okuw programmasy fiziki işleriň paýyna has azaldyldy. Eýse, bu ýagdaý haýsydyr bir zerur howlukmaçlygyň sebäbine dörän bolmasyn? Ikinji jahan urşundan soňky ýyllarda kadr taýýarlamagyň tizleşdirilen mahaly bolupdy. Iki ýyllyk pedagogiki institutlar, dürli hünärler boýunça kurslar işläpdi. Ýagdaý ganymatlaşan dessine wagtlaýyn çärelerden el çekilipdi. Emma Türkmenistanda häzir kadr ýetmezçiligi ýok, gaýta ýokary bilimli, hünärli kadrlara iş ýetenok. Elbetde, hökümet töwerekleri bu ýagdaýyň sebäbini aňsat düşündirýärler. Türkmeniň öz ýoly bar diýerler. Bu ýol nireden gelip, nirä barýarka? Türkmenlerde “aýagy duşamak” diýen düşünje bar. Siz ony haýwanyň aýagyny duşamak manysynda düşünäýmäň, ol ogly öýlendirip, ojaga baglap goýmak manyda aýdylýar. Raýatlarynyň aýagyny duşamakdan ötri, döwlet tarapyndan görülýän çärelerem bolýar. Aýdaly, serhedi ýapmak, berk wiza düzgünini girizmek. Bu çäreler kanun, perman esasynda amala aşyrylýar, düşundiriş berilýär. “Aýak duşamagyň” has mekir ýollary-da bolýar, olara gönümel düşündiriş tapmarsyň, diňe ýüzbe-ýüz bolan halatyňda düşünip galarsyň. Meselem, dokuz ýyllyk mekdep Türkmenistanyň ýaşlaryny daşary ýurtlara gidip ýokary bilim almak mümkinçiliginden mahrum edýär, içerdäki berilýän bilim bilen oňmakdan gaýry alaç galanok. Alaçsyzlygyňa gynanar ýaly, eýse, içerde berilýän bilim kanagatlandyranokmy diýip sorajak tapylar. Sowetler döwründe-de daşary ýurtlara gidip bilim alýan ýokdy, alaçsyz öýdýänem, gynanýanam ýokdy. Göwnejaý bilimiň binýady çagalara berilýän sowatdan başlanýar. Arada Aşgabatda tötänlik bilen oba mugallymyna gabat geldim, ýol ugrunda hal-ýagdaý soraşdyk. Häzir ähli kişi zeýrenmäge endik edipdir. Mugallymam zeýrenmäge durdy. Dördünji klasdan sapak beripdirler. Birinji klasy täze latyn elipbiýde başlap, häzir dördünjä ýeten okuwçylaryň okuw kitaplary ýok diýdi, täze elipbiýe geçmeli diýýärler, okuw kitiplaryny çykarmagy bolsa unudýarlar diýip, ýene zeýrendi. Ol başga çykalga tapman, dördünji klaslar üçin rus elipbiýinde neşir edlen köne kitaplary ýygnaşdyryp getirse, okuwçylar biz bu haty okap bilemzog-a diýipdirler. Ýurduň beýik serdaryna-da gulak asmaýanlar bar öýdýän diýip, mugallym görgüli delilini aýdýar. Serdar telim çykyşynda çagalara kiçilikden üç dil öwrederis diýdi: türkmen, rus, iňlis dillerini. Şundan soň öňden okadylyp gelinýän iňlis dilini mekdeplerde ýatyrdylar. Rus dilem idili okadylýan bolsa, çagalar rus hatyny okap bilemzok diýmezdiler ahyry! Türkmen dilini okatmaga-da okuw kitabynyň ýokdugyny aýtdym... Mugallym şol zeýrenji bilenem öz ugruna gitdi. Umuman, elipbiý çalyşmak ýurt, halk üçin diýseň wawwaly çäre, oňa rowaçlyk mahalynda, howlukman, öňki bady saklamaz ýaly, emel tapyp geçmeli. Aň-düşünje, bilim bilen bagly bolany üçin elipbiý çalyşmagam iman çalyşmak ýaly müşgil iş. Bir asyryň dowamynda türkmenler arap elipbiýinden latyna, latyndan rus elipbiýine, indem ýene latyna geçmäge sezewar edildi. Eý hudaý, mundan soňam biziň sowatly bolşumyza haýran galaýmaly. Her gezegem elipbiýi syýasy maksat esasynda çalyşýarlar. Şu asyryň dowamynda ilk-ä biz feodalizmde ýaşan ekenik, soňra Oktýabr rewolýusiýasy bizi ýigrenji kapitalizmiň üstünden aşyryp, sosializme bökdürip goýberipdir. Indi nirä bökdük? Bir ýerig-ä bökendiris, halys rewolýusiýanyň waspyna ram eden aňymyz ewolýusiýa diýen närsäni kabul etmäge ukyplymyka beri?! Garaşsyzlygy ideologiýa hökmünde öňe surýän syýasatşynaslar: biz milli garaşsyzlyga bökdük diýýärler. Garaşsyzlyk döwlet statusy ahyry! Ol syýasy-jemgyýetçilik gurluş, formasiýa bolup bilmez. Eger Prezident Saparmyrat Türkmenbaşynyň çaltrak türkmen baýlaryny döretmeli diýip beren görkezmesinden çen tutsaň, biziň sosializmde saklanmajagymyz belli. Aňymyza sosializmiň alamaty hökmünde giren rus elipbiýindenem ýüz öwürýäris. Öňde kommunizm, yzda kapitalizm. Kommunizmiň ýüzüne köz degdi, düýn aýdym bilen oňa tarap barýan syýasatçylar üçin “Adamlar, indi yza bökýäris!” diýmek olaryň rewolýusion ruhuna ters gelýär, häzirlikçe garaşsyzlyk meselesinde güýmenenlerini kem görenoklar. Latyn elipbiýine ýol açmagymyz, dogrudanam, götin böküp, kapitalizmiň depesinden injegimizi aňladýan bir alamat-a däldir-dä? Onda uly döwlet maslahatlarynda Prezidentiň göni ýüzüne garap, çekinmän: “Sen biziň patyşamyz!” diýýänleriň matlabyna nähili düşünmeli bolar? Olar türkmeniň öz ýoly bolmaly diýägeden, feodal-demokratiýa diýen ýaly bir termini tapyp oturybermesinler? Şeýle bolan halatynda olaryň arap elipbiýini hödürläýmekleri ähtimaldyr. “Äý, çaltrak haýsam bolsa bir ýola düşülse, barjak ýerimiz belli bolsa!” diýip, jemgyetiň ykbalynyň diňe ýokarda oturanlaryň islegine görä çözülýändigine halys ynanýanlar janygyp aýdýarlar. Häzirem elipbiý zerarly ilat ikä bölündi diýse boljak. Diňe latyn elipbiýinde okadylýanlar dördünji klasa ýetdiler. “Okadylýanlar” diýen söze sowat öwredilýar diýen manyda düşüniň, sebäbi ýokarda oba mugallymynyň aýdyşyna görä, okuw kitapsyz bilim bermek mümkin däl. Täze elipbiýde häli-häzir gazet-žurnal hem çykanok, çeper edebiýatam çap edilenok. Dördünjiden ýokary klaslarda, ýokary okuw jaýlarynda okuw rus elipbiýinde dowam etdirilýär. Ulularyň bilýänini çagalar, çagalaryň bilýänini ulular bilenok. Altmyş ýyl dowam edip gelýän rus elipbiýinde ägirt ruhy baýlyk toplandy. Türkmen taryhy, edebiýaty, ylmy, okuw kitaplary, metbugaty şol eipbiýde çykdy. Dünýä edebiýatynyň, ylmynyň nusgalarynyň türkmen diline terjimesi-de şu elipbiýde neşir edilip, halka ýaýradyldy, olar şahsy hem döwlet kitaphanalarynyň fonduny döredýär. Häzirem gazet-žurnallar, kitaplar şol elipbiýde çykarylýar. Bu ruhy baýlykdan eýýäm çagalaryň uly bölegi mahrum. Eger hakykatdanam olaryň sowatly, bilimli bolmaklary islenilýän bolsady, serdaryň aýdyşy ýaly, olar “dünýä siwilizasiýasyna gatylyp-garyljak” bolsadylar, toplanan ruhy baýlygy täze elipbiýde bada-bat neşir etmek işi ýola goýulmalydy. Häzirem-ä imisalalyk. Ine, şu ýagdaýa üns berlip, muny ruhy taýdan ösüp gelýän nesliň aýagyny duşamak bilen gabatlaşdyrylsa nähili bolar? Goý, düşünjesi pes, pikir etmäge endigi bolmadyk nesiller ýetişsin! Okamaýan adam pikir etmekden mahrumdyr diýlen dana söze salgylanyp aýtsak, garaşsyz Türkmenistanda pikir etmek zerurlygyndan dynç, garaşsyz nesliň ösüp gelýändigini görmek kyn däl. Siwilizasiýanyň asyl manysyna düşünmeg-ä beýlede dursun, bu nesil ol sözi-de beýik serdaryň çykyşlaryndan eşidýän bolsa gerek. “Siwilizasiýanyň manysy näme?” diýip soraýsalar, “Bu biziň garaşsyz, bitarap watanymyzdyr” diýip jogap beräýmeli bolar. Ynanarlar. Haýwanam bereniňi iýýär ahyry! Hudaýa şükür, sowet imperiýasy mahalyndaky harby howpdan dörän harby zerurlyklaram ýok bolup gitdi. Içeriňden bozgaklar tapylaýmasa, bitarap ýurda daşardan howp saljak güýçler ýok, hezillik! Dmitriý Merežkowskiniň “Antihrist. (Petr we Alekseý)” atly romanyny okanymda awstriýaly Pleýeriň bir sözi meni oýlandyrypdy. “Rus patyşalarynyň häkimligi üçin magaryf diýlen zat barybir garyň üstüne düşýän gün şöhlesi ýalydyr, gowşak bolsa garyň üsti ýaldyrar, öwşün atar, sähel güýçli bolsa-da gary ereder” diýýär. Bu ýeser deňeşdirme diňe rus patyşalarynyň häkimligine degişlimikä?! Iki-uç ýyllykda bir rektor bilen duşuşamda ol sowet ýyllaryndaky ýokary okuw jaýyna gelen studentleriň bilim derejesiniň ýokary bolandygyny aýdyp, häzirki talyp diýip atlandyrylýan studentleriň mekdepdäki taýýarlyklarynyň juda pesdiginden zeýrendi. Onuň zeýrenji oba mugallymynyň, zeýrenjinden parhlydy, biraz mekirlik alamatyny duýsa bolýardy, onuňam manysyny özi aýan etdi oturyberdi: “Bu talyplaryň amatly tarapy-da bar, diýeniňe däl diýjek gümanlary ýok, gulaklary kesilen ýaly, ümsümje.” Kanagat äheňde aýdylan sözden soň, bilime başarnygy bolan ýaşlary seçip almak siziň ygtyýaryňyza, islegiňize bagly, näme üçin eliňizden geljek zady edeňzok diýip, sowal berip oturmagyň geregi-de ýokdy. Onsoňam rektora-da bagly bolmadyk düzgünler bardy, olary äsgermezlige urmak möhüm meselä bir taraply çemeleşmek boljakdy. Gep ýokary okuw jaýlaryna seçilip alynyşyň hökümet tarapyndan ýola goýlan düzgünidi. Giriş ekzamenleri ýatyryldy, ekzamene sowet eýýamynyň zyýanly galyndysy diýip baha berildi. Şeýlelik bilen bilimi kesgitlemekdäki adalatly bäsdeşlige ymtylyş tamam boldy. Siwilizlenen düşünjä hiç bir jähetden gabat gelmeýän, diňe bir tarapyň tekepbirligine, diýdimzorlugyna ýol berýän söhbetdeşlik usuly saýlap alyndy. Matematikadan bilimi barlaýan mugallyma kasamyň sözlerini, ýa-da garaşsyzlygyň haýsy günde, haýsy sagatda jar edilenini soramaga, sähelçe nätakyk jogap beren halatyňda seni kowup goýbermäge ygtyýar berildi. Munuň üssesine-de söhbetdeşlikler welaýatlarda, ýerli häkimleriň berk gözegçiliginde bolany üçin saýlap-seçilmelileriň düzüminiň has ir taýýar edilip goýulmagyna ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylarynyň “özara hyzmatdaşlyk” şerti bilen razyçylygy alynýardy. Bu ýagdaýda bäsdeşligi bilim däl-de, tanyş-bilişligiň derejesi, paranyň möçberi çözýärdi. Ýokary okuw jaýlaryna alynmalylaryň mukdar taýdan azaldylmagy, ogullaryny harby gulluklan galdyrmagyň aladasy barly adamlaryň arasynda para bermegiň bäsdeşligini döretdi, paranyň ýokary ölçegi on müň dollardan hem geçdi. Ortaça aýlyk haky on-ýigrimi dollardan geçmeýän garamaýaklaryň çagasy nätmeli? Lomonosowlaryň arman bilen köýüp gitjekleri belli zat. Eger okuw jaýlarynyň esasy ýerleşýän ýeri bolan paýtagtda bäsdeşlik gurnalaýsady, onda göz-görtele adalatsyzlygyň öňüni almaga ene-atalar nähilidir bir tagalla görkezjekler, nägileliklerini bada-bat ýokary edaralara ýetirip bilekler. Elbetde, emeldarlar bu ýagdaýy islänoklar. Şonuň üçinem welaýatlara kwota kesgitlenip, ygtyýar häkimlere berildi, nägilelikler paýtagta ýetmesin diýildi. Bilim taýdan kütekligini, kakasynyň kisesinden müňläp dollaryň çykandygyny bilip duran talyp näme üçin gulagy kesilen ýaly bolmasyn? Näme, meniň okuwa alynmagym adalatsyzlyk diýip gygyrsynmy? Ýok! Kütekligi üçin okuwdan kowulaýmasyn gorky bilen sapak sypdyrman gatnamaga boýun, serdara wepalydyklaryny her gün kasam bilen telim öwre gaýtalamaga, Watany söýýändiklerini görene göz edip, milli baýdagy gaýta-gaýta ogşamaga boýun. Olaryň diňe bilim almaga höwesleri ýok. Bilime isleg bilen däl-de, diplom almagy isläp bu ýere düşüpdiler. Diplom aljaklaryna şek-şübhe ýok, para okuw ýyllarynda-da dowam edip gidip otyr. Soňra ýene paranyň emri bilen düşewüntli bir wezipä eýe bolarlar. Biz para berdik, indi bize-de bersinler-dä diýerler. Ine, olaryň arzuwy, idealy! Bir söz ýadyňa düşýär: “Gullar azat bolsam diýmeýärler, biziňem gulumyz bolsady diýýärler.” Ýurt ýapyldygyça adamlar dar jaýa gabalan ýaly, biri-birine üns bergiç bolýarlar. Kimiň, näme iýip, näme geýýäni, kimiň baý, kimiň garyplygy beter göze ilýär. Garyplar köpelýär. Den-Sýaopiniň: “Ýapyk ýurduň ýazygy garyplykdyr” diýen sözi häli-şindi hakydaňa gelýär. Sowet imperiýasynda türkmeniň bilim tarapdan ýagdaýynyň nähili bolandygyny göz öňüne getirmekden ötri, bir ýagdaýa üns bermek hem ýeterlik. Garaşsyzlygyň sekiz ýylynyň dowamynda ýokary hünärli spesialistleriň, alymlaryň müňlerçesi işsiz galdy, sebäbi olaryň hünärine, düşünjesine mätaçlik edýän pudaklar bu ýurtda gereklenenok. Bilimli işsizler, gedaýlar köpeler diýilse geň galynardy, geň galany türkmeniň alnyndan çykdy duruberdi. Ýene bir mysal. Häzir mekdepler, aýratynam obalarda, kileň orta bilimli mugallymlaryň eline geçdi, hatda mekdebi gutaranlaryň okadyp ýören ýerleri hem bar. Bu ýagdaý öň diňe uruş ýyllarynda bolan ekeni. Ýokary bilimli mugallymlaryň köplüginde bu nähili beýle bolýar? Aýlyk hakynyň artdyrylman okuw sagatlarynyň köpeldilmegi, oba hojalyk işleriniň bahanasy bilen üç aý okuwyň togtadylýandygy, okuw esbaplarynyň gytlygy, täze elipbiýe geçilmegi bilen bagly döreýän näsazlyklar, üssesine-de, emeldarlar tarapyndan mugallymlaryň mertebesiniň häli-şindi kemsidilmegi tejribeli, namysjaň mugallymlaryň mekdeplerden gitmeklerine getirdi. “Aýak duşamagyň” täzeçe manysy esasan şulardan ybarat. Bilime höwesi göterlen ýurduň gelejegini bahar paslynyň lälezarlygy bilen aňlatsa bolar, bilimden ýüz öwren ýurda hazan ýeli çalar. Ýazyjy Platonowyň “Takyr” hekaýasyndan ýowuz setirler ýadyma düşýär: “Zaryntäç aglamady. Horasanyň dag eteklerindäki gyrymsy jeňňelliklerde ulalan gyz howsalaly gyzyklanma bilen öňde ýaýylyp ýatan türkmen sährasynyň öwüşginsiz, çaga ölümi ýaly gussaly keşbini synlady, ol ýerde näme üçin ýaşalýandygyna düşunmedi”. On dokuzynjy asyrdaky alamançylygyň pidasy bolan Zaryntäje nätanyş, ýowuz ülkede gyrnaklygyň güzaply günleri garaşýardy. Men ýigriminji asyryň aýagynda garaşsyz, azat diýlip jar edilen ülkede erksiz, göztussaglygynda oturan türkmen. Men keseden zorluk bilen getirlen adam däl, şu toprakda önüp-ösen, şu halkyň ogly. Menem ýurdumyň geljegini göz öňüne getirjek bolýaryn. Zaryntäje mahsus näbellilik meniň hem kalbymy gaplap alýar, ýüregime agram salýar. Belki, ata-babalarymyň göbek gany daman toprakda gul kimin erksiz ýaşamak meniň ogullaryma, agtyklaryma-da buýrulandyr? Dünýädäki, aýratynam, biziň sebitimizdäki bulaşyklyklar bu sowalyň wehimini artdyrýar. Meniň çakyma görä, tebigi baýlyklara, aýratynam nebite, gaza baý Türkmenistana üç ýol garaşýar. Birinjisi, garaşsyzlyk jar edilse-de, häkimlik kürsüsinde galmagy başaran kommunistleriň bada-bat ret eden ýoly. Bu ýol demokratik özgerişlikleriň ýoly, halkyň etine-ganyna siňen aýylganç gorkudan dynmagyň ýoly, iş ýüzünde dünýä siwilizasiýasy bilen gatylyp-garylyp, halkara ykdysady gatnaşyklarda ýurduň bähbidini gorap biljek bilimli adamlara daýanylyp, hakykatdan-da garaşsyzlygy berjaý etmegiň ýoly. Häzir Türkmenistan üçin bu ýol ýapyk. Ikinji ýol, transkontinental korporasiýalaryň bähbidine tabyn ýagdaýa düşmek, ykdysady, syýasy, milli garaşsyzlygşy ýitirmek. Gynansagam, biz ikinji ýol bilen barýarys. Bu ýoluň ahyrynda üçünji ýola alyp barýandygyny Gündogaryň musulman ýurtlarynyň tejribesi görkezdi. Milli garaşsyzlygy güýç bilen almagyň, ýurduň tebigy resurslaryna doly eýe bolmagyň kepillendiriji ugry hökmünde yslamyň ýaşyl tugunyň astyna jemlenmek üçünji ýoluň esasy matlabyna öwrülýär. Bu ýoluň soňy nämä eltip biler? Bu sowala entek aýdyň jogap ýok, bize häzirlikçe goňşularymyz Eýranyň, Pakystanyň, Owganystanyň tejribesini ymykly seljerip, geljek üçin netije çykarmak galýar. Göwnüme bolmasa, ýekeje düýesini bir kitaba çalşan töwekgel ildeşiniň garyp gününden onlarça ýylyň dowamynda daşlaşan türkmen uly öwrümden soň ýene oňa golaýlaşýan bolsa gerek, ýogsam bolmasa, gel-gel ýigriminji asyryň soňunda gara öýi simwol edinmezdi. Eger ol diňe türkmençiligiň haýsydyr bir simwoly hökmünde şertli manyda alynjak bolsa, bu-da bir hasap diýse bolardy, emma ilatyň durmuş ýagdaýynyň, düşünjesiniň günsaýy peselip barmagy bu simwolyň reallygyny barha äşgär edýär. Şeýle dowam etjek bolsa, garybyň ogluny sowatsyz galdyrany üçin işan-molla igenmegi bes etmeli bolarys, dini kitaplary ýat beklän adama ýene ylym eýesi diýmeli bolarys. Biz dünýewi ylmyň düýbüne palta urup ýörüs-ä! Sowetler döwründe biz sowat-bilim alan-da bolsak, garaşsyzlyk ýyllarynda ýüze çykan problemalara garaýyşda biz haýran galaýmaly infantillik, ýagny, çagalara häsiýetli ýöntemlik görkezýäris. Men munuň sebäbini alan bilimimize laýyk geläýjek ynanjyň ýoklugynda görýärin. Eger ýurduň beýik serdary öz döreden garaşsyzlyk ideologiýasyna laýyklykda, sowetler döwründe döredilen ruhy baýlygy synpylyk keselinde aýyplaýan bolsa, baýlaryň, işan-mollalaryň ýaman sypatda görkezilendigi üçin edebiýat-sungat eserleriniň üstüne atanak çekmegi ündeýän bolsa, onda bu ündewi asyrlardan gelýän halk döredijiliginiň eserleri babatda-da ulansa bolardy. Olarda-da synpylyk bar, patyşalar, baýlar, mollalar aglaba il-günüň hormatlamaýan adamlary edilip görkezilipdir. Garaz, sözümizi jemläp aýtsak, taryhyň birinji gezek tragediýa, ikinji gezek fars görnüşinde gaýtalanýandygyny aýdan akyldarlar ýene bir kerem mamla boljaklar-da!.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |