18:31 Hakyda: Näletsiñmiş "Janyñ" sapaklary | |
5. “NÄLETSIŇMIŞ “JANYŇ” SAPAKLARY
“Jan” öňküsi ýaly gadaganlykda galdyrlan bolsady, türkmen üçin gowy bolardy.” 1991-nji ýylda türkmen tankytçysynyň ýazany. Müsürde gulçulykda ýaşan halkyny alyp çykmaga Musa pygamber ömrüniň kyrk ýylyny sarp etmeli bolýar. Dünýäniň häzirki ösüş dinamikasyna görä aýtmaly bolsa, bu uzak möhlet. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Prezidenti, paýhaslylaryň paýhaslysy diýlen Saparmyrat Türkmenbaşam tassyklady. Togsan dördünji ýylda halkynyň öňünde eden çykyşlarynyň birinde pygamberlere mynasyp agyr ýüküň gerdenine düşendigini ýaňzydyp, öz halkyny kyrk ýyl entetmejegine, taryhy missiýany gaty gysga möhletde amal etjekdigine söz berdi, ýöne halkyňam akylly, sabyrly bolmagy gerek diýdi. Pygamberiň yzyna düşüp, erkinlige, azat ýurtda mesgen tutmaga barýandyklaryna ýewreýlerem birde düşünseler, birde düşünmändirler, çölde entäp ýörenden-ä müsür patyşasynyň gol astynda ýaşanymyzam amatly ekeni diýip, yza dönmegi talap edenlerem az bolmandyr. Biziň garaşsyzlyk ýoluna düşenimize ýaňy ikije ýyl geçdi, eýýäm bizde-de bisabyrlar, ejizler tapylýar, SSSR-däki durmuşlarynyň gowy bolandygyny dile getirýänler bar diýip igendi. Prezidentiň döwrebap duýduryşy paýhaslaryna zamlaşan watandaşlarymyň birnäçesi eger taryhy tejribeden wagtynda oňaýly netije çykaryp bilen halatynda türkmenleriň ýewreýlerdenem ozduraýmagy ähtimaldyr diýen pikire geldiler, pikirlerini delillendirmekden ötri, taryha ser saldylar, delil tapdylar. Eýse, ýewreýleriň imperiýa guran ýeri barmy? Ýok! Türkmenler imperiýanyň birini däl, telimsini gurmagy başardylar! Tam saldyrjaklar ermenini gözlese, döwlet gurdurjaklar türkmenlere ýüz tutýan ekenler!.. Asyl, kişä döwlet gurup berjek bolup, halys eňkamy agan türkmen özüni ýatdan çykaraýan bolsa nätjek! Soňky sekiz asyryň dowamynda döwletsiz entedi ýördi, tüýs “ädikçiň ädigi bitmez” diýleni-dä! Özümizi pygamberiň halky bilen deňeşdirip oturmagy amatsyz bilip, men has bärki zamana ýüzlendim, Garagum çölüniň jümmüşinde ýitip, ýok bolup barýan jan halkyny halas etmäge gelen Nazar Çagataýewi ýatladym. Moskwadan ýörite iberilen bu kişi halkyny gözläp ýörşüne açlykdan, teşnelikden ýaňa ölüm pursatyna ýetýär, guma garylyp gitmegiň real howpuny duýýar. Beýle bir armanly ölümi özüne-de, halkyna-da rowa görenok. “Uly halk (rus diýip düşünmeli – T. J.) ýaşaýar, onuň betbagtlary bagta ýetirjegi çyn, ýöne ýaman ýeri, Sowet Soýuzynyň halklarynyň arasynda iň garyby, iň bagtsyzy bolan jan halky muny görüp bilmän öler gider” diýip, arman edýär. Jan halkyny türkmen halky bilen gabatlaşdyrmaga höwesek adamlar, belki, “iň garyp, iň bagtsyz” diýen sözi tutaryk edinýändirler? Sebäbi bu gün türkmeniň namysyny goramaga ilgezikleriň köpüsi düýn sowet propagandasynyň geçmişde türkmenleriň tozgunlygy, bisowatlygy hakynda aýdanlaryny höwes bilen gaýtalapdylar. Bu meselä entek dolanyp gelerin. Diýmek, bir meňzeş taryhy wezipe başlaryna düşen üç adamyň adyny tutduk. Birinjisi Moiseý – Musa pygamber. Bibliýa ynamsyzlyk etmäge kimiň ynsaby çatjak! Hatda golaýda söweşjeň ateist bolanlar-da, bu gün öz etsemlerine il-güni ynandyrjak bolsalar, höwes bilen mukaddes kitapdan delil gözlän bolýarlar. Onsoňam ýewreýleriň Müsürden gaýdandyklaryny taryh ylmy-da subut edýär. Sowet imperiýasynyň dargamagynyň hasabyna özbaşdaklygyny jar etmeli bolan Türkmenistan diýen döwletiň barlygy-da, oňa Nyýazowyň Prezidentligi-de taryhy fakt. Nazar Çagataýewi, onuň jan halkyny welin, taryhdan tapmarsyňyz, olar beýik rus ýazyjysy Andreý Platonowyň çeper fantaziýasyndan dörediler. Olaryň terjimehaly hakyky taryhyň faktlaryndan üzňe däl, şeýle bolanda çeper toslama durmuşyň, reallygyna dalaş edip bilýär. Muňa göz ýetirmek isleýän adam Platonowyň “Jan” powestini iňňän ünsli okamaly bolar. Moskwadan Daşkende baran Çagataýewe partiýa komitetiniň sekretary Sarygamyşyň, Üstýurduň, Amyderýanyň sebitlerinde dürli milletleriň adamlaryndan emele gelen kiçiräk çarwa halkyň mätäçlikde kaňkap ýörendigini aýdýar. Onda türkmenem, garagalpagam, biraz özbegem, gazagam, pürsiýanam, kürtem, bulujam bar, olar hatda kimlerdendiklerini-de unudypdyrlar. Jan halkynyň peýda bolmagynyň sebäplerini Nazar Çagataýew oglanka ejesindenem eşiden ekeni. “Dürli ýerden gelen gaçgaklar, ýetimler, halys haýy gaçany üçin kowlan gullar, ärlerine biwepalyk edip, jezadan gaçan aýallar, söýgülisini ýitirip, keseki äre barmaga boýun bolmadyk gyzlar, hudaýsyzlar, dünýäni gülkä öwrenler, jenaýatkärler...” jan halkyny düzýär. Eý hudaý, bu bir ýygyndydan ýygnanan diýilýäni boldy-la! Akyly ýerinde bolan adam munça nogsanlygy öz halkynyň adresine kabul etmäge döwtalap bolmaz-a diýersiňiz. Gynansagam, türkmenleriň, onda-da intelligensiýa diýilýän toparyň arasyndan şeýle döwtalaplar tapylýar. Olaryň bolşy töwerege seretmek endigini ýitirip, bir ugra okdurylýan ýekegapanyň hereketini ýatladýar. Ýogsa, jan halkyny türkmen halky bilen gabatlaşdyrmazdan öňinçä, beýleki halklaryň wekilleriniň bardygy-da hasaba alnaýjak ýaly. Ýa-da hakydasyna dolanandan soň çar tarapa pytrap giden jan halkynyň wekili Suhan Çärjew sebitlerindäki ärsary türkmenleriniň arasyna baranda pula satylmajak ajaýyp dutary oňa sowgat beren türkmen: “Men bu dutary mugt almagyňy towakga edýärin, şeýtseň menem kanagat tapjak” diýýär. Ine, bu adamyň türkmendigine hiç kes şübhe etmez, onuň taýpasynyň ady tutulýar, türkmen halkyna mahsus myhmanparazlygy, haýyr-sahawaty bar. Gabanjaň tankytçylar bu delilleri hasaba alanoklar, olaryň esasy maksady ýazyjyny, onuň meşhur eserini garalamakdan ybarat. 1991-nji ýylda namysjaň türkmen bolmaga dalaş edýän tankytçy respublikanyň gazetleriniň birinde çykyş edip: “Jan” öňküsi ýaly gadaganlykda galdyrlan bolsady, türkmenler üçin gowy bolardy. Sebäbi, awtor öz eserinde türkmenleriň namysyna degýär, olara häsiýetli bolmadyk zatlary görkezýär – diýip ýazany bilen oňman, türkmen sahnasynda powest bilen adybir spektakly goýan režissýory utandyrmakçy bolupdy. – Sen türkmen ahyry! Beýle powestiň esasynda spektakl goýmaga nähili ynsabyň çatdy!” Jan halkynyň adamlarynyň hakydasyny ýitirendigi, hakydasyny ýitirenleriň etmişleriniň moral-ahlak kadalaryna laýyk gelmejekdigi gaharjaň türkmeni asla gyzyklandyranok. Aýalynyň rus esgerinden göwreli bolandygyny bilende äri böwrüni diňläp, dommarlyp ýörmän, biwepa heleýini paltalady diýip görkezäýen bolsady, Platonow türkmeni kemsitmeýän eser ýazaýjak ekeni. Biçäre türkmeniň biçäre aýalyny ahlaksyzlyga iteren sebäpler hasaba girenokmyşyn. Halkyň ahlak, etiki derejesi syýasy hem sosial şertlere düýbünden dahyly bolmadyk gymmatlykmyş! Namysjaň tankytçy türkmen durmuşynyň şu günki reallygyna nähili garaýarka diýen gyzykly sowal kelläňe gelýär. Bazar ykdysadyýetiniň zamany geldi diýlip gygyrylýan döwürde keseden gelen: pully hojaýynlara tenini satýan gelin-gyzlarymyzyň etmişleriniň obýektiw sebäplerini hasaba alýarmyka ýa-da ony görmezlige salandan bolýarmyka? Görmezlige salman, ony çeper eserde beýan etjek ýazyjy tapylaýsa, onuň-da üstüne ot sowrup, eserini ýok etmeli diýip gygyrarmyka? Gadaganlyk usuly, adatça, ejizleriň ýapyşalgasy. Milli namys diýen düşünjä üýtgewsiz, arhaik gymmatlyk hökmünde garap, ony goraýandan bolup, özüne milli mertebe gözleýän kişiler hemişe gadaganlykdan, zorlukdan çykalga gözläpdirler. Sosial derňewe derek, azan zenanlara rehimsiz jeza talap edip, problemany bir ýüzli etmek olar üçin ýeke-täk çäre. Dünýä belli sowet diktatorynyň “adam ýok, problema-da ýok” diýen sözüni ýadyňyza salyň. Şundan soň Andreý Platonowyň meşhur eseriniň onlarça ýyllap gadagan edilendigi, “Jan” powestiniň türkmen diline terjimesiniň ýokdugyny geňläp oturmak gerekmi beri! Platonowyň açlykdan, horlukdan, agyr keselden elli ýaşda ölüp gitmeginde zorluk aýgytly rol oýnapdy. Ýazyjynyň genisinden dörän eserleriň süňňünden syzylyp çykýan welilik, öňdengörüjilik sowet imperiýasynyň dargamagy bilen hasam äşgär boldy. Ol baryp-ha otuzynjy ýyllaryň başlarynda atly sowet ýazyjylarynyň toparyna goşulyp, Türkmenistana gelende şowhunly duşuşyklardan, hyjuwly çykyşlardan gaçyp, jan halkyna niýetlän ülkesine – Sarygamyş çöketligine, Üstýurda tarap gidýär. Kärdeşleri “baharyň hem çölüň bolşewiklerini” wasp etmek üçin şahyrana setirleriň üstünde çyglan mahaly Platonow eýýäm Nazar Çagataýewiň halas etmeli halkynyň tragediýasyny aýdyňlaşdyryp ýören ekeni. Soňra dünýä prozasynyň dürdänesi hasap edilen “Jan” powestini ýazýar. Başky gürrüňimize dolanalyň. Bir meňzeşräk wezipäni amal etmeli bolan Musa pygamber bilen Nazar Çagataýewiň arkasynda ägirt güýjüň durandygyny aýtmaly. Musa pygamberiň Hudaýdan mandaty bar. Agyr ýoluň iň çykgynsyz pursatynda-da Hudaý pygamberini kelle döwüp oturtjak bolanok, gudrat görkezýär-de, müşgil işleri ap-aňsat edäýýär. Hatda halky söz bilen ynandyrmaly ýerinde-de Hudaý oňa çeper dilli Haruny kömekçi berýär. Nazar Çagataýew sowet häkimiýetiniň mandaty bilen çöle dolanýar. Onuň bolşewiklere bolan ynamy dindaryň Hudaýa bolan ynamyndan pes däl. Ýöne ol kynçylyga düşen dessine Musanyň Hudaýa ýüz tutmaga ylgaýşyny edenok, öz güýjüne, ynamyna bil baglaýar. Gudrat diýen düşünje-de oňa düýpden ýat. Bu bolsa töwerekdäki ýowuz reallygy bolşy ýaly kabul etmäge oňa täsin başarnyk berýär. Dowzah azabynda geçen çagalyk dünýesine, haýwan halyna düşüp, hakydasyz galan halkyny halas etmäge şübhesiz ynamyny, diňe ynsanyň paýyna düşen gudrat hökmünde kabul etmeli. Elbetde, girdaba bir ädim galanda onuň dadyna-da sowet guramalarynyň ýollan kömegi ýetişýär, ýöne ol kömek Hudaýyň görkezýän gudratynyň ýeňilligine garaňda has kyn, has giç ýetişýär. Real durmuşyň ýowuzlygy-da şunda. Gadymdan hem golaý geçmişden mysal getiren iki personažymyz-da wezipelerini berjaý etdiler, olaryň ýoly tamam. Olardan bize öwrenere beýik sapaklar galdy. Üçünji personažymyza ýüzlensek, öňi bilen ýüze çykýan bir sowal bar: Prezident Nyýazow kimiň mandaty bilen taryhy sahna çykdy? Elbetde, halkyň mandaty bilen çykdy diýlen jogabyň beriljegine garaşsa bolar. 1992-nji ýylda özbaşdak, garaşsyz döwletde geçirlen ses berilşikde Prezidentlige ýeke öz kandidaturasy görkezlen Nyýazowyň sesleriň ýüz prosentine golaýyny alyp, Prezident bolandygy resmi taýdan habar berlipdi. Sowet häkimiýeti ýyllarynda saýlaw diýen düşunjä diňe ses bermek manysynda düşünip gelen halk mandatyň nämedigine doly derejede düşünmäge ýetişipdi, ýa-da bir ýylyň dowamynda garaşsyzlyk diýen düşünje babatda oňynlyga üýtgäp bilipdi diýsek, durmuş hadysasyna ýüzleý garadygymyz bolmazmy? Gaýta, öňki sowet respublikalarynyň häzirki ýolbaşçylaryna mandaty şol döwürden galan düşünje, endik berdi diýsek has jüpüne düşse gerek. Sähelçe wagt geçenden soň, döwlet maslahatynda, ýokary wezipeli emeldar Prezidentiň göni ýüzüne garap: “Musa pygamberiň kyrk ýylda bitiren işini siz iki-üç ýylda bitirdiňiz oturyberdiňiz” diýdi. Eýse, bu sözi hakykatyň beýany hökmünde kabul edägeden, üçünji personažymyz hem taryhy missiýany berjaý etdi diýip bolarmy? Ýok. Beýle netijä gelmekden irdigini Prezidentiň özi bäş ýyldan soň, 1999-njy ýylyň dowamynda eden çykyşlarynda boýun aldy. Ol muny özüne mahsus gönümellik bilen düşündirdi. Asyl Musa pygamberiň kyrk ýyllap halkyny entedip ýörmeginiň bir emmajygy bar ekeni, ýogsam bolmasa, islän mahaly halkyny islegli mekana getirip biljekdi, ol pygamber-ä! Müsürdäki durmuşa öwrenşen nesil ýolda ölüp ýok bolup gitsin, täze nesil ösüp ýetişsin diýen bolsa nätjek! Täze nesil täze ýurtda könäni ýatlamaz, şübheden, ýaýdançdan halas adamlar ýetişer! Nyýazow deňeşdirmeden özüne peýdaly netijäni çykardy. Biziň täze durmuşy gurmagymyza sowet mentalitetindäki nesil juda aýakbagy bolýar, bizem olaryň ölüp gitmegine, täze nesliň kemala gelmegine garaşmaly boljak diýdi, öň telim öwre wada beren gülala-güllükleriniň bolmaly möhletini yza süýşürdi, näçe ýyl garaşmalydygynam açyk aýtdy. Maňa ýene on bir ýyl wagt beriň, men sizi altyn asyryň altyn ýoluna düşürip goýbereýin, soň Alla ýaryňyz diýdi. Ýewreý halkynyň islegli ýurda baranyny görmegiň Musa pygambere nesip etmändiginden çen tutsaň, Nyýazowyň aýdýany hem bir hasap. Musa pygamberiň halky gulçulygyň ezýetini çekipdi. Nazar Çagataýewiň jan halky-da mätäçligiň, zulumyň derdeserini süňňüne siňdiripdi diýmek bilen oňman, Suhanyň Nazar Çagataýewe aýdan sözüne-de salgylanalyň. Ol: “Seniň halkyň ýaşamakdan gorkýar, ol ýaşamak endigini ýitiripdir, ýaşaýyşa ynananok. Keseden seredenlere öli ýaly görünjek bolýar, şeýtmese, bagtyçüwenler, güýçlüler gelip, ýene oňa ezýet ýamanyny berip ugrarlar” diýýär. Amatly ýeri, bu sapar ýowuz adamlara derek Nazar Çagataýew gelýär. Sowet adamynyň mentalitetinde ösüp ýetişen häzirki türkmen köpçüligi Sowet Soýuzyndaky durmuşyna ezýet hökmünde garaýardy diýsek ýalan sözledigimiz bolardy. Prezident Nyýazowyň dogry belleýişi ýaly, SSSR-däki ýaşaýyşlaryna dolanmagy arzuw edýänler az däl. Bu fakt sowet halky diýen birligi düzen beýleki halklara-da häsiýetli. Olaryň köpüsi häzir sowet zamanyndaky durmuş şertlerini ýagşylykda ýatlaýarlar. Olar asmandan duýdansyz inen garaşsyzlyk diýen närsäniň manysyny durmuş ýagdaýlaryna görä ölçeýärler. Elbetde, olara Musa pygambere, onuň halkyna howandarlyk eden Hudaýyň gudratlaryna garaşmagyň derkary ýok, real durmuşda kyn meseleler başgarak çözülýär. Megerem, bize Nazar Çagataýewiň ynamy, sabyrlylygy has elýeterlidir? Nazar Çagataýewiň güýji jan halkynyň düşen real ýagdaýyna düşünip bilýändiginde. Powestden setirler: “Ýol uly bolmadyk depäniň daşyna aýlanýardy, Çagataýew ýaňyja depä münüp düşüpdi. Ol täze pikir bilen gum depesine garady, onuň düýbünde haýsydyr bir uly bolmadyk halkyň topraga garylyp ýatan bolmagy-da ähtimal. Özüne zorluk etjekleriň ünsüni çekmezlik üçin her kim göwresiniň, adynyň ýitip gitmegini isländir. Gul azaby, surnukmalar, ezilmeler diňe gollaryňy, bedeniňi weýran edeni bilen oňmaýar, öňi bilen paýhasyňy, ýüregiňi, ruhuňy weýran edýär, soňra göwrä geçýär. Şonda adam ölümi halasgär tutunyp, topraga duwlanýar, ony gaçybatalgasy, galasy saýýar. Durmuş bähbidine, ýaşamak höwesine endigini ýitirip, azaşyp, gansyz göwrä öwrülişine, diňe düýş görmäge, ynanmaga, bolmajak hakykaty hyýalyna getirmäge endik edinen kelle bilen oňmaly bolandygyna düşünenok. Eýsem onuň jan halky-da üstüne gum syradyp, gömülip galaýarmyka? Ony ýatlanam bolmaz, sebäbi bu halk entek daşdan, demirden bina tutmaga ýetişmändi, hemişelik gözelligi oýlap tapmandy, diňe agyr gum zyňyp ýaplar gazýardy, onda-da galdyran raýyşyny batly suw düzläp giderdi, halk ýene gum zyňardy, bulanyk suw ýene onuň gazan ýerini gyrmança bilen düzlärdi, ähli azabyny puja çykarardy.” Bu aýdylanlarda haýran galaýmaly paralleller bar. Sowet halky diýen birligiň, ony döretmäge elde baryny eden ideologiýanyň, onuň zoruny üpjün eden ägirt döwlet maşynynyň ahyrky ykbalyny ýatladanokmy? Meniň bu sowalyma namysjaň hem gaharly ildeşim: “Wah, ýatladýa-la, edilljek özi!” diýip, heşelle kakyp jogap berer. Düýn Platonowy gadagan etmekde sowet ideologiýasyna ýardam beren adamlaryň bu jogabyna-da geň galmaň. Olar eýýämhaçan ol ideologiýadan ýüz öwrendiklerine kasam etdiler. “Sowet imperiýasynda milletler hakydasyny doly ýitirmegiň bosagasynda durýardylar” diýip gygyrmak olaryň täze heňine öwrüldi. Diýip ýörkälerem şol ideologiýadan öwrenen endiklerine görä iş görýärler. Men ol kişilere mahsus birtaraplylygy ýazgarýan-da bolsam, Çagataýewiň pikirindäki “düýş görmäge, ynanmaga, bolmajak hakykaty hyýalyna getirmäge” endik edinen adamlara öwrülendigimizi inkär edip biljek däl. “Bolmajak hakykata ynanmak” diýlende, kommunizm jemgyýeti gurmagyň utopiýasy ýadymyza düşýär ahyry. Şol utopiýany zannymyza ornaşdyrmakdan ötri, milli taryhyň üstüne atanak çekmek, milli häsiýeti, däp-dessurlary äsgermezlik, umuman, şahsy mertebä gabanjaň garamak babatda görkezilen zorluklar sowet taryhynyň iň aýylganç sahypalaryny düzýär. Zorluk, sütem öňi bilen adamyň paýhasyny, ýüregini, ruhuny weýran edýär diýende Platonowyň gahrymany Nazar Çagataýew ýüz kerem mamla. Platonow üçin adamyň ruhy öňdäki orny eýeleýär. Jan bilen ruhuň arasynda tapawut bar, jan ruhsuz hem ýaşap bilýän ekeni, muny jan halkynyň düşen pajygasy aýdyň edýär, “ölüm halyna ýeten pukaralarda jandan başga hiç zat galmaýar, jan bolsa olara duýmaga, azar çekmäge gerek.” Andreý Platonow sowet imperiýasynyň dargajakdygyny kesgin aýtmadyk hem bolsa, şeýle bir hadysanyň ýüze çykmak ähtimallygyny ýazyjynyň genisi duýupdyr. Jan halkynyň ölüm howpuny geçirenden soňky ykbalyna üns beriň. Çagataýewe pytran adamlary bir ýere jemlemek başardýar, halk ynsana meňzeş ýaşap başlaýar, indi iýjegi bar, geýjegi bar. Ne öli, ne diri ýagdaýda gezen adamlar hakydalaryna dolanýarlar, nireden gelendiklerini, näme pişe edendiklerini ýatlaýarlar. Her kim gelen ýerini, ýaşan ülkesini küýseýär. Gaçgaklykda halys garran Wanka atly rus adamy: “Aýaklarymyz ädilip başlady, dem almak ýeňilleşdi, ýaşamagyň döwri geldi” diýýär. Her kim islegli ülkesine pytrap gidýär. Jan halkyny hakydasyna dolan faktorlary näme bilen deňeşdirip bolar? Eýse, ideologiýanyň gysajynda ruhy ysgynsyzlyga düşen sowet halkynyň durmuşyna sergin howa kimin aralaşan perestroýkany, ýagny, üýtgedip gurmak syýasatyny ýatladanokmy? Bu syýasat sowet halky diýip atlandyrylan birligi düzen halklaryň milli mertebe babatda hakydalaryna dolanmak prosesini çaltlandyrypdy. Powestiň gahrymany, ýaşajyk, başarjaň gyz Aýdym: “Gözi kör Molla Çerkezem gidäýipdir-dä, ýa garny doýansoň gözi açylaýdymyka” diýip, geň galýar. Bu sözden göçme many aňsa bolýar: ysgyna gelen bedene ruh, hakyda dolanýar, adamyň gözi açylýar. Aýdym Nazar Çagataýewe şeýle diýýär: “Seniň ejeň ýüregi açlykdan agyrardy, maňa özi aýdypdy. Goý, indi biziň hesretimiz başga bolsun, öňküden gyzykly bolsun. Öňki hesretimiz-ä halys ýüregimize düşdi. Sen bir zat oýlap tap-da.” Ine, meseläniň çözgüdi oýlap tapmaly zatda jemlenýär. Muny Nazar Çagataýewiň öňünde duran ikinji wezipe diýip hasap etmeli. Bu wezipäni sowet imperiýasy dargandan soň özbaşdaklygyny jar eden döwletleriň ýolbaşçylaryna, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Nyýazowa-da ýöňkese bolar. “– Nazar, men näme üçin özümi keseki duýýan? Çagataýew: – Aýdym, sen kime keseki bolýamyşyň? – diýip sorady. Aýdym: – Halk biz bilen ýaşap ýördi, indi her kim pytrap gitdi – diýdi. – Senem basym gidersiň, soň kim meni ýatlarka?” Aýdymyň gorkusy, ýagny, ýalňyz galmak howpy, kollektiwçilik psihologiýa bilen ýaşan sowet adamlarynyň gorkusyna öwrülipdi. Garaşsyzlygyny jar eden döwletlerde olaryň erkinligi öňi bilen olaryň şol gorkudan halas bolup bilişlerine baglydyr. Golaýda Türkmenistanda “Jan” spektaklynyň oýnalmagynyň bes edimegine, soňra “Jan” teatryny başga teatra goşmak hakynda çykarylan karara nähili garamaly bolar? Adatça, milli garaşsyzlyga ýetildi diýilýän ýurtlarda milli mertebä dar ölçegde garamak, ony şahsyýete mahsus namys gabanjaňlygy bilen gabatlaşdyrmak meýilleri güýçlenýär. Milli özboluşlylyga mynasyp görülýän gymmatlyklary daşky täsirlerden goramakdan ötri, ýüz urulýan oýlanyşyksyz çäreler jan halky bilen bagly Nazar Çagataýewde dörän pikiri ýadyma salýar. Ol: “Hiç bir halk, hatda jan halky-da üzňelikde ýaşap bilmez. Adamlary diňe gara bokurdagyň aladasy birleşdirenok, ruhy taýdanam biriniň beýlekisini duýmaga, ysnyşmaga islegi bar. Diňe öz hyýalynda özi bilen oňňut etjek bolýan islendik adam derrew ruhuny, janyny gemrip gutarýar, aýylganç garyplykda, mätäçlikde ysgyn-mydardan düşýär, akylsyzlyga ýetirýän umytsyz gussada ölüp gidýär” diýýär. Bu dert tutuş halka-da wehim salyp biler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |