18:18 Hakyda: Soñky gala | |
3. SOŇKY GALA
“Teke sähralarynda belli bir derejede Gündogar meselesi çözülýärdi.” W.I.Nemirowiç-Dançenko. “Edebiýat we sungat” gazetiniň 1989-njy ýylyň 37-nji sanynda okyjy Oraz Baýramowyň “Gökdepe galasy. Taryhy depeler hem-de hapa-hupalar” atly hatyny çap edipdik. Şol mahal men gazetiň baş redaktory bolup işleýärdim. Häzir şol hatdan şeýle setirleri mysal getirmekçi: “Ýeri gelende aýtsak, milli guwanç duýgusyndan mahrum adamlar Gökdepe galasyny hem aýap goýmaýarlar. “Gökdepe” sowhoz-zawodynyň ýolbaşçylary (öňki ýolbaşçylar göz öňünde tutulýar) bu gelşiksiz işde ilkinji “göreldäni” görkezdiler. Mundan 40-45 ýyl ozal galanyň içini sürüp, üzüm ekipdiler. Sürüm geçirilýärkä azala ilişip çykýan adam süňkleriniň 1881-nji ýylyň ýanwarynda gurban bolan ata-babalarymyzyňkydygy barada, heý, olar pikir etmedilermikä? Indi bolsa galanyň töwereginde ýaşaýan ilat hapalaryny, küllerini galanyň içine-de, daşyna-da dökýär. Gadymy galanyň diwarlaryny köwüp, haýat aýlap, mal ýatak ýasaýarlar. Ine, Gökdepe tragediýasynda gurban bolan müňlerçe merhumlara goýýan sarpamyz. Özem Gökdepe galasynda diňe bir şol töweregiň adamlary heläkçilik çekmedi. Mary tekeleriniň hem ýörite otrýady galany goramaga gatnaşypdyr. (Seret: “Turkmenskaýa SSR”, Aşgabat, 1984-nji ýyl, 102-nji sahypa) Diýmek, bu ýerde Türkmenistanyň dürli künjünde ýaşan adamlaryň jesedi ýatyr. Bu bir doganlyk mazarçylygy ahyry!” Hudaýa şükür, bu gün Gökdepe galasyna zibil zyňýan ýok. Ony rejeläp, ortasynda Saparmyrat hajy ady bilen dört minaraly, diýseň kaşaň metjit bina edilipdir. 1997-nji ýylda Hatyra güni zyýarat etmek hem-de täze binany synlamak niýeti bilen gala bardym. Märeke üýşüpdir. Hatar ojaklarda gazan atarylypdyr. Çeträkde duran haryt ýükli maşynlaryň töweregi alyjylardan doly, söwda-satyk gyzyşypdyr. Metjidi töwereginden synladym, gapylary gulply bolansoň, penjirelerinden içine seretmek bilen oňmaly boldy. Wagt günortana golaýlapdy. Märekede aýdylýan geplerden çen tutsaň, Aşgabatdan ulular gelende metjidiň gapylary açylmalymyş. Galanyň ykbaly bilen bagly oý-pikirler töwerekde gaýmalaşyp ýören adamlara ünsümi gönükdirdi. Olaryň bolşundan Hatyra gününe mahsus matamy, gussany aňmak çetin. Üýşenleriň arasynda ýaş-ýeleňler köp, olaryň arasynda gülşüp-degşip ýörenlerem gyt däl, hemmeleriň agzynda günebakar çigit. Adaty görüp ýören üýşmeleňlerimizden tapawutly alamat görmedim. Men ýakymsyz pikirlere maýyl bolýaryn. Bu adamlaryň köpüsinde ýüz on bir ýyl ozal galanyň başyndan inen pajyga, tragediýa biperwaýlyk bar. Dabanlarynyň aşagyndaky topraga gerçekleriň, naçarlaryň, bala-çagalaryň al ganynyň dökülendigini ýürekleriň agyrysy bilen duýanoklar, duýsadylar, agyzlary çigide barmazdy, mukaddes topragy çigit gabygyny taşlap, hapalamazdylar. Ýokarda mysal getirlen hatdaky zibil zyňanlaram duýmaýan adamlardy. Gynançly ýeri, hemmämizem türkmen, zyňanlaram türkmen, zyňylýanyna jany ýanyp hat ýazanlaram türkmen. Bu gün ähli günäni kimdir biriniň, ýa-da hyzmatynda duran sistemamyzyň üstüne atmakdan ýeňil çykalga ýok. Galanyň içini zibilhana öwren mahalymyzda Gökdepäniň ýolbaşçylary aglaba türkmenleriň özleridi ahyryn. Galany zibilhana öwürtmezlige olaryň erki ýetýärdi. Galada türkmeniň ganynyň dökülendigini olar anjaýyn bilýärdiler, ýöne olaryň şahsy bähbidi halkyň ykbalyndanam, onuň taryhyndanam ýokarydy. Her birimiz halkyň, onuň taryhynyň öňündäki şahsy ýazygymyzy duýmasak, seljermesek, ideologiýanyň oýny entekler dowam eder. Hatyra gününe ýygnanan märekedäki ýaş-ýeleňleriň biparh görnüşleri meni gynandyran hem bolsa, men olary günälendirmekden daşdaky adam. Olaryň biparhlygy üçin men öňi bilen özümizi günälendirýän. Soňky ösdürimler taryhy hakydadan jyda düşürlip, ideologiýanyň erkine werin adamlar edilip ýetişdirlen bolsalar, bu etmişde ýazyjy hökmünde azda-kände meniň hem ýazygymyň bolandygyny boýnuma alýaryn. Şol bir mahalyň özünde-de düýn milli buýsançdan söz açyljak bolnanda, şoňa het eden görgüsiýamanyň başyndan ideologiýanyň gürzüsini indermäge ýetişikli adamlaryň bu gün düýnki ýigrenji diýlen şahsyýetlere hossar çykan boluşlaryna-da geň galamok. Ol adamlarda öňde-soňda ynanç diýen gymmatlyk bolmadyk bolsa-da, oňa derek olara şemalyň haýsy tarapdan öwüsjegini duýmaga ukyp berlipdir. Biz ýene günäkär tapmak endigimiz bilen taryha çemeleşmekden el çekmeýäris. Gökdepe galasynyň synyp, tekeleriň bu söweşde ýeňilendiklerini birimiz iňlisleriň beren wadalarynda tapylmandyklaryna, beýlekimiz galany goraýjylaryň öz aralarynda duşmany garşylamak babatda dürli pikiriň bolandygyna, ýene birimiz maryly tekelerden önjeýli kömegiň gelmändigine syrykdyrjak bolýarys. Hamala, şu nogsanlyklar bolmadyk halatynda gala synmajak ýaly. Adamlar, geliň, taryhy ýagdaýdan öz göwün islegimize görä netije çykarmak endigimizden el çekeliň. Onda, diýmek, Gökdepe galasy hökman ýykylaýmalymydy? Gynansagam, bu sowala: hawa, ýykylaýmalydy diýip jogap bermeli boljak. Indi bize on dokuzynjy asyryň aýaklarynda Orta Azyýa bilen bagly dörän ýagdaýa ser salmak galýar. Men öňki bilýän maglumatlarymyň daşyndan ýene üç kitaba salgylanyp gürrüňi dowam etdirmekçi. Birinji kitap: “Türkmenistanyň basylyp alynmagy”, ol general Kuropatkiniň redaksiýasy bilen 1899-njy ýylda Sankt-Peterburgda neşir edilýär. Bu kitapda Ahal etraplarynda bolan söweşlerden başga-da, otuz ýylyň dowamynda rus imperiýasynyň Orta Azyýadaky harby hereketleri dogrusynda maglumatlar berilýär. Ikinji kitaby rus emigranty, öňki ofiser, general Skobelewiň ýegeniniň gyzyna öýlenen Nikolaý Knorring ýazypdyr. “General Mihail Dmitriýewiç Skobelew. Taryhy etýudlar” atly bu kitap ilkinji gezek 1939-njy ýylda Parižde çykýar. Üçünji kitabyň awtory Wasiliý Nemirowiç-Dançenko, žurnalist, ýazyjy. Rus gazetiniň habarçysy hökmünde Balkandaky rus-türk urşuna gatnaşyp, general Skobelew bilen uruş mahalynda-da, soňam ýakyn gatnaşykda bolan adam. Onuň “Skobelew. Şahsy ýatlamalar hem täsirler” diýen kitaby 1992-nji ýylda Moskwada çap edilipdir. “Sen makalaňy rus çeşmelerine, ýagny duşman tarapa salgylanyp ýazjak bolýarmyň?” diýjekleriň tapylmagy-da ähtimaldyr. Men bir tarapy aklap, beýleki tarapy garalamagy niýet edinemok, taryhy hakykata düşünesim gelýär, diňe şu nukdaýnazardan faktlary seljermekçi bolýaryn. Näme üçin rus imperiýasy Orta Azyýany eýelemekçi bolýar? Rus-türk urşunyň gahrymany, kyrk müň goşuny bilen Stambulyň eteginde şäheri eýelemäge buýruk berlerine garaşyp duran general Skobelew şeýle diýýär: “Bize, slawýanlara, Bosfor hem Dardenelli bogazlary deňze tebigy çykalga hökmünde derwaýys gerek. Biziň ýurdumyzyň tükeniksiz giňişliklere eýedigine garamazdan, şol meşhur Bogazlar bolmasa, biz öz giňişliklerimizde boglup galarys”. Generalyň bu sözi imperiýanyň asyl maksadyny aňladýardy. Baryp-ha Pýotr Birinjiniň döwründe Orta Azyýany eýeläp, günortadaky ýyly deňizlere çykmagyň aladasy görlüp başlanylýar. 1715-nji ýyldaky Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasyny oýuňyza getirip görüň. Uzboýyň üsti bilen suw ýoluny açmak, özbekleriň altyn känine ýetmek, aňryk, Hindistana tarap gitmek... ine, öňde goýlan hakyky maksat. Biz bolsa, ideologiýanyň göwnüni tapjak bolup, hamala, Pýotr Birinji türkmenler üçin kanal çekmegi arzuwlapdyr diýip gygyryp geldik. Russiýa Orta Azyýany eýeläp, bäsdeşlerinden biri, iňlis imperiýasynyň Gündogarda tumşugyna kakmagy maksat edinýärdi. Ýene general Skobelewiň sözüne salgylanyň: “Orta Azyýada aýgytly hereket etmek bilen biz iňlis flotyny garawsyz inisatiwa iterýän ähli mümkinçiliklerden mahrum edip bileris” diýýär. Ol Angliýany Ýewropada-da toba getirmek üçin oňa Orta Azyýany agyzdyryk hökmünde ulanmagy ündeýär. Orta Azyýa biziň üçin koloniýa-da däl, öz häsiýetine görä, biz tarapdan basylyp alnan ülke diýmek bilen, ony Hindistana tarap hereketiň resmi bazasy diýip yglan edýär. Orta Azyýanyň ilatyny boş ekspedisiýalar bilen gyjyndyrman, buharalylary, hywalylary, türkmenleri Angliýa garşy ýörişe taýýarlamaly, wagty gelende olardan ýüz müňlük atly goşuny awangard hökmünde ýollap, iňlis Hindistanyna Teýmirleňiň döwrüne mahsus ýörişi guramagy niýet edýär. Elbetde, bu niýet aňyrdan gelýärdi. Angliýa garşy iş görmekde Napoleonyň täsirine düşen rus imperatory Pawel Birinji baryp 1801-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Dondaky goşuna Hindistana tarap ýörişe ugramagy buýrupdy, emma imperatoryň ölümi zerarly togtadylan bu ýörişiň başlanan gününi dogry segsen ýyldan soň Skobelew özüçe dabaralandyrypdy. Gökdepe galasyna aýgytly zarba urmagy şol güne gabatlapdy. Bu zarba Orta Azyýany tutuş eýelemekdäki iň soňky zarbady. Gazagystan, Gyrgyzystan bireýýämden bäri Orusýetiň häkimliginde ýaşap gelýärdi. Buhara emirligi 1865-nji ýylda rus imperatorynyň hökumzorlugyny ykrar edipdi. 1873-nji ýylda Hywa hanlygy ýarag bilen boýun egdirlipdi. General Kaufmanyň serkerdeligindäki ýörişe entek polkownik çinindäki Skobelew hem gatnaşypdy. Hywanyň oturymly halky boýun egen-de bolsa, esasy güýç türkmenlerdi. Ganymat ýaraglanan, söweş tärlerine ezber, batyrlykda, uruşganlykda tapawutlanýan ýigrimi müň türkmen nökerine hanyň permany-da ýöränokdy, olar hana salgyt hem tölänokdylar. General Kaufman bu kakabaş ýomutlary amana getirmek üçin gazaply çärelere ýüz urmagy general Golowaçewe buýurýar. Hywa türkmenleriniň obalary ýandyrlyp, ýarag tutmaga ýararly erkekleri ýok edilýär. Olar bäri-bärde aýňalar ýaly edilenok. Indiki nobat Kokandyňkydy. 1875-nji ýylda Kokant hanlygyny basyp almak üçin söweşler başlanýar. Bu ýerde esasy rol general çinine göterlen Skobelewe berilýär. Noýabr, dekabr üznüksiz çaknyşyklarda geçýär. Skobelew Azyýalylaryň psihologiýasyna laýyklykda hereket edýär, terrorçylyk usullaryna ýüz urmak bilen, aýaga galan obalary ýakyp-ýandyrýar. Eger siz olara gazaply zarbalar urup, güýç bilen ýeňseňiz, şol halatda olar hudaýyň erkine boýun boluşlary ýaly, size-de boýundyrlar diýýär. 1876-njy ýylda general Skobelew indi Fergana oblasty diýlip atlandyrlan öňki Kokant hanlygynyň, harby gubernatorlygyna bellenilýär, ilaty rus administrasiýasyna imrikdirmekde köp işler edýär. Orta Azyýada musulmanlar bilen kolonial uruşlarda tejribe toplan general Balkanda türkler bilen başlanan aýgytly söweşlere ugradylýar. Ol mahal günbatar Türkmenistanam ruslaryň gol astyndady. Indi imperiýanyň pellehana golaýlan ýolunda diňe tekeler ýeke-täk päsgelçilik bolup durýardy. Olaryň esasy daýanjy bolan Gökdepe galasy amana getirlen Orta Azyýanyň süňňünde agyryly dişe öwrülipdi. Ol dişi sogurmak birinji synanyşykda başartmandy. 1879-yjy ýylyň 28-njy awgustynda general Lomakiniň serkerdeliginde rus goşunlary entek doly bina edilip gutarylmadyk gala hüjüme geçipdiler, tekeleriň haýran galdyryjy garşylygyna duçar bolupdylar, bäş ýüz adamynyň maslygyny jeň meýdanynda taşlap, yza çekilipdiler. Bu ýeňşiň, owazasy türkmen sähralaryndan aşyp, bütin Gündogara ýaýrapdy. Rus goşunlarynyň ýeňilmezligine Hywada, Buharada, Ferganada şübhe döräpdi. Eger tekeleriň gaýduwsyz garşylygy uzaga çekse, bu ülkelerde gaýtadan baş galdyrylmagyna garaşybermelidi. Gökdepe galasynyň wehimi on esse, ýüz esse artdy. Teke sähralarynda Gündogaryň meselesi çözülýär diýilmegi ýöne ýere däldi. Indiki şowsuzlygyň imperiýanyň telim ýylky azabynyň puç bolmagyna, iň bolmanda, göreşiň uzaklaşmagyna getirmegi ähtimaldy. Ýedi ölçäp, bir kesmelidi. Öňi bilen Orta Azyýa belet, kolonial uruşlarda, tejribe toplan, goşunda belent abraýly serkerde tapmalydy. Imperator Aleksandr Ikinji edil ýaňy ýeňişli tamamlanan rus-türk urşunyň gahrymany general Skobelewi saýlaýar. Imperator ýalňyşmandy. Atasy, kakasy general bolan, özi-de otuz ýaşa ýeten dessine generallyga göterlen, ak eşik geýip, ak at münüp hüjüme gitmegi halaýan, türklere-de “ak paşa” diýdiren Skobelew: “Men urşy halaýaryn, uruş meniň hunärim, kärim” diýmekden çekinmeýärdi. “Diňe uruşda urşy öwrenmek bolýar” diýýärdi. Zanny bilen harbylyga ýugrulan Skobelew “Urşa sportuň höwesi bilen garamaga, ony harasatda deňizçileriň tolkunlary söýşi ýaly söýmäge endik edipdi” diýip, Knorring belleýär. Her bir hüjümi zergärlere mahsus sünnälikde taýýarlamagy ýeňşiň esasy bölegi hasap edýän general Gökdepä garşy aýgytly zarba tutuş bir ýyl taýýarlanýar. Hazar bilen Ahalyň, arasyny içgin öwrenýär. Goşunyň üpjünçiligine aýratyn üns berýär. Goşuny suw bilen üpjün etmek üçin Kaspiý deňziniň kenarynda suwuň şoruny aýyrýan agregatlar gurdurýar. Müňlerçe ýükçi düýe az görlüp, ýörite demir ýol çekilýär. Ahal bilen arada telim ýerde bazalar döredilýär. Skobolew hüjüme zerurdyr öýdülýän maýdaja zadyň hem takyk hasabyny talap edýär. Hüjüme taýýarlyk babatda onuň irnikligi goşunyny Balkan daglarynyň gara basyrlan belent gerişlerinden ýitgisiz geçirmegi üpjün edip, dünýäniň harbylaryny haýran galdyrypdy. Ol Orta Azyýanyň çöllerine Bolgariýanyň daglaryndanam beletdi. Ägirt rus imperiýasynyň topy-tophanasy bilen süýşüp gelýän, dünýä ýaň salan söweşlerde taplanan goşunynyň garşysynda ýalňyz Gökdepe galasy durdy. Ruslar bu galany-da, tekeleri-de, olaryň mümkinçiliklerini-de öwrenmäge ýetişipdiler. Olaryň hasabyna görä galany goraýjylaryň sany 25 müň adama ýetýärdi, şolardan bäş müňi atlydy. 5 müň ýarag bolup, şonuň bäş ýüzi tiz atýan tüpeňdi. Mis hem çoýun toplaryň sany dört-bäşden artyk däldi. Gala jemi ýygnanan mähelle 45 müňe barabardy. Indi tekelere garşy duran güýji göz öňüne getirmek üçin birje fakta ýüzleneliň. Gala hüjüm edilen güni 5604 top oky, 224 raketa, 300 müň tüpeň oky atylypdyr. Elbetde, rus goşunyny eýmendirýän zat tekeleriň gaýduwsyzlygydy. Muny general Skobelewiň goşuna beren görkezmesi-de tassyklaýar: “Garşydaşymyz örän batyr, mergen, başa-baş garpyşykda diýseň emelli, sowuk ýarag bilen gowy ýaraglanan” diýilýär. Emma urşuň ykbalyny hemişe gaýduwsyzlyk, batyrlyk çözübem duranok, bu häsiýetleriň netijeliligine ýardam berýän zerur şertleriň bolmagy gerekdir. Gynansagam, tekeler oňaýly şertlerden mahrumdylar. Olar ýalňyzdylar, öz türkmenleriniň arasynda-da ýalňyzdylar. Olaryň ýalňyzdyklaryny duşman bilýärdi. Ahal tekeleri juda agyr ýagdaý ýüze çykan halatynda, gyrgynçylykdan gutulmagyň öňünden aladasyny etmek maksady bilen geçen tomusda maryly tekelere, hywa türkmenlerine maslahat salypdylar, ýer-suw ýagdaýyny bilmek isläpdiler. Maryly tekeler özleriniň hem suw ýetmezliginden kösenýändiklerini, rus goşunynyň agyr urgusyndan aýňalmaga ýetişmedik hywaly türkmenler bolsa, çekinýändiklerini delil getiripdirler. Ärsarylar ruslara garaşly buhara emiriniň golastyndadylar. Saryklaryň teke-saryk urşundan soň içleri kitüwlidi. Ahal tekeleri Horasan sebitlerine aralaşmagy-da küýlerine getirýärler, emma eýran tarapa ýollarynyň berk ýapyljagy duýdurylýar. Göçüp gelmeg-ä beýlede dursun, azyk harytlaryny aşyrmagy-da gadagan etjekler. Eýrandaky rus ilçisi Zinowýewiň bu meselede işeňňirlik görkezendigini soňra Skobelew minnetdarlyk bilen belleýär. Orta Azyýany rus imperiýasynyň basyp almak syýasaty bilen Eýran patyşasynyň doly ylalaşandygy bellidi. Onuň iň soňky degerli fakty hökmünde, Gökdepe galasy alnan dessine eýran ilçisiniň topar tutup, Skobelewi ýeňiş bilen gutlamaga gelendigini aýtsa bolar. General ilçiniň öňünde bolup geçen söweşiň mysaly görnüşini oýun gurap gaýtalaýar. Skobelewiň iň uly ätiýajy gala ýygnananlaryň Tejene, Mara gitmekleri bolupdy, bu ýagdaýda uruş uzaga çekjekdi. Oktýabr aýynda müň öýli tekäniň Tejene, müň ýarym öýliniň Mara göçmekleri-de howsala döredipdi. Emma Oktýabr aýynda Maşatdaky iňlis agenti Abbas han iňlisleriň degerli kömek berjekdiklerini tekelere ýetirýär. Tekeleriň nähili netijä gelendiklerini eýran häkimiýetiniň wekili Ýarmuhammet han Skobelewe habar berýär: olar galada galyp, soňky demlerine çenli söweşmegi karar edipdirler diýýar. Skobelew ahal tekeleriniň beýle netijä gelmeklerine ýardam görkezendikleri üçin iňlislerden juda razy bolýar, ätiýaçly meselede olar biziň ýardamçylarymyza öwrüldiler duruberdiler diýip, heşelle kakýar. Ätiýaçdan saplanan generalyň ähli ünsi ýalňyz gala jemlenýär. Ol bu sapar general Lomakiniň säwliklerini düzetmelidi, ýaňy gutaran rus-türk urşunda özüni şöhratlandyran rus goşunynyň nämä ukyplydygyny görkezmelidi. Uruş bilen bagly onuň, öz ynanjy bardy: “Urşy başladyňmy, onsoň rehimdarlyk, gumanizm barada gep urmagyň geregi ýok. Uruş bilen gumanizmiň arasynda hiç hili umumylyk bolup bilmez” diýýärdi. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni ir sagat ýedide polkownik Gaýdarowyň goşun bölümine galanyň günbataryndan hüjüm edip, tekeleriň ünsüni çekmek buýrulýar. 11 sagat 20 minutda, takyk bellenen wagtynda galanyň diwaryny ýarýarlar, onuň otuz metrlik ýeri opurlyp, rus goşunlaryna ýol açylýar, sagat ikilerde gala eýelenýär. General Skobelewiň özi rezerwde duran atly otrýada baş bolup, galanyň demirgazyk derwezesinden gaçyp çykan tekeleriň yzyna düşýär, 15 wýorst, ýagny on alty kilometr aralykda olary gylyçdan geçirip, gije dolanyp gelýär. Bu fakta aýratyn üns bermegimiz gerek. Bu fakt Nemirowiç-Dançenkonyň Skobelewi Balkan urşunda rehimdar hökmünde suratlandyrmalaryna ters gelýär. Türk ýesirini ýenjip duran rus soldatyny gören Skobelew: “Ýesire diňe deýýuslar, nejisler el galdyryp biler. Ýeňlen, ejiz, garawsyz duşmana el batyryp bolmaz. Ýatany urmakdan beter masgaralyk ýokdur!” diýip gygyrýar. Gökdepede ejizlere görkezilen zorluk, dört güne çeken talaňçylyk orta asyrlaryň wagşyçylyk däplerine meňzeýärdi. Skobelewe ýakyn duran adamlaryň biri, doktor Geýfelder bu ýagdaýa generalyň ünsüni çekende, general öz nukdaýnazaryny beýan edýär. Azyýanyň düzgünini gowy bilýändigini aýtmak bilen, eger şeýdilmese, tekeler ýeňlendiklerini boýun almazdylar diýýär. Köne galany ýumrup, ýer bilen ýegsan etmegi buýurýar. Gala komendant bellenen polkownik Arsişewskä şeýle ýazýar: “Kem-kemden Gökdepe galasynyň diwarlaryny garyma agdaryp, düzläň, men bu işe aýratyn ähmiýet berýändirin. Düzläp, galanyň ýerini sürmeli, edil Karfageniň ýumrulyşy ýaly etmeli”. Ýeri, türk ýesirlerine rehimdarlyk etdi, basyp alnan oba-şäherleriň ilatyny talaňçylykdan, aýal-gyzlary zorlukdan aman saklady, ýesirleri öz soldatlary bilen bir tabakdan nahar iýdirdi diýlip mahabatlandyrlan generalyň bir ýyldan soň Gökdepede görkezen rehimsizligini näme bilen düşündirse bolar? Belki, Stambuly almak höwesinden öz patyşasynyň görkezmesi bilen mahrum edilendigi, soňra Berlin kongresi netijesinde Balkandaky ýeňşiň miwesiniň püçege çykarlandygy üçin general ähli gaharyny tekelerden çykarmakçy bolandyr? Ahala ýöriş mahalynda Skobelew maşgala tragediýasyna uçraýar. Bolgariýanyň tokaýlaryndaky talaňçylar onuň ejesi Olga Nikolaýewnany öldürýärler. Iň ýaman ýeri-de, galtamanlaryň baştutany öňki rus ofiseri, Skobelewden ýagşylyk baryny gören Uzaýtis bolup çykýar. Ejesini kakasyndan has ýakyn gören general bu aýylganç ýitgä çydap bilmän, ejizlik pursatynda ony jaýlamaga gitmegi ýüregine düwýär, ýöne patyşa Aleksandr Ikinji oňa rugsat bermeýär. Soňra general ýörişiň gyzgalaňly mahaly gitmek hyýalyny borjuny duýmakdaky ejizlik pursaty diýip näletleýär... Belki, taryhy ýazgylarda tekeleriň galtamançylygy, alamany eý görýän taýpa hökmünde suratlandyrylmagy generalyň göz öňünde olary uzak Bolgariýada ejesini öldüren galtamanlar bilen gabatlaşdyrandyr? Alynyň aryny Ahmetden çykarjak bolandyr?.. Elbetde, serkerdäniň psihiki ýagdaýynyň täsirini äsgermezlik edip bolmaz. Gökdepe galasynyň alnan gününiň ertesi general Skobelew bilen doktor Geýfelderiň arasynda şeýle gürrüň bolýar: “Skobelew: – Meniň şeýle bir ýüregim gysýar!.. Geýfelder: – Heý, ýeňşiň ertesi güni ýürek gysarmy?! Nähili sebäp ýüze çykdy? Skobelew: – Sebäbi, indi edere iş ýok. Okuň şuwlaýan sesini eşitmesem, öňde herekete çagyrýan maksat görmesem, meniň ýüregim gysyberýär”. Orta Azyýany ýaragyň güýji bilen basyp almakda uly hyzmat görkezen, ägirt dabara bilen Peterburga dolanan general Skobelewi täze imperator Aleksandr Üçünji diýseň sowuk garşylaýar. Öň Şipkanyň, indi Ahal urşunyň gahramyny, serkerdelikde Suworow bilen deňeşdirilýän ýaş generalyň diňe goşunyň, halkyň arasynda däl, Ýewropa möçberinde abraýynyň artmagy, nemesleri ganym duşman hasaplap, eýýäm olaryň garşysyna uruş taýýarlyklaryna baş urmagy, germanparaz imperatoryň göwnünden turmaýar. Generalyň Gökdepe galasynyň komendanty polkownik Arsişewskä beren ýene bir görkezmesine ünsi çekmek zerur: “Olary harby gullukdan boşatmak meselesi barada gep gozgamaň. Tekeleriň batyrlygy göwnümden turany üçin, olardan düzülen ençeme ýüz atlyny Wenanyň etegine äkidip bolsa, ajaýyp bolardy” diýýär. Generalyň bu arzuwyny türkmen gerçeklerine berlen baha diýip kabul etse-de bolar. Bu uruşda tekeleriň görkezen gaýduwsyzlygyny, mertligini ykrar etmedik ýok, muny söweşe gatnaşan ruslaryň özleri boýun alýarlar. “Tekeler köplenç sowuk ýarag bilen hüjüm edýärler, gylyç işletmegiň tärlerine iňňän türgenleşipdirler”. Bu setirler “Türkmenistanyň basylyp alynşy” diýen kitapdan. Ýene şeýle setirleri okaýarys: “Olaryň arasynda marylylaram köpdi. Olar ruslary ýeňýänçäler dolanmajaklaryna kasam edipdirler”. Ýene bir sitata: “Biz tekeleriň mysalynda köpsanly, gaýduwsyz, batyr garşydaşa uçradyk. Pertusewiçiň bagyndaky söweş, tekeleriň 28-30-njy dekabrdaky galadan çykyp eden hüjümleri biziň şowsuzlyga uçran pursatlarymyzdyr”. Şol kitapda ýazylmagyna görä, esasy zarbadan öň bala-çagalary, aýallary galadan çykaryp, guma tarap ugratmagy ruslar teklip edipdirler. Tekeler bu teklibi ret etmek bilen, buýsançly jogap gaýtarypdyrlar: “Biziň maşgalamyz horlanmaz, olar ygtybarly bukuda otyrlar. Olara ýetýänçäler ruslar biziň ýaragmyzyň, soňam maslyklarymyzyň üstünden geçmeli bolarlar!” Tekeler bu aýdylanyň gury söz däldigini görkezipdiler. Hawa, güýçli duşmana ýalňyz galany almak başardypdy, emma tekeleri aman soramaga mejbur etmek başartmandy. Bu tragediýada tekeleriň ýalňyzlygyndan başga-da, döwrüň emri bardy. Ony seljermäge ol mahal türkmeniň paýhasy ýetmändi. Munuň sebäbini jemgyýetçilik ösüşiň galaklygyndan gözlemelidi. Tekeler ellerinden gelen güýji gaýgyrmandylar. Bu söweşi namys urşy diýip bilýärdiler. Maşgalasynyň ykbaly her bir erkegiň namysyna öwrülipdi. Olar üçin Watanyň ykbaly-da maşgalanyň ykbalyndan başlanýardy. Soňky ösdürimlere ýumrulan galanyň harabaçylygy galypdy. Türkmene galany goranlaryň, gyzgyn gulläniň öňünde döş gerenleriň ruhy belentligi ýetmedi. Muňa tragediýanyň dowamy diýse bolar. Şol belent ruhy hakyky manysynda duýýançak, biziň tragediýamyz dowam eder. Şony duýan pursatymyz, haýsy taýpadanlygyna garamazdan, ähli türkmen Gökdepe tragediýasyny sözüň doly manysynda umumyhalk tragediýasy hökmünde kabul eder. Biz bu birlige eýýäm ýetdik diýsek, ýene bärden gaýdarys. Pagtabent sözler bilen waspnama aýtdygyň ruhy birligi aňlatdygyň bolmaýar. Ruh wyždan, ynsap ýaly kem-kemden zannymyza ornamaly, ornan ýagdaýynda, ony söz bilen beýan edip ýörmegiň zerurlygy hem bolmaz. Sagat adam häli-şindi on iki süňňüniň abatlygyny, ýüreginiň ganymat urup durandygyny dile getirip ýörenok ahyry! Ol ruh adatylygy bilen bir mahalda Watanyň mukaddesliginiň iň esasy sütüni bolmalydyr. Watany dabara bilen, kasam bilen söýdürip bolmaýar, Watany diňe eşretli durmuş bilen söýdürip bolar. Her bir halkyň eşretli durmuşy, azatlygy öz Watanynda berkarar bolanda onuň ruhy ýeňilmez güýje öwrülýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |