19:30 Hakyda: Türkmen boljak bolmak | |
7. TÜRKMEN BOLJAK BOLMAK
“Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar.” Magtymguly. “Pylany, senem adam boljak bol” diýilýär. Berilýän maslahat, edilýän talap düşnükli. Adam bolmak, ýa-da adamçylykdan çykmak bir şahs üçin häsiýetli zat. Onda “türkmen bol” ýa-da “türkmen boljak bolmak” diýen ündewe nähili düşünse bolar? Bu ýerde adamyň durmuş ýörelgesine, etikasyna milli çäklilik beriljek bolýan-a däldir? Belki, şahsy etikanyň geriminden has giň ýaýrawda kabul edilmeli borç bardyr? Belki, ol türkmençilik diýen düşünje bilen gabatlaşýandyr? Onda türkmençilik näme? Beýleki halklaryňka meňzemeýän, diňe türkmenlere mahsus gylyk-häsiýetleriň giden bir sistemasydyr? Halkyň artykmaçlygyny mazamlajak bolnup tapylan teoriýa meňzeş toslama bolmasyn? Entek bu sowallara anyk jogap berlen ýeri ýok. Dogrusy, türkmençilige syrly many berjek bolýanlaryň özleri-de onuň syryny, parhly ýerini açyk aýdyp bilenoklar, ýaşululara hormat goýmak, ýokary ahlaklylyk, myhmanparazlyk, dogruçyllyk, halallyk diýen ýaly umumy gymmatlyklara ýapyşýarlar. Bular ýaly asylly gylyklara halklaryň hemmesi-de sarpa goýýar. Türkmençilik döwletsiz, taýpa pytraňňylygynda ýaşan halkyň kanunlaşdyrylmadyk moral-ahlak kodeks-ä däldir? Ahlak kodeksinde jemgyýetçilik-syýasy talaplara ýaramly düzgünleriň, moralyň saýlanyp alynýandygyny agalyk eden sowet ideologiýasynyň emrinden dörän “Kommunizm gurujynyň moral kodeksiniň mysalynda görüpdik. Indi milli garaşsyzlyga, azatlyga ýetildi diýilýän häzirki döwürde türkmenleriň beýik serdary diýlip yglan edilen Saparmyrat Türkmenbaşy ýakyn günlerde öz mähriban halkyna görlüp-eşidilmedik täze bir kitaby – “Ruhnamany” hödürlejekdigini jar etdi. Ýadyňyzda bolsa, “Kommunizm gurujynyň kodeksine-de” bakylyk möhri basylypdy. Peýda bolmazdan öň, eýýäm “Türkmenbaşynyň Ruhnamasy” diýlip atlandyrýan kitabyň, ugrukdyryjy güýjüne häzirlikçe müň ýyl möhlet berilýär. Diýmek, türkmenler üçünji müň ýylyň dowamynda Türkmenbaşynyň “Ruhnamasynda” jikme-jik beýan ediljek ruhy ýörelgelere eýerip ýaşamaly boljaklar. Müň ýyl-a beýlede dursun, öňünden “türkmeniň altyn asyry” diýip atlandyrlan ýigrimi birinji asyry synlamaga-da ömrümiziň ýetmejegine juda gynanýandygymyzy bildirmek bilen, “keramatly” kitapda türkmençiligiň nämedigine ahyr soňy anyk jogap berilse gerek diýip umyt baglapdym, emma umydymdan el çekmeli boljak. 1999-njy ýylyň sentýabr aýynda taryh institutynda “Ruhnamany” taslamagyň nobatdaky söhbetdeşliginde Prezident Nyýazow “türkmençilik” diýen sözüň gulaga ýakmaýandygyny aýdyp, ony dolanşykdan aýyrmagy, mundan beýläk “türkmenlik” diýen ýaly başga bir sözi ulanmagy buýurdy. Ol türkmençiligiň asyl manysynda oňat hem ýaramaz gylyklaryň bardygyny boýun almak bilen, halk babatda diňe oňat alamatlary dile getirmegi ýaňzytdy. Elbetde, Türkmenbaşynyň bu görkezmesiniň meniň bu ýazgyma zerurlygynyň ýokdugyny bada-bat duýdurmakçy, sebäbi onuň howandarlygyndaky metbugata meniň ýolumyň ýapyklygy maňa pikir erkinligini berýär. Şonuň üçin hem halkyň pikir-paýhasyndan dörän aňlatmadan el çekmän, gaýta türkmençilik bilen bagly döreýän sowallary öňe sürmekçi bolýaryn. Türkmençilige halkyň mentaliteti hökmünde garalsa nähili bolar? Türkmenler ilki rus, soňra sowet imperiýasynyň düzüminde ýaşalan bir asyrdan gowrak döwrüň dowamynda üýtgedi, soňky nesiller sowet mentalitetli adamlar bolup ýetişdiler. Oňa sowetçilik diýse-de bolar. Türkmençilik esasan, parriarhal, tire-taýpa gatnaşyklaryndan ugur alan bolsa, sowetçilik türkmenleri döwlet sistemasyna, şol sistemanyň jemgyýetiň üstünden alyp barýan berk kontrollygyna, milli duýgulara juda gabanjaň garan bolşewikçilik ideologiýanyň hökmürowanlygyna doly tabyn bolmakdan döräpdi. Şeýle-de bolsa, adamlaryň belli bir toparynda geçmişe dolanmaga, ýa-da milli aýratynlyklary saklamaga isleg, ymtylyş bolýar. Belki, şol isleg hem türkmençiligi syrly, romantiki öwüşginler berip, ony adaty mentalitet diýlen düşünjeden ýokary göterip, halkyň artykmaçlygyna dalaş edip biljek buýsanja öwrendir? On dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynyň başlarynda derwüş sypatynda Orta Aziýa aýlanan wenger alymy Wamberiniň synçylygy türkmenleriň häsiýetli aýratynlyklaryny iňňän ýitilik bilen bellemegi başaranlygy, ony beýleki birgiden syýahatçydan parhlandyrýar. Meniň göz ýetirişime görä, Wamberiniň ýüze çykaran aýratynlyklaryna sözüň doly manysynda türkmençilik diýse bolar. Onuň gören hem bilen hadysalary položiteldigine, otrisateldigine garamazdan, bir bütewilik döredýär. Şol bir mahalda-da olar esasan diňe türkmenlere mahsus alamatlardyr. Wamberi okyjylarynyň hem geň galjakdyklaryny nygtap, şeýle sowaly berýär: “Halys başyna giden, wagşyýana häsiýetli meşhur galtamanlaryň biri-birini ýok etmän, bile ýaşaýandyklaryna nähili düşünmeli? Dogrudanam, haýran galaýmaly ýagdaý! Has geň ýeri-de, keseden seredäýmäge olaryň baş-başdaklygyna, wagşyýanalygyna garamazdan, yslam siwilizasiýasyna ygrarly jemgyetçilik gurluşda ýaşaýan beýleki azyýa milletleri bilen deňeşdireniňde olarda açyk duşmançylygam ýok, biri-birini öldurmek, ýa-da birek-birege garakçylyk meýillerem az, adalatyň, ahlagyň garşysyna etmişlerem az. Bu sähraýy adamlary köplenç edara edýän, hatda olaryň öz gözlerine-de görünmeýän kuwwatly, gazaply häkim bar, ol häkimlik adat, däp-dessur diýen sözleriň hakyky manysynda ýüze çykýar” diýýär. Baky gala diýlen sowet imperiýasy birden dargady ötägitdi. Kommunistik emeldarlaryň elinde galan respublikalar haýdan-haý milli garaşsyzlyklaryny yglan etdiler. Ideologiýa bilen her gün iýmitlenmäge endik edinen köpçülige köne däp-dessurlara dolanmaly diýip, ýene komanda berildi. Komanda ýetmişinji ýyllarda-da berlipdi. Sowet ideologiýasy halk köpçüliginiň arasynda peselip barýan abraýyny dikeltmegiň adadasy bilen däp-dessurlara hossarçylyk edýänden bolupdy. Kompaniýa “halkyň gowy däp-dessurlaryny goldamaly” diýen talaba tabyn edilipdi. Köne däp-dessurlaryň gowusyny-erbedini seljermeli-de partiýanyň ideologlarydy. Olaryň öňünde goýlan esasy wezipe köne däp-dessurlara kommunistik ynanja ýaramly many bermekdi. Meselem aýdaly, şu maksada eýerip, gyzlaryň ynsanlyk mertebesini kemsidýän ýigrenji galyňyň garşysyna jenaýat kodeksini ulanmakdan başga-da, ony halkyň aňyndan aýyrmakdan ötri, “komsomol toýy” ady bilen bir meňzeş guramaçylykda geçirilmeli, galyňdan halas täze toýlar girizilipdi. Uzak möhlet geçmänkä ideologiýanyň mahabatlandyran täzeligini galyňy gizlemek üçin amatly aldaw perdesine öwrüpdiler. Sünnete täze many berip bolýarmy näme! Şonuň üçinem bölüp-büçüp ýörmän, oňa tutuşlygyna jenaýat işi hökmünde garaldy. Garaz, gepiň keltesi, dogjak bagtly çagalara niýetläp, döwrebap dakylmaly atlaryň ýerlere iberlen düzümine görä, “azatlaryň”, “şöhratlaryň”, “arslanlaryň”, “baharlaryň”, “gunçalaryň” köpelip, “hudaýberdileriň”, “allaberdileriň”, “bessirleriň”, “doýduklaryň” azalandygyny nazarda tutaýmasaň, bu kompaniýanyň garaşylan netijäni bermän paýzynyň ýatandygyny aýtsa bolar, ýogsa, ol has täze türkmenleri terbiýeläp ýetişdirmegiň giň programmasyna laýyklykda geçirlipdi. Hawa, döwur üýtgedi, täze döwre görä şygarlary-da üýtgetmelidi. Öňki kompaniýa işeňňir gatnaşan ideologlar aljyrandyrlar öýdäýmäň. Olar ur-tut täze kompaniýa başladylar: sowetçilikden ýüz öwrüp, türkmençilige tarap öňe! Bize köne türkmenler gerek! Her bir şygaryň gapdalynda onuň manysyna laýyk görkezme esbabý hem bolmaly. Simwol hökmünde türkmeniň gara öýleri alyndy. Ony anjaýyn ýasan ussalaryň bir mahal gutarandygy sebäpli, howul-hara emelsiz ýasalyp dikilen ezenegi agdyk gara öýleriň töwereginde täze mazmunly köne baýramçylyklary, şagalaňlary geçirmek moda öwrüldi. Gara öýleriň maňlaýyna garaşsyz ýurduň serdarynyň portretleriniň asylmagy dabaralara döwlet ähmiýetli belent many bermelidi. Indi sen şol dabaralara ýygnanmaly edilen märekäniň kimliginden habar al! Olar uçdantutma sowet mekdeplerinde bilim alyp, gara öýleriň garyplygyň, hapaçylygyň, keselçiligiň simwoly bolandygy hakynda ýazylan Saryhanowyň “Gara öý” diýen hekaýasyndan ekzamen berip, gara öýlerde ýaşamagy unudan adamlardy. Şygarlara biperwaý garamaga endik edinen bu mähelläniň gözüne gara öýleriň ülkäni öwreniş muzeýinde goýlan eksponatdan parhly ýeri ýokdy. Täze dörän türkmen baýlarynyň at gaýtarym meýdany tutup duran köşk şekilli kaşaň jaýlarynyň gapdalynda gara öý dikdiren boluşlaryna olaryň türkmen boljak bolmaklaryndan bir nyşan hökmünde garamalymy, ýa-da ony ertekidäki patyşalyga ýeten pukara Aýazhanyň köşkden köneje çarygyny asyp goýuşyna meňzetmelimi? Sowet emeldarlary gymmat baha mebel garnituralarynyň reňkine gabatlaşýan owadan kitaplary hatar-hatar goýup, hem-ä bezegi artdyrýandyrys, hemem medeniýetli, okumyş adam bolup görünýändiris öýderdiler. Bu iki mysalyň aslyndaky maksat bir bolsa-da, saýlanyp alnan görkezme esbabynyň alamatyna üns beriň. Täze döwrüň, ýagny, garaşsyzlygyň alamaty – gara öý, könäniň, garaşly bolan döwrümiziň alamaty – kitap! A. Wamberi türkmenleriň öz däplerine gürrüňsiz eýerýändiklerini, nämä eýermeli, nämeden gaça durmalydygyny adat-däbiň ündewi boýunça kesgitleýändiklerini, diňe aýratyn ýagdaýlarda dini täsire gulak gabardýandyklaryny ýazýar. Türkmenler däbiň käbir elementlerine-de juda seýrek ýüzlenipdirler, bu ýagdaý şol elementiň islegsizligi üçin däl-de, tersine, hormatynyň örän belentligi üçindir. Bu babatda türkmenleriň kasama bolan gatnaşyklaryna ýüzlenmek ýerlikli bolar. Türkmenler üçin kasamyň nämedigini A. Lomakiniň 1897-nji ýylda neşir edilen “Adat. Türkmenleriň adaty hukugy” diýen kitabyny okanyňda-da bilmek bolýar. Lomakin Zakaspiý oblastynda patyşa adminstrasiýasynda ilatdan gelýän arza-şikaýatlara sereden, sud işlerinden örän habarly emeldar. Has beteri-de, keseden gelen adam, türkmenleri öwjek bolup ýazmandyr, gören hakykatyny beýan edipdir. Onuň ýazyşyça, türkmenleriň halk sudlarynda günä ýükleýän hem günä ýüklenýän tarap umumy ylalaşykdan boýun towlan halatynda kasama ýüz urmaly bolýan ekeni. Kasam Allanyň adyndan aýdylyp, kasam edýäniň sözüniň çyndygyna kepil geçýän iň ýokary ynanjy aňladypdyr. Näme üçin? Awtor bu sowala jogap bermek bilen, şeýle ýazýar: “Türkmenleriň arasynda kasama düýbünden başga garaýyş ornaşypdyr. Olaryň düşünjesine görä, juda zerur, çykgynsyz bir ýagdaý ýüze çykmadyk halatynda kabul edilen kasam halal adam hökmünde türkmeniň mertebesiniň peselmegine, oňa ynamyň gaçmagyna getirýär. Juda zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda kasam kabul edýän türkmen ildeşleriniň, tiredeşleriniň arasynda sözüne ynanylmaýan adamyň derejesine çenli peselýär. Muny onuň sudda hakykaty sözlejekdigine kasam edip durmasam görkezýär. Kasamyň mukaddesligine häzirki türkmenlerem erkin, azat türkmenlerden pes sarpa goýanoklar”. Lomakin häzirki türkmenler diýende geçen asyryň aýagynda rus patyşasynyň tabynlygyna düşen türkmenleri göz öňünde tutýar. Lomakin soňra ýokarky pikirinň dogrudygyny fakt bilen delillendirýär. 1891-nji ýylyň 31-nji maýynda Tejeniň Akgoňur obasyndan Annak Ýowşan bilen Gotur Saryja oglunyň Duşak obasyndan Bajyk diýen birini at ogurlykda aýyplandyklary üçin halk sudunyň mejlisi bolýar. Bajyk günäni boýnuna almaýar, günä ýükleýänlerem degerli delil getirip bilmeýärler. Halk sudy günä ýükleýän tarapdan kasam etmegi talap edýär. Razy bolýarlar. Kazy olary kasama taýýarlaýar. Annak Ýowşan kasama başlan dessine essi aýylyp ýykylýar, ony daşary çykarýarlar. Gotur Saryja kasama başlanda ol hem şeýle ýagdaýa düşýär. Annak Ýowşan özüni dürsäp, suda dolananda kasama rugsat edýärler. Kazynyň yzy bilen birnäçe sözi gaýtalanda ýene özünden gidýär. Esli wagtdan huşuna gelýär. Kasam bolmaýar. Şol ýylyň güýzünde halk sudunda başlyklyk eden emeldar Akgoňur obasyna gitmezden öňinçä gamyşlykda ýangyn bolup, 400 goýnuň ölendigini bilýär. Gyzyklanyp görse, ölen goýunlar Annak Ýowşan bilen Gotur Saryjanyň garyndaşlarynyňky bolup çykýar. Bir awçy tilki sürenine tüsse berende gamyşa ot düşen ekeni. Suda şikaýat edilmändigini şeýle düşündirýärler: Annak Ýowşan bilen Gotur Saryja Bajyga töhmet atyp, soňra kasam bilen sudy ynandyrmakçy bolan ekeniler, bet niýetleri üçin hudaý olara göz görkezipdir. Bu faktdan soň Lomakin şeýle netijä gelýär: “Musulmanlaryň arasynda türkmenler ýaly kasama gorka hem sarpaly garaýan halk azdyr diýip ynamly aýtsa bolar.” Bir asyrdan soň türkmen bolmagyň aladasy bilen kasama ýapyşdyk, kellämiziň gyzgynyna ýüz ýylyň dowamynda türkmenleriň mentalitetiniň näderejede üýtgändigine-de üns berjek bolup durmadyk. Häli-şindi söz bermegiň sowetler döwründe öwrenşilen kadasy bilen türkmençiligiň kasama irnik garaýyşyny sepleşdirägeden bir gudrat döretmekçidik. Jemgyýetiň sagdynlygy öňi bilen onuň çyn söze sarpa goýuşyna bagly. Çyn sözi iman hökmünde kabul etmeýän adam üçin kasam diýen mukadses zadam gury heňdir. Düýn hökümetiň, partiýanyň öňünde uly-uly borçnamalar alyp, alyp durka-da ony berjaý etmejegini bilip duran sowet emeldarlary bu gün garaşsyz döwlete gulluk edýäris diýip, üýtgäp biljek däldiler, sebäbi olar ýalany, galplygy kada öwren jemgyýetiň süňňünden çykypdylar. Geçmişde türkmeniň kasama bolan wepalylygyny bu gün sowet ideologiýasynyň terbiýesinde ýetişen emeldarlardan talap etmek, ýalan sözleseler dilleriniň, ýaman iş etseler elleriniň gurajakdygyna ynanarlar öýtmek türkmen boljak bolmaklygyň entek islegden aňry geçmeýändigini aňladýar. Ýa-da galyň meselesini alalyň. Sowetler döwründe galyň aýal-gyzlaryň mertebesini kemsidýän däp hökmünde ýazgarylypdy, ýetmişinji ýyllarda onuň garşysyna güýçli propaganda alnyp barylypdy, sebäbi galyň baýlyga, pula gyzygýanlara perdelenmäge amatly bahana öwrülipdi. Galyňyň gözilginç ýagdaýa ýetmeginden zähmetkeş halk köpçüligi dat edýärdi. Galyň däp-dessurda bellenen ölçeginden çykyp, adamlaryň ykdysady ýagdaýyna görä üýtgäp duran bazaryň düzgünine ram etdirilipdi, gyzlara haryt hökmünde garamak geň görlenokdy. Bu nogsanlygyň garşysyna galmagal turzanyň, jeza çärelerini ulananyň bilen ol aradan aýrylmady, has gizlin, has aýylganç faktlaryň döremegine getirdi. Indi bolsa, milli garaşsyzlygyny alan ýurtda galyň hakyndaky gep-gürrüňi düýbünden bes etmeli diýildi. Türkmen boljak bolýanlaryň nukdaýnazarlaryna görä, galyňyň ýazgarylmagy türkmeniň milli mertebesini dünýäniň öňünde kemsitmek ekeni. Şeýdip, galyňly mesele ap-aňsat çözüldi. Onuň bardygy aýdylmasa, onuň döredýän problemasyna-da üns berip durmazlar, wessalam – iş tamam! Emma ilatyň gün-güzeran ýagdaýynyň halys pese düşmegi bilen galyň galanok, ogul öýerjek bolýan garyp bendeler karz-kowal sorap öýme-öý aýlanyp ýörler. Bu hadysa jemgyýetde puluň kultunyň bimöçber derejede beýgelýän mahalynda hasam ätiýaç etmeli nogsanyň biridir. Onuň garşysyna nähili göreşip bolar? Göreşmek diýilse, ýene sowet döwründe görlen çäreler göz öňüne gelýär, olar hem netije bermändi ahyry! Belki, güýç, zorluk ulanmagyň geregi-de ýokdur, diňe galyňyň tüýsüniň üýtgändigini, däp-dessuryň çäginden çykylandygyny akylly-başly düşündirmek bilen oňmalydyr? Şol bir mahalda-da galyňa türkmen bolmagyň buýsançly alamaty hökmünde garamak meýlinden el çekilse kem bolmazdy. Onsoňam, galyňyň ýazgarylmagyny türkmeniň milli mertebesi bilen gabatlaşdyrar ýaly, ol bu halkyň döreden däbi däl. Alty müň ýyl ozal Tigr hem Ýefrat derýalarynyň ortasynda ýaşan ilatyň arasynda galyň almak däbi bolupdyr. Gadymy hettlerde-de, assiriýalylarda-da, ýewreýlerde-de galyň ýörgünli ekeni. Musulman kanunynda, ýagny, şerigatda hem gelin üçin tölenýän paý bar, oňa “mahr” diýýärler. Türkmenler galyňy süýthaky diýip töläpdirler, onuň belli bir möçberi bolupdyr diýen pikir hem bar. Ine, gollanmaly pikir! Umuman, türkmen halkyna mahsus adatlaryň türkmençiligi döretmekdäki, onuň ynsanperwerlik mazmunyny artdyrmakdaky oýnan roluny, ony adamlaryň etiki normasyna öwürmekdäki psihologik inçeligi tekrarlamakdan ötri, bir mysala ýüzleneliň. Türkmenler hanapylar mezhebine eýerýärler. Abu Hanyfanyň din-hukuk mekdebiniň taglymatyny esas edip alan bu ugur üçinem, yslamdaky beýleki ugurlar ýaly, Gurhan hukugyň esasy çeşmesi hökmünde doly hem gürrüňsiz ykrar edilýär. Şol bir mahalda-da, bu mezhebe eýerijilere yslamdan öňki dörän ýerli hukuk kadalaryndan, ýagny, adatyň düzgünlerinden peýdalanmaga hukuk berlipdir. Sekizinji asyrda Yrakda dörän hanapylar mezhebi müň ýyl mundan ozal Orta Aziýa aralaşmak bilen türki halklara, şol sanda türkmenlere-de urp-adatlaryny belli bir derejede saklamaga amatlyklar döredipdir. A. Öräýewiň “Adat” diýen kitabyna salgylanyp aýtsak, türkmenlerde “ýagşy ýigidiň ýasy ýedi ýyla çekermiş” diýlen-de bolsa, ýas möhleti esasan bir ýyl dowam edipdir. Merhumyň wepadyndan bir ýyl geçenden soň onuň ýyl sadakasyny bermek bilen, degişli adamlaryň ählisi ýasdan çykarlypdyr. Şu ýerde “ýasdan çykarlypdyr” diýen söze üns bermek gerek. Adamlaryň wepat bolana dahyllylyk çägine garap, möhleti bellenip, üçünji, ýedinji, kyrkynjy, ýüzünji güni hem-de ýyly dolanda sadaka berilýär. Bu seneler ýöne ýerden alynman ekeni. Il arasyndaky bilermenleriň tekrarlamagyna görä, munuň anyk sebäbi bar. Ölen ynsanyň ganynyň doňmagy üçünji günde tamamlanýar, şol gün onuň bilen ganybirler ýasdan boşadylýar. Bu manyny halkyň çägine ýaýyp bolar. Ýedi günde ölen bendäniň gözi zaýalanýar, şonuň üçinem, merhumy görenleriň ýas tutmak möhleti gutarýar. Otuz-kyrk günde merhumyň garny, aşgazany ýarylýar, kyrkyndaky sadakadan soň merhum bilen duz-emek bolanlar üçin ýas tamam. Ýüz günde adamyň reňki ýitýär, ýüzünden, jesedinden ony tanamak mümkin bolmaýar, ýüz günlükde berilýän sadaka ýüz-hatyralarynyň ýasy bes etmeklerini aňladýar. Bir ýyldan merhumyň eti süňkünden aýrylyp, ondan diňe çakyr süňk galýar. Bir ýyllykda berilýän sadaka öleniň süňk hossarlarynyň ýasdan boşadylýandygyny aýgyt edýän möhlet. Merhumyň jesedinde bolýan üýtgeşmeler medisina ylmynyň takyklamalaryna-da esasan gabatlaşýar. Baryp-ha musulmançylykdan hem öň dörän bu däbiň gadymylygyny, ony döretmekde nähili inçelik, bilermenlik görkezilendigini göz öňüne getiriň. Muňa türkmençiligiň nusgasy diýse bolar. Ol sowetçilikde ýaşalan ýyllardaky söweşjeň ateizmiň gysyşyna-da bil bermändi, musulmançylygyň fundamental ugruna-da bil berer öýdemok. Ol türkmen boljak bolýanlaryň şygarlaryna-da, hemaýatyna-da mätäç däl, sebäbi halka mahsus ynsanperwerlikden, merhumlara egsilmez hormatdan güýç alýan bu adatda bakylyga dalaş edýän ruhuň alamatlary bar. Ruhy gymmatlyklary kanunyň çarçuwyna salmagyň ýa-da ideologiýanyň maksadyna göra şygara öwürmegiň garaşylýan netijäni bermeýändigini gördük. Oňa öňi bilen adamyň şahsy gymmatlygy hökmünde garamaly. Adamyň şahsyýetine sarpa goýmak onuň ruhuna sarpa goýmakdyr. Meniň pikirimçe, türkmen bolmaga juda howlugýan kişileriň matlabynda nähilidir bir zorluga daýanmaga, meýletinligiň örüsini daraltmaga, häkimleriň, olaryň ideologiýasyna ygrarly bolmaga, hyzmat etmäge meýil, ilgeziklik bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |