07:26 Halka hakykatlary aýtmagyñ günäsi... | |
HALKA HAKYKATLARY AÝTMAGYÑ GÜNÄSI…
Publisistika
"Belent mertebeli" häkimiýetimiziñ köpçülikleýin ýokanç kesel boýunça alyp barýan syýasatyna tankydy bellikler edip, koronawirusdan ölenleriñ resmi maglumatlardan has köpdügini aýdan Kaýyhan Pala "halky howsala düşürmekden" aýyplanyp, garşysyna derñew işi açyldy. Dogrusyny aýtmaly bolsa, menem ony hem ýazgarýaryn, hem aýyplaýaryn. Saçyna ak giren epeý professor, emma... Häzirem bu ýurtda hakykatlary aýdyp, halka ätiýaçly bolmagy ündemegiñ "jenaýatdygyny" bilenok! Professor Kaýyhan Palanyñ üstünden jenaýat aýyplawnamasyny bildiren kimkä meselem? Häkim. Halkyñ saglygyny häkim has gowy bilermi, ýa-da medisina professory? Elbetde, häkim biler. Äleýtt, halypa, siz nädip Ymam Hatybyñ uçurymy häkim barka, haýsy ylmy tejribäñize esaslanyp, halk saglygy babatda garaýşyñyzy beýan etmäge het edýärsiñiz? "Maña näme, byradar?!" diýip bilýärkä, adamlar ardurja tükgerip ölüp gitmesin diýip janaýaman göreşendigi üçin garşysyna derñew işi açylan bolsa, bolaýypdyr, ylaýyk şoña professor Kaýyhan Pala... Hakyky statistiki maglumatlary dörjelemegiñ deregne, "saglyk ministrimiziñ pökgüje barmaklaryna döneýin, ol nähili dogry maglumatlary berýär, ýokanç döwrüni-de üstünlikli dolandyrýar" diýen bolsa has gowy bolardy. Içen kasamyna wepaly alym boljak bolman, kisesine wepaly, ikiýüzli, eýýamçy, ýel haýsy tarapa öwüsse şo tarapa egilýän ygrarsyz biri bolan bolsa mundan gowy bordy. Tanamadyk, görmedik adamlarynyñ jan saglygyny alada etjek bolman, öz ykbalyny alada etmelidi, "ýokanjy kadalaşdyrdyk, başymyzdan sowduk, maşalla, bütin dünýä biziñ hassahanalarymyza gözi gidip bakýar" diýmelidi, şuña meñzeş jogapkärçilik talap edýän (!) çykyşlary bilen dekanlygyñ yzynda ylgamalydy, eger şeýden bolsa rektoryñ kürsüsinde-de otursa oturaýmalydy. Alym hökmünde "wirusa garşy göreşmek üçin göterimi bilen gozgalmaýan emläk kreditini bereliñ" diýmelidi, dünýäde diñe Türkiýede ýola goýlan, "belent mertebeli" häkimiýetimizden başga bir ýurduñam ýadyna-oýuna düşmedik 65 ýaşdan ýokarylara köçä çykmagy gadagan etmek kanuny iññän dogry kabul edilen kanun" diýmelidi. Halka birin-birin hakykatlary aýtmagyñ ýerine, ekrandan ekrana ylgap "at garynjasy" ýaly jümleleri sözlemelidi, bir ýerlerdeb söz ogurlap, hil bir özünden oýlap täze söz aýdýan ýaly, hiç derekli zat aýtman, sözi aýlap-dolap ýene öñki ýerinde goýmalydy. "Mekdepler açylmalymy?" diýip soralanda, meselem... Elli okuwçyly synplar üçin 200 kwadrat metrlik sport zalyñ ululygynda synp otaglarynyñ gerek boljakdygyny aýtmazdan, bular ýaly seljermelere kelle agyrtmazdan "dört kwadrat metre bir çaga oturar ýaly edip açsa bolar" diýmelidi, mantyksyz, ýola goýmasy mümkin däl teklipleri öñe sürüp, gözümiziñ içine serede-serede, biziñ akmak ýerine goýmalydy. "Turizm ministrligimiz degişli öñüni alyş işlerini geçirdi, sosial aradaşlygy saklap suwa düşüp bilersiñiz, onsoñam tomsuñ yssysynda wirus bolmaz, nemesler bize görübilmezçilik edýändikleri üçin gelenoklar" diýmelidi. 'Jemgyýetçilik ulaglaryna ýigrimi adam münmek howply, awtobusda bir doly, bir boş oturgyç goýmaly, emma uçarlarda boş ýer goýman 350 adam münmegiñ zeleli ýok" diýen bolsa, el çarpylyp alkyşlanardy. Aklawjylar kollegiýalary hukuk mitingi geçirjek bolsa, ur-tut Ankara häkimligi "wirus bar" diýip oña gadagançylyk girizýär... Edil şol gün şo Ankaradan Ýewropa ýurtlaryna kepillik berilýär, "bizde wirus ýok" diýlip, olardan turist ugratmaklaryny soraýarlar. Bu komediýa garşylyk bildiren, "gardaşym, by aýypdyr, öñ-ä dini syýasat bilen bulaşdyrýardyñyz, indi ylymy bir bulaşdyrmañ!" diýen barmy Bilim guramasynda?!. Ýok. Alym diýeniñ şeýle bolar. Professor Kaýyhan Pala ýaly bolmaz. Familiýasy ýaly pert-pert gürleýär, bimazalyk döredýär, onuñ bu bolşy bolanok. Mundan-a gaýtam, Kaýyhan Pala'wra bolan bolsa, has gowy bolardy! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 10.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |