H A M Z A
Annahal kerwenbaşy egnine alyp gelýän könelişen odun pejini ussahanaň daş işiginde goýup içerik ätledi.
- Agam jan, salawmaleýkim, neneň saglyklar gowumydyr?
Annahal kerwenbaşy Öwlüýäguly ussanyň daşgynrak garyndaşlaryndan bolýardy. Ol baranda, ussa ýaňy bir jürnügi döwlen çäýneklerden birini abatlamak üçin eline alan eken. Annahaly gören dessine çäýnegi bir gyrada goýdy-da:
- Waleýkimessalam. Annahal inim, bu senmidiň? –diýdi. - Olar gol gowşuryp salamlaşdylar, hal-ahwal soraşdylar.
- Agaňy garrylyk basmarlady, inim, öňňe derdi ýok. Neneň özüňiz, uly-kiçiň, içiň-daşyň gurawmydyr?
- Sag, boluň, agam jan, şükür hemmämizem sag-gurgun.
- Tüweleme, senem görmek bar eken-ow. Öňler gören-eşidenleňden birdir ýarymdyr, gelip agaňa gürrüň beräýmäň bardy welin, indi oňa-da eliň degenok seniň.
- Wah, näsini aýdýaňyz agam jan, o diýen bir ullakan iş bitiren adamlardanam däldiris welin, uzakly günümizi iki-ýana ylgap geçiräýýäs-dä! Asyl, ine-gana oturyp-turuşmaga-da wagt ýok.
Öwlüýäguly ussa Annahal kerwenbaşynyň bu sözünden onuň häzirem nirädir birýana howlukmaçdygyny aňdy. Derhal arzyny sorady.
--Onsoň, menlik näme hyzmat, aýdyber?!
Annahal kerwenbaşy daşaryk çykdy-da, hälki göterip getiren odun pejini içerik saldy.
--Agam, size bir möhüm ýumşum çykdy-da...
--Peçmi, wah, deşilip-dagy edäýdimi?
--Ýok-la, bu peç öňem ulanylan peç däl. Atam eýýamyndan galan. Oturyp oýlandym-da, heý-de bir, şundan eýdip-beýdip, kerwen üçin jaň ýasap bolmazmykan diýdim.
--Kerwene jaň! Misden bolsa-ha, gatam bolar, näme bolman.—Ussa pejiň bir eýlesine, bir beýlesine garap çykdy. Gapagyny aýryp, içine äňedip gördi.—Öz-ä sap misden eken. Hakydam aldamasa, bu baryp elli-altmyş ýyldan ozal Süleýmanguly ussanyň elinden çykan peç bolmaly.
--Mümkin. Öz-ä şu peç meň bilen ýaşytdaş barmykan diýýän, çaga mahallarymyzam bardy. Agam jan, hany bir synanyşsaňyzlaň. „Gassap garrasa-da, bir tokla güýji ýetermiş“ diýip özüňiz aýdýardyňyz ahyryn.
--Hawa, hawa, ol-a dogrudanam şeýledir, hany, göreýin. Soň habar tutaýarsyň-da.—Öwlüýäguly ussa şeýle diýdi-de, Annahal kerwenbaşynyň giderine mähetdel eline çekiç alyp, pejiň daşyna geçdi...
Öwlüýaguly aganyň ussahanasy ýaşan howlusynyň ileri çünkünde pessejik salnan köne hütdük bir jaýda ýerleşýärdi. Ýöne özi, ogly hem agtyklary bilen birki ýyllykda gaýa daşlaryndan salnan giň hem ýagty jaýda ýaşaýardy. O jaý ogly Hamzanyň birki ýyllykda salan jaýydy.
Öwlüýäguly ussa ýaşy birçene barsa-da, heniz-henizlerem wagtynyň köp bölegini şol köne ussahanasynda oturyp diýen ýaly geçirýärdi. Dogrusy, indi ussaçylyk işi oňa başardybam duranokdy. Şonda-da ol öýünde elini-goluny baglap, boş oturyp bilmezdi. Orak möwsüminde-hä asylam öýden örmezdi, ir ertirden giç agşama çenli şu ýerde dikilgazyk bolup oturandyr, il-günüň oragyny dişäp, kütelen çalgydyr pyçaklaryny ýiteldip, sogap gazanardy. Aram-aram, demir tapdygy, kepgirdir pil ýasaýmasam bardy. Soňky döwürler „Gassap garrasa-da, bir tokla güýji ýetermiş“ diýen sözi hem häli-şindi gaýtalap durmagy onuň özi endik edipdi. Bir mahallar ady uzak obalara-da ýaýran ussady, Azaldyr pejem, gylyçdyr galkan ýaly ýasamasy has kyn gurallardyr abzallaram ýasardy. Ussaçylyga-da gurp gerekdi, goja ussaň gollarynda gujur-gaýrat galmandy. Şonuň üçinem bu günler aşaky obaly Mejit ussanyň müşderisi köpelipdi. Oňa aram-aram balkanlylardan eşekli-düýeli ýöriteläp kömür getirip gidýänem barmyşyn diýerdiler. Kömür bolsa, aýry gep. „Iş köp – kömür az, ussa köp – demir az“ diýleni. Kömür bolsa, edýän işiňem kän bolýardy, işiň hilem oňat bolýardy. Öwluýäguly ussanyň welin kömür bilen işlemänine aradan ýyllar geçipdi. Soňky wagtlar ogly Hamzanyň getiren ojardyr sazagyny, käte-de igde, erik agaçlarynyň töňňelerini ýakyşdyryp, köz edinerdi, dogrusy, näçe körükleseňem, olaryň közünden kömüriňkiçe iş bitmezdi, uzak saklanman öçmek bilen bolardy. Birentek ussalar agaç kömrüni ulanardy. Onuňam öz taýýarlaýyş usuly bardy. Gumda bitýän gandym agajyny ýörite gazylan çukurda üstli-üstünde örüp goýardylar-da, soňam ýakardylar. Haçanda agaç bölekleri ýanyp, gyzyl köze öwrülende, çukuryň üsti çäge bilen gömülerdi. Onsoň zerur mahaly gaty agajyň ýakylyp kömre öwrülen şol bölekleri ussaçylyk işlerinde giňden peýdalanylardy.“Gandym iki ýanar“ nakylam şondan döräpdi.
Jaňly wakadan soň aradan iki gün geçiribem Annahal kerwenbaşy ussanyň huzurynda peýda boldy. Bu mahal Öwlüýäguly aga bir özi gök çaýyň lezzetini görüp, çaýly demkeşi ýarpylap gelýärdi.
--Salawmaleýkim, agam.
--Waleýkim, özüňe salawmaleýkim. Geldiňmi, inim.—Öwlüýäguly ussa ýerinden turup, gapa golaý ýerde duran kerwenbaşy bilen salamlaşdy.-- „Gassap garrasa-da, bir tokla güýji ýetermişin“. Möhümiňi bitirendirin, şu günem gelmedik bolsaň, walla ony Hamza jandan iberjekdim. Geç otur, saňa bir käse çaý bereýin.
--Sag, boluň.—Hany, men jaňy göremog-a?
Öwlüýäguly ussa elini ýokaryk galdyrdy:
--Jaňy Hamza jan ýokardan asdy.
Annahal kerwenbaşy ýokarda bir demre ildirilen ýalpyldap duran jaňy görüp gözleri jöwherlendi.
--Bu-ýa, hakyky jaň bolaýypdyr.—Ol jaňy ýokardan aşak düşürmekçi boldy.
--Howlukma, ilki ony şol duran ýerindekä barlap bir gör. Bolupmy, bolmanmy, onsoňam bize onuň owadanlygy däl, zaňy gereg-ä. “Göbegne kaksaň güler, awusy öçse uwlar” diýlen matal hem zaňlar barada aýdylýandyr. Hany, jaňyň diline, ine, meniň şu hasam bilen bir kakyp gör.--Öwlüýäguly ussa onuň eline hasasyny tutdurdy.
Birsalymdam zaňyň sesi içerini ýaňlandyryp gitdi welin, asyl gulaklaryňy gapara getirdi.
--Gör-ä muny, bu ýöne bir jaň bolmady, jaň jan boldy. Bi heniz tünegiň içindekä şeýle, çölde-hä oýun turuzar. Aslynda, kerwen jaňyndan tanalýandyr. Bu sesi eşiden kişi, seniň kerweniňi birki menzil uzaklykdan eşitse-de, tanasa gerek. Al, haýryny gör!
--Taňryýalkasyn, agam.Ýüzüň-gözüň dert görmesin. Aman sag, gidip-gelsem bar-a, şu gezek size ýöriteläp gyrmyzy donlardan birini serpaý ederin—diýdi.
--Aman-sag gidip gelersiň, enşalla. O ýerleri öňem gidip-gelip ýören ýerleriňdir-ä. Neme... -- Öwlüýäguly ussa bir zatlar aýtjak boldy-da, ýuwdundy.
--Weý, agam, „Dile geldi, bile geldi“, aýdyň, eşideýin.
--Aýdar bolsam, Annahal, men seniň bilen köpden bäri başga bir zadyň maslahatyny etjek bolup ýördüm. Tüweleme, oglum Hamza janyň ussa kemi ýok, ellerinden dür önýär. Daşdan gurýan jaýlarynyň hyrydaram kän. Özüň bilýäň, ilk-ä onda-munda ussaň kömekçisi boldy, eýtdi-beýtdi zähmetden gaçmady. „Ussaly oba biter, ussasyz oba ýiter“ diýilýändir. Ind-ä özbaşyna işläbem ýör. Sowadam ýetik, maşgalaly, öý-işikli. Ýöne, ynan, oglumyň gözüniň açyp göreni şu oba. Şul obadan çykyp, bir ädim aňryny hem görenok. Hakyt dünýeden bihabar diýleni.—Ol käsedäki çaýyndan birki öwre owurtlansoň ýene-de gürrüňini dowam etdirdi.-- Bu-da seň bilen bir gezek, ýarym gezek argyşa gitse, başga şäherlerem bir görse diýýän. Neneň görýäň? Bolmazmy?
--Weý, bolman näme, gaty bolar.
-- Şükür kem zadymyz ýok. Bir-ä az-owlak kyrk sekizlik gök çaýdan getirinse diýýän, birem çagalaryna çalşyrynar ýaly arzan eşiklerden alsa, bolany. Başga zat gerekmez. Uzak ýola çykyp, alys ýurtlary görüp gaýtmagyň özi nämä degmeýär.
--Agam jan, eger-de ogluňyz göwnese, geljek ýekşenbede kerwenimiz ugramaly, taýynlanybersin.
--Taňryýalkasyn.
Bu gürrüňleri daş işikde diňläp oturan Hamza Annahal kerwenbaşy gidensoň ylgaşlap kakasynyň ýanyna geldi.
--Kaka, kaka, sen meni dogrudanam...
--Hawa, ýogsa-da sen bu işi kyn gördüňmi?
--Ýok, ýok. Meret, Durdy, Tosy dagylar bir däl, birnäçe gezegem gidip geldiler. Her gezegem delden-del harytlar getirýärler.
-- Gep harytda däl, oglum. Birinji gezeg-ä, seň üçin hälki bir gezelenç ýaly bir synag bolar. Soňky gideňlerde welin, ýol bilenem, söwda-satyk bilenem öwrenişer gidersiň. Onda senem taýynlyk gör.“Giden getirer, oturan nyrh sorar“. Atam pahyr, ine, şu sözi kän gaýtalardy. Ürgenji görersiň, gözel ýerdir, menem ol ýerde birmahallar bolupdym. Mähellesem ýetikdir, hakyt täjirleň üýşäýýän ýeridir. Bolmaýamy?
--Bolar, kaka! Menem şol ýerleri görmegiň arzuwyndadym.--Hamza kakasynyň ýanyndan guş bolup uçup gitdi...
Garaşylan ýekşenbe-de gelip ýetdi. Kerwen ýola düşmäge hyýallanýardy. Hamza hem ýol şaýyny tutupdy. Munuň üçin atasy inerini häzirläp goýupdy.
--Tijen oglum, tijen. Indi wagt ýok, bar, bar, gelniň bilenem, çagajyklaryň bilenem sagbollaş.--Öwlüýäguly aga ineri çökermek bilen boldy. Birhaýukdan kerwen ýola düşdi.
Annahal kerwenbaşy iň soňuna galypdy. Oňa Öwlüýäguly aga pata berdi.
--Baryň, ugruňyz ugur alsyn!
--Sag oturyň, agam.—Annahal kerwenbaşy atyna gamçy çaldy.
***
Kerwen bäş günläp ýol ýöredi. Aram-aram dem-dynç alnyp, ýene-de ýola düşülýärdi. Kerwenbaşynyň aýtmagyna görä, Ürgenje barylýan ýol ýarpylapdy. Ýene-de bäş gün töweregi tagapyl etseler, olar sag-aman şäheriň bir ujundan girmelidi.
Hamza-da deň-duş oglanlary bilen ýolboýy hümürdeşip gelýärdi. Biri-birinden gyzykly gürrüňlerem tapylaýady. Käte düýesine münse, käte-de esli aralygy ony idip geçirýärdi. Çöl tebigatam oňa täsin görünýärdi. Göräýmäge, ähli zat gowulykdy.Ýadyňa-oýuňa düşmejek zatlar bilen gabatlaşaryn öýtmeýärdi. Barysy düýesiniň ädimsaýyn yza galyp gelýänligi sebäp bolupdy. Bu ýagdaý, elbetde, öňi bilen Hamzany ynjalykdan gaçyrypdy. Şonuň üçin ony alada edýärdi. Asyl ol uzaga gitmedi. Oýmudyklap-oýmudyklap dudrşuna sandyr-sandyr etdi-de, dyzyna çökmek bilen boldy. Ýagdaýy aňan Annahal kerwenbaşy hem atyny säpjedip bu ýere gelip ýetdi. Atdan düşdi-de, ineri turuzjak boldy. Emma näçe synanyşsa-da, ony ýerinden gozgap bilmedi.
--Oglum, düýe janawer näsaglady. Indi ondan saňa peýda bolmaz.Seniň munyň öňem ýaşy on bäşden agan, gartaşyp ugran düýe bolmaly. Sen ony taşla-da, düş yzymyza. Men seniň kakaňa söz beripdim, argyşa elterinem-getirinem diýipdim. Barybir, indi seniň düýäň bagryny ýerden galdyrmaz. Galsa-da, kerweniň yzyna ýaramaz. Şu görünýän aňňytlykdan aşan ýerimiz, süýji suwly atsyz guýusydyr. Şoňa çenli tagapyl et. Ol ýerde düýeler birsellem dem-dynç alsynlar. Şondan soň seni-de düýeleriň birine mündirin.-- Kerwenbaşy Annahal aga bu sözleri janygyp aýtdy.--Oglum, sen diýlenini et.
Hamza sesini çykarmady. Düýesini taşlap gitmäge dözmedi, asla ondan aýra düşerin öýtmedi. Annahal kerwenbaşy Hamzanyň alada gaplanany görüp, atynyň başyny yzyna öwürdi:
--Oglum, aýdylanyny et. Goşuňy egniňe at-da, bahymrak yzymyzdan ýet. Çuwaldyr düýäň nogtasyny hem almagy unutma. Atsyz guýuda düşläp geçjekdiris.
--Bolar, agam. Siz ugraberiň. Menem yzyňyzdan ýeterin...
Ýöne şondan soňky ýagdaý Hamzanyň garaşyşy ýaly bolmady. Düýe, kerwen aňňatlykdan agyp, mazaly gözden ýitendensoň, her aýagyny bir ýaňa zyňdy-da, halys ýere ýazyldy oturyberdi. Şonda-da Hamza muny gowulyga ýazdy. Häzir birsellem dynç alansoň onuň bilen ýene-de ýoluny dowam etdirerin öýtdi. Oňa ýany bilen getiren azyk-owkadyndan iýdirdi, meşikdäki suwundan mazaly gandyrdy.
Onuň henizem düýesine bil baglap, ondan inçe tamasy bardy. Hamzanyň aňlaýşyça, güýç-kuwwat tapan ineri ur-tut ýerinden galaga-da, ony kerweniň yzyndan ýetirjekdi. Kerweniň yzyny heniz ýel, şemalam bozmandy, oýtum-oýtum bolup, uzaklardan hem me saňa-mälim bildirip durdy. Onuň yzyny yzarlap gitseň, azaşjak gümanyň ýokdy.
Süýrgünortanlardy. Howa beter yssydy, depäňi deşip barýardy. Ine, şol pille-de garaşylmadyk ýerden gara tüweleý peýda bolup, harasat gopdy. Sähel salymda älem tozana büreldi. Gumy köwsarlap, burum-burum bolup aýlanyp, dik ýokaryk göterilen güýçli tüweleýden ýaňa gözüňi açyp bolmady. Tüweleýiň turanyny gören çarwalaryň: «Howul bela, sowul bela!» diýip, tüweleýiň gelýän ugruna suw sepýändikleri ýadyna düşdi. Tüweleýiň gelýän ugruna sepmäge suw ýok, ol owarram diýseň, oňa bol-elin içmäge-de suw galmandy. Ýüzüniň ugruna gabat gelen barçany öz girdabyna dolap, togalap alyp, üstüne sürünip gelýän tüweleý Hamzany hem aljyratdy. Ol düýäniň boýnundan mäkäm ýapyşyp, aýaklaryny ýere diredi. Ýöne tüweleýiň güýji oňa eýgertmedi, elleri düýeden sypan Hamza tüweleýiň zarbyna güýçli sarsgyn bilen uzak bir ýerlere patylap düşdi...
Hamza bu ýerde näçe wagtlap ýatanyny bilenokdy. Güýçli agyra wägirip oýananda, golaý ýanyndan uly bir guşuň pasyrdap asmana uçanyny görüp galdy. Şondan soň ol özüniň ymgyr giden çölüň ortasynda, bir topbak ýylgynlygyň arasynda, gyzgyn çägä bulaşyp ýatandygyny bilip galdy. Gara tüweleý bireýýäm ýatyşypdy, gumuň ýüzi misli deňziň ýüzi ýaly, ýylp-ýylp edip, rahat çaýkanýardy. Adamboýy ösüp oturan ýylgynlaň başy adaja şemala yrgyldaşýardy. Gözlerini açyp, birsellem oýurganyp oturyşyna, aýaga galmak isledi. Ol indi kerweniň özünden esli yza galandygyna, etjek işiniň başa barmandygyna ymykly göz ýetiripdi.
Birbada turup bilmese-de, başyny ýerden galdyrypdy. Endam-jany soka salnyp çykarylan ýaly awuşap durdy. Ol töwerege göz gezdirdi, düýesini gözledi. Ýöne bu jelegaýda düýä-beýlekä gözi düşmedi. „Tüweleý, onam başky duran ýerinden gozgandyr. Belki ol aýaga galandyr-da, gidendir. Men ony taparyn. Ol meni ýalňyz taşlap, uzak gitmeli däl. Biz onuň bilen täzeden ýola düşeris“. Niredendir bir ýerlerden ýyrtyjy guşlaryň wagyrdaşýan çirkin sesleri onuň bu ham-hyýalyny püçege çykardy. Hamza bu guşlary görenden tanady. Olar kerkesler--maslyk iýýän guşlardy. Bu guşlaryň rehimsiz, ýyrtyjy guşdugy barada kakasyndan kän zatlary eşidipdi. „Guş bar etini iýmeli, guş bar et iýdirmeli“ diýýärdi. Bu guşlar et iýýän, jesethor guşlar diýilýänlerdendi. Bir döwür olaryň dört-bäş öýli bolup oturylýan oba çozup, adamlaryň ýüz-gözlerini parçalan gezeklerem bolupdyr. Olar häzirem köplükdi. Özleri-de nämedir bir zady bölüşip bilmeýän ýaly, sesleri has batly çykýardy. Şo dem Hamzanyň böwri güýçli sançyp gitdi. Soňabaka köýneginiň ganjaryp duran ýeri birsyhly awuşap onuň ýüregine-bagryna düşüp başlady. Asyl Hamzany çünki bilen çokalap turzan hem şol guşlaryň biri bolsa näme?
Ol ýerinden turmak isledi, başarmady, başy aýlandy. Birhowa gözlerini dik asmana tutup ýatdy. Şo dem kakasynyň: „Oglum, gal ýeriňden. Men seni ymgyr giden çöl beýewanda gözgyny bolup ýatmak üçin iberdimmi? Sen erkek kiş-ä. Sen kynçylykdan gorkmaly dälsiň“ diýen sesini eşiden ýaly boldy. Ol başyny galdyryp töweregine seretdi, kakasy küje, zat küje. Gaýmalaşyp ýören ýyrtyjy guşlardan başga, asla bu jelegaýda janly-jemende ýokdy, özlerem öňküden köpelmese azalmandy. Egri çüňklerini päki ýaly edişip ýören guşlaň ullakan dyrnakly penjeleri olary hasam gorkunç görkezýärdi. Olardan herhal goranmalydy. Elini biline ýetirdi, gamasyny ýitirmänligini görübem ýüregi suwlandy.
Hamza ýerinden turup, zoraýakdan birki ädim ätdi, başy aýlanyp, ýykyljak-ýykyljak etdi. Ysgyndan düşen aýaklary ony halys ýöretmedi. Ýüzüniň çaň-tozanyny süpürişdirip töwerege göz gezdirdi.
Bu mahal dogrudanam guşlar öz-özleri bilen ber-başagaýdy, olar mürepbä üýşen arylar ýaly, taýagatym ýerde pytraşyp ýatan olja çozupdylar. Her bir guş özi üçin ýolup alan lukmasyny beýlekisinden gysganýan terzde horkurýardy-da, asmana göterilýärdi. Hamza ähli zat aýan boldy. Şonda-da düýe janaweriniň maslyk aňtaýjylar tarapyndan parçalanandygyna ynanasy gelmeýärdi. Ýüregi sanjyp, bokurdagy dykyn aldy.
Ho-ol taýagatym ýerde biten ýowşana telpeginiň ilişip galanyny gördi. Birem onuň beýleräginde, çägäniň depe ýasan üýşmek ýerinde ujy somalyp çykyp duran nämedir bir gara zat gözüne kaklyşdy.
Ol bu aralygy elleri bilen sermeläp diýen ýaly ýöräp geçdi. Telpegini kakyşdyryp kellesine geýdi. Hälki uzakdan ujy garalyp görünýän zadam onuň çuwaly bolup çykdy. Çuwalyň agzyny gyssanmaç çözmäge durdy. Onda ýarty çöregiň barlygyny görenem bolsa, öňi bilen suwly meşige topuldy. Haýp, meşikde bary-ýogy birki owurt içesi suw galypdy. Hamza onuň ýekeje damjasyny-da yrýa etmän içdi. Içse-de içdi, ýöne aňrysyny tamşandyryp gitdi. Gahar edibem boş meşigi eliniň tersi bilen pyrlap, uzak bir ýerlere zyňyp goýberdi. Gatan çörekdenem bir logma bölüp aldy-da, agzyna atdy. Soňam elini çuwalyň içine sokup, bir eýläk, bir beýläk aýlady. Onda birlaý egin-eşigi bilen pully gapjygy bardy. Başga-da azajyk çörek owuntyklary diýmeseň, öňňe zat ýokdy. Ol pully gapjygy eline alyp, onuň jäheklenip tikilen keşdelerini sypady. Bu gelni Nurjemalyň zerli matadan tiken gapjygydy. „Sen, oglan, muny her gezek eliňe alanyňda, meni ýatlarsyň diýip ýol üçin ýöriteläp tikdim. Me, al, gutly bolsun, içem doly pully bolsun. Esasy zat, olam däl, esasy zat, seniň alys ýurtlara sag gidip, aman gelmegiň, şol bize bes, oglan. Meniň saňa aýtmaly möhüm bir zadymam bardy. Aý, bolýa-da, gelensoň eşidäýersiň“ diýip, jak-jaklap gülüpdi.
Hamza onuň soňky sözlerine o diýen bir pitiwa-da bermändi. Häzir gelniniň soňky sözleri ony birneme oýlandyrdy. „Ýogsa-da, ol maňa aýtmaly möhüm bir zadym bar diýdi welin, özüniň hamylalygyny aýdybilmän, kösenip ýören bolaýmasyn?! Men-ä bir barypýatan gulak ekenim. Ol hökman ikigat bolmaly. Şükür, öňem iki oguljygymyz bar. Üçünjimiz gyz bolup dogulaýsa, men oňa hökman käbämiň adyny dakaryn. Ýa ýene-de oglanjykmyka? Gyzjagaz bolsady, oňa kakam-da begenerdi, menem. Käbämiň ýogalanyna on bäş ýyldanam köp wagt geçipdir-ä“.
Hamza şol begençli içgepletmelerden soň ör turdy. Eline gamasyny alyp, ýyrtyjy guşlaryň düýäň läşiniň üstünde darkaş gurap duran öýjügine, düýesiniň başky ýatan ýerine bakan ýöneldi. Geň göräýmeli, neneň hyrsyz bolsalaram guşlar ondan heder etmediler, uçubam gitmediler, oňa topuljagam bolmadylar. Gaýta oňa ýol berýän dek bir-birini itişdirip yza çekildiler. Ol şondan soň düýäniň uzyn nogtasyny boýnundan çözläp aldy-da, çuwalyna atdy. Soňundan welin birbada hanjak ýörejegini bilmän, esli wagtlap kürtdürip durdy. Kerweniň giden yzyndan nam-nyşan ýokdy. Onuň ýolam ýitipdi, indi jaň sesem eşidilmeýärdi. Başky oýtum-oýtumly ýerler hem eliň aýasy ýaly tekizlenipdi.
Hamzany ýaňadan gorky basmarlady, kyn-gyssaga düşdi. Keseden geljek kömege garaşmak manysyzdy. Öz başyny özi çaramalydy, öz güýjüňe daýanmalydy. Ol muňa gowy düşünýärdi. Näme etmeli? Öňi bilen guýa barýan dogry ýoly saýlap almaly diýen netijä geldi. Yza, onda-da alysda galan obaňa dolanmagyň häzir hiç bir hajaty ýokdy, obaňa baryp ýetjegiň näbellidi. Gijelerine bu ýerde ýeke özüň galmak bolsa onuň göz öňüne getirişindenem bäş beter gorkunçdy.
Ol töweregine ser saldy. Göwnüne bolmasa, çar tarap oňa des-deň bolup göründi. Ýol-yz ýitipdi. Ýöne, başga bir zatdan çen tutdy. Çen tutubam ýalňyşmandy. Annahal kerwenbaşynyň görkezen atsyz guýa barýan aňňatlygy ho-ol demirgazyk tarapda gözedürtgünç bolup garalyp durdy. Ol hökman şol aňňatlyga bakan ýöremeli diýen karara geldi. Bar güýjüni edip ýöredi. Oňa ýöremek gitdigiçe kyn düşýärdi. Her gezek çarygyny çümen çägesinden kynlyk bilen çekip alýardy-da, ýene-de öňe ädim urýardy. Her edip, hesip edip, guýa özüni atmalydy. Ol ýerde kerweniň özüne garaşýan bolmagam ahmal. Şonuň üçin hem ol ýolboýy Annahal kerwenbaşynyň „Şu görünýän aňňytlyklardan aşdygymyz, süýji suwly atsyz guýusydyr. Şoňa çenli tagapyl et. Ol ýerde düýeler birsellem dem-dynç alsynlar. Şondan soň seni-de düýeleriň birine mündirin“ diýen sözlerini öwran-öwran içinden gaýtalap gelýärdi. Özem “Ulynyň diýenini etmedik uwlar“ diýýärdi, öz-özüne käýinip, goýberen hatasynyň aňyrsyna çykyp bilmeýärdi.
Soňy bilen öz aýagynyň sesi gulagyna gelýärdi. Şonuň üçinem ýörese-ýöreýärdi welin, gözlerini töwereginden aýyrmaýardy. Ol şeýdip ikindinara çenli ýol ýöredi. Ümzügini öňe tutup, zoraýakdan ädim urýardy. Suwsuzlyk ony halys gysyp-gowrup barýardy. Ol kerwen bilen bäş günlük ýoly geçibem, häzirkisi ýaly ýadamandy.
Ilçilikde “Gyrmyldan gyr aşar“, „Ýoly ýörän ýeňer“ diýlip hak aýdylan sözler bar. Şol ýöräp gelşine, dünýäni garaňky gaplaberende, atsyz guýa gelip ýetdi. Hamza bu ýerde kerweniň ýoklugyna açyk-aýdyň göz ýetirse-de, suwa ýetenine az-uçuk begenmändi. Guýyň daş-töweregi haçanam bolsa, irki wagtlarda gür agaçlyga bürelen bolmaly. Olar indi gury töňňe bolup galypdy. Ol birmahallar garry mamasynyň «Suw almaga bimahal barmaly däldir, oglum. Eger barmakçy bolsaňyz, «Essa¬lawmaleýkim, suw aga!” diýip, suwa salam bermelisiňiz” diýen sözlerini hakydasyna getirdi.
Ol bar güýjüni tijäp, guýyň agzyndaky gapagy bir gyra süýşürdi-de, guýyň içine boýnuny sallady. Garaňkylykda gözleri hiç zat görmedi, birdenem suwuň ýüzüniň ýylpyldap gidenini görüp, şükür etdi. “Salawmaleýkim, suw aga!“ diýip adaja pyşyrdanyny, onuň özem duýman galdy.Ýöne, suwa çenli aralyk esli bardy. Ol guýyň içindenem, daşyndanam oňa sallar ýaly, ne ýüp tapdy, ne gap tapdy. Birsellem oýurganyp oturdy. „Be, il-gün nädip mundan suw alyp içip bilýärkä? Onsoňam, guýy bolar-da heý-de bu ýerde sümelge bolmazmy?! Ýalazy meýdanda-da guýy bolar oguşýa“ diýip oýlandy. Çuwalyndan düýäň nogtasyny çykaryp, gulaçlap gördi. Göz çaky bilen ýeter öýtdi. Birsellem nogtanyň ujuna dakar ýaly gap tapman birneme elewredi. Suwdan boşan meşigini zyňyp gaýdanyna ökündi. Indi ökünjiň peýdasy ýokdy. Ahyry çuwalynyň bir gyrasyna ýüp daňaga-da, ony aşak sallady. Haýp, ol suwa ýetmän, ýokarda asyl-asyl bolup galyberdi. Guýy çak edişinden has-da çukur bolmaly.Şonuň üçinem guýy näçe çukur bolsa, onuň suwy şonça-da süýji bolýandyr diýen netijä geldi.
Hamzanyň suwsany gara çynydy. Ol her edip, hesip edip suwdan teşneligini gandyrmalydy. Çuwala derek nogtanyň bir ujuna ýany bilen göteren köýneklerinden mäkäm daňyşdyrdy. Indi nogtaň ujy öňküsinden bir gulaç, ýarym gulaç çemesi uzalypdy. Bu gezek onuňky şowuna boldy. Hamza öl-myžžyk bolan köýnegi çekip çykardy, onuň sykylan suwuna ilki bilen ýüz-gözüni ýuwdy, soňky gezek ol suwdan teşneligini mazaly gandyrdy. Asyl, dünýä täze inen ýaly, özüni hoşwagt duýdy.
Gözedürtme garaňkylykdy. Dört-bäş ädim aralygy görse, duýsa boljakdy. Ol bu gijäni guýyň başynda geçirmegi müwessa bildi.Tomsuň günem bolsa gum içi salkyndy. Guýyň adam boýy beýiklikde daşdan örülen haýatyna kellesini diräp, çuwalyny düşek edindi-de, ýatmaga hyýallandy. Çöl içem rahatdy. Dogrudanam uzak bir ýerlerde iki-ýeke şagaldyr möjegiň sesi eşidiläýmese, häzir-ä gijäniň asudalygyny bozýan başga zat ýokdy. Onda-da, ätiýajy elden bermedi, uzakly gijäni uzyn bir ýylgaýy goltuklap ýatmakçy boldy, bir elini-de gamasyndan aýyrmady. „Gijäniň uzynlygyny sakçy biler“ diýlenine bardy. Gijäň birmahalyna çenli gözlerini çirk etmän geçirdi. On-on bäş ädimlikde adamboýy haýsydyr bir garalyp duran zat welin oňa hiç rahatlyk bermeýärdi. Göni özüne bakyp, gollaryny gerip duran bu garamçanyň yns-jynsdygyny bilmezden-ä, ýigdekçäň gözüne uky geljek däldi. Ol eline gamasyny alyp, ýörjen-ýörjen bolup, şol gara bakan ugrady. Aýyň ýagtysyna belki onuň uzakdanam nämedigi görünse görnerdem welin, häzir asman gümmezliginde ne Aý bardy, ne-de ýyldyz. Ýüregini bire baglap, şol garamçanyň alkymyna dykylyp bardy. Hamzany sowuk der basdy. Gury “Gorkaga goşa görner“ diýleni boldy. Ol garamça adamboýy gögerip duran ýogyn sütünli garagaçdy. oňa goluny bulan ýaly bolup görünýänlerem onuň şahalary bolup çykdy. Hamza ony elländensoň ynjaldy.
Indi ol arkaýyndy. Onuň ukusyna päsgel berip biljek zat ýokdy. Aslynda ol uklamakçam däldi. Bolmady, „Uky arslany-da ýykar“ diýlenine bardy. Gije ýarpylaberende uka gitdi, daň saz beribereninde-de oýandy. Ýerinden galyp, gerindi. Çölüň hoştap howasy bardy. Ho-ol uzagrak bir ýerden agsaklap geçip giden gyzyl guýrukly tilkiden başga janly-jandara gözi düşmedi.
Görüp otursa, oňa gorkunç görnen garagajyň arka tarapyndaky şahasyndan guýydan suw alynýan ýörite ýüpli meşigem asylgy dur eken. Guýyň bar ýerinde şu zatlaryň bolmaýşyna ilkibaşda Hamza-da geňirgenipdi. Garaňkylykda o zatlary görmän eken. Ol guýyň agzyny açyp, meşikli ýüpi guýa sallady. Soňam guýudan çykaran suwuna ine-gana el-ýüzüni ýuwdy, bir bölek çöregi suwa batyrynyp iýdi.
Hamza özüniň düşen ýagdaýyna gynanyp, aňrysyna çykyp bilmeýärdi. Kerwenbaşy mundan beýläk ýene-de bäş günlük ýoluň barlygyny aýdypdy. Hamzanyň bäş günlük ýoly paý-pyýadalap geçmegiň mümkin däldigine akly ýetýärdi. Ol çykgynsyz hala düşüpdi.“Eýse, näme etmeli? Yza dönmelimi, ýa kimdir bir ötegçi gelýänçä, şu guýyň başyny alyp ýatybermelimi? Ýoluňy dowam etdirmelimi ýa şu ýerde güzeran görmeli?“. Halys kelebiň ujuny ýitiripdi.
Guýyň daşyna örülen haýatyň günbatar çetinde, aşakdan ikinji hatarynyň eliň sokar ýaly köweginde nämedir bir zat bar ýaly göründi. Hamza ol ýerden gatan çörekli, çakmakly hem-de üçburç edilip eplenilen hatly bir düwünçegi çekip çykardy. Hamza haty okamaga durdy. „Oglum, Hamza, bu men, agaň Annahal. Seniň biziň yzymyzdan ýetmeseň-de, ir-u-giç şu guýyň başyna geljegiňe ynanýardym. Dogrusy, biz saňa guýyň başynda tutuş ýarym günläp garaşdyk. Ynan, oglum, agyr kerweni ondan artyk saklap bilmedim. Indi sen mundan aňryk ýörejegem bolup milt etme, janyňa haýpyň gelsin. Nesip bolsa, biz ýene-de sadaja, on günden şu guýa dolanyp geleris. Galdyran owkatlarymyz bilen oňňut etjek bol. Aç bolmarsyň, towşan awla, guş awla. Gaýrat et, sen bize şu ýerde garaş, ruhdan düşme. Saňa derek kakaň sargan kyrk sekizlik çaýyndanam, nogul-nabadyndanam getirin, arzandan-arzan egin-eşigem taparyn. Ondan ýaňa ýasy ýanyň ýerde bolsun, arkaýyn bolaýgyn. Ýöne sen şu ýerden hiç ýaňa butnama, kerweniň gaýdyp gelerine garaş. Gijelerine ot ýakynyp ýatgyn. Çakmagam şonuň üçin goýandyryn. Gijelerine ot görse, çöl janawarlaryndan ýanyňa golaýlajagy bolmaz. Görüşýänçäk, hoş“.
Hamza çuňňur oýa batdy. „Sadaja on gün diýdimi? On günem az wagt däl. Şunça günläp men bu ýerde boş oturyp bilmerin-ä. Käşgä on günüň içinde ötegçileň sogabyny alyp biljek peýdaly bir iş edip bilsem“.
Hamza daş-töwerege aýlanyp geldi. Günortana çenli ondan-mundan çöplän ownukly-irili daşlary pessejik depe boldy. Soňra bu ýere gujagyny dolduryp guran ýowşandyr borjaklardan daşady. Haçandyr birmahallardan galan düýäň süňkunden pil ýasandy. Ol bolmanam durmady. Şonuň kömegi bilen bil boýy çukur gazmagy başardy.Tä toýunly ýere deňiç gazdy. Şol ýeriň özünde-de bu ýere guýudan suw daşady, palçyk etdi. Soňam gury borjakdyr ýowşanlary owradyşdyryp, palçyk bilen ýagşy garyşdyrdy. Öýlänki garbak-gurbakdan soňam işe başlady. Uly daşlardan jaýyň düýbüni tutdy.
Şeýdibem onuň iki günde ören örümi dyzboýuna boldy. Borjakly toýun diýseň berk bolupdy, asyl jaýyň binýadyny ähli güýji bilen itibem ýerinden yrap bilmedi.
Ol şondan soň daş böleklerini gözläp has uzaklara gitmeli boldy. Bir baranda suwdan boşan meşiginem tapyp alyp gaýtdy. Her gezegem toplan daşlaryndan çuwalyny dolduryp arkasynda daşady.Ýogynly-inçeli sazaklardyň ýylgaýlardanam jaýyň içki burçlaryny berkitmekde peýdalandy.
Gijelerine her gün guran ýowşan-borjaklary üýşürip ot ýakdy, öl ýylgynlardan bir gujak getirip üstüne atdy. Indi ot başkysy ýaly lowlap ýananokdy-da, tüsseläp ýanýardy. Ol şol oduň ýagtysyna-da gijäň birmahalyna çenli irmän-arman işleýärdi.
„Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýleni. Hamza baş goşan işine yhlasly ýapyşdy. Indi ol başlan işini ahyryna çenli alyp barmasa ynjalmady. Aradan bäş-alty gün geçende, Hamza jaýyň boýuny ýetirdim etdi. Içem giň boldy. Bäş-on adam aýbogdaşyny gurup oturybermeli jaý boldy. Indi ol jaýyň üstüni ýapmagyň aladasyny etdi. Ýogsam, ýagyş-ýagmyr ýagdygy, bar eden işini püçege çykjagy ikuçsyzdy. Ol birsellem oýurganyp oturdy. Soňam ýüzüni gündogara tutup gidiberdi. Ep-esli ýol geçendensoň oňa başga bir guýy sataşdy. Ony gören Hamza çaga ýaly begendi. Haýp, guýyň içinde suw ýokdy. Üstünden asyr geçene meňzeşdi. Ol ýeri birçaklardan bäri ýylandyr içýanlaryň öýjügine öwrülipdi. Guýy aslynda ajy suwly bolmaly diýip çaklady. Onuň içki diwary kert-kert bolup henizem agaryşyp durdy. Guýyň agzy haçanam bolsa bir zamanlar arça agaçlary bilen örtülen eken. Indi bu taşlangy guýudan ne adamlara peýda bardy, ne-de mal-gara. Şonuň üçinem Hamza ol arçalary birin-birin emaý bilen söküşdirip aldy-da, olary bir däl, birnäçe öwre gatnap, atsyz guýa daşady...
Indi habary kimden alalyň, habary Hamzanyň üzülip galan kerweninden alalyň. Ürgenje aman-sag baran kerwen şol günüň ertesem gyssanmaç yzyna dolanmak bilen boldy. Annahal kerwenbaşynyň hemişekileri ýaly bu ýerde ýük ýazdyryp, telim günläp bolmak niýeti başa barmady. Oturyp-turup özüne jaý tapmady. „Ýeke özüni nädip çöl-beýewanda taşlap bildim. Men indi Öwlüýäguly agama näme diýip jogap bererin!? Men oň nädip ýüzüne gararyn. Ah, kelle, kelle. Şonda näme agram bardy. Mündürdi-de bir düýäňe. Gör-ä, haýyr işi şer etdim-de! Aljak-goýjak zatlarymy ýarpylabam bilmedim. Gury heläk bolup, ýola çykanymyz galdy. Hamzaň özem hötjetlik etdi. Ýogsa, atanyň ogluna bolan mähri bilen näler ýalbardym, düýäňi taşlap, yzymyza düş diýdim. Adamlar gözli şaýatdyr. Etmedi. „Yzyňyzdan ýeterin“ diýen boldy. Hany ýeteniň? Guýa gelip ýeten bolsa ne ýagşy. Onda-ha hatymy okandyr. Ýöne, kim bilýär guýa gelip ýetdimi-ýokmy, olam belli däl“.
Kerwen onunjy gün diýlende, atsyz guýa golaýlapdy. Annahal kerwenbaşy has uzaklardan, ýolboýy guýyň daş-töweregini dürbüläpjik gelýärdi, yns-jynsa gözi düşmänsoň hem ah çekýärdi. „On günläp ne günler başyndan geçendir. It-guşa ýal bolman, aýatda diri bolsa-da biridir. Hernä şeýle bolsun-da. Hudaýoluna menden bir tokly!“.
Annahal kerwenbaşy bu ýerleri şol birsyhly dürbüläp gelşine ahyry guýyň başyndaky adam boýy salnan jaýy gördi. Görmegine gördi welin, başga bir guýyň üstünden gelen bolaýmalyň diýibem oýlandy, gözlerine ynanmady. „Allajanlarym, bu ýerde ötegçilere dem-dynç alar ýaly sümelge bar-la how. Ýa gözüme görünýärmikä?“ Ol elini gözlerine kölgeledibem seretdi. Ýöne hiç bir zada akyl ýetirip bilmedi.
Atsyz guýyň başyndaky jaýy gören adamlar içlerini çekişip, agyzlaryny hatap ýaly açdylar. Soňam olar taýagatym bir ýerlerden özlerine bakan telpegini galgadyp ylgaşlap gelýän uzyn boýly bir ýigdekçäni gördüler. Birbada oňa kimem bolsa çölde azaşan ýa-da kerwenden galan adamlardan biridir öýdüp pikir etdiler. Demsalymdan özlerine bakan barha golaýlap gelýän ýigdekçäniň Hamzadygyna welin hiç kesde şübhe galmady. Iň öňden barýan Annahal kerwenbaşy, gözlerini ýaşa balkyldadyp oturyşyna, gyryk ses bilen çöli ýaňlandyryp gygyryp goýberdi:
--Allam, saňa şükürler bolsun! Ol diri, diri...
***
„Her döwür, bir döwür“ diýleni. Ýurdumyzyň diňe bir oba-şäherleri däl, eýsem ymgyr giden çöllerimiz hem gök maýsaly sähralyklar deýin gül-gülzarlyga öwrüldi. Çölüň jümmüşinde täze-täze obadyr şäherçeler peýda boldy. Çar tarapa uzap gidýän gara ýollaram, ýolagçy gatnadýan otlularam menzil-menzil ýol aşyp, çöl içinden simap ýaly süýnüp barýar. Çölde-de her menziliň öz ady bar. Çöl içindäki birmahalky atsyz guýa-da at berlipdir.Eger ýoluňyz düşse, onuň deňinde: „Hamzanyň guýusy“ menziline hoş geldiňiz!“ diýen ýazgyny görersiňiz.
Pederlerimiziň „Azapsyz ýeriň ady ýok“ diýmekleri ýöne ýere däl ekeni.
Goçy ANNASÄHEDOW.
Hekaýalar