17:41 Han Ýomutskiý | |
HAN ÝÖMUTSKIÝ
Taryhy şahslar
Garaş han ogly Han Ýomutskiý ömrüni türkmen halkynyň sowatly bolmagy üçin alada eden adam. Öz yzynda türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessuryna dahylly bir topar ýazgylaryny goýup giden bu adamyň altmyş ýaşynda bitiren işleri manylydyr. Ýönekeýje mysal, şo wagtlar ýaňy aýak üstüne galyp, ýagtylyga, ylyma, medeniýete ymtylýan Muhammetguly Atabaýew, Gaýgysyz Atabaýew ýaly ýaş oglanlara ýol arçan, olaryň ýakyn maslahatçylary bolandygyny biz bilýäris. Han Ýomutskiý XX asyryň başlarynda halkymyzyň edebi mirasyny, taryhyny, etnografiýasyny... öwrenmäge gelýän peterburgly, moskwaly... alymlar bilen tanşyp, olary birtopar maglumatlar bilen üpjün edipdir. Şolaryň biri hem Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiçdir. Kapitan han Ýomudskiý şol wagtlar Durun pristawyna ýolbaşçylyk edipdir. Onuň kätibi öz döwrüniň sowatly ogly Myratberdi Hojaly ogly eken. Olar Samoýlowiçe ýakyndan goldaw beripdirler. Olaryň dostlugy mäkäm dostluga öwrülipdir. Haçanda Muhammetguly Atabaýew Sankt-Peterburga gidende, han Ýomudskiniň oňa kömek bolsun diýip, Samoýlowiçe ýüzlenip ýazan hatynyň üstünden bardyk. Şol haty gysgaldybrak okyjylara hödürlemegi makul bildik: “Hormatly Aleksandr Nikolaýewiç! Size uly haýyş bilen ýüz tutýaryn. Nohur oba arçinynyň ogly, Bäherden mekdebinde okap öňki okuwçymyz Muhammetguly Atabaýew şu ýylyň 5-nji iýulynda Daşkentdäki mugallymlar seminariýasyny tamamlady. Indem ol Peterburgdaky mugallymlar institutynyň ýanyndaky gol zähmetinden tälim berýän kursa iberilýär. Özemý öz hasabyna. Men baryn-ha gyşda iki sany türkmeniň Zakaspi oblastynyň tuzem uçilişelerine ýerleşdirilmegi hakynda kimler bilen gürrüňdeş bolmandym. Munuň türkmenleriň medeni derejesiniň ösmegi üçin peýdaly boljakdygy düşnüklidir. Ine, şu haýyş bilenem Size ýüz tutýaryn. Köne tanyşlygymyzyň hatyryna, Muhammetguly Atabaýew I nirä bellenjekdigini eger mümkin bolsa maňa habar bermegiňizi Sizden towakga edýärin. Çünki 1-nji awgustdan onuň okamagy möhleti tamamlanýar, şol ýerdenem ol iş ýerine barmaly. Şu aralykda bolsa ol özüniň nirä işe iberilýändiginden habarsyz. Ondan daşgary hem onuň eli ýuka, çünki atasyndan kömek alanok. ...Meniň haýyşymy ýerine ýetirmekden boýun towlamarsyňyz diýip umyt edýärin. Siziň N.Ýomutskiňiz”. 9. 07.1908 ý. Ýaňy biz Han Ýemutskiniň öz yzynda galdyryp giden ýazgylary az däl diýdik. Dogrudanam ol şeýle. Ine, “Turkmenowedeniýe” žurnalynyň 1928-nji ýylda çykan 9-njy sany biziň elimizde. Biz žurnalda Garaş Han-ogly Ýemutskiniň “Türkmen durmuşyndan oçerkler” atly makalasy çap edilipdir. Oçerkler näme hakda gürrüň berýär. Bularda türkmen yzçylary, halk baýramçylyklary, däp-dessur hakda gyzykly gürrüň berlipdir. “Yzçy” diými atlandyrylan oçerkde gürrüňi edilýän wakalar öz täsinligi bilen seni haýran galdyrýar. Awtor Bahry-Hazaryň kenarynda Garabogaz aýlalynyň günortasynda Darja diýen ýarym adada indi bäş asyrdan bäri türkmeniň Kenan diýen tiresiniň ýaşaýandygyny habar berip, olaryň özlerini ýomudyň Ogurjaly taýpasyna, ýagny gireýlere garyndaş bolandyklaryny aýdýarlar diýip ýazýar. Türkmenleriň ähli tire-taýpasynda yzçylar bolýandyr welin, ýöne bu ýerde ýaşaýan kenanlaryň uludan-kiçisiniň ählisiniň yzçy bolandyklary täsindir. Haýsam bolsa bir düýäniň yzygy görkezseň, ol dabanyň yzyndan bu düýäniň özüniň-ä däl, hatda onuň köşekleriniňem daban yzyna garap, haýsy düýä degişlidigini bilýän ekenler. Olar aýak yzyny çagym haýsy towşanyň ýa bolmasa tilki-şagalyň, erkekmi ýa urkaçydygyny ýalňyşmandyrlar. Bu diňe haýwanlar babatynda-da däl, eýsem ol adamyň aýak yzlaryndan, olaryň çagalarynyň aýak yzlaryny galyp, kimiň çagalarydygyna çenli beletlik bilen aýdyp bilipdirler. Kenanlaryň ýatkeşligi ýaly ýatkeşlik hiç kimde-de ýok. Çünki olar bir gezek gören aýak yzlaryny hiç haçan ýatdan çykarmaýan ekenler. Ine, biziň Han Ýomutskimiz şol obada bolup, onuň adamlary bilen ýakyndan söhbetdeş bolup bize gymmatly ýadygärlik goýup gidipdir. Bir gezek şeýle waka bolupdyr: oba sürüsi Darjadan uzak bolmadyk bir örä goýberilipdir. Munuň ýaly adamsyz adalarda sürüler çopansyz bakylan ekeni. Şeýle günleriň birinde Esenguly tarapdan bir gämi gelip süriniň otlap ýören adasynda düşläpdirler. Görseler ne it bar, ne çopan. Olar sürüden iki sany daýow goýny gämä basyp, yzlaryna gidipdirler. Ogurlanan goýunlaryň eýesi Meňli Mämmet yz çalýar, aýak yzlary ony kenara alyp barypdyr. Ol ogurlygy gelmişek adamlaryň edendigine anyk göz ýetiripdir. Şondan iki ýyl dagy geçýär Meňli Mämmet Çeleken adasynyň Ogam ene diýen ýerinde deňze çykmak üçin gämi ýasaýan eken. Şo wagtlar onuň deňinden üç sany ýaş ýigit geçip gidýär. Olaryň aýak yzlary çig ýerde mäse-mälim bildirip dur diýýär. Meňli Mämmet ol oglanlary öň hiç ýerde-de görmändir weli, ýöne olaryň aýak yzlaryna gözi düşüp, olary “duruň” diýip saklapdyr. Meňli Mämmediň “Iki ýyl mundan öň biziň obamyzdan goýun ogurlygyny eden sizmi? Diýen soragyna olar aňk-taňk galyp seredýärler. Oglanlar kes-kellän boýun alanoklar diýýär. Şonda Meňli Mämmet ogurlyk edenlerinde olaryň goýny nähili ogurlandyklaryny, kenara barýança olaryň biriniň meýdan eşigine çenli, başga birleriniň goýunlary nähili edip saklaýyşlaryna çenli aýdypdyr weli, onuň aýdýan zatlarynyň hakykatdygyna boýun bolup, oglanlar öz ogurlyklaryny boýunlaryna alypdyrlar. Şo ýerde-de olar Meňli Mämmede goýunlarynyň bahasyny töläpdirler”. Horasanly adasynda bolan waka-da täsirlidir. Biriniň goýunlaryny ogurlapdyrlar. Ogryny tutmak başartmasa-da Kenanlynyň biri onuň aýak yzlaryny görüpdir. Ol alty aýdan soň, Krasnowodskä gidipdir. Pristanyň palubasyndaky gämileriň birinde birtopar adam çaý içip oturan ekenler. Kenanly hem olaryň ýanynda oturyberýär. Gürrüňdeşlikde ol ýalanaç aýakly biriniň aýagyna gözi düşýär-de, gözüni nätanyşyň aýagyndan aýyrman seredýär. Seredýär-seredýär-de, ol adama: “Sen alty aý mundan öň Harasanly obasyna gelip, meniň goýunlarymy ogurlap gitdiň. Sen şol ogurlan goýunlaryň bahasyny töle diýipdir. Ogry haýran galmakdan ýaňa näme diýjegini bilmän, dili tutulan ýaly bolupdyr. Ol özüni oklajagam bolman, goýnuň bahasyny tölemäge mejbur bolupdyr. Bir gezegem düýäniň ýitenligini üç günden soň bilýärler. Gurban atly bir Kenan obanyň bir çetinde düýe dabanynyň hem onuň ýanynda bir adamyň aýak yzyny görüpdir. Ol aýak yzy bu jelagaýda ýaşaýanyň aýak yzlary däl. şondan ýedi gün geçenden soň Gurban ýiten düýesiniň gözlegine çykypdyr. Ol Garaguýynyň töwereginde ýaşaýan adamlaryň arasyndan Darjada düýe ogurlap gaýdanyň aýak yzyna duşupdyr. Çukanamanjyk tiresinden bolan şol adam öz ogurlygyny boýun alypdyr we düýäni eýesine gaýtaryp beripdir”. Han Ýömutskiý öz oçerklerinde halk içindäki yrymlardyr, baýramçylyklar, halk oýunlary hakyndaky gyzykly maglumatlary okyjylara hödürläpdir. Žurnalyň goşmaçasynda “Türkmen kultyň gündeliginde” diýlip atlandyrylýan bölüminde N.N.Ýemutskiý Garaş han oglunyň nekrology onuň suraty bilen berlipdir. Onda Türkmen döwlet muzeýiniň direktory bolup işleýän Nikolaý Nikolaýewiç Ýemutskiniň (Garaş han oglunyň) 1928-nji ýylyň awgustynda altmyş ýaşynda Kislowodskide ýürek keseli zerarly aradan çykanlygy aýdylypdyr. Makalamyzyň bir ýerinde Han Ýemutskiniň belli gündogarşynas Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç bilen tanyşdygyny ýaňzydypdyk. Samoýlowiç türkmen edebiýatyny we dilini, onuň halk döredijiligini öwrenmek maksady bilen birnäçe gezek Türkmenistanda bolupdy. Şonuň ýaly dünýä belli taryhçy alym Bartoldyň hem Han Ýemutskä hormat-sylagynyň uly bolandygyny aýtmagymyz gerek. Bartold Han Ýomutskiniň ýazýan ylmy we taryhy makalalaryny okapdyr we onuň zehinine, ukybyna, başarjanlygyna uly baha beripdir. Bartold 1910-njy ýylda neşir edilip başlanan “Orta Aziýa” atly aýda bir gezek çap edilýän edebi-taryhy žurnalyň ýanwar-awgust sanlaryna syn ýazypdyr. Şonda alym žurnalyň näme bilen gyzyklanmalydygyny, maksadynyň nähili bolmalydygyny, nähili ugur bilen gitmelidigini dogrusynda söz açyp, munuň jenap N.Han Ýomutskiniň pikir edişi ýaly bolsa, dogry boljakdygyny öz makalasynda belläp geçýär. Eýsem-de bolsa, žurnalyň häsiýeti dogrusynda Han Ýomutskiý 1910-njy ýylyň maý sanynda şeýle ýazypdyr: ... “Ilkinji nobatda žurnal ylmy häsiýetde bolmalydyr. Ol syýasatdan, gazetdäki ýaly baş çekişmelerden daş bolup, ülkäni öwrenmek bilen bagly ylmyň, sungatyň, söwdanyň, senagatyň dürli ugurlary hakdaky materiallara giň bermelidir” diýip ýazýar. Onuň bu pikirini Bartold žurnala ýazan synynda ikelläp goldaýar. Şeýle hem gündogarşynas taryhçy alym žurnalyň gürrüňi edilýän döwründe çykan sanlarynda çap edilen düýpli ýazylan makalalaryň hasabynda 16 sany makalany agzap geçipdir. Şolaryň arasynda A.Samoýlowiç, N.Ostroumow, K.N.Blýumer, A.Semýonow ýaly uly alymlaryň hatarynda N.Han Ýomutskiniň “Türküstan ülkesi boýunça materiallary ýygnamagyň zerurlygy we ol maglumatlary etmek meselesi” (ýanwar), “Zakaspi oblastynyň türkmenleriniň adaty hukuklary boýunça materiallary toplamagyň meýilnamasy we onuň esasy hem-de ol maglumatlaryň ýygyndysy“ (maý) ýaly makalalarynyň uly ähmiýeti dogrusynda aýdypdyr. A.Samoýlowiçiň “Molla Gaýyp Buharada sazy we şygry nähili halas edipdir” (iýul), A.Semýonowyň “Änew obasynyň ýanyndaky metjidiň harabaçylygy” ýaly makalalary hem ilkinji gezek şol žurnalda neşir edilen eken. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |