22:40 Häsiýetnama / hekaýa | |
HÄSIÝETNAMA
Hekaýalar
Asyl häsiýetnama ýazmak dünýäde iň kyn iş bolsa nätjek. Öňler işgärler bölüminde işleýänlere gözüm giderdi, "öwseler ak, döwseler gara bolýaň-da” diýip hasap ederdim. Indi özüm kiçijik hususy kärhananyň işgärler bölüminde işleýän welin, şu häsiýetnama ýazmaly diýseler, edil sakga duran ýerimdä. Birnäçe wagtdan bäri bile işleýän bolsaňam, bir adama baha bermek aňsat zat däl ahyry. Onsoňam, kemçiliksiz adam ýok diýleni. Käbir adamda bolýan oňat-oňat häsiýetleri hem işgärleriň bilmezligi mümkin, belki ol işgär öz işeňňirligini, zehinini, ukybyny we beýleki gowy taraplaryny doly açyp bilýän däldir. Belki, ol özüniň işleýän ýerinde göwün söýen işi bolandygy üçin däl-de, dürli durmuşy mejburlyklar sebäpli, ýa-da ýakynlarynyň biriniň hut şuny isleýändigi sebäpli işleýändir. Şonuň üçinem, kimedir birine häsiýetnama soralýaram welin, öňki ýyllardan galan umumy ýazylan nusgadan göçürip, goýberäýýädim. Emma, soňky günlerde hususy kärhanamyzyň müdiri çalyşdy-da, her bir işgäre "ählitaraplaýyn häsiýetlendirme” sorap başlasa nätjek? Bu gaty kyn, hat-da aýylganç iş ahyry. Şeýle-de, adam nesliniň daşky sypatyna seredip hem, häsiýetlerini ýazyp bolýandygyny hem eşidipdim. Täze müdirimiziň kelteden ýogyn göwresine seredip, Eflatun hekimiň: «Eger bir kişiniň boýny gysgadan ýogyn bolsa, onda bu ol adamyň aýgytly, gaýratly, batyr we sabyrlydygynyň delilidir». diýen sözleri ýadyma düşüp gitdi. Onsoňam, her bir ynsana müň öwüşgünli häsiýetnama berip bolýar. Meselem, asmandaky bulutlaryň şol bir bulutdygyna garamazdan adamlaryň topary bolup seredilse-de her kim bu bulutda bir-birinden ütgeşik zadyň şekilini görýär: meselem çaga ol bulutdy owlajyga meňzetse, uly adam ony howly jaýa ýa köşke meňzedýär. Şeýle-de, biziň gadymy hem baý türkmen dilimizde adam häsiýetlerini aňladýan sözleriň ýüz müňlerçesi bar: biriniň ýerini beýlekisi bilen sähel çalyşýaň welin, häsiýetlendirýän işgäriň başga "keşbe girýär” otyryberýär. Galyberse-de, her kimiň öz hakykaty, öz garaýşy, filosofiýasy, pikiri bar ahyry. Dokuzlyk sany ýere ýazyp, garşy tarapyndan seretseň alty bolşy ýaly, her ynsanyňam özüne mahsus düşünjesi bar. Işgärler bölüminde işleýändigim sebäpli, hut maňa ýarajak häsiýetlere eýe bolmaga hiç kim borçly däl ahyry: belki ol işgäriň maňa ýaramaýan häsiýetleri, onuň özüne ýa-da başga adamlara ýaraýandyr. Belki, meniň şahsy pikirim boýunça şol işgärdäki "gowy däl” hasap edýän häsiýetlerim, ol ynsanyň iň gowy häsiýetlerinden biridir. Başga-da, meniň pikirimçe özüniň hameleon ýaly häsiýetlerini üýtgedip, bolşuny çalyşýan ýa-da her kimiň ýanynda bir "ýüzüni” görkezýän adamlar hem bar ahyry. Şeýle adamlara bolsa, nädip häsiýetnama ýazjak diýsene. Belki, beýle adamlaryň sypjyklygy, köp dürli "öwüsgünligi” sebäpli, olara "belli bir zat diýip bolmaz” diýip häsiýetnama ýazmak dogry bolaýjak ýaly. Emma, beýle diýip işgärler bölüminiň wekili ýazsa dogry gelmejekdigi ikuçsyz. Şeýlelikde işgärler bölüminiň aladasyz hasap edilýän wezipediginiň galatdygyna bolsa magat göz ýetirmeli boldum. Käbir işgärlere maslahat salýanam welin, "öňki berlen häsiýetnamalara meňzeş etdejik beräý, näme sen özüňi köseýäň” diýdiler. Ýöne, täze müdirimiziň aýdyşy ýaly edil beýdäýmegem bolmaýan eken. "Her gülüň öz ysy bar” diýişleri ýaly, her ynsanyň öz boluşlylygy bar ahyry, her ynsanda başgaça ukyp, höwes, arzuw, häsiýetler ýagny "düzüm bölejikleri” bar. Aý, garaz bu pikirlerime garamazdan, hut meniň wezipe borjum bolandygy sebäpli, bir işgärimize gyssagly häsiýetnama ýazmaga mejbur boldum. Özem, gaty gyssaglydygyna garamazdan tutuş bir iş günümi kagyzyň ýüzüne seredip, pikirlenip geçirdim. Sebäbi, bu işgärimizde çekirtge ýaly ülpetli, gaýratly, aladaçyl we aljyraňňy häsiýetlerem, bal arysy ýaly seresap, zähmetkeş we hojaýynyna tabyn häsiýetlerem bardy. Elbetde, ýöne bu diňe meniň şahsy pikirimçe şeýledi, wezipesini ýerine ýetirişi tarapdan alsaňam garynja ýaly erjel, yhlasly, janypkeş häsiýetlere hem eýedi. Bäh, başga bir adama baha bermek wezipesiniň, onda-da resmi taýdan bahalandyrmagyň beýle kyndygyna orta ýaşy arka atanam bolsam ilkinji gezek duş gelýärdim. Ahyry netijede, ak kagyzda bu işgärimizi sypatlandyrýan ençeme sözlemler peýda boldy: "Nurow Oraz, özüne ynanylan işi towşan ýaly sabyrly ýerine ýetirýär, umuman häsiýeti barasynda alnanda şere ýakyn däl, kanagatly we nebsine buýrujy... yzynam ýokardaky pikirlerim bilen dowam etdirip, jemläýdim. Meniň häsiýetnamamy okap gören ýolbaşçym bolsa, ýylgyrjak ýaly etdi-de: - Nedirow, öň zoolog bolup işlänä dälsiň-dä? Onsoňam, Nurowy öwüp, arşa çykaraýypsyň...- diýip, geňirgendi. - Ýok, ýoldaş müdir, men-ä günde görüp ýören haýwanlarymy synlap, olardaky bar bolan häsiýetleriň adamlara hem mahsusdygy sebäpli, deňeşdirip ýazaýdym. Onsoňam, haýwanlaryň goraghanasynda işlemekligi gowy görýän welin, ol ýere iş sorap barybam görmedim dogrusy. Onsoňam, "Ýylan gowyny täzelär, ýöne häsiýeti öňküligidir” diýen nakylam bar-da. Nurow barada aýdylanda bolsa, men-ä kän pikirlenip, meniň erbet hasaplaýan häsiýetlerimi onda tapmadym... - Bäh, käbir ýumuşlarda onuň sypjyklyk edýän häsiýetlerini hem ýazmaly ekeniňiz-dä... - Ýoldaş müdir, eger ol bir işden gaçan bolsa, esasly sebäbiniň bolmagy mümkin ahyry... - Diňläň, Nedirow, siz aklawjy däl, işgärler bölüminiň hünärmeni. Şonuň üçinem siz diňe dogryňyzy ýazmaly, aý bolýar bu häsiýetnamaňyzy tassyklaýan. Ýöne, size has möhüm tabşyryk bar: siziň özüňiz hem işe geleniňizde häsiýetnama getirmediňiz. Özüňize-de häsiýetnama taýýarlap geläýiň, özem gyssaglydyr... Doňňara daşa öwürlen ýaly boldum, onda-da ýolbaşçymyň gürrüň gutardy diýen manydaky ýüzüne äňedip durşuma onuň otagyndan haýdap çykdym. Iş oturgyjyma geçip, pikirlendim: bäh, men şu mahala çenli öz-özüme häsiýetnama bermändirin-ä, öz-özümi sorag etmändirin-ä? Asyl başgalara baha bermek, özüňe baha bermekden-ä, has aňsatjak iş eken. Asyl, men kim? Nireden gelýän? Nirä barýan? Durmuşdaky maksadym, arzuwym, ymtylyşym näme? Işimi yhlasly hem söýgi bilen ýerine ýetirýärinmi ýa ýaltalykdyr, mejburlylykdanmy? Asyl, bu iş meniň arzuw eden, ömrümiň günlerini - özümdäki bar baýlygymy sarp edenime degýän işmi? Bu işiň üsti bilen döwletime, ildeşlerime, maşgalama näme kömek edýärin, goldaw bolýanmy ýa ýükmi? Häsiýetlerim tilki ýaly mekirmi, arslan ýaly mertmi, aýy ýaly gödekmi ýa umuman başga-başgamy? Häsiýetimdäki kemçiliklerim haýsylar we olary nädip düzetmeli, nädip özümi kämilleşdirmeli? Bäh, bu sowallar gar ýaly depämden ýagsa nätjek. Asyl men şu güne çenli, başgalara baha berip, öz-özüme häsiýetnama bermändirin ahyry. Berbaşagaý bolup ýörşüme, üç iş gününiň dowamynda öz-özüme berýän sowallarymy gündeligime belledim. Emma, olara çynlakaý jogap tapmandygym üçin ýene-de bir hepde kösendim. Ahyry, olaryň käbirlerine jogap tapandygym ýa-da jogaplaryny anyk kesgitländigim sebäpli, häsiýetnamanyň ýerine agzalan kärhanadan işden çykmak barasyndaky arzany müdiriň öňünde goýdum. Sebäbi, men indi öz-özümi takyk tanap, özümiň öňümde özüm barasynda dogruçyl häsiýetnama berip başladym... A siz özüňiz barada häsiýetnama ýazmaga synanyşyp gördüňizmi?! Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA. | |
|
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |