16:32 Hawa, men ruslaşýan! | |
Annaberdi AGABAÝEW
Goşgular
▶ HAWA, MEN RUSLAŞÝAN! Käbir daşary ýurtly "howandarlarymyz" Sowet Türkmenistanynda "Zorluk bilen ruslaşdyrma prosesi geçirilýär" diýip ýañraýarlar. Wolgañ ýaşyl kenarynda oturyp, Lebabymyñ gülälegin ýatlaýan, Ganatymda Badhyz ýelin göterip, Altaýlardan, Urallardan ätleýän. Bendi bolýan berýozalañ boýuna Hem rýabinañ güýzde gülgün toýuna, Köñül berýän Alýonuşkañ özüne, Požarskidir Minin bilen dostlaşýan, Newskiniñ, Raziniñ çatmasna düşýän... Şeýdip birden ummanynda şol küýleñ Men-ä, walla, özüm duýman ruslaşýan. Kitap açýan. Sökýän Sibir ýollaryn, Dakynýan bendileñ şol gandallaryn, Dekabristler bilen garlardan süýşýän... Gadym "Sw.Nikolaýa" münýän-de, Ýeniseýden ýüzüp, Şuşenskä aşýan. Gürzelek sakgally daýhanlar bilen Diñleýän Petrograd ilinden gelen Ulýanowyñ pessaýdan pert sesini, Ýüregime siñdirýän, beýnä gaplaýan Täze partiýanyñ programmasyny Diñleýän-de ýoksul üçin, gul üçin, Iñ beýik göreşiñ gaýnagna düşýän, ~ Merdemleşýän, Berdaşlaşýan, Çuslaşýan, Şol barmana gitdigiçe ruslaşýan! Al-gyrmyzy bant dakynyp döşüme, Barýan Klim marşalymyñ gaşyna, Gyrat münüp, bile gylyjym syrýan, Be6ik geljek üçin söweşe girýän... Gurýan Wolhowstroýy hem Magnitkany, Belomor kanalyn, Turksib ýoluny, Şahtalara girýän, Domnalar gurýan, Alýan Stahanowdan täze tälimi... Ine-de uçýan-da Pokryşkin bilen Talalihin bolup topulýan ýaga, Ok geçmejek daşa dönýär gursagym Zoýany doñduran doñakdan ýaña... Hawa, herne ýeñişlere baş bolup, Çekýän, hanha, tarp ýerlerden çili men! Derýalar daşanda döşümi gerip, Baglaýaryn saña gelýän sili men!.. ...Bu gün bolsa Gagariniñ ýanynda Oturýan-da, arşdan zemine garýan... Men-ä, walla, şeýdip näçe ruslaşsam, Şonça türkmen bolup beýgelip barýan!.. 1981. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |