21:24 Haýym belasy | |
HAÝYM BELASY
Goşgular
Adam ataň Haýym atly dogmasy Gardaşy Abylyň ganyna galan. Şondan bärem adamzadyň başyndan Sowulmandyr jenjel, talaň... Haýymdan önen nebere Biri ýere, Biri zere, Edipdir togap. Gazanypdyr biri günä, Birisi sogap... Gylyç ýasap, galkan ýasap, ýaý ýasap, Gyrypdyrlar bir-biregi. Şäher gurup, şäherleri ýykanlar. Bugdaýly meýdany otlap, Bir-biregi diri otda ýakanlar. Birewleri tozadypdyr ýurtlary, Birewleri kowupdyrlar ýatlary. Diýmezçe-de däl ekeni: "Itiň gany damarynda adamyň“. Şa tagtyna müneniň Gören barmy çyn ýürekden gülenin. Näçe beýik mertebeli bolsa-da, Barybir ol pidasydyr ýalanyň. Gan bilen gurlan döwletiň Köp görüpdik çagşanyny. Kim pir, kim şir, kimler tilki... Belli bolar magşar güni. Ýaşaýarka köňüllerde Goh-galmagal, dawa-jenjel, Asuda ýatan illeri, Gaplap alar mydam zenzel. Ata ogluny gözlär, Ogul atany gözlär. Ýat eline düşenler Bozlap watany gözlär. Munuň günäkärini Gözlemeli Haýymdan. Dowamat dowam gelýär, Azgyn diýen haýyndan. Jeň – ölmek, jeň – öldürmek, Jeň – hesret, şer, gazapdyr. Jeň birewe "iş“ bolsa, Ol birewe güzapdyr. Haýym salan ýolundan Soňsuz kerwen geçendir. Gardaşyna kast eden Haýym döwri haçandyr?! Millet döräp milletden, Gidip otyr bu ýollar. Habar berýär jennetden Giden ýurt, agyr iller. Ýöne barybir bu ýol Gaýdan eken Haýymdan. Haýyr iş az däl, ýöne, Dünýä doly haýyndan. Bu dünýäniň şeri kän, Bu dünýäniň zeri kän. Dünýäň dört böleginden Üç bölegi garypdyr. Bir bölegi pul mesi, Ol saňa-da göripdir, Ol maňa-da göripdir. Dünýäniň bar baýlygy Elindemiş şalygy. Zere düzelýän bolsa, Göwnetjekmiş Halygy. Barka şeýle haýynlar, Dünýäň gohy kesilmez. Ýöne haýyr şer ýaly, Şir görende peselmez, Her görenne eselmez. Haýyr – pälwan, haýyr – güýç, Haýyr – akyl-egsilmez. "Eziz zat ýok ojakdan, Ojagyňdyr mesgeniň. Çalyşmarsyň hiç zada, Bolsa eger messebiň“... Berjaý edip bilmedik, Bu gün ata sargydyn. Aramyzda tapyldy Haýym, Hudaý gargadan. Gitdi ata ojagy, Bereketli saçagam. "Adam bor!“ diýip, atamyz, Ekläpdi şol "goçagam“. Bir maşgala – baş gala, "Ýokdur-diýme-ýykjagy“. Galany tep-tekizläp, "Ýok-diýme-kül dökjegi“. Geçmese bu başyňdan, Hiç kim muny geňlemez. Seniň ýürek awuňy, Dert – azaryň aňlamaz. Gardaş – gardaşa bahyl, Nokat goý indi şahyr! Ýok, nokatdan ir entek, Höküm sürýärke tentek. Milýon-milýon bosgunyň Ojak taşlap gaçýan wagty. Milýonlaryň hasraty Pul mesine "açýar bagty“. Ýollar ýapyk, Gözler gapyk, Ýüzler çapyk, Görüşeniň bili epik. Köçede ýatany geçýärler depip. Adam bary bir köpük... Adamlaryň damarynda gany bardyr Haýymyň, Şonuň üçin entek-entek döwri ötmez haýynyň. Agzalalyk höküm edýän dünýäde, Uruş, dawa-jenjel gidýär dünýäde. Jeň hudaýa garşy çekilen ýaýdyr, Şoň üçin adamyň kalbynda waýdyr! Bize bu Haýymdan galan ýadygär, Onuň munda Ganhor diýen ady bar. Nähak gan dökeniň bolmaz messebi, Günäň üçin çekmelisiň ezýeti. Beýik taňry döredipdir şoň üçin, Wagt diýen adalatly "gassaby“... 19-20.03.2016. | |
|
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sary ýaprak / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Kargär duşmaz hadaňy-tognaýy-duşman maňa... / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |