23:21 Hekaýatlar ýygyndysy: Ispendiýaryň geçen ýedi synagy | |
ISPENDIÝARYŇ GEÇEN ÝEDI SYNAGY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
«Ispendiýaryň ýedi synagy» diýen hekaýaty ajamlylaryň toslandygy we onuň akyldan daşdygy hem-de sagdyn düşünjäniň kabul edip bilmeýändigi mälim bolsa-da, onuň meşhurэygy hem-de Erjaspyň kyssasynyň şoňa baglylygy üçin ony beýan etmekden başga çäre ýok. Beýik Pikire (goý, Alla onuň saýasyny kemeltmesin!) bu hekaýat aýan bolansoň, gysgaça aýdyş ýoluna eýerdim. Aýtmaklaryna görä, Ispendiýara uly ýeňiş we bagtyýar ykbal ýar bolansoň, ol ýesirleri çagyryp, käbirini goýberýär, ýene birtoparyny jezalandyrýar. Olaryň içinde Gürgsar atly bir adam bolup, ol mertlikde we merdanalykda älem akyldarlaryndan we Adam ogullarynyň batyrlaryndan rüstem bolupdyr. Ony getirip, gylyjy onuň bilen synamak isleýärler. Ol: – Eger meni öldürmekden saňa peýda gelýän bolsa, onda men seniň eliňde – diýýär. Beýt Eger seniň peýdaň meniň ýala zyýan ýetirmekde bolsa, Onda meniň ýalynyň nyşany zamanada kem bolsun. – Emma meni goýberip, ýaşaýyş bereniň üçin maňa minnet goýsaň, onda ýüz müň atlynyň edip bilmejek hyzmatyny saňa ederin – diýýär. Ispendiýar oňa: – Ol nähili hyzmat – diýip soraýar. Ol Ispendiýara: – Saňa demirden galany görkezeýin. Ol galada Erjasp, onuň hazynasy we seniň tutulan aýal doganlaryň bar – diýýär. Ispendiýar oňa: – Eger sen şu hyzmaty doly berjaý et¬seň, onda men Türküstan welaýatyny saňa bererin. Ýöne maňa ol ýere nädip gitmelidigini we şu ýerden ol ýere çenli aralygy aýdyň et? – diýýär. Gürgsar oňa şeýle diýýär: – Ol gala gitmek üçin üç ýol bar. Birinjisi, üç aýlyk ýol bolup, ol çemenzarlykly we otly-suwly ýoldur. Ikinjisi, iki aýlyk ýol bolup, ol ýol weýranadyr. Üçünjisi, ýedi günlük ýol bolup, ol ýedi menziliň her menzilinde şeýle bir ägirt ýyldyrym we başga elhenç zatlar bar welin, hatda akyl ondan haýrana galyp, hiç kim onuň birinden hem halas bolup bilmez. Birinji menzilde alyn dişleriniň haýbaty bilen Arşyň ataş küresini sarsdyryp duran iki sany möjek bar. Ikinji menzilde iki sany şir bolup, pelegiň Hamaly olardan gorkup, Sümmüläniň şahalarynda gizlenip ýör. Üçünji menzilde şeýle bir ägirt aždarha bar bolup, dag onuň zäheriniň haýbatyndan ereýär. Dördünji menzilde bir jadygöý aýal bolup, mekir-hilesi bilen gazaply goşunlary we çensiz-çäksiz leşgerleri heläk edýär. Bäşinji menzilde güýjüniň öňünde hiç kim durup bilmeýän Symrug bar. Altynjy menzilde şeýle bir güýçli sowuklyk bolup, demiň agzyňda doňýar, ýalyn we oduň ähli görnüşi ol sowuklyga döz gelip bilmeýär. Ýedinji menzilde bir çöl-beýewan bolup, ol ýerde suw ýok. Ol ýeriň akýan çägesi ruhuňy çökerýär. Bu apat-larda hiç kim ýaşap bilmeýär. Emma seniň işiň özgeleriň işine meňzemeýär, seniň ýagdaýyňy başgalaryňky bilen deňeşdirip bolmaz. Ispendiýar oňa: – Şu soňky ýoldan başga ýerden gitmerin. Allatagalanyň ýardamy bilen diňe şu ýoldan giderin – diýip, leşger toplaýar we ýola düşýär. Gürgsar olaryň öňünden ýolbelet bolup ýöräpdir. Olar möjek ýerleşen birinji menzile ýetensoňlar, Gürgsar öňe çykyp, ahwaly beýan edýär. Ispendiýar leşgeri dogany Peşutene tabşyryp, ýeke özi möjekleri dep etmegiň hötdesinden gelýär. Soňra leşgerler gelip ýetýär. Ol ýedi menzilden we şol ýedi apatdan sag-aman geçýär... Bu wakalar «Şanamada» we başga taryhy eserlerde giňişleýin beýan edilendir. Ýene bir rowaýata görä, şeýle maglumat berilýär. Ol alty men¬zilden geçip, alty beladan halas bolansoň, iň soňky ýol bolan ýedinji menzile ýetensoň, Gürgsara ýüzlenip: – Bu menzile nädip barmaly? – diýip soraýar. Gürgsar: – Bu menzil hiç bir otsuz-suwsuz menzildir. Bu menzil aýralyk gününden uzyn we mähnet gijesinden hem uzak bolan bir çöllükdir – diýýär. Şeýlelikde, Ispendiýaryň buýrugy bilen ulaglara köp ot-suw ýükleýärler. Ol olara gije hereket edip, howanyň yssylygyny gijäniň salkynynda geçirmeklerini buýurýar. Olar azajyk ýol geçenlerinden soň, öňlerinden güýçli derýa çykýar. Adamlaryň we ulaglaryň köpüsi şol derýadan geçenlerinde heläk bolýar. Is¬pendiýar bu ýagdaýy görüp, Gürgsara: – Sen bu menzilde derýa ýok diýdiň, biz hem şol sebäpli ulaglarymyza suw ýükledik – diýýär. Gürgsar oňa: – Dogrusyny aýtsam, hergiz sen bu heläkçilikli ýerlerden halas bolarsyň diýip, güman hem etmeýärdim. Eger seniň bu ýollary şeýle aňsatlyk bilen geçjekdigiňi bilsedim, onda hiç haçan seni bu ýollara getirmezdim. Indi men Erjaspa etmeli hyzmatymy diňe şu ýol bilen edip bilýärin – diýýär. Ispendiýar oňa: – Eý, namart, heý bir akyly ýerinde adam hem ýagşy gününi ýaman gününe satarmy? Men seniň bilen Türküstan welaýatyny eýelesem, onuň patyşalygyny saňa bereýin diýip äht edipdim. Sen näme üçin şeýle bagtlylykdan mahrum galmaga razy bolduň? Sen öýüňe gelen döwleti näme üçin almadyň? – diýýär. Şol wagt Gürgsar oňa garap: – Men ökündim. Bu ýoldan şeýle geçmeli, bu derýanyň bir köprüsi bar. Ol ýerden geçensoň demir galany görüp bilersiňiz – diýýär. Gürgzar ýoly olara görkezýär. Olar sag-salamat, aňsatlyk bilen derýadan geçýärler. Ispendiýar Gürgsaryň mekirliginden aman galmajagyny bilip, ony çagyrýar we ol «itde» gylyjyny synap görüp, ony dowzaha iberýär. Ol bir depä çykyp, uzakdan demir galany görýär. Özüne şeýle diýýär: «Bu galany tekepbirlik bilen basyp almak edil bir adamyň arassa asmanyň gözeneksiz diňlerini aýagastyna almagy ýalydyr». Soňra ol doganyna şeýle diýýär: – Eý, doganym, edermenlik we merdanalyk hemme ýerde peýda bermeýär. Käwagtlar ýalaw gylyç bilen iş etmek hem miýesser bolmaýar. Granit daşyny ýörite usuldan başga zat bilen ýumşadyp bolmaz. Häzir sen şu ýerde leşger bilen mesgen tut. Men bolsa bu gala gidip, hiledir mekirlik bilen özümi şol galanyň içine ataýyn. Şondan soň sen gije-gündiz maňa garaşyp dur. Eger gündiz galanyň üstünde tutaşan tüssäni we gije geň ody görseň, onda şol pursatda leşger bilen gala tarap gel. Şeýdip, biziň maksadymyz hasyl bolar. Soňra Ispendiýar özüni bir söwdagär keşbine salyp, bir-näçe düýä Eýranyň nepis zatlaryny, altmyş düýä bolsa sandyklary ýükledi. Her sandygyň içinde özüniň saýlan eder-men-batyr ýaragly esgerlerinden birini ýerleşdirip sandyklary gulplaýar. Ol galanyň ýanyna ýetip, bir adamy şeýle sargyt bilen iberýär: «Men Eýran welaýatyndan gelen täjir. Men hemişe bezirgenlik edýärin we peýdamy hatarly saparlardan hem ýollardan gözleýärin. Men häzir siziň dergähiňize geldim. Eger rugsat berseňiz, ýanymdaky harytlarymy siziň hyzmatyňyza getireýin we siziň huzuryňyza baraýyn». Onuň ilçisi Erjaspyň ýanyna baranda, Erjasp oňa sylag-hor¬mat edip ilçä: – Goý gelsin, bezirgenleriň aluw-satuw we täjirçilik işle-ri¬niň patyşalaryň amallaryna dahyly ýokdur – diýýär. Şeýlelikde, Ispendiýar gala girip, Eýranyň gymmatbaha zatlaryndan Erjaspyň tagtyna eltýär. Onuň äkiden zatlarynyň ählisi jüpüne düşüp, patyşanyň kabul ediş islegine mynasyp bolýar. Patyşa oňa öwgüler-alkyşlar aýdýar. Ispendiýar oňa: – Islän wagtym harytlarymy rençsiz-kösençsiz alyp, siziň huzuryňyza ýeter ýaly, galanyň içinde haryt goýmak üçin maňa bir ýer bermeklerini buýurmagyňyzy haýyş edýärin – diýýär. Erjaspyň buýrugy boýunça oňa özüniň düýelerini we ýüklerini goýar ýaly galanyň içinden bir köşgi boşadyp berdiler. Ol her gün patyşa gyzykly gürrüň we täze sylaglary berýän eken. Şeýdip, Ispendiýar Erjaspy doly ele alýar. Ol bir gün Erjaspa garap: – Men bu döwletiň her bir ady bellileri we bu ýurduň her bir sütüni üçin ýörite sowgat taýýarladym. Men bu sowgatlary olara bagyşlap, olar bilen tabakdaş bolasym gelýär. Eger makul bilseňiz, olary myhmançylyga çagyryp, hersine laýyk hyzmat etmegime we harytlarymdan islän adamyň satyn almagyna rugsat berseňiz – diýýär. Erjasp oňa rugsat berýär. Ol myhman kabul etmek bahanasy bilen köp odun satyn alýar we öýüň içiniň darlygy sebäpli, ýeriňem bolmanlygy üçin odunlary üçegiň üstüne çykarýar. Soňra mülkdarlygyň dolandyryjylary, döwletiň sütünleri we leşgeriň penasy bolan Erjaspyň ýurt sütünlerini myhmançylyga çagyrýar. Ol olara güýçli şeraplary içirýär. Olaryň ählisi serhoş bolýarlar. Soňra üçege çykyp, odunlary otlaýar we gelip, olaryň her haýsysyna gylyç sakysynyň eli bilen şerap jamyny berýär. Olaryň serhoşlugy, peslik we humarlygy heläkçilige eltýär. Ol myhmanlaryň ählisini gylyçdan geçirýär. Soňra sandyklaryň agzyny açýar. Sandykdakylar çykyp, gylyç alyp, Erjaspyň tagtyna tarap ugraýarlar. Olar öňlerinden her kim çyksa öldüripdirler. Şol baryşlaryna olar Erjaspyň köşgüne girip, onuň ýatýan otagyna ýetýärler. Onuň kelleçanagyny myhmançylyk meýlisi doly tamamlanar ýaly, supra teninden göterip, başgalara geçirýärler. Erjaspyň goşuny gapynyň agzyna ýetýär we şeýdip söweş başlanýar. Ispendiýaryň buýrugy bilen Erjaspyň kellesini olaryň öňüne oklaýarlar. Olar patyşanyň öldürilendigini görüp, ählisi ýaraglaryny taşlap, aman soraýarlar. Edil şol wagt hem Peşuten leşger bilen gala girýär we galany doly öz ygtyýaryna geçirýär. Olar Afrasyýabyň neslinden kimi tapsalar öldüripdirler, başgalara bolsa aman beripdirler. Olar Erjaspyň we onuň adamlarynyň hazynalaryny alýarlar. Ispendiýaryň aýal doganlary Humar we Behaperin halas bolýar. Şeýdip, Ispendiýar ýeňiş saýasynda we döwlet goragynda yzyna dolanýar. Beýt Bu ýeňişden döwletiň ýüzi aýdyň bolandyr, Basybalyşdan ykbalyň gözi aýdyň bolandyr. Gara guma garylsa-da ählisi ol şalaryň, Müň göz pelek zerarly gören ýokdur galanyn. Magşara çen Şemseddiniň mülki amanda bolsun, Weziriň pikri bilen şöhratdyr şanda bolsun. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |