07:49 Heýkel / powest | |
HEÝKEL
Powestler
1. Tomsuň başlarynda, duýdansyz pille şäheriň asudalygy bozuldy. Seýil bagynda garaşylmadyk geň waka ýüz berdi. Bagyň uly derwezesinden girip, biraz ýöräňsoň, çat maňlaýyňda, gül ekilen aýmançalaryň arasynda beton seki bar. Sekiniň üstünde daşdan bina edilen, gurşun reňkli heýkel ör-boýuna galyp dur. Ine, aýsyz gije, il ýatyp, it uklansoň şu heýkeliň boýnundan kimdir biri uly karton kagyzyny asyp gidipdir. Arassa boş kagyz asylsa ne ýagşy, bu o-da däl. Ýüzüne göze ilginç edilip, gödeňsi, iri harplar bilen hakyt wejera sözler ýazylaýan bolsa nätjek. Ony daşyňdan sesli okamaga dagy diliň barar ýaly däl. Gözi bilen göreniň agzy uçuklajak, gulagy bilen eşideniň ini jümşüldejek. Heýkeliň boýnundan asylgy haty ilki bilen Seýil bagynyň direktory gördi. Ol gün yrman, jahan ýagtylyberende öýünden çykýardy-da, serçe loňkuldysyny edip, ylgap gaýdardy. Bagyň içinde biraz gezmeläp, ýene öňki ylgawy bilen öýüne gaýdardy. Otuz ýyl bäri gündelik gelýän ýerinde hälimi-şindi özgerişlik bolup duranok, bardy-geldi sähelçe üýtgeşiklik bolaýsa-da, munuň nazaryndan sypjak gümany ýok. Heýkeliň boýnundan asylgy kagyzam derwezeden giren badyna direktoryň gözüne ildi. Ol ýaňy bir ylgawyny ýazdyryp, indem maşk edeýin diýip durdy. Boýnundan bular ýaly mojuk hat asylgy durka heýkeliň öňünde maşk edermiň? Direktor ýylan gören baýtal ýaly yzlygyna zyňdy, tas wägiripdi. Ony elhenç bir galpyldy basdy, aýaklary tibirdedi, bütin endamy saňňyldady. Gorky bilen töweregine äňedişdirdi, janly-jemende ýok. Direktoryň “Bu kimiň işikä? Nämüçin beýtdilerkä? Indi men näme etsemkäm?” diýip, heýkele seredip, gerekmejek sowallara başyny agyrdyp durmaga zerre wagty ýok. Basymrak bu ýerden ýeňsesini el ýaly etmeli! Ýogsa, işler pyrryk! Bular ýaly wejera işe şaýat bolsa, kim bilýär, direktoryň kürsüsinden pyzyp, çaňydyp goýberselerem geň däl. Ýolbaşçylyk edýän ýeriňde ymmata sygmajak şeýle ýagdaý ýüze çykan bolsa, “ýokarkylaryň” huzurynda kelläňi ýalaňaçlap, sömelip durmagyňam mümkin. Olaryň gaşyna baraňsoň, arkaňa kakyp, başyňy sypalap goýbermejekleri düşnükli zad-a! Wah-h, nä günlük bilen ýetilen kürsidi! Elden gidäýdimikä? Direktor sapandan sypan daş deý atylyp, Seýil bagyndan çykdy-da, derhal öýüne garşy ýazzyny berdi. Ýolda düýe ýaly üçürdiklemedi, bedew kimin çapdyrylyp gaýtdy. Gelip, özüni düşege oklady. Aýalyna-da: – Waý, öldüm-leý, kelläm atyldy-leý! Ýedi ýyl ozalky çakyzam tutup başlady-leý. Ýüregimem sançýar. Halys ysgyn-mydarym ýok. Maňa göz degdi öýdýän. Kim sorap gelse, ýarawsyz diýeweriň. Düýnden bäri galmaz açdy diýiň! Telefonam öçüriň! – diýip, berk sargady. Aýaly repide ýaly ýüzüni ak tam edip: – “Tiz kömek...” – diýjek boldy welin, direktoryň ýaňkyja mysapyr äheňi şo bada otlukly hemlä öwrüldi. – Gapyl-aýt! Diýleni et! Meň keselime “Tiz kömegiň” edibiljek çäresi ýok. Ertire çenli galman ýatmaly men. Şonda-da bellisi ýok. Seýil bagynyň bir bagbany bardy. Agaç ýa bag diýilse, gülden gürrüň açylsa, gylawlanyp, gözleri uçganaklardy, şähdi açylyp, ökjesi ýeňläbiýrdi. Nähak ýere bir şahasy döwülen öl agajy görende bagbanyň bütin endamy awunyp, yza çekerdi, ýüzi bir erbet agarardy, eli-aýagy sandyrap, boýnunyň ýüzündäki damarlary taýak ýaly bolardy. Aýaly işiklerindäki ýeke düýp balhy tuduň düýbüne kir suwuny guýup, guradanda ol uzak gije ses edip aglapmyş, ertesem hakyt aýalynyň talagyny beripmiş, sebäbi ol balhy tudy aýalyndan has eziz görýär eken diýip gürrüň edýärdiler. Guş örmänkä gelip, tä göz baglanýança Bagyň içinde asylly zähmetiň ýokary nusgasyny görkezip ýörmesi onuň tebigata bolan söýgüsiniň hele-müçük däldigine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, gazetde-de ýazdylar. Bagbanyň henize çenli emi tapylmadyk dogabitdi bir keseli bar: kitaba bolanok! Hat-petek okamaly bolsa, tutgaýy tutýar. Onuň ýekinde ýigreneni – kitap! Hat okanyndan her iş edenini gowy görýär. Bagyň içindäki şygarlara garasöýmezlik bilen seňrigini ýygryp, seretmesi-de şoň üçin. Emma welin, ol heýkeliň boýnundan asylgy haty okaman biljek däldi. Eýse, bi öňde-soňda görlüp-eşidilen zatmydyr? Bagban heýkeliň alkymyna dykylyp, howlukman, ýeke harpyny-da sypdyrman, haty bogunma-bogun okap çykdy. Okap durka perzi üýtgedi. Okap bolansoň, endişesi artdy. Onuň söýgüli mekany gorkuly ýere öwrüldi. Bi hatly iş bir ýaňalak bolýança bu Bagyň içinde abraý ýokdugyny on iki süňňi bilen syzdy. Duran tutular, gaçan gutular! Bagban ömür etmedigini etdi, ökjesine tüýkürip, bagdan çykdy, yzyna garaman, zut öýüne gitdi. Soňrak bagyň gelim-gidimi köpeldi. Ýöne heýkeliň boýnundaky kagyzy aýyrmag-a beýlede dursun, oňa golaý barmaga-da hiç kim milt edip bilmedi. Hata gözi düşeniň haýýaty göçüp, ýüzüniň reňki üýtgeýär-de, aýagy nirä ätse, şo tarapa süzüberýär. Ahyry golaýdaky mekdepde işleýän iki sany mugallym munuň deňinde aýak çekdiler. Olaryň bir-ä gorkudan ýaňa ýüzüni ýuwusgadan gorkanyňky ýaly agardyp: – Baý-bu-uww! Muňa Kyýamat diýerler! Jyrdyk. Bärde durmak hebes bor. Ýör, ýör, basymrak gideli! – diýip, daş-töweregine garanjaklap durşuna ýanyndakyny gyssady. Emma ýoldaşy batyrlyk edip, äwmedi: – A-how! Bolşuň näteňet? Nirä gitjek? – Mekdebe... – Göre-bile gözli şaýat bolubam hiç zat bolmadyk ýaly, şu durşuna taşlap ötäýtjekmi? – Dagy näme etmeli? Aýyrar öýdýäňmi? Eý-waý-eý! Men-ä barmajygymam batyrjak däl. Elimiň yzy galarmy, nädermi? Sen edensiň diýip, ýakamdan ebşitläp tutsalar, günäsizdigimi nädip subut edeýin? Ýoldaşy munuň bolşuna haýranlar galyp: – Bäý-bä! Beýle ýöwselsiň öýtmeýärdim – diýdi. – Diýenimi etseň, senem golaýyna barma! Depegenden daşyrak! – diýip, ýöwsel mugallym maslahat berdi. – Waý, muny! Kim depegen? E-eý, sen kime näme diýip dursuň? – diýip, batyr mugallym herreldi. Ýöwseliň bady gaçdy, diýen sözlerine ökündi. – Dur entek! Men beý diýjek bolmadym – diýip, ol hatasyny düzetjek boldy. – “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” diýjek bolýan. – O nähili? Onda seň pikiriňçe, biziň heýkelimiz eşek bolýarmy? Sen edil şu wagt eşege deňediňmi muny? – diýip, batyr mugallym ýöwsel işdeşini gorkuzdy. Hatda öz soragyndan onuň özem eýmendi. – Ýo-ýok, d-dursana! Asla b-beýle däl – diýip, ýöwsel sakawlap başlady. – M-men nakyly ýe-ýerliksiz ulandym öýdýän. M-men “Ak düýäni gördüňmi? Göremok” diýmekçi boldum. – Hä-ä, şeýlemi? Onda-da munyň ýalňyş! – diýip, batyr mugallym hem öz gezeginde nakyl bilen jogap berdi. – Bu ýerde “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz” diýen nakyly ulansak we oňa eýersek dogry bolar! Ýöwsel mugallym ýaýdandy. – Beýle bolsa, özüň aýyrarsyň-da. Men-ä şaýat bolup biljek däl. – Sen indi şular ýaly abraýly kärde zähmet çekip, mugallym diýen hormatly ady göterip ýören halyňa döwlet ähmiýetli jogapkärli işden boýun gaçyrjak bolýaňmy? Ýöwsel mugallym aljyrady, näme ederini bilmedi. Ahyry: – Men onda şu ýerde garaşyp duraýyn, sen özüň aýraýsana – diýdi. – Ýok, el degirmek bolmaz. Herki zadyň düzgüni bar. Hany, tilpunyňy al-da, polisiýa jaň et, habar bereli. Ýöwsel mugallymyň galanja ysgyny-da gaçdy. Polisiýa sözüni eşidenden şagga der basdy. Ol iki elini ýokary göterip, ör-gökden geldi. – Ýog-eý, hetdim bolmaz. Habar berdigiň, göni ikimizden görerler. Onsuzam gara ýakyn bedibagt men. “Gurduň agzy iýse-de gan, iýmese-de”. Başga biriniň ýakan oduna ýanyp biljek däl. Çagalam ýaş... Aýalymam ýüregaryly... Ol ýeňsesini tüňňerdip, ýöräp ugranyndan batyr mugallym azm urup gygyrdy: – Dur! Gitseň, günüňi kynlaşdyrarsyň! Ýöwseliň kellesine gelen ilkinji pikir şu boldy: “Bi gepe düşmez haramzada birdenkä alaga-da bu işi meň boýnuma ýükläp oturybermesin. Her zada garaşaýmalydyr. “Ýoldaşyň garga bolsa, iýmitiň poh bolar” diýipdirler. Säher bilen bir bela duçar boldum. Nätsemkäm?” – Butnama! Meň ýanymda dur! Bir ädim gymyldama! – diýip, batyr mugallym hökümli gepledi. – Häzir özüm til kakjak. Şaýat bolarsyň. Ol el telefonyny çykaryp, jaň etmäge durdy. – Alýo! Polisiýamy? Neme... Bir ýakymsyz ýagdaý bolupdyr. Düşünýäňizmi? Biz häzir Seýil bagynda durus. Biz diýýänim, mekdep mugallymlary. Düşünýäňizmi, mekdebe işe barýardyk welin, ine, bir seretsek, bi bagyň içindäki heýkeliň boýnundan, ynansaňyz, size – ýalan, maňa – çyn, hakyt munuň boýnundan... Meň-ä aýtmaga dilimem baranok... Ýok, ýok, heýkeliň boýny ýerinde, heýkele bolan zat ýok. Ýöne, ynha, munuň boýnundan nemedäýipdirler-dä, o tüki hat asaýypdyrlar-da. Düşünýäňizmi? Karton kagyzjagaz-da. Ýüzüne-de bir zatlar diýip ýazypdyrlar welin... Batyr mugallym telefonyny öçürip, jübüsine atdy-da, ýöwsel işdeşine igendi: – Weý, bolmaz ahyryn! Seň nädip ynsabyň çatýar? Hany, seň wyždanyň? Özüňem mugallym adyny göterip ýörsüň! Bu bolşuň bilen okuwçylara nädip edep-terbiýe öwredýäň? Polisiýa işgärleri uzak garaşdyrmady. Toparyň öňüne düşüp gelen ýolbaşçy öz tabynlygyndakylara görkezme berişdirdi-de, mugallymlara ýüzlendi: – Hany, onda, maşyna münüň. Edara baralyň. Käbir soraglara jogap tapalyň. Käbir anyklamaly zatlary aýgyt edeliň. Mugallym diýdiňizmi?.. Mugallym bolsaňyz, bu işem okuwçylaň biri eden bolsa, poçerkine garap, kimiň edenini siz ap-aňsatja bilip bilersiňiz. Dogrumy? Bu hatdan, dogrymy aýtsam, erbet zadyň ysy gelýär. Mundan soň mugallymlaryň sessiz boýun bolup, polisiýanyň ulagyna münmekden gaýry alajy galmady. Bular ýaly geň-taň wakanyň eşidilen ýerinde ýatjak gümany barmy? Şäher ilaty: “Bu nämäniň alamatyka? Hernä soňy düz bolawersin!” diýşip, ýarym pyşyrdy bilen zowzanaklaberdiler. Işiň ahyrky netijesiniň näme bilen gutarjakdygyny bilmäge gyssandylar. 2. Agzy jäheksiz biri bardy. Hiç diline dygy etdirip bilmezdi. Ýeňsesinden ýaňra diýerdiler, ene-atasynyň söýgüläp dakan adyny tutýan ýokdy. Bir gün ýaňra bir üýşmeleňde heýkeliň gazetde çap edilen ullakan suratyny gorkman-zat etmän, hakyt doňza deňedi oturyberdi. Has takygy ol şaňňy sesi bilen: – Bi haramyň pisini aşyryp oturşyna serediň! Agynjak doňuzdyr. Meňzeýämi, meňzänok? – diýip, ýanynda oturanlary gaty kyn ýagdaýa saldy. Onuň ahmalyna garap ýören biri bu gürrüňi biraz üýtgedip, çişiribräk günibirin polisiýa ýetirdi. Şeýdibem ýaňra öz dilinden bela galdy. Iş gozgalyp, ýyl kesildi. Ýyl ýarym türmede oturyp geldi. Türme ýaňrany büs-bütinleý ters tarapa üýtgeden eken. Tussaglykdan boşap gelensoň, ony gören adamlar haýran galdylar. Edil lal-jim bolmasa-da, ozalky ýaňranyň keşbinde hiç kime goşulman, hemişe dommarylyp, dodagyny müňküldedip, öz-özi bilen gepleşýän başga bir düňle gezip ýördi. Şonuň üçin adamlar onuň ýaňra lakamyny aýryp, düňle diýip goýdular. Düňläniň ýüreginde arman galypdy. Onuň öç alyp, ahmyrdan çykasy gelýärdi. Ýöne kimden? Nädip? Ilki bilen ol özüni “satan” gepçiniň ugruna çykdy. Gije, aýak ýygnanandan soň onuň ýaşaýan howlusynyň derwezesine hek bilen: “Seresap boluň! Şu öýde şugulçy haramzada ýaşaýandyr” diýip ýazdy. “Nesip bolsa, ertir uly-il okap, kimdigiňi tanasa gerek! Lakamyň-a taýyn. Şugulçy!” diýip, düňle eden işinden lezzet aldy. Ýöne bujagaz lezzet ýyl ýarymlyk türme tussaglygynyň ezýetiniň ýanynda nämejik? Onuň indi heýkelden ar almak islegi bardy. Ine, onsoň karton kagyzyň ýüzündäki paýyş sözleri-de düňle ýazypdy. Ony gije ýarymdan agansoň, äkidip, Seýil bagynyň içinde örboýuna galyp duran heýkeliň boýnundan asyp gaýdypdy. Birbada ynjalan ýaly bolsa-da, barybir ahmyrdan çykyp bilmedi. “Duruber bakaly entek, doňuz! Doňuz kemiň ýok! Bu az bolýar saňa. Bilip goý, ýazylganlyk bermerin. Indiden beýläk meň elim – seň ýakaň!” diýip, ol ýumrugyny düwüp, heýkele haýbat atdy. “Ar almagyň” başga usulyny gözläp başlady. 3. Adatdan daşary işe seretmek üçin nobatdan daşary ýygnak geçirdiler. Şäher polisiýasynyň başlygy heýkeliň boýnundan asylan paýyş sözli gaty kagyzy dik depesinde galgadyp durşuna dişini gyjap, golastyndakylara hemle urdy: – Bu näme? Şu kimiň işi diýip soraýan sizden! Jogap beriň-ň! Jogap ýok. Her kim aşak seredip, ýygrylyp otyr. – Nämüçin ýagdaý şu derejä barýança duýmadyňyz? Pygly ýaman adam şular ýaly niýete münüp-münmänkä gabyrdadyp basmaly kim? Siz dälmi? Hä? Netikaza deýýuslar şäheriň orruk-ortasynda edenini edip ýörler, nädip muňa ýol berip bilýäňiz? E-eý, birgiden salpaýaklar! Nanýagylar! Kime jort atýarlar, bilýäňizmi? Milletiň depesinde göterýän mukaddesligine şek ýetirmäge eli uzan haramzadany şu gün tapmasaňyz... – diýip, ol birhowa dymdy. “Başyňyz ölümli, malyňyz talaňly” diýesi geldi. – Eger tapmasaňyz, şoň ýerinde özüňiz oturarsyňyz! Düşündiňizmi? Tabynlygynda oturanlar onuň talabyna düşünendiklerini tassyk edip, sessiz baş atdylar. Polisiýanyň başlygy ýarym sagat dynman, agzyndan ak köpük saçyp gygyransoň, sözüni buýruk bilen tamamlady: – Her ediň, hesip ediň, tapyň! Şu gün tapyň! Häziriň özünde! Eşitdiňizmi? Göge uçan bolsa, aýagyndan çekiň, ýere giren bolsa, gulagyndan! Ugraň! Polisiýa işgärleri dyr-pytrak dagadylar. Hemmesiniň hyýalynda “Günäkäri tapyp, başlygyň gaşynda sömeldäýsem, boş goýmazlar. Çinimiň beýgeljegine-hä sözem ýok” diýen pikir bardy. Iki sagat gowrak wagtdan burunlak polisiýa işgäri dylym-dylym edip, başlygyň gapysyny kakdy: – Hojaýyn! O haramzadany ele salandyryn. Tutup getirdim. Gözenekde uwlap otyr. Başlygyň gözleri uçganaklap gitdi. – Aý, goý-a! Berekella! Kim ol deýýus? Nirede tutduň? Boýnuna alýarmy? Sorag etdiňizmi? – diýip, ol sorag baryny ýagdyrdy. – Öz gözegçilik edýän uçastogymdan – diýip, burunlak gürrüň berdi. – Öňräkden bäri tüýsüni bozuk göremsoň, “Sen gurrumsak, duruber entek. Bir gün-ä demime düşersiň” diýip, çemlenip ýördüm. Ýaňy öýüne baraga-da, hamyrdan gyl soguran ýaly, alyp gaýdyp, bölüme getirdim. “Äý, men ýärämö-ök, jänime ýäränip bilemo-ok, häbärim ýö-ök!” etdirip, ödüni tutup otyr. Sykajaga salyp, gyssaberdim weli, nädäýersiň ödüniň nirede ýerleşýänini ýadyndan çykaraýsa! Ana, balagyny ölläp, möňňürip ýatyr. “Pohumy iýipdirin, indi gaýtalaman” diýip bir aglaýa, sesinden dagy durar ýaly däl. Gözýaşyňy aýa, gözüň guraýmasyn, entek köp aglamaly bolarsyň diýdim. – Oňarypsyň! Ýene bir gezek berekella! Sen polisiýaň işine hakyky berlen adam! Düşündirişini aldyňmy? – Aldym, hojaýyn! – Alan bolsaň, derrew işini sülçä geçiriň, eglemäň! – diýip, başlyk ynjalyp, uludan demini aldy. Burunlak: “Ýeri geldi! Mundan amatly pursat bolmaz. Pogonyma bir ýyldyzjyk goşaýmazmyka? Sorap göräýsemmikäm?” diýip, ikirjeňlenip durka garynlak polisiýa işgäri haş-haş edip, otaga girdi: – Tapdym, hojaýyn! Deýýusyň çagasy zatdan bihabar kişi bolan bolup, jögüsiräp, öýünde busup ýatan ekeni. Gaty belet çöpüm o. Tohum-tijinde düzüw adam ýok. Atasynam tanaýan. Ir döwür... – Dur entek! – diýip, polisiýanyň başlygy elini ýokary göterip, garynlagyň sözüni böldi. – Nämäň gürrüňini edýäň sen? Kim ol deýýus diýýäniň? Garynlak stoluň çetinde ýatan paýyş sözler ýazylgy gaty kagyza barmagyny çommaldyp: – Weý, hojaýyn, ýap-ýaňyja şuny ýazan deýýusy tapyň diýdiň-ä özüň. Tapdym, ana. Başda boýnuna almady, gümmi-sümmä urup, nadaralyk etjek boldy. Äý, töhmet atýaň, arz ederin, eýleň-beýleň, gepi köpeldip barýa-da. Şü raslap, dürre bilen oňurgasynyň çykan ýerine yzly-yzyna iki gezek gürpüldetdim welin, ha-haý, ýüzin düşüp ýatan ýerinden bagyryberdi. “Dat, men etdim, günämi doly boýnuma alýan” diýip, saýrap dur. Derrew düşündirişini aldym. Ana, gözüni mäş ýaly edip otyr... – O nähili? – diýip, başlyk geňirgendi. Burunlak bilen garynlagyň ýüzüne gezekli-gezegine seretdi. – A-how! Siziň ikiňizem bir adamy tutup getirdiňizmi? – Ýo-ok – diýip, olaryň ikisi-de bir wagtda deň jogap berdi. Gorky bilen bir-biriniň ýüzüne seredişdiler. – Senem tutduňmy? – diýip, garynlak burunlakdan sorady. – Howwa... Häli tutup getirdim. Ýarym sagat dagy boldy... – Wah, meň ony tutanyma bir sagadam boldy welin, birbada boýnuna goýup bilmän heläk boldum-da. Düşündiriş bermejek bolup, kösedi-dä. – Menem düşündirişini ölüp aldym-laý. Özüm ýazdym diýen ýaly. – Duruň, haw! – diýip, başlyk gaharlandy. – O nädip siz bir-biriňizden bihabar bir jenaýata dahylly iki adamy tutup getirýäňiz-aý? Ýa ikisi bileleşip, dil düwüşip edipmi? Garynlak bilen burunlagyň ikisem birlikde: – Ýo-ok! – diýip jogap berdiler. – Onda näme? Hany, düşündiriň maňa! Garynlak garnyny sypap: – Meň getirenimiň-ä ýeke özi edipdir. Dildüwşük barada zat aýtmady – diýip jogap berdi. Burunlagam burnuny çekip: – Meňkem şeý diýdi. Şärikdeşiň barmy diýibem gyssadym. Ýok diýýä – diýdi. – Haky ýok. Bu işiň aňyrsynda hökman toparlanyşyk ýatandyr. Bir adamyň etmejegi belli zad-a – diýip, başlyk güman etdi. Burunlak burnuna salyp mydyrdady: – Ähtimal. Menem şony çak edýädim. – Şeýledir şo. Dil düwşeni görnüp dur – diýip, garynlagam başlygyň pikirini goldady. Başlyk deslapky gelen netijesini daşyna çykardy: – Onda, diýmek, dildüwşük esasynda toparlaýyn ýagdaýda jenaýat işi amala aşyrylypdyr diýmäge bizde doly esas bar. Bejit, indi kagyzlaryny taýynlaň-da, wagt ýitirmän, işi sülçä geçiriň! Burunlak bilen garynlak çykyp gitdiler. Hat-peteklerini alyp, derhal sülçiniň gaşynda häzir boldular. Sülçi derňew-seljeriş işine girişdi. Burunlagyň tussag astyna alan adamsyny çagyrdy. Orta ýaşlaryndaky ýüzi-gözi çişgin, arryk, agajet adamy alyp geldiler. Olaryň arasynda şeýleräk sorag-jogap boldy: – Seýil bagynyň içindäki heýkeliň boýnundan paýyş söz ýazylan kagyzy sen asdyňmy? – Hawa. – Haçan? – Ilkagşam. – Ýanyňda kim bardy? – Bir özüm. – Şu işden başga kimiň habary bar? – Hiç kimiň habary ýok. – Äkidiň! – diýip, sülçi gygyrdy. – Beýlekini getiriň! Garynlagyň tutup gelen oglany ýüzüni eňşedip, iki epilip, gapydan girdi. Sülçi muňa-da şo soraglary berdi. – Heýkeliň boýnundan kagyz asypsyň? – Howwa. – Näwagt? – Daň saz beren uçurlary. – Kim bilen asdyň? – Ýeke özüm etdim. – Içip, bulaşdyrýan-a dälsiň. Gowja ýadyňa sal. – Içemok men. – Äkidiň! Sülçi burunlak bilen garynlagy çagyrdy. – A-how! Toparlaýyn jenaýat diýýäňiz welin, bi getiren ykmandalaryňyzyň gepi bir çykanok-la. Biri daňdan diýýä, beýlekisi ilkagşam diýýä, özlerem bir-birinden bihabar. Aýdýan zatlaram bir-biriniňkä gabat gelenok. – Beýle bolmaga haky ýok! Dil düwşüpdir olar. Başlygam şeý diýýä – diýip, burunlak aýtdy. – Weý, ikisiniň gepi bir çykmaýan bolsa, gaýtadan düşündiriş alaýmaly. “Dil düwüşdik, bile etdik” diýip ýazdyrsak bolýa dämi? Ol-a itiň aňsady – diýip, garynlak çykalga salgy berdi. Gaýtadan düşündiriş aldylar. Sülçi umumy netije çykardy: Jenaýatkärler dil düwşüpdirler, jenaýat işiniň toparlaýyn amala aşyrylan wagty ilkagşamam däl, daň saz berende-de däl, ýarygijeler ekeni. 4. Daşdan bina edilip, Seýil bagynda dikeldilen güni bir aýal gelip, heýkeliň ýazzy maňlaýynda durup, otlukly nazary bilen ony dalapdy: – Heý, sypatyň gursun, sypaty guramyş! Maksadyňa ýetdiňmi? Şu ýerde şeýdip durşuňa milletden süýji söz eşiderin öýdýäňmi? Ine, şuny eşidersiň! – Aýal jabjynyp, düwülgi ýumrugyny somlady. – Hudaýym, Kyýamata çen görüňde-de şeýdip, söm duraýadyň-da! Işalla, durarsyňam! Süýnüp, rahat ýatmajagyň-a edil öňümi görüp gelen ýaly ap-aýdyň. Ýeke meň eden gargyşymyň müňden biri kabul bolanda-da sen Dowzahdan çykmarsyň. Hergiz-hergiz çykmarsyň. Biläýgin şony. Ýülünmeli deýýusmy sen, hä?! Hudaý bilsin, nämüçin beý diýýä! Gargynjynyň sebäbinem aýdanok. Heýkeliň-ä akyly haýran. Näler “Agzyňdan haýyr aç!” diýesi gelýär welin, arman geplemek bolanok. Aňyrdan titi geýnen iki sany epeý pyýadanyň gelýänini görensoň, aýal üýşenen borly. – Ylahym, görkezeniňi görersiň! – diýip, gargynyp gitdi. Görkezeni näme? Görmelisi näme? Düşün-dä, düşünibilseň! Baýak bir aňkasy aşan goja-da gelip, hasasyny heýkeliň gözüne dürtäýjek bolýar. – Meň oglumy nirä ýitirim etdiň? Jogap ber! – diýip, bir heňkirýändir-ä. Heýkel näbilsin onuň ogluny? Goja bolsa saňňyldap, taýagyny ýere gütledýär. – Diri gözden gaýyp bolan goçgarymy haýsy gümlama ýolladyň, ganym? – diýip, azm urýar. Heýkeliň heýkellerçe dymyp durmalydygy ýadynda. Agzyny gymyldatman, dilini dişläp durmasa, gaýry alajy ýok. Galmagal etmän, asudaja düşünişesi gelip, şunça içini it ýyrýar welin, arman, ýeri däl-dä. Ýogsa, ol gojanyň elindäki taýagyndan asla wehim edenok. Haýy gidip, waýy galan goja, zor etse, birki gezek kebzesiniň gözüne ýelmemegi mümkin. Oň üçin heýkeliň daşdan bedeniniň sarsmajagy belli zat. Goja köşeşmän, şo gahary bilen yrgyldap ýola düşdi. Heýkel anyk eşitmedi welin, ol daş-töweregine garanjaklap barşyna golaý-goltumda hiç kimiň ýokdugyny görensoň, çalarak sögünäýdem öýdýän. Bir gezegem bäş-alty ýaşlaryndaky ogullaryny ýanyna alyp, seýle çykan ýaş är-aýal geldi. Olar heýkeliň öňünden iki öwre eýläk-beýlek geçip ýadansoňlar, golaýdaky uzyn oturgyja çökdüler. Oglanjygam heýkeliň gabat öňüne geçip, ony esli salym synlap duransoň: – Kaka! Bu adam näme edýär-aý? – diýip sorady. – Bu adam Baga gözegçilik edýär – diýip, kakasy jogap berdi. – Garawulmy? – Howwa. – Erbet adammy bi? – Pu-u-uww! Gaty erbet. Barma golaýyna. Gaýt bärik! Oglanjyk gaýtmady. Gorky bilen heýkele seredip durşuna: – Betlik edýänleri tutup urýamy? – diýip sorady. – Şüý-ä oglum, ýeke betlik edýänleri däl, dek gezip ýörenlerem... – diýip, kakasy sözüni soňlaman uludan demini aldy. Muňa heýkeliň gaşlary çytyldy. Içikdirip-içikdirip diýäýmeli sözleri içini byjykladyp duranam bolsa, ol bialaç dişini gysdy. Daş ýüregi gahar gatyşykly kineden doldy. Daş beýnisinde: “Heýkele öwrülip, öz göz-gulagyň bilen anyk görüp-eşidäýmeseň, bu adamlaryň içini biljek gümanyň ýog-ow” diýen pikir döredi. Äriniň gürrüňi aýalynyň hem janyna ýakmandyr. – Bolşuň nähili, gyw! – diýip, ol tasanjyrap, äriniň al-petinden aldy. – Çaga şular ýaly zat öwredilýänmidir? Indiki ýyl mekdebe baranda seň şu gürrüňiňi aýdyp ýörse, kakamdan eşitdim diýse... Toba! Özüňe nireden bela geljegini bileňok. Äri görgüli aljyrap, şo bada laňňa ýerinden galdy. Sesi naýynjar çykdy. – Oýun etdim, how, nädýäň-aý. Oýun etdim-ä men. Diýmedigim. Gaýdyp aldym. Ýörüň, gideliň indi. Ýör, oglum! Hany, daýa sag bol diý. Gowy daýydyr bi. Ýer ýüzünde muňa taý geljek bolmaz. Oglanjyk eljagazyny galgadyp, heýkel bilen hoşlaşdy. Kakasy oglanjygyň ejesiniň gaharly ýüzüne çala nazar aýlap: – Hany, oglum, daýy hakda ýat tutan goşgyňy aýdyp ber! – diýdi. – Başyny ýatladaýynmy? Şamçyragym... Hany!.. Yzy?.. Oglanjyk howasy ýetmeýän ýaly howlugyp, gaty sesi bilen gygyryp goşgy okady: – Şamçyragym, şan saňa, Gurban bolsun, jan saňa, Bagtly döwre ýetirdiň, Alkyş aýdýan kän saňa! – Berekella! – diýip, kakasy oglunyň başyny sypady. Ejesiniňem ýüzüne ýylgyryş indi. Kakasyna söýgi bilen owsun atdy. Ogluny mähir bilen gujagyna gysdy, ýaňagyndan öpdi. Onsoň olaryň üçüsi bilelikde ses goşup, dabara bilen goşgy okap, ýola düşdüler: – Şöhrat saňa, Şamçyrag, Ýolumyza nur saçdyň! Tagzym saňa, Şamçyrag, Täze eýýamy açdyň!.. Elbetde, şo pursat heýkeliňem göwni göterilip, depesi gök diredi. Goşgynyň ýakymy köňlündäki kinäni ýom-ýok etdi. Gahary gaçdy. Öz ýanyndan oglanjygyň kakasynyň günäsini geçdi. Daşdan ýasalanam bolsa, öwginiň lezzeti onuň başyny aýlady. Eräp-akdy. Gülümsiräp, çalaja ýylgyranyny heýkeliň özem duýmady. 5. Polisiýanyň başlygy ýörite ýygnak çagyryp, uzyn nutuk sözledi. Jenaýatkärleri ele salmakda bitiren guwandyryjy hyzmatlary üçin öz tabynlygyndaky iki sany polisiýa işgärine – burunlak bilen garynlaga aýratyn sag bolsun aýtdy. Ýetip gelýän baýramçylyga gabatlap, olara sylag gowşurjakdygyny mälim etdi. Ýygnagyň ahyrynda burunlak bilen garynlagy ýerinden turzup, olara indiki möhüm tabşyrygy berdi: – Polisiýanyň jogapkärli işine jany-teni bilen ýapyşyp, päk ýürekden hyzmat edýän, şeýdibem ýoldaşlaryna nusga alarlyk görelde görkezýän maksada okgunly hem wepaly gullukçylar hökmünde men size döwlet ähmiýetli möhüm wezipäni ynanmakçy. O wezipe nämeden ybarat? Mälim bolşy ýaly, gündizlerine Seýil bagy köp adamly bolýar. Millet ertirden agşama çenli Bagyň içinde dynç alýar. Şo sebäpli gündizine o ýerdäki heýkele tokunyp biljek ýok. Biz, has takygy, siz heýkeli gijelerine goramaly! Ýeri, nädersiňiz? Burunlak bilen garynlagyň ikisem bir wagtda sag elini çep gursagynyň üstüne goýup, çala egilip, dabaraly seslendiler: – Tamaňyzy ödäris, başlyk! – Ynamyňyz üçin minnetdardyryn, hojaýyn! Polisiýanyň başlygy taýpy eňegini sypap, kanagatly baş atdy, sözüni jemledi: – Onda şu günden şeýläk heýkele ikiňiz jogap berýäňiz! Bidüzgünçilik edýänleri gaýgyrmaň! Halkyň mukaddesligine şek ýetirmekçi bolýan näkes eliňize düşdümi, haýal etmän, temmisini beriň, tussag ediň! Araky ýaly iş indi gaýtalansa... – Gaýtalanmaz, başlyk! – Ýol bermeris, hojaýyn! Özlerine ynanylan bu abraýly wezipe üçin burunlak bilen garynlak mes boldular. Olar gijelerini gündize öwrüp, gözegçilik edip başladylar. 6. Bagyň gelim-gidimi azaldy. Heýkeliň töweregi çolardy. Ilkagşamdan tä Gün dogýança Seýil bagyna adam aýagynyň sekmeýän wagtlary-da bolýardy. Äwüp-säwüp, azaşyp-tezip biri görünäýse-de, şo demde garynlak bilen burunlagyň penjesine düşýärdi. Baýak Gün ýaşyp barýan uçurlary şäherde ýaşaýan garyndaşynyňka myhman düşen gyraw saç bir adam geldi. Ýanynda-da aýaly. Olar geçip barýan bir ötegçiden özlerini surata düşürmegi haýyş etdiler. Ötegçi ýok diýmedi. Är-aýal ellerine çemen alyp, heýkeliň öňünde ýadygärlik surata düşdüler. Şol wagtam gözegçi polisiýa işgärleri – garynlak bilen burunlak ýetip geldi. Surata düşüren ötegçi rejäň geň däldigini duýan dessine zym-zyýat boldy. Garynlak polisiýa işgäri äm-säm bolup duran är-aýala şübheli seredip: – Maksadyňyzy aýdyň! Düzüw adama meňzäňzok siz! – diýdi. Aýal ýakasyny tutdy. – Toba-toba! – diýip gaýra çekildi. Äri dogumlanyp, sesine bat berdi: – Näm-ow, düzüw bolup-bolman, bi ýaşdan soň oýnaşy bilen baga gelýän gurrumsaga meňzeýänm-ow? Şu söz ýetik boldy. Polisiýa işgärleriniň burunlagy: – Ýaşuly, ýaman kakabaş görünýäň sen. Kime meňzeýäniňi häzir, ine, bölüme baryp, anyklaýarys – diýdi. – Hany, öňe düşüň! – diýip, garynlak buýruk berdi. Gitdiler. Wakanyň soňunyň nähili gutaranyny bilýän ýok. 7. Düňläniň bir zada jyny düşmesin! Düşse, bar işini kör edip, belli-külli ugruna çykmasa, ýüregindäkini etmese, ynjalyp ýatyp biljek gümany ýok. Heýkeliň boýnundan kagyz asyp gaýdansoň, ol assyrynlyk bilen wakanyň gidişine seredip, ümsümje geziberdi. “Bujagaz görýäniň nämejik? Bu entek işiň diňe başlangyjy! Döwli ýeri öňde!” diýip, ol heýkele garap, heşelle kakdy. Ýöne gijelerine heýkele iki sany polisiýa işgäriniň ýörite gözegçilik edip başlamagy onuň bar mazasyny aldy. Keýpini gaçyrdy. Aladasyny artdyrdy. Barybir onuň orta ýoldan yza gaýdasy gelmedi. Bular ýaly tutumly söweşe baş goşansoň, boýun gaçyryp, yza dönmek düňlä gelişjek zatmydyr? “Zeleli ýok! – diýip, ol özüne göwünlik berdi. Heýkele gaýybana haýbat atdy. Beleň aldy. – Ol-a iki ekeni, tutuş şäheriň ähli polisiýasy gelip goranda-da, menden saňa ýazylganlyk ýok!” Düňle irmän, kän bir göze ilmän, bukdaklap, amatyna garap ýörşüne ahyry çemini tapdy. Ýarygijä golaý meýlisden çykyp, öýlerine gaýdyp gelýän iki sany ýigdekçäniň ýoly Seýil bagynyň üstünden düşdi. Keýpleri kök. Biri degişme aýdýar, beýlekisini gülmeli ýerinde gülüp, häsini ýetirýär. Gelip-gelip, heýkeliň gabadyna ýetenlerinde aýak çekdiler. Başga ýer gapyşan ýaly, aýyp iş dagy edýändirisem öýtmän, hersi bir gapdalyna geçip, heýkeliň üstüne buşukdylar. Şondan soň allanäme jünäbermelidir welin... Ýok, bular ony etmediler. Sözleri azaşdy-da, edil heýkeliň ýazzy maňlaýynda durup, ýaka tutuşyp başladylar. Bularyň galmagaly Bagyň garaňky künjeginde hersi bir oturgyja geçip, ýaňy irkilen garynlak bilen burunlaga Kyýamatyň gopguny bolup eşidildi. Ikisem heýkele hökman bir howp abanýandyr, başga zat däldir öýdüp güman etdiler. Ýerlerinden zöwwe-zöwwe galyp, niredesiň heýkel diýip, at goýdular. Jürlewügini çasly çalyp, derhal ýetip geldiler. Aman-zamanyny bermän, şo duran ýerlerinde ýigdekçeleriň ellerine gandal urup, bölüme alyp gitdiler. Düňle üçin mundan amatly pursat boljakmy? Ol haýdap, işe girişdi. Dek şu günjük suwarylan gülleriň düýbüne elini urdy-da, ýerden penjesini dolduryp, palçyk aldy. Ony raslap, heýkeliň ýüzüne malçyldadyp goýberdi. Iş bitdi. Ganawjykdan akýan suwa elini ýuwup otyrka düňle: “Ha-haý! Gelşigiňe geläýen bolsaň gerek! Bu günlükçe şu ýetik. Entek oýun gutarandyr öýtme! Hijem gutarmaýa. Dowamy bar” diýip, heýkele keýpihon lak atdy. Uzak eglenmedi, o ýerden derrew sumat boldy. 8. Seýil bagynyň golaýynda hassahana bardy. Onuň howlusynyň aýagujunda, hajathananyň ýeňse ýüzünde, zeýli haýatyň düýbünde öýsüz-öwzarsyz bir küýki mesgen tutupdy. Ol ýary gijeler, dünýäni ümsümlik gurşap alan wagty haýatyň aşagyndaky hoňkaryp duran deşikden sümülip geçerdi-de, köne-küşül düşenip, şo ýerde ukusyny alardy. Daň atyp-atmanka turardy. Hiç kesiň gözüne ilmänem, giren deşiginden çykyp giderdi. Damagyna gezip ýören küýki nirede ýük düşürip, hammalçylyk etse-de, ahyry aýlanyp-dolanyp, şu ýerde gijesini geçirerdi. Düňläniň heýkeliň ýüzüne palçyk çyrşan pillesi küýki astyna gazet düşenip, ýaňy ýerine geçipdi. Entek ymyzganybam ýetişmänkä göz agyrysy ýaly bolup, hassahananyň garawuly onuň üstünden basdy. – Jan agam, men ogry däl. Men ogurlyk edemok. Men bir Hudaýuran, Taňrygargan. Öýüm ýok. Gündiz işläp, gara bokurdagymy gazanýan. Gije-de gelip, şu ýerde ukymy alýan. Maňa degme! Men ogry däl! – diýip, küýki görgüli zar-zar aglaberdi. Garawul biçak oňat adam ekeni. Işi ula ýazdyrmady. Artykmaç goh-galmagal edip durman, küýkini hekeminden kowup goýberdi. Ýöne dagy-duwara gaýdyp şu töwereklerde görünäýse, aman sypdyrmajagyny duýdurdy. Küýki bolsa “Indi nirä gitsemkäm?” diýip, uzak oýlanyp durmady. Pessejik haýatdan aşyp geçdi-de, Seýil bagynyň garaňky hem çola künjegine özüni atdy. Uzyn oturgyçlaryň birine geçip süýndi. Şo bada-da uka gitdi. Ýüzüniň palçygy çalygyp, gatap ugran heýkel küýkiniň gelenini görüp, biraz begenipdi. Garynlak bilen burunlagyň erte agşamdan bäri baga dolanyp geljegine ynamy ýokdy. Ýaka tutuşyp urşan mes ýigdekçeler heýkeli goraýyjy gözegçilere bu gije iş bolaýsa gerek. Munuň bolsa ýüzüniň palçygy kesmekläp ugrady. Küýkiden başga dadyna ýetişjek janly-jemende ýok. Ýöne küýkimidir heýkeliň halyndan habar aljak? Dünýe serine däl, hanha, uzyn süýnüp, urdy ukyny. Gygyranyň bilen turar öýdýäňmi? Turmasyna-ha turar weli, zähresi ýarylan ýaly, wägirip, gaçmasa-da biri. Mundan aňryk dymyp durmaga heýkeliň takaty ýetmedi. Bagta töwekgellik etdi. – Eý, gadyrdan! – diýip gygyrdy. Küýki tisginip, başyny galdyrdy. Onuň beýnisine bada-bat “Wah-h! Indi bu ýerdenem kowulaýarmykam? Onsoň gijäni nirede geçirmeli bolaryn?” diýen pikir geldi. Endişesi artdy. Ýöne, geň galaýmaly, töwereginde adam-gara ýok. – Gadyrdan, bäriňe seret! Küýki ses gelen tarapa äňedip görse, ine, hol aňyrrakda, baga girilýän derwezäniň alkymynda daşdan bina edilen heýkel hakyt dil açyp, gepläp dur. – O-how! Eý-waý! – diýip, küýki aňalyp, ör turdy. Haýran galmakdan ýaňa hatda onuň bükülen bili dikelip, egri göwresi göz-görtele göneldi. – Beýdip durmasana! Hany, gel bärik! – diýip, heýkel ony ýanyna çagyrdy. Küýki birbada bu ahwala düýşdür öýtdi. Agzyny berk ýumup, eli bilen burnuny gysyp saklady. Onuň pikiriçe, şeýtse, ukuda ýatan adam demigip oýanmalydy. Küýki bir müddet demsiz-düýtsüz duransoň, hopugyp başlady. Görse, düýş däl, hakyt barypýatan oýalyk! Onsoň onuň köňlüne: “Kimdir biri henek edýän-ä däldir-dä? Bu duran heýkel däl-de, janly adam bolmasyn?” diýen güman indi. Heýkele golaý bardy. Gorka bardy. Äý, ýok, adam-a meňzänok. Hut heýkeliň özi! Gözüň bilen göräýmeseň, gulagyňa dagy ynanar ýaly däl. Ine, saňa görlüp-eşidilmedik hadysa! Heýkeliň dili zybana gelipdir! – Gadyrdan! Şu golaý-goltumda maňa senden başga kömek edip biljek adam ýok – diýip, heýkel örän mysapyr dillendi. – Sen tüýs Hydyr ata bolup ýetişdiň. Bu alasarmyk hadysanyň täsirinden aýňalyp ýetişmedik küýki: – Men kömek etmelimi? – diýip geňirgendi. – Howwa. – Nähili kömek? – Süýş bärräk. Aýdaýyn. “Daşdan ýasalan elini aýlakgetdin, gulagymyň düýbüne doňduryp goýbermesin şü” diýip, güman etdi-de, küýki bu yşaratyň alkymyna dyklybermäge eýmendi. Onuň göwni üçin ýarym ädim ätdi-de: – Süýşdüm, aýdyber – diýdi. – Süýşen bolsaň, ýüzüme gowja seret. Çep ýaňagymda palçyk görnenokmy? Çep gözümiň üsti nähili? Küýki bu gezek bir ädim ädip, onuň elýeterine bardy. Oňatja synlap görse, hakykatdan hem heýkeliň ýüzüniň bir tarapy palçyk bilen suwalypdyr. Çep gaşynyň üstünden syrygyp gaýdan palçyk boýnunyň çykan ýerinde doňupdyr. – Ha-haý! Wa-ha-ha! Muny edäýenlerini! Palçyk bilen ýüzüni suwapdyrlar! Wu-uww! – diýip, küýki birdenkä iki eli bilen buduny şapbatlap gülüp goýberdi. – Ine, bu gülkiň maňa ýaranok – diýip, heýkel gaşyny çytdy. – Ýa, walla! Hi-hi! Kim beýtdi, how, seni? Heýkel öýkeli ýaly az salym dymyp duransoň: – Ýaňy iki sany ýeňiýoluk wenezzyna geldi – diýip, gürrüň bermäge başlady. – Geldiler-de, sen-men ýok, hil bir iş edýän ýaly, üstüme buşukdylar. Başga ýer tapmadyk ýaly, biri sagymda, beýlekisi solumda durup, myžžyk etdiler. Seredip gör, yzgarlap durandyr henizem. Bildirýärmi? Bildirýändir, gowja seret... Beň çekipdirlermi, nämemi, gülküleri ýere-göge syganok. – Ha-haý! Beň çeken bolsa, her zat eder olar. Sen gowy sypypsyň. Beň erbed-ä. Belet bolandyryn. Bir gezek oglanlar çekdiripdiler maňa-da. Alanym iki tüsse welin, ýüzümiň tüýi köpelip, gözüm ýitelip... Nädýär eken diý, ine, özüm-ä çiň arkan düşüp ýatyryn, öýüň içinde ýogsa... – Gadyrdan! – diýip, heýkel küýkiniň sözüni böldi. – Häzir beň ýadyma düşenok. Yzyny diňle! Buşukdylar-zat etdiler, oňa-da jähennem diýjek, küdümiň teýine gitsin, şondan soň bir öz ýollary bilenjik bolubermeli welin, ýok, bular gider ýaly däl, çat maňlaýymda durup, urşup başladylar. – Oho! Ana, gerek bolsa! – diýip, küýki gyzyk berdi. – Iki sany goragçym bardy polisiýadan. Yhlaslary gaty zor. Geläge-de, ýaňky ikisini tutup äkitdiler. “Ýeseriň ýedi ýere kesti ýeter”. Şol ikisi üçin goragçylarym meni ýeke galdyrmaly boldular. Ana, edil şulaň giderine garaşyp duran ýaly, bir ýerden bir netikaza tapyldy-da, gysym penje palçygy ýüzüme malçyldadyp goýberdi. Gözüme-de girdi öýdýän, erbet awuşap dur. – Hm-bah-h! Diliňi saklap bilmän, bir zat diýensiň-dä? – Hiç zadam diýemok. Ony tanamasam näme? Birinji gezek görýän – diýip, heýkel ýalan sözledi. Düňläniň öňem bir gezek il ýatyp, it uklansoň gelip, boýnundan paýyş sözler ýazylgy gaty kagyzy asyp gidendigini agzamady. Gepi uzaltmaýyn diýdi. Sesini peseldip, naýynjar dillendi: – Gadyrdan, maňa seň kömegiň gerek... Küýki üşerildi. – Aýt, hany, diňläýin – diýdi. – Ýüzümi ýuwup bersene!.. – Be, be-e! Ýene näme edeýin? Eliňe suw akytmaýynmy? Kündük alyp, täretiňi täzeläp beräýeýin, ä? – diýip, küýki gaharlandy. – Gaharlanma! Men saňa daşdan bedenimi sabynlap ýuwup ber diýemog-a! Ýüzümiň palçygyny aýryp ber diýýän. – Aýryp beremog-aý şony – diýip, küýki kejirlik etdi. – Näm-ow, bu ýerde seň kesanasyna tutan hyzmatkäriň barmy? – Gaýrat edäý! Küýki oýurganyp dem salym duransoň: – Näçe tölejek? – diýip sorady. Heýkel mysapyrlyk bilen boýnuny burdy. – Wah-h, näme töläýin, nädip töläýin? Doňňara daş bolup duran heýkelde pul nireden bolsun?! – Pul bolmasa, mende gaýrat nireden bolsun?! – diýip, küýki içýakgyç gürrüň etdi. – Kiçilik bilýändir öýdýäňmi? Juk. Kireýsiz kilim kakamok men. Töleseň, ol-a ýüzüňdäki palçyk ekeni, başga ýeriň hapasynam aýryp bereýin. Gahardan ýaňa heýkeliň daş bedeni sandyr-sandyr etdi. – Küýkini gabyr düzedermiş diýýärler. Sen ol düzelýän küýkilerden däl ekeniň. Palçygyňy täzeden eýläp, ýugrumyňy mazalyja ýetirmeseler, saňa gabryňam çäresi bolmaz. – Sen-eý, küýki-püýki diýip, gatyrak gidýäňmi ýa göwnümemi? Diliňi ýaman şalpaň tutýaň weli, beýleki gözüňdenem dynasyň gelýä öýdýän? Hä? Dyndaraýynmy? – diýip, küýki azm urdy. Onuň hemlesi heýkeli biraz eýmendirdi. Eýmenmez ýalymy? Küýkiniň diýýäni başa barmajak iş däl. Bir gysym palçyk alaga-da, ýüzüne çyrşap goýberse, ýeterlik. Garaw görmejegini bilip dur, beterräk iş etse-de, geň däl. – Sen, ine, göz öňüne getirip gör – diýip, heýkel başardygyça asuda äheňde gepledi. – Gün dogup, howa ýagtylansoň, bu ýere adamlar geler. – Gelende näme? – Olaň öňünde men ýüzümiň şu palçygy, gör-lähedi bilen dursam... – Duraňda näme? – Adamlar meň üstümden gülmezmi? – Gülende näme? – Sen göz öňüne getirip gör-ä! Nähili masgaraçylyk? Küýki öňünde duranyň heýkeldigini unudyp: – Çilimiň ýokm-aý? – diýip, sorady. Sermenip, jübüsinden otluçöp çykardy. – Wah, ýog-a. Heýkelde gaty daşdan başga zat näme işlesin?! – Hmm... Onda ýatjag-eý men. Azar berme. Ýere siňip barýan şüpille. Ýaman ýadaw men. Gözümiň awusyny almaly. Daň bilen gidip, ýük düşürmeli. Gara bokurdakdan ötürer ýaly tötek gazanmaly. Sen ýaly gözümi petredip, bir duran ýerimde doňup duran heýkel däl men. Men – adam. Turuzaýma meni. Eşidýäňmi? Turuzsaň, aýtdy-aýtmady diýme, depäňden läbik guýaryn – diýip, küýki haýbat atdy. – Gadyrdan, dursana, beýtmesene! – diýip, heýkel ýalbardy. Heýkeliň özelenmesine gulak gabardyp durmaga küýkiniň ýagdaýy ýokdy. Hakykatdan-da uky bürüp, ony halys kese ýykyp barýardy. Onsoňam bir şaýy pul bolmajak bolsa, nä azary, nä derdi! Gara daňdan turup gidip, ýük düşürip gazanjak puluny berse, bir gijäň ukusyny harama çykaraýsa-da bor welin... 9. Heýkel ýalňyşan ekeni. Garynlak bilen burunlak uzak eglenmedi. Heýkeliň öňünde galmagal edip, asudalygy bozan ýigdekçeleri polisiýa bölümine äkidip, gözenekli jaýa gabadylar. Galan işi ertire goýup, baga dolanyp geldiler. Çyn hossaryny pylança ýyllyk ýitirip tapan dek, heýkeliň begenjinden hykga damagy doldy, dodagy kemiş-kemiş etdi. Küýkä arzyny aýdyp, nähak ýere sözüni zaýalany üçin özüni kötekledi. Onuň ýanynda dil ýaranyna ökündi. Wepaly goragçylarynyň sähel salymdan dolanyp geljegini bilenliginde ömür geplejekmi? Ýüzüne palçyk çyrşalan heýkeliň gözgyny ýagdaýyny görüp, garynlak bilen burunlagyň gahardan dili tutuldy. Bir-biriniň ýüzüne soragly seredişip, az salym ses-selemsiz durdular. Şonda bagyň garaňky künjeginden eşidilen horruldy olaryň gulagyna ildi. Ikisiniňem bir wagtda ýüzi ýagtylyp gitdi. Şo demde dünýeden bihabar uklap ýatan küýkiniň ýanynda häzir boldular. Garynlak elindäki dürresini dözüm bilen küýkiniň egnine dürtüp: – Tur-eý, otla münmeli wagtyň boldy. Tur, gijä galýaň! – diýip gygyrdy. Küýki ýalpa gözüni açdy. – Sa-salawma-ma... – diýip, sakawlady. – Tur, hany, ýör, ho ýagta baraly! – Meň hiç zadymam ýok. Ne ýatara ýerim bar, ne-de barara öýüm – diýip, küýki aljyraňňy samyrdady. – Men saňa öýüňe baraly diýemok. Ho çyraň ýagtysyna baraly diýýän. Heýkeliň öňünde, çyraň ýagtysynda aýk çekdiler. Rejäň geň däldigini aňan küýki sypjyklyk etjek boldy: – Men ýükçi. Hammalçylyk edýän. Işe gitmeli wagtymam bolupdyr öýdýän. Men gidibereýin. – Gitmeli ýeriňe özümiz äkideris. Butnabam bir gör! Gymyldadygyň, özüňden gidýänçäň ýenjerin! – diýip, burunlak herreldi. Oňa çenli garynlak dürresi bilen küýkiniň küýkerip duran ýagyrnysyna doňduryp goýberdi. – Muň ýüzüni nädäýipsiň, haramzada! Nätdiň muny? Näme etdiň diýýän saňa, deýýus! – diýip gygyrdy. Küýki görgüli dürräniň zarbyna iki epilip, elini-aýagyny ýitirdi. – Men däl. Men edemok – diýip eňräberdi. – Uwlama! Gap sesiňi! Küýki saňňyldap: – Dogrymy aýdaýynmy? – diýdi. – Dogrujamy sözlesem, urmarsyňyzmy? – Dogryňam, egriňem peýdasy ýok saňa. Näme gepiň bolsa, bölümde aýdarsyň. Gitdik! – diýip, garynlak gyssandy. Burunlak äwmedi. – Dursana! Degme aýtsyn. Haçan äkidemizde bolmaýa. – Men öň hassahanaň howlusynda ýatýadym. Haýatyň düýbünde – diýip, küýki gürrüňe başlady. – Osoň şu gün garawul kowdy meni. Ynanmasaňyz, özünden sorap göräýiň. Kowdy. Osoň ýataýyn diýip bärik geldim. Gelsem, heýkeliň ýüzüne bir-ä palçyk çyrşap gidipdir. Menem nebsim agyryp: “Kim seni beýtdi?” diýsem, “Äý, geçip barýanyň biri şeýtdi” diýýä. “Kimdigini tanamok” diýýä... – Dur entek! – diýip, burunlak onuň sözüni böldi. – Näme diýýäň-aý? Düşnükliräk aýt! Kim bardy ýanyňda? – Hiç kimem ýokdy. – Onda kim bilen gepleşdiň? – Heýkel bilen. – O nähili? Nädip? Küýki heýkele ümläp: – Gepleýär-ä bi – diýdi. – E-eý, e-eý, tente-ek, dikdüşdi-i, sähne-e... – diýip, burunlak dürresiniň sapyna elini ýetirdi. Garynlak dişini gyjap, burunlaga igendi: – Bir makawyň warsakasyna güýmenip durşuňa janym ýanýar-aý! Küýki ýene-de ýenjiläýmeginden elheder alyp, gyssanmaçlyk bilen: – Ýap-ýaňyja siz gelmäkäňiz men gepleşdim muň bilen – diýdi. – Öwlüýä kessin! Heýkeliň özi şaýatdyr... – Tüket! – diýip, garynlak dürresi bilen küýkiniň baldyryna ýelmedi. – Näme samsyklyga salýaň, hä? Heýkel näme şaýat bolup bilýärmi? – diýip, burunlagam dürresini gysymyna gysyp, ykjamlandy. Küýki töweregi ýaňlandyryp gygyrdy: – Çynym-ow, çynym. Ynanmasaňyz, özünden sorap göräýiň! – Ol gyssanjyna aljyrap, heýkele ýüzlendi. – Aýt-da bol. Dogry dämi meň aýdýanym? Ýaňy gepleşdig-ä ikimiz. Heýkelden ses-seda çykmady. – Hany, bol onda gepleş ýene-de. Gepleşmeseň, häzir şuň bilen oňurgaň ýiligini ýazdyrýan – diýip, burunlak dübledi. Küýki dikelip gaýtadan heýkele ýalbarmaga durdy. – Aýtsana bulara! Düşündirsene! Häzir öidürýäler meni. Gepläý! Heýkel geplemeýärdi, sarsman, dymyp durdy. – Gaýrat edäý! Şuň günäsi ýok diýip, iki agyz aýdaý! Dyndaraý meni şu beladan!.. Geplänog-a... I-i-i... – diýip, küýki ahyrynda aglamjyrap başlady. Heýkel bolsa, küýkini eşitse-de, eşitmeýän ýaly, pitiwa bermän, sesini çykarman, uzaklara seredip durdy. Garynlak burunlaga garap: – Gutaran ülhide özüňi oýnadyp, nädip dursuň-aý? Tut elinden, gaňyr syrtyna! – diýdi. Küýki elewräp, ahyrky okuny atdy: – Duruň-eý! Duruň! Men şuň ýüzüniň palçygyny aýryp bersem bolýa dämi? Meň oňarýan işim şü. Öň kän hajathana ýuwandyryn. Ökd-ä men muňa. Çep elimden gelýä. Küýkiligime seretmäň. Edýän işimden kem tapmarsyňyz. Häzir muny ýuwup, arassalap, hiç zat bolmadyk ýaly etsem... Urmasaňyz bolýa... Degmeseňiz bolýa... Ine, häzirjek... Küýki ýerde ýatan ýelim çüýşäni garbap galdyrdy-da, ganawjykdan suw aldy. Haýdaşlap, heýkeliň ýüzündäki palçygy ýuwup aýyrdy. Süpürdi. Arassalady. Ýaramsaklyk bilen ýylgyryp, garynlak bilen burunlaga ýüzlendi: – Nätdi? Aý ýaly boldumy? Kemi galdymy? – Kemi ýok – diýip, garynlak gandalyny häzirledi. – Bölüme gidýäs. Galan işi şo ýerde dowam ederis! Haýyna-maýyna garaman, küýkiniň goluna gandal saldylar, idenekledip, alyp gitdiler. Ol gaňrylyp, haraý isläp, iň soňky gezek heýkele ýalbardy: – Erkek bolaý! Aýdaý! Bigünä halyma aýagymy salladýalar. Gepläý! Heýkelmidir geplejek? Süýtşöhle çyraň ýagtysyna ýüzüni ýalpyldadyp, göwnühoş halda yzlaryndan garap galdy. 10. Şo wakadan soň garynlak bilen burunlak birneme arkaýynlaşdy. “Mundan buýana heýkele şek ýetirip biljek bozgak kişi bolmasa gerek. Indi arkaýyn dynç alyp bilýäs. Islesek, ýatybam bilýäs” diýip, olar uzyn oturgyçda oturyp, irkilmäni çykardylar. Bir günem hersi bir oturgyja geçip, has-da ynjalykly bolar ýaly süýnüp ýatyşlaryna ymyzgandylar. Burunlak aňňal burnunda ýel baryny köwsarladyp, myşlap ýatdy. Garynlak pökgi garnyny titredip, arkan düşüp, hor çekip ýatdy. Hersi özüne kybap düýşem gördi. Ine, allanäme hezillik! Daň saz berende garynlak bilen burunlak oýanyp seretseler, ine, öljekmi-ýitjekmi, hakyt heýkeliň ýüzüne kömür çyrşap gidäýen bolsalar nätjek! Ber habaryňy! Elbetde, häzir kelle çakyşdyryp, maslahat edip oturara wagt ýok. Hä diýmän, Jahan ýagtyljak, Gün dogjak! Belli zat, baga geleniň heýkele gözi düşjek! Onsoň olar haýdan-haý jübülerinden elýaglyklaryny çykaryp, ýüzlerini ak tam edip, heýkeliň ýüzüniň garasyny süpürmäge başladylar. Heýkel bolsa, ýüzüni hüýt gara edip, heýkellerçe dymyp durdy. Bu işiň kimden ýetendigini görüp-bilip duranam bolsa, lal-jim, sesini çykarmaýardy. Ýogsa, dil açyp, bir agyz düňläniň salgysyny berse ýeterlik. Telim gün bäri mojukdan mojuk hokga tapyp, maza bermeýän tüýsi bozuk düňläni garynlak bilen burunlagyň şo demde edil ýagdan gyl soguran ýaly tutup getirjekdigine şübhe ýok. Getirip, heýkeliň ýüzüniň garasyny eli bilen ýuwup aýyrmag-a beýlede dursun, dili bilen ýaladyp, arassalatjakdyklary hem köre hasa. Ýöne ýüzüne çyrşalan kömrüň garasyny kim süpürip aýranda näme! Heýkeliň nä gamyna! Ýanwar – fewral, 2016-njy ýyl. Mary. Kakamyrat ATAÝEW. | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |