16:45 Heýkeltaraş Saragt Babaýewe | |
HEÝKELTARAŞ SARAGT BABAÝEWE
Goşgular
Tebigylyk owalbaşda zandyňda, Eziz dostum, gözellige teşne sen. Eger meňzetmeli bolsa özüňi, Dag göwsüni ýaryp çykan çeşme sen. Kalbyňy çoýandyr bir mährem ene, Gara daş janlanýar seniň eliňde. Heýkelleri synlap diýdim: „Aperin!“ Gözellik bar gözelligiň deginde. Daň ýyldyzy bolup Nury Halmämmet, Seret, anha, tirsegine galypdyr... Aýralyk pursaty ne agyr pursat, Bagşy soňky gezek dutar çalypdyr. Iň soňky bolmaga haky ýok, haky, Dutara jan berdiň ýene, Saragt! Dünýä deýin ajap türkmen bahary, Ak güllere basyrnypdyr daragt.... Gözellik döredýäň daşlary ýonup, Hem-de ýonup öz-özüňi taplaýaň. Ukusyz gijeleň ezýeti başga, Munda şahyr gijesini ýatlaýan. 16.12.2008 | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||