18:48 Hezil aganyň ýaryş başlaýşy / satiriki hekaýa | |
HEZIL AGANYÑ ÝARYŞ BAŞLAÝŞY
Satiriki hekaýalar
Pagta ýygymy möwsüminiň tüýs möwç uran günleri Hezil aganyň ýolbaşçylyk edýän brigadasyna ýaryşdaş goňşy kolhozdan ýaryş barlaýjy delegasiýa geldi. Olar ähli işleri barlap, soňra öz pikirlerini aýtdylar. ― Hezil aga, ähli zadyňyz oňat weli, bi meýdan düşelgäňizdäki terbiýelenýän çagajyklar üçin oňat şertler döretmänsiňiz ― diýip, myhmanlardan biri bloknotyna bir zatlar belleşdirip duran ýerinden, brigadir Hezil aga gyjyt beriji äheňde aýtdy. Soňra her kim bir zat diýdi: ― Ýoldaş brigadir, şunça ýaşabam «çaga durmuşyň gülüdir» diýen dana sözleri eşitmänmidiňiz?! ― Ýaşuly, krowatlardaky ýorgan-düşekler buýr-bulaşyk-la. Edil it oýnan ýorunjaň bar-da. ― Prostynýalary bir görseňizläň, göle çeýnän ýaly-la. ― Çagajyklaryň eşiklerem kirläpdir. ― Kirledip, ýagyş geçmez ýaly plaş etjek bolýaňyzmy? Brigadir Hezil aga makullaýjy äheňde başyny atyp, delegatlaryň belliklerini diňledi. ― Hezil aga, ynha, biziň kolhozymyza delegat bolup baranyňyzda, özüňiz ýaly brigadirleriň işiň başynda terbiýelenýän çagalar üçin edýän aladalaryny görüp geň galarsyňyz. Çagajyklarymyzyň geýimlerini, krowatlaryny, ýorgan-düşejiklerini HHGS-de Soýuza nusga edip goýsaňam ýüzüň utanjak gümany ýok ― diýip, delegasiýanyň ýolbaşçysy, goňşy kolhozyň prawleniýesiniň başlygy Gandym aga Hezil aganyň elini gysyp hoşlaşdy. Bir hepdeden soň Hezil aganyň başlyklyk etmeginde ýaryş barlaýjy delegasiýa goňşy kolhoza bardy. ― Ine, Hezil aga, dünýe giňdir, çagalar barada alada edilýän ýerem bardyr ― diýip, Hezil aganyň ýaryşdaşy ― brigadir buýsanç bilen gürledi. Dogrudanam işler oňat guralypdyr. Täzeje geýim geýnen arassaja çagajyklar oýnaşyp ýördüler. Asawaçlarda bolsa täzeje çaga formalary asylgydy. Olar gaty sünnälenilip ütüklenipdir. Kiçijik krowatlar reje bilen goýlupdyr. Üstündäki ýorgan-düşekler, ýassyklar, ak gar ýaly gözüňi gamaşdyrýan prostynýalar diýseň oňat. ― Ine, Hezil aga, biz meýdan düşelgesiniň ýanynda çagalar üçin möwsümleýin kurortjagaz döredäýendiris ― diýip, başlygyň medeniýet baradaky orunbasary jak-jak edip güldi. ― Gül, gyzym gül, güljek çagyňdyr! ― diýip, Hezil aga kiçi sakalyny dişläp pikire batdy. Ol ýeserlik bilen töweregine seretdi-de, çagajyklary ýanyna çagyrdy. Hemmeler muňa aňk-taňk boldy. Hezil aga çagajyklara ýüzlenip: ― Körpeler, häzir her kim özüniň täzeje formasyny asawaçdan alyp geýmeli! ― Daýy jan, biziň asawaja elimiz ýetmeýär ahyry! ― Ýetmese, ine, men alyp bereýin, bahymjak geýniň. Hezil aga asawaçdaky geýimleri alyp krowatlaryň biriniň üstünde goýdy. Çagajyklar ýerli-ýerden hüjüme geçdiler. Goh, gowur, «maňa ýetmedi-de, maňa ýetmedi» diýen sözler, agy sesleri göge galdy. ― Körpeler, her kim öňden öz geýýän geýimini alyp geýmeli ― diýip, Hezil aga aýtdy. ― Daýy jan, biz öň beýle zat geýemzok-da ― diýip, çagajyklaryň ekabyrrajygy aýtdy. Onýança başga bir çagajyk aglap durşuna, Hezil aga arz etdi: ― Daýy jan, maňa geýim ýetmedi. ― Agzyňy açyp dursaň, balam, saňa derýadan suwam ýetmez ― diýip, Hezil aga kolhoz ýolbaşçylaryna seretdi. ― Körpeler, beýdip geýimi çekelemäň, ynha ne gözel täp-täzeje eşikleri ýyrtyşdyrdyňyz. Hany, indi boldy, geýimleri bäri beriň, men bulary asawaçdan asaýyn ― diýip, Hezil aga eşikleri ýygnady. ― Körpeler, indi her kim öz krowatyna geçip ýatmaly! ― diýip, Hezil aga komanda berdi. Goh, gykylyk, ýakalaşma, aglaşma şondan soň başlandy. Şol wagt terbiýeçilerden biri içerik girip: ― Çagalar, hany, çekiliň, krowatlardaky düşekleri bulaşdyrmaň, beterem oýnajak ýeriňizi tapdyňyz ― diýip gygyrdy. Asla ol terbiýeçiniň beýle delegasiýa geleninden habary ýok ekeni. Hemmeler onuň bolşuna gülüşdi. Bu hadysany görüp, kolhozyň başlygy, onuň medeniýet baradaky orunbasary, ilkinji partiýa guramasynyň sekretary, brigadirler gaty erbet ýagdaýa düşdüler. Her kim ýüzüni aşak salyp durdy. Çagajyklaryň bolsa şol güpürdeşip, eňişip ýörşüdi. Olara krowat ýetenokdy. «Men äpişgäniň öňündäki krowatda ýatjak» diýip, ulurajyk bir oglan başga bir ejizje gyzjagazy beýläk pyzýardy. «Sen meniň jigime degermiň» diýip, başga bir oglanjyk beýleki biriniň gulagyndan ýapyşýardy, ol bolsa gulan ýaly gygyrýardy. Gepiň gysgasy, boldy bir başagaýlyk, heý, baş alyp çykar ýaly bolmady. Kolhoz ýolbaşçylary, şeýle hem myhmanlar daşary çykdylar. Şol wagt ýaňky «üleşikden» bihabar bir oglanjyk medeniýet baradaky orunbasaryň ýanyna geldi-de: ― Daýza, başga ýerden adam geljek diýip, biziň öýden geýip gelen eşiklerimizi aldylar, indi bir trusili üşeýäs. Şol adamlar indi gitjek bolýarlar-a ― diýdi. Hemmeler aşak bakdy. Hatda Hezil aga dagy-da çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |