22:08 Hezreti pygamberimize söýgi beslän rus beýikleri | |
HEZRETI PYGAMBERIMIZE SÖÝGI BESLÄN RUS BEÝIKLERI
Edebi makalalar
Iki läheñ iñ ajaýyp şygyrlaryny we proza eserlerini pygamberiñ hem-de yslamyñ aşygy bolup ýazdylar. Ikisi-de Kurany-Kerimiñ aýatlarynda we sürelerinde çäksiz huzur tapdylar. Edebiýat dünýäsinde, esasanam Russiýada Aleksandr Puşkini poeziýanyñ atasy we şasy, Lew Tolstoýy bolsa romanyñ rysary we ussady hasaplaýan umumy pikir bar. Puşkini epiki eseri "Ýewgeniý Onegin", Tolstoý bolsa romanlaryñ naýbaşysy "Uruş we parahatçylyk" bilen tanalýar. Iki läheñ iñ ajaýyp şygyrlaryny we proza eserlerini pygamberiñ hem-de yslamyñ aşygy bolup ýazdylar. Ikisi-de Kurany-Kerimiñ aýatlarynda we sürelerinde çäksiz huzur tapdylar: "Kurandan täsirlenmeler" şygrynda Puşkin we "Hezreti Muhammet" traktatynda Tolstoý... Puşkin "Pygamber" şygrynda şeýle ýazdy: "Tur, pygamber, bak, gulak goý, oýlanyp, Meñ erkime boýun synyp gez hemem Deñizleri, ähli ýeri aýlanyp, Iliñ ýüregini ýylat söz bilen". (Şygryñ terjimesi Atamyrat Atabaýewiñki). Asyl nusgasynda: «Восстань, пророк, и виждь, и внемли, Исполнись волею моей, И, обходя моря и земли, Глаголом жги сердца людей». Afrikaly musulman Ybraýym Banipalyñ agtygy bolan şahyr yslama iman getirendigine şek-şübhe goýmaýar. Meşhur edebiýat tankytçysy Belinskiý "Puşkiniñ poeziýasynyñ täji deýin lowurdaýan almazdygyny" aýdyp, bu goşga şeýle uly baha berýär. "Pygamber" şygryndan bir parça: "Ruhy hasrata ýolugyp, teşne Ýatyrkam bir alasarmyk ahwalda, Geldi alty ganatly bir perişde Ýowuz çöl içinde meniñ ýanyma. Ýeñil barmaklary düýş ýaly titräp, Ukuly gözlerme galtaşdy welin, Göreçlerim ýalpa açyldy peträp, Eýmenen bürgüdiñ gözleri kimin. Eli gulaklarma galtaşyp birden, Doldurdy owazdan, galmagallardan. Eşitdim asmanyñ galpyldysyny, Perişdeleñ ganatlarnyñ sesini, Jandarlaryñ sesin deñziñ düýbünden, Habar aldym ot-çöpleriñ üýnünden..." (Şygryñ terjimesi Atamyrat Atabaýewiñki). Asyl nusgasynda: "Духовной жаждою томим, В пустыне мрачной я влачился, — И шестикрылый серафим На перепутье мне явился. Перстами легкими как сон Моих зениц коснулся он. Отверзлись вещие зеницы, Как у испуганной орлицы. Моих ушей коснулся он, — И их наполнил шум и звон: И внял я неба содроганье, И горний ангелов полет, И гад морских подводный ход, И дольней лозы прозябанье". Ýaş şahyr Allanyñ Ilçisiniñ legendar durmuşyndan öz agtarýan durmuşyny tapanda we "Indi men ölmäge taýýar we häzir seniñ öñüñde ant içýärin, eý Muhammet!" diýip gygyranda, ruhy tolgunma ýetjek derejesine ýetýär. Diñe rus edebiýaty yslama we pygamberimiziñ legendar durmuşyna duýulýan haýran galyjyklar bilen doly däldi. Beýleki medeniýetleriñ beýik şahsyýetleri-de Hezreti Pygamberimize (s.a.w) bolan çäksiz sylag-hormatlaryny beýan edipdiler. Irlandiýaly Bernard Şou, nemes şahyry Gýote, ispan ýazyjysy Serwantes hem şolaryñ diñe käbirleri. Emma Russiýada Puşkiniñ ýolundan ýörän Dostoýewskiden Lermontowa çenli uzaýan kerwen bularyñ iñ ulusy, iñ düýplüsi we iñ möhümidi. Lermontow yslamy eserler okamagy we yslam hakda ýazmagy ömrüniñ soñuna çenli goýmady. Azatlygy Resulallanyñ ömrüni yzarlamakdan, ruhy ynjalygy diñe "Pygamber" şygryny ýazandan soñ tapandygyny aýtdy. Ol "Pygamber" şygrynda şeýle diýýär: "Hudaý maña bagş edeli bäri Pygamberiñ öñdengörüjiligini, Jan etdim söýgini wagyz etmäge, Hem-de hakykatyñ päk taglymlarny". Asyl nusgasynda: "С тех пор как Вечный Судия Мне дал всеведенье пророка... Провозглашать я стал любви И правды чистые ученья..." Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 28.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||